11:10 Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy we Durdy şahyr | |
DÖWLETMÄMMET AZADY, MAGTYMGULY PYRAGY we DURDY ŞAHYR
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyň döwründe at-owazasy türkmene belli bolan, Balkan, Etrek sebitlerinde ýaşan, ata tiresiniň miminler taýpasyndan, ýaşy Magtymgulydan kiçiräk (1727 ý) bir şahyr ýaşaýardy. Adyna Durdy şahyr diýerdiler. Ol alty doganyň biridi, “Şyh” lakamy hem bardy. Kakasyna Gara Haýran diýerdiler. Günlerde bir gün Magtymguly Azadydan rugsat alman, Durdy şahyr bilen aýdyşmaga gitdi. Durdy şahyr Magtymgulyny ilkinji gezek görse-de ”Essalawmaleýkim, Magtymguly” diýip, ilki salam berdi. Saglyk-amanlyk soraşylansoň, iki şahyr sorag-jogaply aýdyşyga başladylar. Durdy şahyr sorag berdi, Magtymguly jogap berdi. Ýöne iň soňunda jogap berende ýalňyşdy. Şonda Durdy şahyr: ”Magtymguly sen yzyňa gaýdyber. Pylan setire beren jogabyň ýalňyş boldy” diýdi. Magtymguly lapykeç bolup atasynyň ýanyna bardy. Atasyna Durdy şahyryň bir soragyna jogap berip bilmändigini aýtdy. Eýse Azady: "Oglum, Durdy şahyr güýçli şahyrdyr. Indi onuň bilen aýdyşmakçy bolsaň maňa öňünden aýtgyn” diýdi. Magtymguly atasy Azadydan şygyr düzmegiň tilsimlerini pugta öwrenip başlady... Azady Magtymgula öwretjegini öwredenden soň: "Magtymguly ýene Durdy şahyr bilen aýdyşmaga gider. Her niçik hem bolsa men muny özüm hem synap göreýinle” diýip oýlandy. Ol Magtymgula sowal berdi. Magtymguly oňa dogry jogap berdi. Şeýdip şu ajaýyp aýdyşyk döräpdir. Azady: - Şeýtanyň haýsy ogludyr, Adam ata bilen duşdy? Hakyň resuly -pygamber Haýbarda näçe uruşdy? Magtymguly: - Şeýtanyň Hannas ogludyr, Adam ata bilen duşdy. Haýbar dagynda pygamber, Çün ýedi aýlap uruşdy. - Häzir eýesi Düldüliň Bilermi sen, kimdir, biliň! Haýsy gün Kabyl Habylyň, Öldürip, ganyny içdi?!. - Häzir eýesi Düldüliň Melek perişdedir, biliň! Şenbe gün Kabyl Habylyň Öldürip, ganyny içdi. - Nedir, galkyp, howa uçdy, Näsinden zemine düşdi? Niçe günde Nuhuň kişti, Judynyň dagyna düşdi? - Derýa galkyp, howa uçdy, Köpüginden ýere düşdi. Ýetmiş günde Nuhuň kişdi, Judynyň dagyna düşdi. - Rum şähriniň serdary Nirde saldyrmyş gülzary? Haýsy galanyň diwary, Muhammet-le magraç aşdy?! - Şetdat - Rumuň serdary, Şamda saldyrmyş gülzary, Mukaddes şähriň diwary Muhammetle magraç aşdy. - Azady aýdyýar ýetmiş, Nedir bu dünýäni tutmuş, Haýsy pygamberdir ýitmiş, Nirde gardaşna ugraşdy? - Magtymguly aýdar ýetmiş, Yklymdyr dünýäni tutmuş. Ýusup pygamberdir ýitmiş, Müsürde ile ugraşdy. Iki ussat şahyryň - ataly-ogluň aýdyşygy tamam boldy. Olar biri-birini gujaklap mübäreklediler. Bütin halk bu iki ussat şahyra guwanç bilen, hormat bilen garady. Azady begenip Magtymgulyny yssy ata mähri bilen gaýtadan gujaklady. Oňa: "Sen ussatlyga ýetişipsiň. Oglum sen henizem ussatlardan tälim alyp kämilleşgin” diýip nesihat etdi. Bir gezek Durdy şahyr gerkezleriň toýuna geldi. Şonda ol gerkezleriň myhmana nähili hormat goýýandygyny, Magtymgulynyň öz ýurdunda nähili sylanýandygyny gözi bilen gördi. Magtymgulynyň Durdy şahyr bilen täzeden aýdyşasy geldi. Bu barada atasy Azadydan maslahat sorady. Azady oňa: "Üstüňe gelen myhman bilen şygyr aýdyşyp ýaryşmak gelşikli däl. Nesibeli güni Durdy şahyryň üstüne bararsyň. Şonda aýdyşygyň adalatly bolar” diýdi. Bu aýdyşygyň gaýtadan bolmagyny islän ýaly Durdy şahyr Magtymgulyny öz obasyna Çendire myhmançylyga çagyrdy. “Çagyrylan ýere bar, oturda turma, çagyrylmadyk ýere barma görünme” diýlişi ýaly Magtymguly ep-esli wagt geçirip myhmançylyga ugrady. Obanyň gyrasyndan gelip duşan adamsyndan Durdy şahyryň öýüni sorady. Emma hiç kim aýtmady. Sebäbi Durdy şahyr bäsdeşini synamak üçin sözüniň geçýän adamlaryny ýolda goýup, olara “Şeýle sypatly adam geläýse, hiç biriňiz myhman almaň, meniň öýümi hem salgy bermäň” diýip berk tabşyrypdy. Magtymguly bu ahwaly aňyp, bir garybyňkyda düşledi, hem şol ýerde “Gumly çykypdyr” diýen goşgusyny ýazdy. Haktagala, bu ne-niçik ahwaldyr Dury diýp içdigim gumly çykypdyr, Ne ýeser bihuda şum-keç ykbaldyr, Halal diýip iýdigim jimli çykypdyr. Kimse syrym bilmez, özün öldürse, Pakyr bendelerge Taňry bildirse, Ile şatlyk, şadyýanlyk güldürse, Maňa hemra bolan gamly çykypdyr. Amuhta men örtenmäge, bişmäge, Kişi ýok sözleşip, dert aýyşmaga, Oba ujundan bardym öý soraşmaga, - Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr. Menden şikat eder elim gerenim, Galbirden şal çykar syrym berenim, Pakyr diýp, paşmagna elim uranym, Deprenende, döwden demli çykypdyr. Magtymguly, hasaby ýok görenim, Tama tutup, umyt elin gerenim, Obasyna ärmiş diýip baranym, Etegne el ursam, a*-ly çykypdyr. Durdy şahyr bu ahwalatdan habarly bolansoň, Magtymgulynyň myhman bolan öýüne bardy. Ol Magtymgulynyň egnine elini goýup: "Oýun etdim, hata etdim. Öt, günämi şahyr!“ diýip öýkesini ýazyp, öýüne alyp geldi. Hezzet-hormat etdi. Magtymguly atasy Azadydan şygyr düzmegiň tilsimlerini pugta öwrenip, ýaňadan Durdy şahyr bilen aýdyşmaga gelipdi. Muny aňan Durdy şahyr sowal berdi. Magtymguly jogap berdi. Bu aýdyşyk agyzdan-agza, dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Ol aýdyşyk şeýle: Durdy şahyr: - Bizden salam Magtymguly ussada, Atamyz Adamyň donun kim biçdi? Dumanly seriňe gurban bolaly, Bilmedik, melaýyk meýin kim içdi? Magtymguly: - Bizden jogap bolsun Durdy şahyra, Jebraýyl getirdi, ryzwanlar biçdi. Gudrat bilen şol şeýtanyň şerbetin Adam ata bilen How ene içdi. - Älemiň degresi ne reňli dagdyr? Ol ne guşdyr, daýym onda tussagdyr? Aşyklar söwdügi bu ne bulagdyr? Heftaýyl ebwabyn baryp kim açdy? - Kap dagy zeberjet reňbe-reň dagdyr, Kaknus bir guş, daýym onda tussagdyr, Mukasat diýerler, ajap bulagdyr, Heftaýyl ebwabyn aşyklar açdy. - Taglamun dagynda kimdir, gezenler? Mömin munda, kimdir onda ýazanlar? Şamyhatda feragaty düzenler? Niçe ýylda ýerden göge ýetişdi? - Taglamun dagynda zahyt gezdiler, Mömin munda, berat onda ýazdylar, Şamyhatda feragaty düzdiler, Her kyrk ýyldan Zöhre göge ýetişdi. - Taňrynyň jahanda, bil, dagy niçe, Behiştde Tubynyň pudagy niçe, Ýüzüniň maşkynyň waragy niçe, Behişdiň kilidi kime gowuşdy? - Ýedi yklym bardyr, ýedidir dagy, Ýetmiş müňdir şol Tubynyň pudagy, "La ilähe” bolar maşkyň waragy, Behişt kildi Resulalla gowuşdy. - Bil, nirde ýaratdy sekiz jenneti, Niçe binasy bar, niçe kümmeti, Niçe arygy bar, nämedir ady, Taýran ebäbiller kime gowuşdy? - Asmanda ýaratdy sekiz jenneti, Alty müň binadyr birdir kümbeti, Içinde dört aryk, Musawwar ady, Ebäbil eshabyl - pile gowuşdy. - Bil, nirde ýaratdy Sakar dowzahy? Niçe guýysy bar, niçe bulagy? Içinde bir ýylan, nedir soragy? Gudrat bilen ol mar kime dolaşdy? - Ýedi gat ýerde kylmyş Sakar dowzahy, Weýildir guýusy, Syjjyn bulagy, Haryş ýylan, gybatkeşdir soragy, Ýalançy, zynahor, ogra dolaşdy. - Durdy şahyr aýdar, ýollar uzakdyr, Men bilmenem, pany kime duzakdyr? Özüňi bilmeseň, jaýyň dowzahdyr, Togsan dokuz müň är nirde gowuşdy? - Magtymguly, yşk meýdany uzakdyr, Pany dünýä möminlere duzakdyr, Alla biler, kimiň jaýy dowzahdyr, Togsan dokuz müň är surda gowuşdy. Bu gezek Magtymguly Durdy şahyryň ähli soraglaryna dogry jogap berdi. Muňa Durdy şahyr hem begenip: - Bar kärdeş, sen arkaýyn gaýdyber. Indi seniň bilen aýdyşyp ýeňjek ýokdur-diýdi. Magtymguly bu gezek Durdy şahyryň ýanyndan begenip gaýtdy. Ara biraz wagt düşenden soň Magtymguly Durdy şahyra "Ýaşy nädendir?” atly sowally goşgusyny iberdi. Durdy şahyr, senden habar alaýyn, Öten pygamberiň ýaşy nädendir? Hökmi-Süleýmanyň ýaşyl tütüni, Magrajyň gapysy, gaşy nädendir? Ol ne kimdir ýurtdan göçdi-dargady, Ol ne kimdir dostun ýelden sargady, Ol ne kimdir yşka-sähra ugrady, Semerden hasaly, peşi nädendir? Ol kimdir bakyda mübtela galan, Ol kimdir iline talaňlar salan, Kyrk ýyl hijran çekip, saralyp-solan, Özüne gürz uran kişi nädendir? Ol ne gardyr mydam ýagar, eremez, Ol ne derýa mydam joşar ýöremez, Ol ne adam suw içinde çüýremez, Akar gözleriniň ýaşy nädendir? Ol ne agaç almyş iki pudagy, Kyrk sekiz gez okuň onki sagdagy, Ol ne handyr sekiz ermiş otagy, Otagnyň içiniň aşy nädendir? Ol kimdir bakyda bir röwşen göz bar, Öňünde manysy dört müň, dört ýüz bar, Atasy äridir, aşyk bir gyz bar, Goşulmaz hüýrlere, daşy nädendir? Magtymguly aýdar ýat etgil bizi, Ýedidir garasy, akdyr sekizi, Bir suratda nedir, oldur dokuzy, Serindäki akyl huşy nädendir? Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Durdy şahyr bu sowallara dogry jogap beripdir. Emma, gynandyrýan ýeri bu jogaplar saklanyp galmandyr. Magtymguly baradaky maglumatlaryň birinde şeýle diýilýär. Magtymgulynyň Eýranda ýaşaýan nebereleriniň aýtmagyna görä, Magtymguly Garrynohurda ýaşaýan Allaberdi beg atly adam bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr. Şahyr Hywa, Buhara argyşa gidende-de, şu obanyň üstünden geçip, Allaberdi begiňkide ýygy-ýygydan myhmançylykda bolar eken. Allaberdi beg daban azaby bilen ýaşaýan, zähmetsöýer, halalhon tebip eken. Ýazyjy Goçy Annasähedowyň aýtmagyna görä, Allaberdi beg onuň altynjy arkasy. Sowatly, sylagly, şahandaz Allaberdi beg hemişe at üstünde gezipdir. Obada sözi geçýän, halkyň öňüne düşüp, agzybirligi saklaýan adamlaryň hatarynda tanalypdyr. Allaberdi begiň aňyrsy Arçman obasyndan eken. Tebipçiligi özüne kesp-kär edinensoň, ir mahallar dermanlyk ot-çöpüň mesgeni bolan Garrynohur jülgesine maşgalasy bilen ymykly göçüp barypdyr. Soňra onuň agtyk çowluklary Sumbar ýakalaryna, Könekesir obasyna ýaýrapdyr. Magtymguly bilen Durdy şahyryň aýdyşygy hem Allaberdi beg tarapyndan şu obada ösüp oturan äpet çynaryň saýasynda gurnalypdyr. Allaberdi beg öz çakylygy bilen Magtymgulynyň Garrynohura gelip, Durdy şahyr bilen şygyr aýdyşjakdygy baradaky habary ýakyndyr alys obalara ýollapdyr. Şeýle bolansoň bu habary eşidip, oňa tomaşa kylmak üçin dumly-duşdan, paý-pyýadalap gelen mähelle barysy Garrynohura ýygnanypdyr. Iki şahyr şygyr aýdyşyp, uly ile hezil beripdir. Magtymguly sowal berdi. Durdy şahyr jogap berdi. Bu aýdyşyk agyzdan-agza, dilden-dile geçip biziň günlerimize gelip ýetdi. Ol aýdyşyk şeýle: Magtymguly: - O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän? O nämedidir, aýagy ýok towusýan? O nämedir, ýedi derýa böwüsýän? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. Durdy şahyr: - Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän, Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan. Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. - O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok? O nämedir, ganaty bar, gany ýok? O nämedir, adam ýuwdar, jany ýok? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. - Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok, Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok, Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. - O nämedir, derwezesiz galadyr? O nämedir, penjiresiz binadyr? O nämedir, bir-birinden aladyr? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. - Ol köňüldir, derwezesiz galadyr, Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr, Ol Aý-Gündir, bir-birinden aladyr, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. - O nämedir, iýmediler, doýdular? Ol nämedir, kyýamata goýdular? Ol kim idi, dabanyndan soýdular? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. - Ol didardyr, iýmediler, doýdular. Ol namazdyr, kyýamata goýdular, Nesimini dabanyndan soýdular, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. - O nämedir, ýedi ülkäni gezýän? O nämedir, bilini bir zat ezýän? O nämedir, adam mysaly syzýan? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän, Ol goýundyr, taýak bilini ezýän, Bedew atlar adam mysaly syzýan, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. - O nämedir, toprak üste süýrenmez? O nämedir, adamlara görünmez? O nämedir, hiç bir dona bürenmez? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. - Erenlerdir, zelil bolup süýrenmez, Ol beladyr, gelse, göze görünmez, Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. Ertesi Magtymguly, Durdy şahyr, Allaberdi beg dagy dermanlyk ot gözlegine hem awa çykdylar. Ýene bir rowaýatda aýdylýar. Ömrüniň otuz bäş ýylyny Azadydyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge bagyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Jelgelen – Gerkez obasynda ýaşap öten şahyryň ýedinji arkasy Gara Işan Muhammedi bir gezek şeýle gürrüň beripdir. "Garrynohur obasynyň ýaşaýjylarynyň haýyş edip çagyrmagy boýunça Magtymguly bir gezek ol ýere gidipdir. Ýaz aýlary eken. Daş-töwerek gül-gülälek, çymylganly baýyrlar baharyň bark urup duran howasyndan dem alýar eken. Şol günleriň birinde dagda goýun bakyp ýören Isaguly atly ýaş çopan taýagyna söýenip durka, günbatar tarapdan onuň ýanyna ýüz-gözleri nurana iki sany adam gelipdir. Olaryň biriniň egninde gyrmyzy horjun hem bar eken. Salam-helikden soň, ol adamlaryň biri Isagula: - Ogul, seniň gulagyňda ýara bar. Hany biraz egil - diýipdir-de, onuň sag gulagyny sypalapdyr. Isagulynyň ýaraly gulagy agyrmasyny goýupdyr. Soň ýaşulular Isaguludan salgy alyp, daglaryň arasy bilen obany nazarlap gidiberipdirler. Aradan az salym geçensoň, Isagulynyň gulak ýarasy görnetin bitipdir. Muňa haýran bolan Isaguly ol adamlaryň yzyny yzarlap, oba dolanypdyr. Gelse, bütin oba "Obamyza Magtymguly bilen Durdy şahyr geldi“ diýip begenişýär eken. Şol günüň öýlän uçurlary, oba kethudalary bir ýere ýygnanypdyrlar. Onsoň olaryň arasyndaky hormatly ýerde hälki horjunly nurana adam gelip oturypdyr. Şonda Isaguly ýanyna gelip, gulagyny sypan adamyň Magtymguludygyna haýran galypdyr. Örän köp adamyň ýygnanan ýerinde Magtymguly ynsanperwerlik, dogan-gardaş, dost-ýar, agzybirlik hakynda söz sözläpdir, şygyrlaryny okapdyr. Şygyrlar halkyň köňlüne siňipdyr. Şondan bir iki gün geçenden soň, ir säher Söýün Hoja diýen oglan deň-duşlary bilen Magtymguly şahyryň obanyň ortasynda seleňläp oturan goýry kölegeli çynaryň aşagynda bir kitaby waraklap oturanyny görüpdir. Ýöne ol kitabyň haýsy kitapdygyny bilmändirler. Magtymguly orta boýly, saryýagyz, goýun göz, kakçekge, gulagy otagaly, selçeňräk sakgally, nurana adam eken. Garrynohur obasynda Magtymguly Pyragynyň şol saýasynda oturan gojaman çynary şu günler hem seleňläp, saýa salyp otyr. Oba adamlary ol çynary mukaddes hasaplaýarlar Rowaýatlaryň ýene birinde aýdylýar. Goşgy goşmaga hyjuwly Durdy şahyr bir gün Magtymgulyny synamakçy boldy. Ol atasyna "Ata, menem öz gezegimde sowaldan goşgy düzüp Magtymgula ibereýin-le!” diýdi. Onda atasy: - Oglum sen öz ugruňa geziber, Magtymguly saňa jogap berer. Senem utanja galarsyň - diýdi. Onuň Magtymguly bilen aýdyşmagyna göwnemedi. Şol döwürde Magtymguly "Şahyr şahyry synasa aýby bolmaz-la” diýip özüniň "Şahyr bolsaň şondan bize habar ber?” diýen setirli sowally goşgusyny bir çopandan iberdi. Durdy şahyr hem oňa dogry jogap berdi. Ara biraz wagt düşenden soň, Magtymguly Durdy şahyra "Ot nedir” atly sowally goşgusyny iberdi. Bizden salam bolsun, Durdy şahyra Ne mährapdan sözläp çykan ot nedir? Kimdir – ölüp, bir ýyldan soň bilindi, Dokuz ýüzden dogan nim zürýat nedir? Sen Gözli ata bolsaň, biz gerkez ili, Çöl ýerde gezer sen ýat edip heýli, Bilermiň tamugyň çekilen mili, Habar ber aslyny, pul-Syrat nedir? Aslyna ýetişgil ýalanda-çynda, Söz gysgadyr, many köpdür içinde, Bilermi sen haýsy derýa içinde, Adamzat jigerli ýatan hut nedir? Ne agyr supradyr haýsy öwjde, Älem harap bolar nije towuşda, Gudrat bilen dört ýüz nedir bir başda, Çyrpynanda ondan çykan ot nedir? Ne syna, ne jandyr sözde bu syrdan, Bilinden aşagy bolmuş hajardan, Aşyk beýan eýle, haýsy şejerden, Ne janly, ne jansyz dogan zat nedir? Ol kimsedir gözýaşyny daşdyrdy, Nije ýylda ejabatyn duşdurdy, Ol kimsedir zalalatyn joşdurdy, Myrat elde eken, namyrat nedir? Magtymguly aýdar, aşyk, bu syrda, Käýinmeýin dogry söýle bu ýerde, Muny bilermi sen haýsy şäherde, Türke gulluk eden iki tat nedir. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä Durdy şahyr bu sowallara dogry jogap beripdir. Emma, gynandyrýan ýeri bu jogaplar saklanyp galmandyr. Rowaýatlaryň birinde aýdylýar. Dagda aw edip ýören awçy “Huw-hak” diýen sesi eşidýär. Sesiň çykan ýerine barsa ösgün saçly, daýaw, agajet adamy görüpdir. Şol adam Durdy şahyr ekeni. Ýene bir rowaýatda aýdylýar: Magtymguly: - Seniň gaty oňat eserleriň bar. Ony ýazyp indiki nesillere galdyraly - diýen. Durdy şahyr - Sen örän ussat şahyr borsuň. Özüňem hatdat. Eserleriňi ýazarsyň, galdyrarsyň. Meniňki weli, ýiter gider. Seniňki biter gider. Meniň şygyrlarym dilde ýaşar. Seniňki ilde - diýýär. _________________________________ *Bu sowallara Annadurdy molla şahyryň ýazan çözgüdi bar. (“Magtymguly syrym çohdur...” Annadurdy molla-şahyr. Aşgabat. “Ruh” 1998ý. 64-65 sah.) *Bu sowallara Annadurdy molla şahyryň ýazan çözgüdi bar. ( “Magtymguly syrym çohdur...” Annadurdy molla-şahyr. Aşgabat. “Ruh” 1998ý. 40-41 sah. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |