23:45 Magtymgulynyň döredijiligi we Gündogar rowaýatlary | |
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI we GÜNDOGAR ROWAÝATLARY
Magtymgulyny öwreniş
(Bu makala 2014-nji ýylda çap edilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly kitabyň 241-nji sahypasyna girizildi. Men 2014-nji ýylyň 14-16-njy maýynda geçirilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatda şu nutuk bilen çykyş etdim) Magtymgulynyň syrly şygyr setirleriniň her biriniň aňyrsynda yslam döräli bäri gündogarda göçüp-gonup ýören rowaýatlar ýatyr. Eger şeýle rowaýatlar bir ýere toplansa, birgiden kitaplar, kitaplardan bolsa beýik gatly kitaphanalar dörärdi. Şeýle rowaýatlaryň birini ol özüniň “Bu derdi” atly şygrynda ussatlyk bilen ulanypdyr. Rowaýata görä, hudaý yşk bilen ajaly ilki ösümlikleriň boýnuna atanmyş. Yşka düşen ösümlikler şeýle bir tiz ösüp, şeýle tiz köpelýärmiş. Asyl ýöne dünýä ýüzüni diňe ösümlik alyp barýarmyş. Beýleki janly-jandara, dag-derýalara orun ýokmuş. Ajal gelende bolsa, bir ösümlik öldügi ählisi muňa raýdaş bolup öläýenmiş. Onsoň ýekeje ot-çöp hem galmadyk dünýäde janly-jandarlaram açlykdan gyrlyp ugrapdyr. Bu ýagdaýy gören hudaý ösümlikden yşky hem ajaly alyp daga-daşa, suwa beripdir. Emma yşka düşen daglar ösüp-beýgelip, dünýä diňe daga öwrülip gidiberipdir. Üznüksiz ýagyş-ýagmyr ýagyp, däli siller hökmürowan bolupdyr. Onsoň ýene-de beýleki janly-jandara, ösümliklere ýaşara ýer galmanmyş. Ajal gelende-de belent daglar ýumrulyp, daşlar dargap, gyş kesilip, suwlar bugaryp gidenmiş. Bu hem kadaly ýagdaý bolmandyr. Şeýdip, hudaý her bir zada yşky hem ajaly berip, synap görüpdir. Emma hiç biri hem çydamanmyş. Ahyry, muny adama berenmiş weli, bolaýypdyr. Yşk berende, yşky biri alypdyr, beýleki almandyr, ýa-da erkek yşky aýal yşky bilen laýyklyk tapmandyr. Ajal gelende-de bir öýde ahy-nalamyş, iki öý beýlesinde-de gülki-şagalaňmyş. «Hä-ä yşky hem, ajaly hem adam çekip biljek ekeni» diýip, hudaý bir netijä gelenmiş. Magtymguly bu rowaýaty “Bu derdi” diýen goşgusynda ulanyp dördünji bendiniň üçünji setirinde “Gaçdy derýa, adam aldy boýuna” diýip ýazýar. Soňky bendiniň soňky iki setirinde bolsa: Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden, Peder bize miras goýmuş bu derdi. diýip şygryny jemleýär. Ine, şeýdip beýik ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgusynyň bary-ýogy üç setirinde giden bir gündogar rowaýatyny beýan edýär. Biz bu ýerde Magtymgulynyň bir şygrynyň üç setiri barada gürrüň etdik. Emma onuň döredijiliginde her setirinde birnäçe rowaýatlary jemleýänleri hem bar. Özem onuň şygyrlarynda şeýle syrly setirler ummasyz köp. Magtymgulynyň döredijiligi giden bir çyrpynyp ýatan umman (okean) bolsa, biz diňe onuň kenarynda durup öz görýän enaýyja balykgulaklarymyz üçin begenýäris. • Magtymguly hakyndaky rowaýatlar Magtymguly eşekli Halaçdaky "Idris baba" medresesine barýar. Şol döwür Idris baba syrkaw bolup, gelen adamlary kabul etmäge haly ýok ekeni. Şahyr özüniň daş ýoly söküp gelendigini gapydaky sopulara aýdýar. Piriň özüni kabul etmegini haýyş edýär. Sopularyň biri baryp, pire ýagdaýy düşündirýär. Pir soraýar: - Ol nähili adam? - Käri şahyrçylyk, Gerkez ilinden, özem eşekli. Ady Magtymguly. Pir sopularyna: "Ony kowup goýberiň. Men eşekli şahyrçylyk edip ýören adamy bilemok” diýýär. Sopular gelip piriň jogabyny aýdanda, Magtymguly gahary gelip, golaýdaky oraçadan gamyş alýar. Eline kagyz alyp, gamyş bilen tenini dilýär. Akan gana gamşy batyryp, özüniň meşhur “Bilmezmiň” şygryny ýazýar. Ýazyp bolandan soň, sopulardan şygry pirlerine gowşurmagy haýyş edip, Gerkeze gaýdýar. Sopular şygry Idris baba eltip berýärler. Ol şygry okap, syrkawlygy ýatdan çykyp, ot alana dönýär. Sopularyna “Derhal yzyndan ýetip alyp geliň. Biz başymyza gonan bagt guşun uçurypdyrys” diýýär. Sopular ata atlanyp, daş-töweregi torç edip, Magtymgulyny gözleýärler. Emma hiç ýerden tapmaýarlar. Şu wakadan soň, günleriň bir güni Idris baba Soňudagyna Magtymgulyny sorap barýar. Şonda Magtymguly piriň gelýänini eşidip, obadan öýkeli çykyp gidýär. Idris baba onuň yzyndan ýetmek üçin ep-esli ýol geçýär. Ol şonda :”Balam, indi çendir, saklanaý” diýende, Magtymguly yzyna dolanýar. Şondan soň bu jülgäniň ady “Çendir ” bolup galypdyr diýýärler. * * * Magtymgulynyň Orazmeňli şahyr atly ýakyn dosty bolupdyr. Ol Magtymguludan öz halaşýan gyzyny synlamagy we oňa bagyşlap goşgy düzüp bermegi haýyş edýär. Şahyr razylyk berýär. Bir gün obanyň ýokary çetinde bir gyz durmuşa çykýar. Oňa bolsa oba gyzlary kowçum-kowçum bolup barýarlar. Ertiriň säher çagy. Magtymguly we Orazmeňli şahyr bir depäniň üstünde özara gürrüň edişip durlar. Olar assyrynlyk bilen göz astyndan geçýänleri synlaýarlar. Orazmeňli gelýän gelin-gyzlaryň içinden halaşýan gyzy Serweri Magtymgula üm bilen görkezýär. Şonda Magtymguly Orazmeňlä: "Gyz-a saýlap bilipsiň” diýýär. Ol şonda "Gözel sen” diýen goşgyny döredýär: "Her kim güýçli bolsa, oňa “pir” diýrler, “Dertli guluň dermanyny biýr” diýrler, “Gawunyň ýagşysyn şagal iýr” diýrler, Ykbally bendäniň paýy, gözel sen.” Orazmeňli goşgynyň "Ykbally bendäniň paýy gözel sen” diýen setirini eşidende geňirgenýär. Ol Magtymgula öýkeli garap: "Maňa nesip eder diýsene” diýýär. Magtymguly dostunyň göwni üçin bu goşgyny şeýle jemleýär: "Magtymguly, halkdan syryn gizlese, Dişini uşadyň, ýalan sözlese, Owalda, ahyrda Eýäm gözlese, Garyp biçäräniň paýy, gözel sen.” Magtymguly şeýle diýmeginiň özüne ýeterlik sebäbi bar. Bu gyzyň Orazmeňlä nesip etmejegini öňünden aňýar. Şonuň üçin ol dosty Orazmeňliniň göwnüni götermek üçin ,,men ýalan sözläp bilmen. Ýöne owal ahyrýetde soralanda ol seniň paýyň bolar” diýen manyny meşhur ,,Gözel sen” şygryny jemleýär. Orazmeňli halaşýan gyzy Serwer bilen ýary gije gaçmagy wadalaşýar. Elbetde, ol döwürde sagat bolmansoň, belli bir takyk wagt belleşmäge mümkinçilik bolmandyr. Serwer ýary gije wadalaşan ýere gelýär. Görse bir atly geçip barýar. Serwer "Orazmeňli maňa garaşyp, indem gelmez öýdüp gaýdyp barýar-la” diýip, atla "Aý, oglan, dursana” diýip gygyrýar. Ol atly ilki durmaýar. Ikinji gezek Serwer gygyrandan soň, atly durýar. Serwer garaňkyda elindäki bukjany atlynyň eline berip, özi atyň yzyna münýär. Atla "Sürüber” diýýär. Ol sesini çykarman, atyny sürüp gidiberýär. Ýol bilen gelýärkäler Serwer: "Näme oglan, gepläňok, ýa öýkelediňmi?” diýip ýüzlenýär. Atly sesini çykarmaýar. Serwer köp soraýar, emma atly geplemeýär. Daňa golaý olar bir obanyň çetinden girýärler. Görse, bu atly Orazmeňli däl. Bu adam başy kel, öýlenip bilmän ýören adam eken. Şol gün aty hem birinden diläp alan eken. Şeýdip, Orazmeňliniň halaşan gyzy Serwer başga birine nesip edýär. Ol döwürde atyň yzyna öz islegi bilen münüp gelen gyzy yzyna äkitmegi halkymyz öran ýokuş görüpdir. Orazmeňli bolsa şol gün agşam dostlary bilen toý meýlisinde bolýar. Aýdym-sazyň muşdagy Orazmeňli meýlise gyzyp, ýary gijeden soň wadalaşylan ýere gelip garaşýar. Emma Serwer gelmeýär. Orazmeňli: "Bir işi çykandyr-da, ýene bir gün wadalaşyp alyp gidäýerin- dä” diýip ýagşy umyt bilen yzyna dolanýar. Ol bu wakany ertesi güni bilip galýar. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |