16:26

"Pyragy bu gün Meňli ýara sataşyp..."

Magtymgulyny öwreniş
Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 271 | Добавил: Moderator | Теги: Amanberdi Allaberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Moderator  
1471
Amanberdi aga beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiligine ýüzlenýäniňiz üçin köp sag boluň. Siziň Meňlini alypdyr diýýän pikiriňiz, şahyryň öz şygyrlary bilen tassyklanýar, ýöne “Meňli ölüpdir” diýýäniňiz ýalňyş. Meňli “öldi” diýýän yşaraty berýän şygry şahyrdan tapmarsyňyz. Bu hakda özüm ýörite makala ýazjak. Azajyk howlukmaň. Şahyryň Akgyza dakylandygy subut edilen hakykat. Siz Juma Ataýewe salgylanyp, şahyryň “Magtymguly meni ýeňňä dakdylar” setirini kesä çekip, hatda ol şygryň Magymgulynyňky däldigini aýdýarsyňyz?! Juma Ataýewiň käbir gowy makalalary bar, ýöne gynansagam, ol magtymgulyşynas däl. Hatda onuň Magtymgulynyň birnäçe golýazmada gelýän goşgusynyň käbir sözlerini öz pikir edişine görä şeýle bolmaly diýip ýazan ýerlerem bar. Birnäçe golýazmada gelen şygyrlaryň sözleri hakynda gürrüň ýok, onuň otur-nokadyny-da hiç kimiň üýtgetmäge haky ýok. Annamyrat aga diýen ýaşula ýeňňesi dakylypdyr. Men on iki ýaşlar töweregindäki oglandym. Şol ýaşulydan başga bir ýaşuly şol meseläni soranda, onuň “Hawa, men ýeňňesine dakylan Annamyrat aga” diýenini gulagym bilen eşitdim. Türkmen dilini suwara bilýän tejenli ozan ýaşuly Kuly aganyň “Rejep aga ýeňňesi Kümüş daýza dakyldy” diýeninem on ýyl mundan öň eşitdim. Juma Ataýewiň “dakylmak” hakynda aýdan birtaraply gürrüňleri türkmen diliniň köpmanylydygyna düşünmezlikden başga zat däl. Ýaşuly şol şygryň Magtymgulynyňkydygyny Sahy Jepbar ýaly halypalar tassyklap, toýda aýdym aýdypdyrlar. Ol aýdym häzirem aýdylyp ýör. Şol Magymgulynyňky däl diýýän şygryňda şeýle bent bar:

"Bir gün bardym bir garybyň öýüne,
Neneň dözdüň kamayna-boýuna,
Jesedini saldyň ýeriň teýine,
Adamzat etinden garny dok dünýä"

Şular ýaly uly filosofiýa ýugrulan, ussatlyk bilen ýazylan şygra ylmy barlag etmän, Magtymgulynyňky däl diýmek gay gynançly. Asla ylymda tassyklanmadyk pikire salgylanmak bilen makalaň ähmiýetini gaty peseldipsiňiz. Makalaňyzda dogry zatlar bar, ýöne nädogry zatlaryňyz has köp, sebäbi siz özüňiz pikir aýdaňzok, salgylanýarsyňyz. Salgylanýanyňyzam ylymda tassyklanmadyk çen-çakly pikirler. Ylmy pikirlere salgylansaňyz makalaňyz agramly bolardy.

Hormat bilen Döwletmyrat Ýazkulyýew.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]