14:30 "Süleýman sen mura bir gulak goýgul..." | |
"SÜLEÝMAN SEN MURA GULAK GOÝGUL..."
Magtymgulyny öwreniş
Her bir sözüni gyzyla gaplap, boýnuňdan tumar dek asaýmaly hezreti Magtymguly atamyzyň "Gul bolgul“ atly şygrynyň üçünji bendiniň bu ilkinji setiriniň aňyrsynda terbiýeçilik ähmiýetli bir rowaýat ýatyr. Bu rowaýat ilkinji bolup görnükli gündogarşynas, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, türkmen halk döredijiligini we edebiýatyny öwreniji, meşhur we merhum alym Mäti Kösäýew tarapyndan radioda eşitdirilýär. Ýeri gelende aýtsak, Mäti Kösäýew türkmen edebiýatyny, şol sanda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde, kitaplary redaktirläp halk köpçüligine ýetirmekde ägirt uly işleri bitiren alym. Bu aýdylanlary akademik Bertelsiň "Mäti Kösäýew – Türkmen edebiýatynyň ensiklopediýasydyr“ diýip baha bermegi hem doly tassyklaýar. Bu syrly setiriň manysy barada radioda eşitdirilen bu rowaýaty öz sözüm bilen beýan etmäge synanyşaýyn. Turuwbaşdan bu setirdäki "mur“ sözüniň "garynja“ diýen manyny aňladýandygyny ýatladaýyn. Magtymguly atamyzyň "Batgy ýaranlar“ atly şygrynda aýdylyşy ýaly, äleme höküm eden, tagtyny ýel çeken, haýwanlaryň diline düşünýän Süleýman pygamber öz goşuny bilen awdan gaýdyp gelýärkä, bir agsajyk garynja hininden çykyp: - Seresap bolaweriň, Süleýman gelýär, how - diýip gygyrýar. Muny eşiden Süleýman pygamber bu agsajyk garynjanyň ýanyna gelip: - Ýeri, garynja, bu gykylygyň näme? – diýip soraýar. Onda garynja: - Bu janawerler gyşyň aladasyny edip galla ýygnaýarlar. Sen bolsa her gezek olary atyňa basdyryp geçýärsiň, köp garynjany öldürip heläk edýärsiň. Men her bir garynja üçin jogap bermeli. Şonuň üçin men olary seresap bolmaga çagyrýaryn - diýýär. Süleýman pygamber oňa göwnüýetmezçilik bilen şeýle diýýär: - Garynja, seniň kelläň ulu-la. - Ol akyllylygyň alamaty. - Biliň ýaman inçe-le. - Ol sypaýylyň alamaty. - Yz tarapyň uly görünýär-le!? - Ol myhmansöýerligiň alamaty. Sen agzyňy ondak-mundak urma. Isleseň, men seni bütin goşunyň bilen myhman alaýyn. Şunlukda Süleýman pygamber bütin goşuny bilen agsak garynjanyňkyda myhman bolýar. Garynjalaryň biri dary, beýlekisi arpa, bugdaý, ýene biri ýorunja getirip adamlaram, atlaram naharlaýarlar. Hatda artyp hem galýar. Soň Süleýman pygamber hem öz gezeginde garynjalary myhmançylyga çagyrýar. Ýurdundaky däne ammarlaryny açyp goýmagy buýurýar. Agsak garynja goşuny - garynjalary bilen myhmançylyga gelýär. Emma soňky gelen garynjalara bir dary, bir däne hem ýetmän masgara bolýar. Ine, şonda agsak garynja Süleýmana garap: - Saňa, Süleýman däl, Süleýmanjyk diýerler. Hakyky Süleýman mundan müň ýyl ozal ýaşap geçdi. Ol hem şu ýerde düşläpdi. Men diňe bu goşunyň atlarynyň attorbasyndan gaçan dänelerini ýygnaşdyrdym. Şol däneler bilen hem seniň goşunyňy naharladym – diýýär. Şol wakadan soň Süleýman pygamber men-menlik etmezligi, hatda garynjany hem ynjytmazlygy äht edipdir. Magtymguly özüniň "Gul bolgul“ atly şygrynyň üçünji bendinde: Süleýman sen, mura bir gulak goýgul, Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl, Häkim bolsaň, halky gün kibi çoýgul, Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul. - diýmek bilen adamlary men-menlik etmezlige çagyrýar. Häkim bolsaň – ýolbaşçy bolsaň halky Günüň Ýeri deň ýagtylandyryşy, ýyladyşy ýaly hemmeleri deň göz bilen görmegi, arkadag bolup arka durmagy ündeýär. “Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul” diýmeginiň özüne ýeterlik sebäbi bar. Meniň pikirimçe akar suwuň – çeşme suwunyň boýunda ilat oturymlaşyp, azyklyk däneli önümleri ösdürip ýetişdirýärler. Bag – bakja ösdürip gün –güzeran görýärler. “Öserde ýel” diýilmeginiň sebäbi bolsa sörtük ýeli jana şypaly boýar. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |