15:20 Garaşsyzlyk döwründe Magtymgulynyň öwrenilişi | |
GARAŞSYZLYK DÖWRÜNDE MAGTYMGULYNYŇ ÖWRENILIŞI
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyň öwrenilişi barada gürrüň gozgalanda, ony şertleýin iki döwre bölmek mümkin. Şahyr dünýäden ötenden kän wagt geçmänkä, 1833-nji ýylda demirgazyk Horasana syýahat eden polýak ýazyjysy we alymy A.L.Hodzko-Boreýko Magtymgulynyň goşgularyna sataşan ilkinji ýewropaly hasaplanýar. Şu maglumat esasynda birinji döwür 1833-nji ýyldan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gazanan gününe, ýagny 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryna çenli döwri öz içine alýar. Ikinji döwür bolsa 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan şu güne çenli döwri öz içine alýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanandan soň milli mirasymyzy, medeniýetimizi, şol sanda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmäge, ony mümkingadar dolulygyna halka ýetirmäge giň ýollar açyldy. Bu döwürde asyrlara barabar işler ýerine ýetirildi. Sözümiz gury bolmaz ýaly, geliň, mysallara ýüzleneliň. Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Ynsan kalbynyň öçmejek nury” (Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2014ý.) atly kitaby çapdan çykdy. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda Magtymguly Pyraga bagyşlap aýdan ganatly sözleri ýerleşdirilipdir. Hususan-da, bu kitabyň 35-nji sahypasynda şeýle sözler bar: "Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň şygryýeti bütewi gymmatlyklardyr”. (Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna gutlagdan 18.05.2011 ý.) Garaşsyzlygy gazananymyzyň yz ýanynda magtymgulyşynas alymlarymyz Magtymgulynyň mälim bolan goşgularynyň doly ýygyndysyny taýýarlamaga girişdiler. Bu babatda filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Abdyrahman Mülkamanowyň, Muhammetjuma Öwezgeldiýewiň, Myrat Çaryýewiň, Amanberdi Nurýagdyýewiň, filologiýa ylymlarynyň doktorlary Geldi Nazarowyň, Aşyr Orazowyň bitiren işleri öwgä mynasypdyr. Şu beýik şahsyýetleriň 1992-1996-njy ýyllarda önjeýli çeken zähmeti netijesinde Magtymgulynyň jemi 665 sany şygryny öz içine alýan üç tomluk kitaby taýýarlanyp halk köpçüligine hödürlenildi. Bu şygyrlar ýygyndysyna öňki neşir edilen ýygyndylarda bolmadyk şygyrlar hem girizildi. Magtymgulynyň syrly setirleriniň manysyny halka düşündirmekde, ony ylmy esasda derňemekde Annadurdy molla şahyryň hyzmaty örän uludyr. Onuň "Magtymguly syrym çohdur...” atly kitaby filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedowyň redaksiýasy bilen 1998-nji ýylda taýýarlanyp neşir edildi we halk köpçüligine ýetirildi. Şahyr özüniň bu kitabynda Magtymgulynyň şeýle hem Aryf şahyryň, Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň, Misgingylyjyň, Zynharynyň syrly şygyrlaryna şygyr-aýdyşyk görnüşinde düşündiriş ýazdy. Annadurdy molla şahyryň 2002-nji ýylda Aşgabadyň şol wagtky "Ruh” neşirýaty tarapyndan "Magtymguly sözüm bilene sözdür” atly kitaby çapdan çykdy. Şahyr özüniň bu kitabynda Magtymgulynyň käbir syrly şygyrlaryna ylmy esasda düşündiriş berdi. Şeýle hem bu kitapda Şabende, Şeýdaýy, Aşyky, Zelili ýaly söz ussatlarynyň syrly şygyr setirlerine şygyr-aýdyşyk görnüşinde düşündiriş bar. Umuman Annadurdy molla şahyryň bu iki kitabynda öwrenere zat köp. Şu ýerde Magtymgulyny öwrenmekde ägirt köp işleri bitiren ýene bir alym barada aýtmak ýerlikli bolar. Bu alymyň bitiren işleri barada 1000-e golaý internet okyjysy bolan Oraz Ýagmyryň “Magtymgulynama” (185-186 sah.) kitabynda şeýle diýilýär: “Magtymgulyny öwrenmek meselesinde gaty köp garşylyklara, päsgelçiliklere sezewar edilse-de, şu güne çenli iň köp iş eden, üstesine-de onuň eden işleriniň derejesine bäri-bärde ýetilmejek bir alym hakda aýratyn aýtmak gerek. Ol filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Aşyrpur Meredow. Bu meşhur alym ilki Sapar Ahally bilen bilelikde ýazylan, 1988-nji ýylda 512 sahypalyk “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” diýen kitaby neşir etdirdi. A.Meredow Magtymgulynyň düşündirişli sözlügini taýýarlamaga hem bireýýämden bäri girişipdi. Bu örän azaply işi başga ýerlerde tutuş ylmy-barlag institutlarynyň ähli işgärleri gatnaşyp ýerine ýetirýän bolsa, bizde diňe A.Meredowyň özi gijesini gündiz edip, aýlygyny oňa harçlap, bir köpük galam haky alman ýerine ýetirdi. Bu üç tomluk tapylgysyz golýazma neşir edilmän, uzak ýyllar çaň basyp ýatdy. Ahyry, ony Magtymguly jemgyýetiniň hasabyna Gazagystanda neşir etdirmek hakda gepleşdim, emma soňy şowsuz boldy. Soňra Eýranly Türkmen, Halkara Magtymguly baýragynyň eýesi hormatly Myratdurdy Kazydan haýyş etdik. Razy boldy. Ýöne o döwürde eýýäm Magtymguly jemgyýeti ýokdy. Kitap sany bary-ýogy altmyş-ýetmişden köp bolmasa-da harjy ýokarydy. A.Meredow gadymy bir halysyny hem-de gymmatly şahsy kitaphanasyny satdy. Kitaplaryň puluny soň bererin diýip, göterip bilen kitabyny alyp giden nätanyş hem boldy. Şo günlerde hormatly alymymyzyň bir gözi hem operasiýadan soň kör boldy, beýleki gözi hem gaty gowşady. Umumy saglygy hem howply ýagdaýa düşdi. Segsen ýaşa ýakynlan, ogul-gyzsyz alymyň şeýle güzaplyklardan soň, “Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginiň” birinji tomuny eline alanda, neneňsi begenendigini göz öňüne bir getirip bilermisiňiz?! Men o bagtly pursata şaýat bolupdym. Az wagtdan alymyň Magtymgulynyň tas ähli golýazmasyny diýen ýaly deňeşdirip, ömrüniň otuz ýylyny berip taýýarlan “Magtymguly Pyragynyň Diwany. Tankydy tekst” atly iki tomluk kitaby hem, uzak ýýllardan soň, ýene Eýranda çap bolup çykdy. Oňa siňdirilen zähmeti aýdar-diýer ýaly däl. Emma Magtymgulynyň iň beýik janköýeri o kitaplary görmäge ýetişmän dünýäsini täzeledi. Magtymguly üçin ummasyz köp iş eden alym A.Meredow 2009-njy ýylyň 5-nji awgustynda aradan çykdy. Ol 1924-nji ýylda Eýranda dünýä inipdi. Käbir garşylykly pikirlerine garamazdan, bu beýik alymyň Magtymguly üçin pidakäriň işleriniň gadyryny geljekki okyjylar biler diýen mizemez umydymyz bar. • Jaýyň jennetde bolsun Magtymgulynyň hakyky dosty NURY DÄDE! Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň bellenmeginiň öňüsyrasynda 2013-nji ýylda Milli golýazmalar institunyň alymlary filologiýa ylymlarynyň doktory A.Aşyrowyň ýolbaşçylygynda Magtymgulynyň iki jiltlik eserler ýygyndysyny çap etdiler. Bu ýygyndyda hem jemi 666 sany şygyrdyr poema bolup öňki üç tomluk şygyrlar ýygyndysyndan düýpli tapawutlanýar. Bu iki jiltlik ýygyndyda öňki üç tomlukdaky 666 şygyryň 31 sanysy şärikli şahyrlaryň ady bilen gelýändigi sebäpli aýrylyp, 32 sanysy täze girizilipdir. Öňki üç tomlukdaky iki ýerde gabat gelýän "Tutmaý bardyň” atly şygyr bir şygyr bilen çalşyrylypdyr. Şeýle hem öňli üç tomlukda bent sany köp bolan şygyrlar poema görnüşinde täze iki jiltlik eserler ýygyndysyna girizilipdir. Bu täze Magtymgulynyň eserler ýygyndysynyň ýene bir oňat tarapy şygyrdaky köp türki sözler şol manyny berýän türkmen sözleri bilen çalşyrylypdyr. Mysal üçin "tört”, "destan”, "bostan” ýaly sözler degişlilikde "dört”, "dessan”, "bossan” diýen sözler bilen çalşyrylypdyr. Bu ýygyndynyň ýene bir aýratynlygy käbir şygryň käbir setirleri golýazmanyň asyl nusgalarynyň has ähtibarlygy, gadymylygy, şahyryň ýazan asyl nusgasyna golaý bolmak mümkinçiligi göz öňüne tutup üýtgedilipdir. Mysal üçin Magtymgulynyň "Sataşdym” atly şygrynyň III bendiniň 4-nji setiri öňki neşirde (Magtymguly. Şygyrlar. Üç tomluk. I tom Çapa taýýarlanlar: Abdyrahman Mülkamanow, Muhammetjuma Öwezgeldiýew, Myrat Çaryýew, Amanberdi Nurýagdyýew, Geldi Nazarow, redaktory Aşyr Orazow. “Türkmenistan” neşirýaty. Aşgabat-1992ý. 57 sah. ) "Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym” diýlip ýazylan bolsa täze neşirde (Magtymguly, Eserler ýygyndysy, II jilt, Aşgabat. “Ylym” neşirýaty, 2013ý. 188 sah.) "Ýyldyzdan ýol umdum Aýa sataşdym” diýlip görkezilipdir. Bu ýerde "umdum” sözi barada Aşyrpur Meredowyň ,,Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi” atly 3 tomluk sözlügiň III bölüminiň 874-nji sahypasynda şeýle düşündiriş berilýär: Ummak - 1) umyt etmek, arzuwda bolmak; 2) ynanmak, güman etmek. Pars dilindäki "umyt” sözi-de şundan bolmagy çak edilýär. Jandan umyt üzüp, haýranda eken. Ýyldyzdan ýol umdum Aýa sataşdym.” Geliň, indi bu iki nusgany many taýdan seljerip göreliň. "Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym” diýmek, meniň pikirimçe gönümel manyda ýyldyzlary ýol ýaly ulanyp Aýa sataşmak, maksada ýetmek diýmegi aňladýar. "Ýyldyzdan ýol umdum Aýa sataşdym” diýmek - ýyldyzlary ýol ýaly ulanmagy arzuwlap Aýa sataşdym diýmegi aňladýar. Meniň pikirimçe ikinji nusganyň manysy has güýçli ýaly bolup dur. Mälim bolşy ýaly 2014-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu şanly sene mynasybetli birnäçe magtymgulyşynas alymlaryň kitaplary neşirýatlarda neşir edildi. Ýazyjy-şahyrlaryň many-maňza dok makalalary metbugatda çap edildi. Bu dabaranyň öňüsyrasynda 2014-nji ýylyň 14-16-njy maýynda Aşgabat şäherinde "Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu maslahata bagyşlanyp "Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany (Aşgabat. Ylym neşirýaty, 2014ý. 304 sah.) çap edildi. Bu kitapda jemi 367 sany türkmenistanly we daşary ýurtly magtymgulyşynas alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň makalalary bar. Halkara ylmy maslahat 5 bölüm boýunça geçirilip, her bölümde 60-70 sany adam çykyş etdi. Bu kitabyň 241-nji sahypasynda şu makalanyň ýazarynyň hem "Magtymgulynyň döredijiligi we Gündogar rowaýatlary” makalasy ýerleşdirilipdir. 2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly halkara maslahat geçirildi. Bu halkara maslahata gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Halkara maslahata bagyşlanyp elektron görnüşli çap edilen “Magtymguly pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly kitapda (381 sah) ýokarky sözbaşy bilen makalanyň gysga görnüşi üç dilde çap edildi. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |