23:27 "Soltan bolan şa Süleýman şypa ber" | |
"SOLTAN BOLAN ŞA SÜLEÝMAN ŞYPA BER"
Magtymgulyny öwreniş
Akyldar şahyr Magtymgulynyň döredijiligi umman (okean) ýaly giň we çuň. Bu ummanyň kenarynda oturyp ýa-da başardygyňdan uç gyraksyz goýnunda kürekläp ýüzüp, onuň guşgursak dänesi ýaly göwher daşlaryny ýüze çykarmagyň özboluşly lezzeti bar. Magtymgulynyň syrly setirleriniň çözgütlerini tapmakda Nasyreddin Rabguzynyň "Kysasyl Enbiýa” atly kitabynyň uly ähmiýeti bar. Bu kitaby aryf atamyz "Atly, ýaranlar” diýen poemasynda şeýle (Magtymguly, Eserler ýygyndysy, II jilt, Aşgabat. “Ylym” neşirýaty, 2013 ý. 336-339 sah.) wasp edýär: Depderler içinde bir kitap gördüm, "Kysasyl Enbiýa” atly, ýaranlar. Hezreti Ýusuby beýan eýläli. Kyssasy şekerden datly ýaranlar. Bu kitap iki jiltden ybarat bolup. onda jemi 72 sany kyssa ýerleşýär. Bu kyssalarda esasan din ugrunda göreşen pygamberleriň, perişdeleriň, belli şahsyýetleriň bitiren işleri wasp edilýär. Magtymgulynyň "Şypa ber” (Magtymguly, Eserler ýygyndysy, I jilt, Aşgabat. “Ylym” neşirýaty, 2013ý. 83-84 sah.) atly şygryny okanyňda, bu şygry şahyr çöl bilen kerwen bilen gelýärkä düzüpdir diýip çaklamak mümkin. Bu pikiri şygryň birinji bendindäki: Bu çölde rehm eýle garyp halyma, Älemi ýaradan, Suhan şypa ber. Çoh yzaly, dertli şirin janyma, Ýa Mustapa-Fahry jahan şypa ber. - diýen setirleri hem tassyklaýar. Bu bentdäki Suhan-Hudaý, Mustapa- Muhammet pygamberiň lakamy. Fahry jahan-(pahry jahan) dünýäniň guwanjy (Muhammet pygamberiň we Hezret Alynyň epiteti). Rowaýatda aýdylyşy ýaly Magtymguly Şirgazy medresesinde üç ýyl okandan soň, oňa "Ogluňyz agyr ýatyr” diýen habar gelýär. Şahyr şonda dostlary Nury Kazym we Nazaraly bilen kerwene daklyşyp Etrege gaýdýar. Ýolda Nury Kazym agyr syrkawlaýar, aradan çykýar. Şahyr bu şygry ogly Mollabäbegiň we dosty Nury Kazymyň sagalmagyny diläp döreden bolmagy mümkin. "Şypa ber” atly şygyr 8 bentden ybarat bolup, onda 12 weliden we 29 sany belli dini şahsyýetlerden şypa dilenilýär. Hususanda bu şygryň 5-nji bendinde şeýle setirler bar (agzalan kitapda 84 sah.): Ogul döwletini bermän Eýesi, Yzynda bir nyşan ýokdur –nowasy, Döw periniň, ynsyň, jynsyň patşasy, Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber. Bu şygryň çap edilişi babatda şeýle bellik aýtmak bolar. Bu bendiň ikinji setirindäki: ,,Yzynda bir nyşan ýokdur–nowasy” Magtymgulynyň 1992-nji ýylda çykan 3 tomluk şygyrlarynyň 1-nji tomunda dyngy belgi taşlanyp "Yzynda bir nyşan ýokdur nowasy” görnüşde ýazylypdyr. Şeýle hem bu şygryň 3-nji bendiniň soňky 4-nji setiri "Kowus, Kyýas, Musa Ymran, şypa ber” diýlip "Musa” bilen ,,Ymran” sözleriniň arasynda otur goýmazdan "Musa Ymran” atly bir adamyň ady ýaly görkezilipdir. Emma mälim bolşy ýaly Musa pygamberiň ady, Ymran bolsa Musa pygamberiň kakasynyň ady. (Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi. A. Meredow III bölüm. T-Ýa, Gonbed Kabus. 1997ý. 1080 sah) Onsoň hem Musanyň "Musa Ymran” adyndan ,,Musa pygamber” ady has ýörgünli. Galybersede bu şygryň bu setiri Magtymgulynyň 1992-nji ýylda çykan 3 tomluk şygyrlarynyň 1-nji tomunda (72 sah.) otur goýlup "Kowus, Kyýas, Musa, Ymran, şypa ber” görnüşinde berlipdir. Meniň pikirimçe soňky görnüşler many taýdan kämil ýaly. Indi bolsa bu şygryň syryny başardygymdan çözmäge synanyşaýyn. 1-nji setirinde ,,Ogul döwletini bermän Eýesi” diýilýär. Bu ýerde Eýe-Hudaý manysyny, 2-nji setirdäki nowa-now-täze, ter, her bir zadyň täzesi diýen manyny berýär. Bu iki setiriň aňyrsynda şeýle waka ýatyr: Süleýman pygamberiň ogly bolmaýar. Soňky bolan wakalar barada Nasyreddin Rabguzynyň "Kysasyl Enbiýa” atly kitabynda şeýle rowaýat aýdylýar (rowaýatlar kitapdan bolşy ýaly saýlanyp alyndy): Hekaýat. Hezreti Süleýmanyň müň hatyny bardy. Onuň maksady şeýledi: Ol: «Bu hatynlaryň hersinden bir oglum bolsa, meniň müň perzendim bolardy. Meniň hatynym köp bolsa, perzendim hem köp bolar» diýdi. Emma onuň bir hatyny hem dogurmady. Bir gün ol Hudaýtagala: «Eý, Taňrym! Meniň göwrämden maňa bir zat berseň?» diýip arz etdi. Ondan soň ol hatynlary bilen ýakynlyk etdi. Wagty ýetip, onuň diňe bir hatynyndan bir çaga dogdy. Onda ne baş bar, ne aýak bar, ne gulak bar. Ondan hiç bir zat mälim bolmady. Ol göýä bir sanaja meňzeýär. Onuň erkek-gyzlygy hem mälim däl. Muny hezreti Süleýman görüp: «Eý, Taňrym! Bu niçik zatdyr. Munuň agzalaryny berseň?!» diýdi. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Süleýman! Sen: «Meniň göwrämden bir zat berseň» diýip Hudaýtagladan dileg etdiň. Seniň bir zat diýeniň şu zatdyr. Indi hatynyň Bylkys, weziriň Asyf bin Barhyýa, özüň – üçiňiz bir ýerde oturyp syr aýdyşyň» diýdi. Hezreti Süleýman: «Men pygamberdirin we patyşadyryn. Emma işikden bir kişi gelse, men ilki bilen onuň eline bakýaryn. Eger ol bir zat getirse, hatda alma ýaly zat bilen gelse hem, ol maňa hoş ýakýar» diýdi. Ol zaman çagada baş peýda boldy. Asyf bin Barhyýa: «Men bu patyşalygyň baş weziridirin. Meniň köňlüme: «Eger Süleýman ölse, onuň hatynlary bilen patyşalygy maňa galsa» diýen pikir bar» diýdi. Ol zaman çagada gol-aýak peýda boldy. Bylkys: «Men ähli janly-jandaryň patyşasy bolan Süleýmanyň söýgüli hatynydyryn. Men mydama: «Süleýman ölse, men bir ýaş ýigide ýetsem, men onuň bilen aýşy-eşretde bolsam» diýip hyýal edýärin» diýdi. Ol zaman çagada göz-gulak, burun, kirpik-gaş peýda boldy. Şeýlelikde, ol çaganyň hemme agzalary abat boldy. Ol çaga gyz eken. Dogry söz bilen direlen çaga budur. "Şypa ber“ atly şygryň agzalan bendininiň soňky iki setirindäki: Döw periniň, ynsyň, jynsyň patşasy, Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber. sözleriň hem aňyrsynda ýatan wakalar barada Nasyreddin Rabguzynyň "Kysasyl Enbiýa” atly kitabynda şeýle rowaýat aýdylýar: Hezreti Süleýman hezreti Dawutdan patyşalygy miras aldy. Bu mazmunyň şanyna: «Süleýman Dawudyň mirasdary boldy (yzyny tutdy)» diýen şu aýat indi. Bir gün Dawut alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Meniň oglum Süleýmany mülk barada meniň ýaly et» diýip dileg etdi. Al-latagaladan: «Eý, Dawut! Sen meniň hyzmatymda nähili bolan bolsaň, Süleýman hem şonuň ýaly bolsun. Men oňa senden artyk mähribanlyk we merhemet görkezeýin» diýen bir owaz geldi. Süleýmanyň patyşalygy hemmeleriňkiden artyk boldy. Rowaýat. Hezreti Dawut hezreti Süleýmany tagtyna çykaryp, ony hemme halka halypa etdi. Hudaýtagalanyň permany bilen hezreti Süleýman hemme haýwanyň dilini bildi. Aýat: «Eý, adamlar! Süleýmana guşlaryň seslerine düşün¬megi berildi». Hezreti Süleýman ýetmiş gije-gündiz: «Eý, Taňrym! Maňa hiç kime berilmeýän mülk ber» diýip dileg etdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Eý, Taňrym! Meniň günämi geç! Maňa mülk ber. Onuň ýaly mülk menden soň hiç kime berilmesin». Allatagaladan: «Eý, Süleýman! Men hemme patyşalaryň janyny alaryn. Ýer ýüzünde senden özge patyşa bolmaz» diýen owaz geldi. Elkyssa, Süleýman alaýhyssalam bu magfyretden günbatar¬dan gündogara çenli patyşa boldy. Bir gün ol Şamdan Ajama gelip, ýetmiş gije-gündiz: «Eý, Taňrym! Meniň patyşalygymy hemmeleriňkiden artyk et!» diýip dileg etdi. Allatagaladan: «Eý, Süleýman! Men döw-perileri we jynlary seniň perma¬nyňda etdim» diýip, owaz geldi. Ertesi hemme ynsu-jyn, döw-perileriň patyşasy görnüşe geldi. Süleýman alaýhyssalam ýene ýetmiş gije-gündiz dileg etdi: Allatagala oňa şemaly boýun etdi. Oňa berlen ýene bir keramat şeýledi: «Eger ol dagdan ötse, dagdan: «Mende dürri-jowahyrlar bardyr» diýen owaz gelerdi. Süleýman alaýhyssalam: «Eý, dag! Sabyrly bol. Men wagty gelende olary senden alaryn» diýerdi. Ol eger lazym bolsa, döwleri işledip, dürri-jöwher alardy. Ol adamlara ymaratlary salmagy buýursa, guşlara olaryň üstüne saýa bolup durmagy buýrardy. Süleýman alaýhyssalam perilere: «Bir ýagşy kilim dokaň. Ony geýip, onda hemme yns-jyn we döw-periler bilen oturaýyn» diýip buýurdy. Olar onuň her tarapyny dört parsahlyk edip gyzyl-altyndan bir kilim dokadylar. Onuň ortasynda özüne bir tagt goýdular. Onuň her etrapynda dört müň altyn kürsi we dört müň kümüş kürsi goýdular. Altyn kürsüde hemme pygamberzadalar, kümüş kürsüde jyn-periler we şeýtanlar oturdylar. Onuň üstüne guşlar saýa salyp durardylar. Ol kilimi şemal göterip ýörerdi. Ol bir günde bir aýlyk ýoly geçerdi, ýene yzyna alyp gelerdi. Süleýman alaýhyssalamyň müň öýi bardy. Her öýünde bir ybadathanasy bardy. Onuň üç ýüz nikalap alan hatyny, ýene ýedi ýüz satyn alan kenizegi bardy. Onuň her öýünde bir tagt, her tagtyň küňresinde bir haýwanyň suraty bardy. Onuň içini gowak edip, altynlardan doldurypdy. Kagbul-ahbar şeýle rowaýat edipdir: Süleýman alaýhyssalam on iki günlük ýeri meýdan etdirdi. Ol dört parsah ( parsah-6 km deň uzynlyk ölçegi. bellik A.A.) ýere tagt goýdurdy. Onuň iki ýüz weziri bardy. Olaryň hemmesiniň ulusy Asyf bin Berhyýady. Ýigrimi bäş müň pygamberzada, alymlar we serkerdeler adamlaryň öňünde, ýigrimi bäş müň perizat, Asyf bin Berhyýa sag golunda, ýigrimi bäş müň jyn çep golunda, ýigrimi müň döw bolsa yzynda oturardy. Ol howa çykyp ýörese, patyşalyk tagtyna çykyp otursa, soltanlyk üçin gymmat bahaly serpaýlar geýerdi. Emma ol köýnek-azary gara örmekden geýerdi. Her gün ertir namazyndan soň öýle namazyna çenli il bilen oturyp, ýurduň işiniň maslahatyny ederdi. Ondan soň ol ybadathanada tagat ederdi. Olara her gün ýedi müň batman un, on müň goýun bilen aş taýýarlap bererdi. Özi haly dokap, satyp, onuň ýaryna un alyp, duzsuz owmaç edip içerdi. Onuň galan ýarysyny bolsa hudaýyň ýoluna haýyr-sahawat ederdi. Eger gije bolsa, ol gara köýnek geýip tä daň atýança ybadat ederdi. Ol döwlere buýrup, ýedi ýüz dagy ornundan göterip, olaryň ýerini meýdan etdi. Ol meýdanyň ýüzüne altyn çaýyp arassalatdy. Şol meýdanda oturyp, şüle-aş bererdi. Ol islän wagty özi bilen müň hatyny leşgerler tagty bilen şemala göterdip, bir aýlyk ýere bir gijede baryp, ýene yzyna gaýdyp gelerdi. Guşlar ganatlaryny birleşdirip, onuň üstüne saýa bolup ýörerdiler. Şemal onuň tagtyny şunça ýere göterip barsa hem, ony yrgyldatmazdy. Döwler onuň buýrugyny berjaý etmese, ol olaryň synasyna gamçy urardy. Eger Süleýman alaýhyssalam bir ýere leşgeri bilen baryp düşse, ýigrimi parsah ýere adamlar, ýigrimi bäş parsa ýere guşlar, ýigrimi bäş parsa ýere bolsa döwler düşerdiler. Ol bir gün leşgerleri bilen barýardy. Ol bir ýerde düşledi. Şol wagt wezirler, alymlar we serkerdeler ondan: «Eý, Süleýman! Sen näme üçin bu ýere düşdüň?» diýip sorapdyrlar. Süleýman alaýhyssalam: «Bu gün meniň öňümden bir guş çykyp: «Eý, Süleýman! Bu gün men balalarymy uçurýaryn. Olar siziň leşgeriňizden gorkar» diýip arz etdi. Ol sebäpden men bu ýere düşdüm» diýip aýtdy. Hezreti Süleýman beni Ysraýylyň abytlaryna üç müň öýi ybadathana edip berdi. Bir gün hezreti Süleýman: «Eý, Taňrym! Men pygamberler bilen pygamberdirin, patyşalar bilen patyşadyryn, derwüşler bilen derwüşdirin. Men haýsy biriniň şükürini berjaý edeýin?» diýip sorady. Allatagaladan: «Eý, Süleýman! Bu nygmatlaryň hemmesi meniň engamymdyr. Sen olaryň hemmesine şükür etseň, men saňa kyýamatda mundan hem zyýadarak nygmatlary bererin» diýen owaz geldi. Meniň pikirimçe Nasyreddin Rabguzynyň "Kysasyl Enbiýa” atly kitabyndan alnan bu hekaýatdyr rowaýatlar (Kysasy Rabguzy “Kysasyl enbiýa”. II jilt. Aşgabat. Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004 — 544 s. 105-108 sah; 133-134 sah. ) artyk düşündiriş talap etmeýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |