02:42 Magtymguly many saçar... | |
MAGTYMGULY MANY SAÇAR...
Magtymgulyny öwreniş
Her bir sözüni gyzyla gaplap, boýnuňdan tumar dek asaýmaly hezreti Magtymguly atamyzyň şygrynyň her setiriniň aňyrsynda birgiden syr ýatyr. Magtymgulynyň "Üssesi bolmaz“ atly (Magtymguly, Şygyrlar, üç tomluk, I tom, Aşgabat. "Türkmenistan“ DNÇB 1992ý. 204 sah.) şygry hem şeýle syrly şygyrlaryň biridir. Bu şygryň 4-nji bendiniň soňky iki setirinde şeýle diýilýär: Bagdatda gyş bolmaz, Gyrgyzda tomus, Bulgaryň şähriniň ýassysy bolmaz. Bu ýerde "Bagdatda gyş bolmaz“ diýilmeginiň sebäbi Bagdat Ýer şarynda ekwatora golaý. Bagdatda hem beýleki ekwatora golaý Aziýa (Hindistan, Birma, Tailand we ş.m.) ýurtlarynda bolşy ýaly, gyş ýok diýen ýaly. "Altyn asyr“ teleýaýlymynda berilýän "Jahan ýaňynda“ görkezilişi ýaly, Bagdatda gyşyň güni hem howanyň temperaturasy +30 +35 gradusda saklanýar. "Gyrgyzda tomus“ diýilmeginiň sebäbi gyrgyzlaryň asly sibirden göçüp gelen hakaslar, bu ýurtda howanyň temperaturasy tomsuň güni hem köplenç sowuk bolýar. Bu ýurt Bagdat bilen deňeşdirilende, ekwatordan daşda, Demirgazyk Buzly Okeana golaý ýerleşýär. Geografiýadan mälim bolşy ýaly, ýurt näçe Demirgazyk Buzly Okeana golaý bolsa, ol şonça-da sowuk bolýar. Bagdat bilen deňeşdirilende, tomus ýok diýen ýaly. "Bulgaryň şähriniň ýassysy bolmaz“ diýmek bilen, ussat şahyr Bolgariýa döwletini göz öňüne tutmaýar. Ýassy namazyny dälde, günüň dowamlylygyny göz öňünde tutýar. "Bulgar“ sözüniň manysy barada A.Meredow we S.Ahallynyň "Türkmen klassyk edebiýatynyň sözlüginde“ (53-54-nji sah.) şeýle diýilýär: "Bulgar – Wolga, Kama derýalarynyň kenarynda ýaşan halklaryň biri. Olaryň IX-X asyrda feodal döwleti bolupdyr. Öz döwründe bulgarlaryň ösen ykdysadyýeti bar eken. XIII asyrda mongollar olaryň ýurduny eýeleýär. Şondan soň olar tatar, çuwaş we ş.m. halklar bilen assimilleşip gidýär.” Assimilleşmek – iki halky biriniň dilini we medeniýetini beýleki birine uýgunlaşdyryp birikdirmek. ("Uly rusça-türkmençe sözlük", I tom, Moskwa "Russkiý ýazyk” 1986ý. 52 sah.) Bulgaryň ýurdy hökmünde agzalýan Wolga, Kama derýalarynyň kenary köp territoriýany öz içine alýar. "Bulgaryň şähri“ sözüne birlik san ýa-da köplük san hökmünde düşünmek bolýar. Şunlukda, bu barada iki dürli pikir ýöretmek mümkin. Birinjisi birlik san bolan ýagdaýynda. Meniň pikirimçe, ussat şahyr 1703-nji ýylda gurlup başlan häzirki Sankt Peterburg (öňki Leningrad) şäherini "Bulgaryň şähri“ diýip, göz öňüne tutan bolsa gerek. Bulgarlar bolsa 1300-1700-nji ýyllarda göçüp-gonup, Wolga derýasynyň ýokarky akymlary boýunça Ilmen köli, Wolhow derýasy, Ladoga köli, Newa derýasynyň kenaryny syryp, ýaňy gurlup başlan Sankt Peterburgda oturymlaşan bolmagy mümkin. Geografiýadan mälim bolşy ýaly, Sankt Peterburg Demirgazyk polýar guşaklykda ýerleşýär. Bu guşaklykda ýylyň bütin dowamynda howa sowuk bolýar. Gyş aýlary Gün asla görünmeýär. Polýar gijesi, ýagny garaňky bolýar. Tersine tomus aýlary Gün ýaşmaýar. Polýar gün dowam edýär. Tomus, güýz aýlary 40-45 günläp gün görünmän "Ak gije“ ("Belaýa noç“) bolýar. Günüň dowamlylygy uzak bolýar. Şahyr şu aýdylanlary göz öňüne tutup "Bulgaryň şähriniň ýassysy bolmaz“ diýip, netije çykarypdyr diýmek mümkin. Ikinjisi köplük san bolan ýagdaýynda. Sankt Peterburg ( öňki Leningrad) şäherinde bolýan "Ak gijäniň“ ("Belaýa noç“) köp şäherlere täsiri bolýar. Sankt Peterburgyň 10-11-nji synplarynyň okuwy tamamlaýan döwrüniň ak gijä gabat gelýän wagty hem bar. 40-45 gün "Ak gijäniň“ bolýan döwri käbir beýleki şäherlerde hem gün hasaby 1-2 günden 40-45 güne çenli "Ak gijeler“ bolýar. Hatda gözi bilen görenleriň şaýatlyk etmegine görä, Gara deňziň boýunda ýerleşýän kurort şäheri Soçide hem "Ak gije“ bolupdyr. Diýmek, gadymy bulgarlaryň ýaşan Wolga, Kama derýalarynyň kenarynda ýerleşýän şäherlerde hem "Ak gije“ bolup biler. Ussat şahyr "Bulgaryň şähri“ hökmünde şol şäherleri göz öňüne tutýar diýip hasaplamak bolar. Gündogarşynas žurnalist Juma Ataýewiň bu iki setiriň ilkinji setiriniň syry baradaky pikiri başgaça. Ol özüniň “Sözüň gudraty” atly makalasynda (Mugallymlar gazeti, 23.09.2011 ý.) şeýle ýazýar: “Bagdatda gyş bolmaz, Gyrgyzda tomus..." Gyrgyzlarda edil biziňki ýaly dört pasyl bar. (Şol sanda tomus hem) Tomus pasly ýok ýurt Ortaýer deňziniň içinde ýerleşýän Kipr adasydyr. Ol adada tomus pasly bolmaýar. Ol adanyň ady arap elipbiýinde “Gibris” görnüşinde ýazylýar. Magtymguly hem şol ada barada aýdýar. Emma diwany neşire taýýarlaýanlar ol sözi “gyrgys” sözüni ýasapdyrlar. Arap elipbiýinde gyrgyz sözi başgaça ýazylýar. Ol setir aslynda şeýle bolmaly: “Bagdatda gyş bolmaz, Gibrisde tomus..." Magtymgulynyň döredijiligi giden bir çyrpynyp ýatan umman (okean) bolsa, biz diňe onuň kenarynda durup, öz görýän enaýyja balykgulaklarymyz üçin begenýäris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |