15:08 Magtymgulynyň üç goşgusynyň utgaşyşy | |
MAGTUMGULYNYÑ ÜÇ GOŞGUSYNYÑ UTGAŞYŞY
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyň döredijiligi deňiz ýaly çuň, okean-umman ýaly giň. Bu ummanda başardygyňdan gulaçlap ýüzmegiň hem özboluşly lezzeti bar. Magtymgulynyň "Bizge rowana“, "Sen soltany Abdylla“, we "Uç kyldy“ atly üç şygyrda Magtymgulynyň süýtdeş dogany Abdyllanyň ady we Eýrandaky Mazendaran atly welaýat gabat gelýär. Bu şygyrlary okanyňda, olaryň aňyrsynda bir wakanyň ýatandygyna we bu şygyrlaryň bir döwürde döredilendigine göz ýetirmek bolýar. Aýdanlarymy delillendirmäge synanyşaýyn. Magtymgulynyň "Bizge rowana“ (Magtymguly, Eserler ýygyndysy, I jilt, Aşgabat. “Ylym” neşirýaty, 2013 ý. 196-197 sah) atly şygrynyň III bendiniň 3-nji, 4-nji setirinde: Gözün ýumup, elli okun atypdyr, Gelip orun tapyp girmiş bu jana. I bendiniň 1-nji, 2-nji setirinde: Nesip tartyp, biz hem düşsek ýollara, Diýiň iller bolsun bize rowana. Soňky VI bendiniň 3-nji, 4-nji setirinde: Ýol ýörir men diýseň, bagla biliňi, Bezirgenler gider Mazanderana. - diýen sözler bar. Bu setirlere salgylanyp şeýle diýmek bolar: Magtymguly 50 ýaşyndaka (1774-nji ýylda) Mazendarana tarap bezirgenlere-söwdagärlere goşulyp gitmekçi bolýandygyny aňmak bolýar. Şygryň dowamynda ol merhum aýaly Meňlini ýatlaýar. Magtymgulynyň "Sen soltany Abdylla“ (Magtymguly, Eserler ýygyndysy, I jilt, Aşgabat. “Ylym” neşirýaty, 2013 ý. 26-27 sah) atly şygrynyň ilkinji bendi şeýle başlaýar. Mazanderan seniň mekanyň, ýurduň, Şul mekanyň sen soltany, Abdylla. Taňrym nesibedir bir roýun gördüm, Ol baglaryň sen reýhany, Abdylla. Bu bendiň 1-nji we 2-nji setirinde Mazenderan ýurdunda ýaşan Abdylla atly soltan barada aýdylýar, 3-nji we 4-nji setirinde bolsa nesibesi çekip onuň roýuny-ýüzüni görendigini aýdýar. Emma Magtymgulynyň döwründe Mazanderanda şeýle soltan bolmandyr. Ýok adamyň ýüzüni görüp bolmajagy bolsa köre hasa-aýan. Onda şahyr bu bentde näme diýjek bolduka? Megerem "Taňrym nesibedir bir roýun gördüm” diýmek bilen düýşünde Abdyllany Mazendaranyň soltany hökmünde görendigini aýtmakçy bolandyr. Şygryň dowamynda Abdyllanyň sypatynyň Rüstem Zala meňzeýändigini, Bulgar şasyndan hat gelendigini, Gürjüstandan köp sowgat gelendigini, Hatyja (Hatyja – Muhammet pygamberiň başdaş aýaly, päk aýalyň simwoly ) ýaly päk aýal bilen baş goşandygyny, altmyş oglanyň käsede şerap hödürleýändigini aýdýar. Magtymgulynyň ,,Uç kyldy” (Magtymguly, Eserler ýygyndysy, I jilt, Aşgabat. “Ylym” neşirýaty, 2013ý. 49-50 sah) atly şygrynyň ilkinji bendi: Abdylla gitdi diýp umyt üzüpdim, Bezirgenler gelip, ondan uç kyldy. - diýen sözler bilen başlanýar. Bu sözlerden görnüşi ýaly şahyr dogany Abdylladan umyt üzüp ýörkä, bezirgenler gelip ýitigden uç bardygyny aýdypdyrlar. Diýmek, bezirgenler-söwdagärler şahyryň ýanyna gelip: "Mazendaran ýurdunda seniň Abdylla diýen doganyň bar diýip eşitdik” diýip aýdan bolmaly. Şygryň dowamynda Gurhan okap gezen deň duşlarynyň kerwen bilen bile gidip, malyny satyp söwda edendigi aýdylýar. ("Mal isteýip, çete çykyp seç kyldy. Seç kylmak--pytratmak, paýlamak.) Käbä diýip gidenleriň hajy bolup gelendigini, dogany Abdyllany kerwenden üzülip galyp gözlese-de tapmandygyny beýan edýär. Şu aýdylanlardan umumy netije hökmünde öz pikirimi - şu döwürde bolandyr diýip çak eden wakany dessan dilinde beýan etmäge synanyşaýyn. Aý, haýry ýagşy. Halal bolsa, bol ýagşy. Indi habary kimden al. Hezreti Magtymguly Pyragydan al. Magtymguly 50 ýaşapdy. Ol bezirgenler bilen Mazanderana tarap ýola düşmegi ýüregine düwdi. Şonda merhum aýaly Meňli ýadyna düşdi. Ylahydan ylham inip bir şygyr döretdi. Gör, bak, näme diýýär: Nesip tartyp, biz hem düşsek ýollara, Diýiň iller bolsun bize rowana, Nuh goldaýyp girer bolsak syllara, Pata beriň nazar tutup ummana. Goja daglar serin egip, ötürse, Saba gelip arzym ýara ýetirse, Yza dönüp, ýar jogabyn getirse, Höwes bilen ismin ýazsam dessana. Gojalykdan göwnüm laýa batypdyr, Pelek oýnap ykbalymy satypdyr, Gözün ýumup, elli okun atypdyr, Gelip orun tapyp girmiş bu jana. Mejnun menem Meňli hanyň odunda Ýanyp-köýsem, ýokdur onuň ýadynda, Perhat-Şirin, Zöhre-Tahyr adynda, Taglym alyp, boldum menem perwana. Hindi hallar gül ýüzünde jugradyr, Zar eýleýip, çeken ahym nagradyr, Hijran wasyl, jigerimi dogradyr, Owazasy dolup onuň Eýrana. Magtymguly, unutmagyl iliňi, Uzyn ýaly, gysgaldawer diliňi, Ýol ýörir men diýseň, bagla biliňi, Bezirgenler gider Mazanderana. Şundan soň günleriň birinde Magtymguly düýş gördi. Düýşünde Abdylla Mazendaranda soltan-şa bolup otyr. Abdyllanyň sypaty Rüstem Zala meňzeýärdi. Baş wezir Bulgar şasyndan hat gelendigini habar berdi. Haty mürzä berdiler. Şol pursat Gürjüstandan köp sowgat gelendigini habar berdiler. Abdylla şol wagt ýanyndaky zenan maşgalany Magtymgula görkezip: ,,Bu zenan meniň aýalym. Ol Hatyja (Hatyja – Muhammet pygamberiň başdaş aýaly, päk aýalyň simwoly) ýaly päk aýal” diýdi. Abdylla altmyş oglan jamdan sunup käsede şerap hödürledi. Şol pursat Magtymguly ukudan oýandy. Görse düýşi. Magtymgulynyň ylhamy oýanyp bir şygyr döretdi. Gör, bak, näme diýýär. Mazanderan seniň mekanyň, ýurduň, Şul mekanyň sen soltany, Abdylla. Taňrym nesibedir bir roýun gördüm, Ol baglaryň sen reýhany, Abdylla. Gulluga mätäçdir Bagdad-u Turan, Gaýrasy Arkaçdyr, ilersi Eýran, Pereňde, Rumda çoh adyň soran, Bulgaryň göwheri, käni, Abdylla. Bulgar şahy saňa iberdi haty, Taňrym bagş eýlärmiş size rehmeti, Pata berer Muhammediň ymmaty, Dirilik çeşmäniň jany, Abdylla. Saňa zardyr Arabystan, Hindistan, Nagraňdan titirär oldy Türküstan, Ýollady köp sowgat dagly Gürjüstan, Owgan halypanyň rany, Abdylla. Sypatyň ogşaýyr Rüstem-u Zala, Baş goşduňyz Hatyja deý zülala, Altmyş oglan sunyp berer pyýala, Bu jahanyň sen pälwany Abdylla. Hökümünden titrär Türküstan şasy, Saňa muhtaç hany - begi, gedasy, Bir sözüňniň bardyr müňläp dogasy, Düzerem men bu dessany Abdylla. Pyragy Taňrynyň ýazykly guly, Hiç kimse bilmeýär nedir ykbaly, Çohdan guçsaň ýene hüýr gyz jemaly, Degräňde ýigitler hany, Abdylla. Ol gören düýşüni nämä ýorjagyny bilmän durka, bezirgenler-söwdagärler şahyryň ýanyna gelip: "Mazendaran ýurdunda seniň Abdylla diýen doganyň bar diýip eşitdik” diýdiler. Şahyr bu habara düýşüniň ýagşy ýorgudy hökmünde begendi. Magtymguly Abdyllany gözlemek üçin Mekgä barýan kerwene goşulyp Mazenderanda kerwenden üzülip galdy. Ol doganlaryny gözläp köp ýere bardy. Emma hiç ýerde gördüm-bildim bolmady. Bezirgenler malyn satyp geldi. Käbä gidenler hajy bolup geldi. Magtymguly ýene şol kerwene goşulyp yzyna gaýtmaly boldy. Magtymguly esli wagt gamgyn, lapykeç bolup, sus bolup gezdi. Ol "Meniň bu gözlegim Käbä gidip hajy bolup bilmän gelen ýaly boldy” diýip oýlandy. Ine, şonda hem ol şu şygry döretdi. Şygry kerwendäkilere okap berdi. Gör-bak näme diýýär: Abdylla gitdi diýp umyt üzüpdim, Bezirgenler gelip, ondan uç kyldy. Mejnun bolup, dagdan-daga gezipdim, Galat boldy, gamly köňlüm öç kyldy. Gamdan dolup galdy boşan başlarym, Göz ýumuldy, çytyldylar gaşlarym, Gurhan okap gezen deňi-duşlarym, Mal isteýip, çete baryp seç kyldy. Elip kaddym bolup bardy, neýleý, nun, Kependir lybasym, içdigimdir hun, Keýsi, anyk biliň, eýledi Mejnun, Ilden-günden ony aýra saç kyldy. Otly lybas pelek maňa geýdirip, Ýaksam diýdi gül ýüzümi soýduryp, Bina kyldym golda barym köýdürip, Şeýtan demin urdy, söwdam puç boldy. Kapas içre galmyş guşlar garaşyp, Dura bilmez atlar böküp, dyzaşyp, Yşkyň köçesine düşdüm azaşyp, Ýasawullar gelip, göwnüm paç kyldy. Magtymguly, munda gelen görüşip, Ötdüler duşumdan atyn sürüşip, Deňim-duşum Medinäge ýörüşip, Ýeke galdym, syrdaşlarym haj kyldy. Magtymguly sözüni tamam etdi. Ol kerwenlere goşluşyp sag-aman öz ýurduna aşdy. Umyt bilen garaşyp oturan uly maşgalanyň ähli arzuwy puç boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |