20:05 Dükançy hem onuñ hoşboý ysly ýagy döken totuguşy hakynda hekaýat | |
Dükançy hem onuñ hoşboý ysly ýagy döken totugyşy hakynda hekaýat
Goşgular
Ir döwürde bir dükançy barmyşyn, Mydam totuguşyn magtaýarmyşyn. Iýenini haklaýanam şolmuşyn, Dükanyny saklaýanam şolmuşyn. Geläýse bir kişi almaga bir zat, Halys bizar edýärmişin sakyrdap. Bir gün işi çykyp, gitdi bir ýana, Totysyny sakçy goýup dükana. Dürli-dümen barja harydy saklap, Otyrka töwerek-daşa ýaltaklap, Bir pişigi görüp, haýaty göçdi, Haryd-a hiç, hatda janyndan geçdi. Harytlañ arasynda bukuldy, Şonda çetde duran çüýşe ýykyldy. Hoşboý ysly ýag bardy oñ içinde, Dükançy öwrülip gelse haçanda. Bolan işi görüp, gahary geldi, Penjeläp, totynyñ hüpügni ýoldy. Toty ýarylara gelip gahardan, Kes-kelläm ýüz sowdy suwdan, nahardan. Kellesiniñ kelligine kejikdi, Uzakly gününi dymyp geçirdi. Hojaýyn gynanyp beýle ahwala, Edil düşen ýaly çykgynsyz hala, Guşuna ýalbardy: "Eý, mähribanym, Dil aç ahyr, beýdip örteme janym. Sen rysgal-döwletim, gözüm nurusyñ, Señ hüpügñi üten elim gurasyn!" "Sizem doga okañ, guşum dil açsyn, Ýene döwran dönsün, bagtym gül açsyn!" Diýip, çaga ýaly boýnuny burup, Derwüşlere ýüzlendi ol ýalbaryp. Ýöne geplemedi onuñ kel guşy, Dowam etdi durdy gamly durmuşy. Bir günem bir derwüş barýarka geçip, Birden başyndaky telpegi gaçyp, Onuñ kel kellesi ýalañaçlandy, Muny görüp, guşuñ göwni hoşlandy. Soñam gygyrypdyr: "Eý, derwüş, eşit, Señ sypatyñ näme, beýle üýtgeşik? Senem hojaýynyñ ýagyny döküp, Ýörmüsiñ men ýaly jezañy çekip?" Adamlar geñ galyp onuñ sözlerne, Gülüşdiler ýaş aýlap gözlerne... Kä zatlar bir-birne etse-de çalym, Hut şoldur öýtmekden ägäräk boluñ. Kä kişiñ kä zada düşünşi ýalan, "Weli-diýipdirler-özüni bilen". Zat-zada çalymdaş, adam-adama, Ynanaýmak bolmaz, gören badyña. Bar, namazhon, takwamyşyñ diýeli, Şonda-da, däl-ä sen pir ýa-da weli, bir ýagdaýy akly bolan bilýändir: Görseñiz, sährada meñzeş gül kändir. Ýöne şolardanam ýalanlar-zäher, Arylardan bal alýandyr her mahal. Iýseler-de şol bir meñzeş otlary, Deñ däldir haýwanlañ hereketleri. Ýatlaýyñ oýlanyp oturman uzak Biri-süýt berýändir, beýleki-tazek... Oýlan-da, hemmesin salyber ýada, Şu kysmy mysallar kändir dünýäde. | |
|
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |