11:32 Magtymgulynyň “Bu dünýä” atly goşgusynyň ilkinji we soňky bendiniň syry | |
MAGTYMGULYNYŇ "BU DÜNÝÄ" ATLY GOŞGUSYNYŇ ILKINJI we SOŇKY BENDINIŇ SYRY
Magtymgulyny öwreniş
Magtymguly atamyzyň şygyrlaryna her kim özüçe düşünýär. Käbir adamlar şol bir goşgyny dini häsiýetli şygyr hasaplasa, beýleki biri şol şygry dünýewi häsiýetli şygyr hasaplaýar. Mysal üçin häli-şindi radioda, telewideniýede aýdym edilip aýdylyp duran “Näme sen?” atly şygry käbir adam dünýewi häsiýetli şygyr hasaplasa, beýleki biri oňa dini röwüş çaýýar. Özem şygryň iki hili düşündirişinde hem ýeterlik deliller bar. Meniň pikirimçe, olaryň hiç birine nädogry diýip bolmaz. Hut şonuň özi hem Magtymguly atamyzyň mertebesini beýgeldýär, onuň beýik ussatlygyndan habar berýär. Magtymguly atamyzyň “Bu dünýä” atly şygrynyň ilkinji bendi şeýle setirler bilen başlaýar: Maşrykdan magryba dünýäniň ýüzi, Diýmäň, bize mälim däldir bu dünýä. Abady, haraby, derýasy – düzi, Ýüz kyrk alty müň agaç ýolmuş bu dünýä. Şahyryň bu şygrynda “dünýä” sözi Ýer şary manysynda bolup “maşryk” gündogary, “magryp” günbatary aňladýar. Ündelýän pikir: Ýer şary gündogardan günbatara aýlanyp dur, onuň syrlary nämälim diýip düşünme. Dördünji setirdäki “agaç” sözüne Magtymgulynyň 2013-nji ýylda çap edilen eserler ýygyndysynyň II jiltiniň 400-nji sahypasyndaky sözlüginde şeýle düşündiriş berilýär. “Agaç – 6 km töweregindäki uzynlyk ölçeg birligi”. Bir agajy 6 km diýip hasap etsek 146 müň agaç 876 müň km bolýar. Emma ol Ýeriň ekwatorynyň uzynlygy bolan 40 müň km bilen gabat gelenok, ol özüme mälim bolan hiç bir astronomik birlik bilen hem laýyk gelenok. Ýagdaý şeýle bolansoň, ony düşündirip biläýjek adamlara ýüz tutdum. Soran adamlarymyň hiç biri delillendirip düşündirip bilmedi. Bu syry biler diýip tama eden adamlarymyň biri bolsa degişmä salyp maňa: “Özüň matematik, özüň hasabyny tap” diýdi. Bu gürrüňden soň geçen bäş ýylyň içinde bu syry bilmek üçin köp kitabyň sahypasyny warakladym, gazetdir žurnallary okadym. Emma bu syry doly açan alyma duşmadym. Indi men bu şygra öz düşünişimi beýan edeýin. Belki okyjyny azara goýanyma deger ýaly delil tapandyryn. Belleýşim ýaly şahyryň bu şygrynda “dünýä” sözi Ýer şary manysynda bolup “maşryk” gündogary, “magryp” günbatary aňladýar. “Agaç – 6 km töweregindäki uzynlyk ölçeg birligi”. Matematikada 6 km töweregindäki uzynlyk diýip tegelekläniňde, 6 san berýän sana düşünilýär. Eger bir açag 6,44 km (6 km 440 m) diýip hasap etsek, onda alynýan netijäni matematiki we astronomiki maglumatlaryň kömegi bilen düşündirmek mümkin. 146 müň agaç 146 müň km ×6,44 = 940,24 müň km bolýar. Ekwatoryň we meridianlaryň tegeleginiň uzynlygy takmynan 40 müň km. Meridianyň öz uzynlygy hem takmynan 20 müň km. Onda 940,24 müň km : 40 müň km = 23,506 ≈24 . Soňky alnan 24 sana şeýle düşünmeli: Ýer şary 24 sany sagat guşaklygyna bölünýär. Her sagat guşaklygynyň araçäk çyzyklarynyň uzynlygy meridianlaryň uzynlygyna deň. Diýmek adam her sagat guşaklygyny iki gezek geçse, ol Ýer şaryndaky ähli abady - köşgi eýwanlary, aramgähleri, bibady – köne ýykylan galalary, derýalary we düzlükleri görüp biljek. Iki gezek diýilýäniniň sebäbi hem iki sagat guşaklygynyň ekwatoryň üstündäki uzaklygy 40 müň km : 24 = 1666, 666 ... müň km ≈ 1667 km uzaklyk bolýar. Şonuň üçin ähli abady, bibady, derýany, düzi görmek üçin her sagat guşaklygyna deň uzaklygy azyndan iki gezek geçmeli bolýar. Magtymguly atamyzyň 8 bentden ybarat “Bu dünýä” atly şygrynyň soňky bendinden başga bendinde “agaç” sözi ulanylýar we käbir döwletleriň çägini “agaç” hasabynda aňladýar. Soňky bendi şeýle: Magtymguly adyň döndi Pyraga, Paryg bolup çek özüňi gyraga, Hasap etdim dünýäň başdan – aýaga, Üç ýüz altmyş ýyllyk ýolmuş bu dünýä. Bu ýerde pyrak –aýralyk, jydalyk, aýra düşme. (agzalan kitapda 462 sah). Paryg – boş, azat, asuda, dynç, rahat bolan. (agzalan kitapda 459 sah) Üç ýüz altmyş ýyllyk ýolmuş bu dünýä – diýilmeginiň sebäbi Ýer şaryny 360 gradus boýunça 360 bölege bölseň, her biri bir ýyllyk ýoldur diýlen pikir ündelýär. Bu bentde meniň pikirimçe aýdyljak bolýan zat – adyň, lakamyň pyrag – aýralyk bolsa-da özüňi paryg - rahat duý. Ýer şary 360 deň bölege böleniňde hem her biri bir ýyllyk ýoldur diýen pikir öňe sürülýär. Magtymguly atamyzyň şu syrly şygryna meniň düşünişim-ä şeýleräk. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |