15:57 "Menlik etme-zowal bar..." | |
"MENLIK ETME-ZOWAL BAR..."
Magtymgulyny öwreniş
Aryf atamyz Magtymguly Pyragynyň aýdym edilip aýdylýan "Dag saýar“ atly şygrynyň ikinji bendiniň ikinji setirinden alnan bu sözleriň ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti bar. Bu ýerde getirilýän "zowal“ sözüniň manysy barada A.Meredowyň "Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi“ atly kitabynyň II bölüminde (Gonbed Kabus, 1997ý, 368 sah) şeýle düşündiriş berilýär. 1. ýok bolma, daşlaşma, aýrylma; 2) aşaklama, pese düşme; 3) jogarkärçilik, günä; 4) zyýan, zelel. Bu düşündirişleriň dördünjisi ulanylsa, şygryň manysy has aýdyňlaşýar. Bu setirde "Men-menlik etme, zyýany bar“ diýlen pikir ündelýär. Men-menlik sebäpli o-la zyýan, hatda ägirt uly adam pidalarynyň bolanlygy barada ýurdumyzyň taryhynyň sahypalarynda bar. Aýdanlarymy delillendirmäge çalşaýyn. Çingiz han bilen Muhammet şanyň gatnaşygy barada VIII synp üçin niýetlenen "Türkmenistanyň taryhy“ atly kitapda (Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009 ý, 93 sah) şeýle maglumat berilýär: "Çingiz han 1218-nji ýylda parahatçylykly şertnama baglaşmak maksady bilen, Horezme uly kerwen iberýär. Şol kerwende 450 adam 500 düýe bilen birlikde ilçiler hem bar eken. Olar häzirki Günorta Gazagystandaky Otrar şäherine gelenlerinde, Muhammet şanyň gypjaklardan bolan harby goşuny kerwendäki adamlary öldürip, harytlary talaýarlar. Düýelere seredýän bir düýekeş gaçyp baryp, Çingiz hana habar berýär. Çingiz han Muhammet şanyň paýhassyz eden işine haýran galýar. Ol Horezmşa tarapyndan mertebesi depelelen, urşa çagyryş hasap edýär. Şeýle-de bolsa, ol gahara gol bermän, Muhammet şanyň huzuryna ilçi iberip, Otraryň häkiminiň özüne berilmegini, beýleki günäkärleri jezalandyrmagy talap edýär. Muhammet şa baş ilçini öldürip, ýanyndakylaryň hem sakgalyny kesip, kowup goýberýär. Ilçiler ýagdaýy Çingiz hana aýdýarlar“. Ýene şol kitabyň 99-njy sahypasynda şeýle maglumat berilýär: "Mary mongollar tarapyndan 7 gün gabalýar. 1221-nji ýylyň fewral aýynda şäher mongollar tarapyndan eýelenýär, köp sanly goýun sürüleri bilen birlikde 60 müň at olaryň eline düşýär. Şol döwrüň alymy Jüweýniniň bellemegine görä, şäher ilatyndan ýesirlige äkidilen 400 senetçi we başga-da 5 müň adam diri galypdyr. Maryda öldürilenleriň sany, takmynan, 1 mln 300 müň adama ýetipdir.“ Bu ýerde ýurdumyzyň Mary şäherinde bolan ýowuz pidalar barada mysal getirildi. Şeýle pidalaryň sanyny ýene-de uzaldyp bolardy. "Iki han uruşsa daýhanyň käkili (depe saçy) agarar“ atly ukrain nakylynda aýdylyşy ýaly, iň ahyrynda garamaýak ilat pida çekýär, horlanýar. Hemmä mälim zat, taryhy yza dolap bolanok. Elbetde, dilde aňsat, ýöne Muhammet şa Çingiz hanyň iberen ilçileri bilen ylalaşan bolsady, onda beýle pidalar bolmasada bolmazdy. Şeýle ýowuz jezalandyrmalaryň biri hut Magtymgulynyň ýaşan döwründe hem bolýar. Bu barada "Magtymguly hakyndaky rowaýatlar“ atly kitapda (Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014ý, 8-9 sah) "Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň“ diýen at bilen berilýän rowaýatda aýdylýar. Bu rowaýatda Hanaly hanyň gedemlik, men-menlik etmegi zerarly ýagyrnysyndan naýza sanjylyp, damagy çalynýanlygy beýan edilýär. (Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar“ Aşgabat, Ylym, 1983ý, 23-25 sah) Adamzat bir goýberilýän ýalňyşlykdan netije çykaraýjak ýaly. Emma has agyr ýowuzlyklar, pidalar dünýä taryhynda ýene-de gaýtalanýar. X synp üçin niýetlenen "Dünýä taryhy” atly kitapda II jahan urşunyň jemleri we sapaklary barada şeýle maglumatlar berilýär: (Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2008ý, 48-49 sah) "Ikinji jahan urşy 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabryna çenli 6 ýyllap dowam etdi. Uruş mahaly 110 mln adam goşun gullugyna çagyryldy. Uruş şol wagtky 61 döwleti, Ýer togalagynyň 80% ilatyny öz içine aldy“. "Ikinji jahan urşunda soňky maglumatlara görä 60 mln adam wepat boldy. Emma uruşda ýogalanlar hakynda anyk, doly maglumatlar henizem ýok. 90 mln adam maýyp ýa-da ýaraly boldy. Uruşda iň köp adam ýitiren SSSR boldy. (27 mln)". ,,Uruşda ýeňlen döwletleriň arasynda iň köp ýitgi çekeni Germaniýa boldy. Ol doly anyklanmadyk maglumatlara görä 10 mln-a golaý adam ýitirdi. Ýaponiýadan 2,5 mln adam wepat boldy". "Konslagerlerde adamlary köpçülikleýin gyrmak üçin ýörite desgalar guruldy. Bendihanalarda zäherli gaz bilen adamlary köpçülikleýin gyrdylar. Şeýle bendihanalarda saklanýanlaryň 18 mln-dan 12-mln-y öldürildi". "1942-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, ýewreý maşgalalaryny uçdantutma gyrmaga başladylar. Faşistler ýewreýleriň 6 mln-nyny ýok etdiler“. Bu ägirt uly adam pidalarynyň bolmagynyň düýp sebäbi bir söz bilen aýdylanda men-menlik. Elbetde dilde aňsat. Ýöne ikinji jahan urşy heniz başlamanka, iň bolmanda, Adolf Gitlere kimdir biri "Nemes halky dünýäde iň beýik halkdyr, başga halklar onuň guly bolmalydyr“ diýen çüýrük pikiriniň nädogrulygyny düşündirmegi başaran bolsady, onda beýle uly adam pidalary bolmasada bolmazdy. Emma ýokarda belleýşimiz ýaly taryh taryh bolýar. Ony yzyna dolap alyp ýerine salyp bolaýanok. Men-menlik häsiýetiniň adamy haram eşek (har) ýaly pes derejä getirýändigi Baýly şahyryň sözlerine aýdym edilip aýdylýan "Har eýlär“ atly şygrynda has aýdyň beýan edilýär: Tekepbirlik eýläp, men-menlik etme, Men-men etseň, uly adyň har eýlär. Şeýle-de bolsa beýik Saparmyrat Tükmenbaşynyň aýdyşy ýaly "Ýöne nätjek, adynda hem men bar-da“ Sözümizi jemläp aýtsak men-menlik adamyň iň bir ýaramaz häsiýetleriniň biri hasaplanýar. Bahyllyk, göriplik, görübilmezçilik ýaly ýigrenji häsiýetler hem hut şu men-menlik häsiýetinden gelip çykýar. Şonuň üçin öňde bir dananyň aýdyşy ýaly: "Başgalaryň üstünligine guwanmagy başarmak hem mertlikdir“. Hut şonuň üçin başgalaryň üstünligine çyn ýürekden guwanyp, el çarpmagy hem başaralyň. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |