13:55 Dünýäm sen / hekaýa | |
DÜNÝÄM SEN
Hekaýalar
Paýhasyň duran ýeri Awazanyň alkymynda, deňiz kenaryndan ep-esli beýiklikde hem bolsa, güýzüň ahyrky günleriniň sowuk şemaly içiňden-bagryňdan geçip barýardy. Ol welin indi esli wagtlap şu ýerde, hut ýere çüýlenen ýaly, äm-säm bolup durdy. Dogrusy, ol bu ýere gelmänkä, uzak garaşmaly bolaryn öýtmändi, eýsem-de bolsa, ol Aşgabatdan gaýdanda eşikden ýüküni mazaly tutubam gaýdypdy. Öz-özüne gahar etdi. Dogrusy, birbada bu ýerden gidiberjegem boldy. Ýöne, Medinä beren sözi, hasam onuň öýkelekligi ýadyna düşende welin, gitmeg-a däl, bir ädim butnamaga-da milt etmedi. "Öýkelege bir söz az, iki söz köp“, onsoň men onuň üçin hemişe söz ýarymy gözläp ýörmeli“ diýip, içini gepletdi. - Adatça, duşuşyk ýerine gyz maşgala gijä galyp gelgiç bolýarmyş diýerdiler. Şol hakyky eken. Belki-de işi çykandyr, eglenýändir. Ýogsam olam näz çekdirjek bolup, meniň şu ýerde garantga öwülip durmagymy islän däldir-ä. „Sen baryber, menem hä diýmän ýeterin!“ diýdi. Aý, onsoňam, meniň bu ýerik kelle ýalaňaç, ýuka geýnip gelmegimde onuň ne ýazygy bar diýsene!? Günä özümde, galyňrajyk geýinäýmeli ekenim-dä! Häli geňeşseňem „Ýuka geýnip, Aşgabadyň „Ylham“ seýilgähidir öýtdüňmi?“ diýer-de, ýene-de özüňi günäkärlär. Hä, hökman şeý diýer. Bolmanda-da, deňiz ýakasy bilen güneşli şäheriň howasynyň tapawudy ýer bilen gök ýaly ahyryn. Wah, ol gudratly seýilgäh, çüwdürimlerine golaý ýerlerinde gezmeläňdäki adaja öwüsýän şemal wagtal-wagtal ýüzüňi sypalap geçýär diýäýmeseň, şu günlerem ol ýeriň üýtgeşik bir sowugy ýokdur. Özem hemişe köp adamlydyr. Baryp görseň, häzirem seýilgähiň günbataryndaky mydama oturýan şo-ol oturgyjymyzy biri eýeländir. Belki ol ýere bu gün başga bir bagtly jübüt gumrular gonandyr. Bu hökman şeýledir. Ol oturgyç bagtly çüwenleriň oturgujy ahyryn.Ýogsa-da olaryň bu ýerik ilkinji gezek gelişleri bolsa näme!? Eger şeýle bolsa, onda olar gürrüňlerini nämeden başlarkalar? Kim ilki geplär, gyzmy ýa oglan?! Aý, olar erkin gürländirle, hany meniň ýaly utanjaň adam barmy!“. Şeýle diýmek bilen Paýhas paýtagtyň „Ylham“ seýilgähindäki şol bir oturgyç bilen bagly ilkinji paşmadyk duşuşygyny ýatlajak bolýardy. Birbada kynam bolsa, garasaý hakydasyna getirmegi başardy. Şol gün ol bu ýere Medineden ep-esli öň gelipdi. Ýüzi sowukdan däl, utanjaňlykdan gyzarýardy. El-aýagy sandyr-sandyr edýärdi, getiren gülünem bir-ä oturgyçda goýardy, birem ony derhal garbap alardy. Bu aljyraňňylygyň nyşanydy. Onuň duşuşyga ilkinji gezek gelen bolşudy. Ilkinji zat, ilkinji synanyşyk, ilkinji duşuşyk, umuman, ilkinji ädimler hemişe şowuna-da bolup baraýanokdy.Yzly-yzyna çakylyklar, ýalbarmalar, telefon aramalary, haýyş etmeler, teý ahyry Medinäni hem zoraýakdan bu ýere gelmäge yrypdy. Dogrusy, birki gezek okuwdan soň kitaphananyň öňündäki oturgyçda az-kem dyz epipdiler. Seýilgähdäki aljyraýşyny diýsene. Ol Medine gelensoň başlandy.Gelen dessine diňe baş egip, sessiz salamlaşdy, soň onuň bilen seri bolmady, başyny ýerden galdyraýynam diýmedi. Medine onuň öte utanjaňlygyny bilýärdi. Üstesine, onuň häzir öz ýüregi hem atygsap urýardy. Soňy bilen-ä hiç haýsynyň dil ýarman, balyk kimin lal-jüm bolup oturyşy olaryň ikisi üçin-de içgysgynç boldy. Daşdan görenler näme pikir etse edibermelidi, olaryň bu bolşy ylla sözleri alyşman, birek-birege ýüzlerini ters öwrüp, sortduryşyp oturan adamlara meňzeşdi. Olaryň haýsydyr biriniň nämedir bir zatdan söz açmagy gerekdi. Bu ýagdaýy uzaga çekdirmek gelşiksizdi. Şonuň üçin hem bahymrak olardan kimdir biriniň ýagşydan-ýamandan dil ýarmagy zerurdy. Paýhasyň güýmenjesi bardy, ýüzüni aşak tutup durşuna başam barmaklaryny bir-biriniň üstünden aşyr gapdyryp oýnaýardy. Medine hem gözüniň gytagy bilen näalaç onuň şol barmaklarynyň birsyhly çalasyn hereketlerini synlap otyrdy. Ynha, birdenem Paýhasyň: „Beýle-de aýlanýar“ diýip dil ýarmasy, soňundanam gyza görkezegä-de, barmaklaryny öňkiň tersine aýlap goýbermesi olaryň ikisine-de gepbaşy boldy oturyberdi. Muňa Medine-de pyňkyrman zordan saklandy. Ine, şeýdibem gep haltanyň daňysy çözüldi. Medine şäher ýeriniň gyzydy. Şonuň üçinem Paýhas oňa oba bilen baglanyşykly sowallary berýärdi. Ahyrynda olaryň ikisi hem bu duşuşykdan göwnühoş halda ýylgyryp gitdi. Başga bir gün welin Paýhasyň bir özi ýene-de şol oturgyçda kürtdürip otyrdy, gözleri-de töwereginde agyp-dönýärdi. Başga bir nätanyş gyz bilen oglan bolsa onuň ýalňyzlygyna duýgudaşlyk bildirjek ýaly edip, asyl onuň golaýyndan aýrylmaýardy. Töwerekde adamyň barlygy-ýoklugy, özüne seredýänligi-seretmeýänligi Paýhasyň piňine-de däldi, ogryn işe baş goşan adam ýaly gözleri töweregindedi. Bu ýagdaý esli wagtlap dowam etdi. Ahyry gyzyň ýanyndaky oglan Paýhasa golaý geldi-de: - Bagyşla, halypa. Neme, senden dostlarça bir zat haýyş etsem bolarmy?--diýdi. Paýhas ukudan açylan ýaly tisginip gitdi. - Elbetde, elbetde –diýip, jogap berse-de, elindäki gülüni haýyş eder öýdüp yzyna tutdy. - Neme, eger garşy bolmasaň, şu oturgyçda biz oturaýsak diýýäs--diýip, iki ädim ýerde söm-söýek bolup ýylgyryp duran gyzy görkezdi.—Barybir, seň ýeke özüň-ä. Bu çaka çenli gara bermedik gyzyňam indiden soň geljekmi-ýokmy? Geldigi, biz bu ýeri boşadarys. Söz berýäs. Hä, neneň görýäň? - Men garşy däl, baş üstüne, geçiň, geçiň, oturyň. - Paýhas ör turdy-da, olara ýer berdi. - Sag bol, dost. Paýhas olaryň geçip oturgyçda oturansoňlaram duran ýerinden gideýin diýmedi. Mahal-mahal olaryň oturyşyna göz aýlap, sagadyna garady durdy, garady durdy. Birhaýukdan soňam teý ahyry el telefonyna jaň geldi. - Alýo, alýo, Medine, ýok-ýok, kän garaşdyrmadyň, walla, ynan, gelipjiik durşum. Gelýäňmi? Gelip biljek däl! Näme? Oba gidýäris!? Eýgilikmi? Borda, onda, sag gidip, aman gel! Ýok, ýok, gaty göremok, ýene bir gezek... Paýhas başky oturan ýerine keýpsiz halda dolanyp geldi. - Dost jan, adyň nämedir-ä? - Şadyýan. - Şadyýan. Meniň adym Paýhas. Sen gardaş, walla, weli ýaly adam ekeniň-ow. Dogrudanam garaşýan gyzymyň gelmejegi çyn eken. Oba gidýämişinler. Ynha, sen menden şu güli al. Muňa Şadyýan aňk-taňk boly. Özüne uzadylan gül dessesine el ýetirmäge-de ýaýdandy. - Ýok, ol bolmaz. - Al diýdimmi, al. Bu güller siziň nesibäňiz eken. Barybir güli şu gün şu oturgyçda oturjak gyza niýetläpdim, şu ýerde-de goýup gidýän. Ol indi siziňki. Siz muny arkaýyn öz gyzyňyza gowşuryp bilersiňiz! Ynanyň, men muny size ak ýürekden berýän. Çekinmäň-de alyň. Onsoňam men ony pul berip satyn alamok, öz mellegimizden ýygdym. Mellegimizde bolsa bular ýaly güller juda kän, tüweleme, şu ýyl-a bolsady ekilen ýaly. Şadyýan güli alansoň ony ysgap gördi. Gülüň hoşboý, beýhuş ediji ysy burnuna urdy. Soňam: - Sag bol, dost. Goý, seniň diýeniň bolsun! Öz-ä utandyrdyň—diýdi-de, güli alyp, ýanyndaky gyza gowşurmak bilen boldy... Paýhas şol wakany soň-soňlaram ýatlady ýördi. Bir gezeg-ä şol seýilgähde gezim edip ýörkä, Şadyýana-da gabat geldi. Şonda ol özleriniň basym toý tutýandyklaryny aýtdy, hatda toýuň wagtyny, geçjek ýeriniň salgysyny aýdyp, ony öz toýlaryna-da çagyrdy. Paýhas bu ýigide hoşallyk bilen başyny egdi, ýöne welin dilden jogap bermegiň ýerine uludan bir dem aldy. Şonda Şadyýan: - Näme, ol gyz henizem obadan gelenokmy?--diýip gülümsiredi. - Ýok dost jan, hemmesi ýoluna. Ähli zadyň öz wagty bar. Nesip etse, bizem bir gün toý tutarys. Öňinçä okuwymyzy bir ýüzli etmeli. Sizi bolsa ýürekden gutlaýan. Bagtly boluň! Basym Şadyýan sagbollaşyp, öz ýoly bilen gitdi. Paýhas belleşilen oturgyjyna geçip oturdy. Hemişeki edähedine eýerip, ýene-de birhowa gözlerini töwereginden aýyrmady... Paýhas gaty üşäpdi. Ozal bir gezek ony sowuk urupdy. Ol ýene-de sowukdan heder edýärdi. Şo gezek sowuklamadan aman-sag gutulmak, oňa aňsat düşmändi. Bu şeýle bolupdy. Mekdebiň ahyrky ýylynda okap ýörkä, dynç günlerinde, Paýhas hem ak eşegi bilen dostlaryna goşulyp, dagdan odun-jagrama, tamdyrtowulyk ýowşan çöpläp gelerdi. Bir gezegem, hawa, şonda-da güýz günleridi. Olar giç öýlänler eşekleri mas ýükläp ýola düşenlerinde, ozal bulutlaşyp duran asman ýagyşa tutdurupdy. Soňy bilen ýagynyň-ýagmyryň astynda olaryň eşeklerine hem ýöremek kynalypdy. Aýaklary taýyp-taýyp gidýärdi. Paýhasyň eşiklerem dosty Abanyň eşikleri ýaly öl-myžžyk bolupdy, ýüz-gözlerinden suw akýardy. Şeýle halda-da ýoluň agramly bölegini geçipdiler. Ýöne olaryň häzirki geçmekçi bolýan jarlary demirgazyk dereden gelýän suw sili bilen goşulyp, ýükli eşeklere ýol bermedi. - Paýhas, eşekler halys durdy, silem barha joşmak bilen. - Näme etsek diýýäň, Aba!? - Eşekleri ýükden boşatmagymyz gerek. - Weý, weý, ýüksüz gaýdybereli diýýäňmi? - Häzirem bir pille. Ýüki düşürip, paltadyr ýüplerimizi alyp, öýe aşmagyň alajyny etmeli. Odunlary hem ho-ol ýokaryk, köteliň düýbüne, siliň çykyp bilmejek ýerine daşaly, soň bir gün gelip äkideris. Hä, neneň görýäň?! - Oba boş baranymyzy gören näme diýer? - Kim näme diýse, şony diýsin. Bahymrak bol, sil güýjese, jardan aşmak bize başartmaz. Howlukmaly, garaňkam düşüp barýar. Ata-enelerimizi uçursyz alada goýmaly. Paýhas özüniň çyn, aladaçyl dostunyň barlygyna guwanýardy. Abanyň özünden bir ýaş kiçiligine garamazdan, gepi-sözi uly adamlaryňky ýalydy. Ol özüniňem, dostunyňam aladasyny edýärdi. Olar bile hereket etdiler, barha güýjän ýagşyň astynda odunlaryny bukurak ýere daşadylar. Soňra jaryň ýaýbaňrak ýerinden eşeklerini kynlyk bilen idip geçirdiler. Haçanda olar obaň bir ujundan girenlerinde, gözlerine ynanmadylar. Oba ýagyş ýagmandy, ýöne bir sepelenip geçipdi. Dagdaky silden welin hiç kesiň habary ýokdy. Olar öýlerine gelenlerinde-de, eşikleri oňly guramandy, suwuny sykybermelidi, üst-başlary hem palçykdy. Dogrusy, atalarynyň „Şu boý-syratyňyz bilen gök gübürdänden gorkup, yzyňyza boş gaýdyp geldiňizmi?“ diýmesi olaryň ikisini hem utandyrypdy.Ýöne ene ene bolýar „Atanyň ýüregi ýeke, enäniň ýüregi iki“ diýilmeginiň sebäbem onuň çagasyna bolan mähremliliginden çen tutulyp aýdylan bolsa gerek. Olar çagalarynyň töweginde hozanakdy. Şondan soň Paýhas bilen Aba ençeme günläp gyzdyryp, üsgürip-asgyryp, nähoşlap ýatdy. Olary sowuk uran eken. Oba lukmany iki-üç günläp sanjym etdi. Içerde Paýhasa garry enesi seretdi. Her gün diýen ýaly ir ertir bilen oňa geçi süýdüni içirdi. Ine, şeýdibem olar kem-kemden aýaga galdylar. Bu waka Paýhasa sapak bolupdy. Şonuň üçinem sowuk howadan, sowuk içgilerden, buzgaýmakdan goranyp gezýärdi. Medine gelende Paýhas sowukdan ýaňa ýöriş türgenleşigindäki esger ýaly aýaklary bilen töweregi tarpyldadyp ýördi. Gyzy görüp birneme diklense-de, özüniň sowukda üşänini gyza duýdurmajak bolubam ýersiz ýere ýylgyrdy. - Medine, geldiňmi? - Üşediň gerek? - Ýok, ýok, kim aýdýar ony? - Burnuň ujy bilen gulaklaň. Ýör gitdik, myhmanhanaň garbanyşhanasyna baraly, bir käse kofe içseň ýylynarsyň. Onsoňam bu ýerde özboluşlyja kitaphana-da bar eken. - Aý, ýog-a? „Kitap“ sözüni eşiden Paýhas durubilmedi, ol kitabyň ölemen aşygydy. Ony Medine hem bilýärdi. Iň del kitaplaryň gözlegindedi, olary ele saldygy sähel günüň içinde okap, ýene-de yzyna gaýtaryp berýärdi. Medine hem özüni okumyş saýýardy, ýöne ol Paýhasyň ýanynda kitap okamadyklar bilen des-deňdi. Paýhas kitap okap, okan zadyndan täsirlenip bilýän oglanlardandy. Institutyň talyplarynyň arasynda „Kim köp kitap okady?“ ady bilen ýylyň ahyrynda geçirilen bäsleşikde-de birinji ýeri alypdy. Bir ýylda okan powestdir romanlarynyň, ylmy-populýar kitaplarynyň sany ýüzden agypdy. Ýöne bir okamagam däldi, okan kitaplary hakynda gazet-žurnallarda ululy-kiçili onlarça makalalar bilen çykyş edipdi. Diňe bir eseriň gowy tarapyna däl, eýsem-de bolsa onuň ýetmezçiligine hem göz ýummaýardy. Ol şu günüň eserlerine-de tankydy nazar bilen çemeleşýärdi. Onsoň ýazyjylaň köpüsi ýaş tankytçydan gaty görmän, gaýta oňa örän jaýdar teklipleri, sagdyn pikirleri üçin uly sagbolsun aýdýardylar. Çeper eseriň gahrymanlary bilen baglanyşykly bolsun, ylymda gazanylan täzelikler bolsun, parhy ýok, ol adamlar bilen ýüzbe-ýüz durup jedelleşmegi gowy görýärdi.Şeýde-şeýde aňy-da bekeýärdi. Onuň ýatkeşligi güýçlüdi. Ylmy maglumatlar onuň üçin iň ygtybarly ýoldaşdy. Olardan özüne ýakynlyk, mähremlik tapýardy. Arada ýazyjy-şahyrlar bilen geçirilen duşuşykda-da şeýle boldy. Kerim Gurbannepesowyň goşgularyndan käbirini şahyryň şygyr okaýşyna öýkünip, onuň özi bolup, ýatdan aýdyp beripdi. Şonda edebiýatçy mugallymlardan biri onuň zehinine uly baha beripdi: “Men Paýhasyň eserlerinde milliligi duýdum, döredijiligiň ölmez-ýitmez ruhuny duýdum, mirasa çuňňur sarpany gördüm. Mahlasy, şular ýaly zehinli ýaşlaryň barlygy üçin aramyzdan biwagt giden şahyrlaryň hem, olaryň eserleriniň hem baky ýaşajakdygyna ýürekden ynandym“. Elbetde, Paýhasa ylham öz-özünden gelmedi. Ol Magtymgulyny, Magrupyny, Şeýdaýyny, Mollanepesi, Nyzamyny, Omar Haýýamy sanasaň sogaby bar. Bu kitaplary ürç edip okaýardy, okadygyça-da edebiýat ummanynda gulaçlap ýüzýärdi. Özi-de „Institumyzda arap, pars dillerini öwredýänlerem bir gowy zat. Bolmasa, kitaphanadaky giden kitaplar el degrilmän galjak eken“ diýip içini geplederdi. Soňy bilen onuň ady ýaş ýazyjylaryň hatarynda tutulyp başlanypdy. Döwürleýin metbugatda Paýhasyň hekaýalary yzly-yzyna çap edilýärdi.Özi-de ol hekaýalar ýöne-möne hekaýalar däldi. Olar diýseň özüne çekijidi, onda boşsözlük, artyk ýa kemter gaýtmalar ýokdy. Sebäbi onuň özi köp sözlülige garşydy, bir sözlemde beýan edip boljak wakany birnäçe söz bilen aňlatjak bolýan ýazyjylara tankydy nazar bilen garaýardy.“Az bolsun, uz bolsun“ pähimine eýerýärdi. Onun hekaýalarynda ýary-hemdem (ýürekdeş dost, ýakyn adam), zahyr (mälim bolmak, aýan, belli bolmak), ziwer (owadan, gyzyl-kümüş), zülal (sap, arassa), yşwa (näz-kereşme, sallanjyramak), yhsan (haýyr, ýagşylyk), tebbesim etmek (çalaja ýylgyrmak) ýaly ulanyşdan galan gadymy sözler hem köp duş gelýärdi. Soňky günler institutyň edebiýat birleşmesinde-de diňe onuň ýazan eserleriniň gürrüňi edilýärdi. “Aý dogsa, älem görer” diýleni boldy. Gowy zadyň çap edilse, ony her kes görýär, dile alýar. Her kim täsirlije, akgynly okalýan, gyzykly durmuşy wakalary öz içine alýan eserleiň aşygydy. “Derdiňi men alaýyn” ady bilen çap edilen hekaýasy üçin-ä talyp barysy ençeme wagtlap onuň peşinden aýrylmandy.”Ondaky bolan wakamy?”, ”Hekaýanyň dowamy barmy?”, „Ony kime bagyşlap ýazdyň?“, ”Öz başyňdan geçen bolaýmasyn?”... Aý, garaz, onuň üstüni sansyz-sajaksyz sowallardan gömdüler. Paýhas olaryň hiç birine-de jogap berjek bolmady. Ile hödürlenilen eserler goşmaça düşündirişe mätäç däl diýdi. Onsoňam olar çeper eser ahyryn. Soňy bilen olary okan deň-duşlary, hatda tanymal ýazyjylar hem Paýhasa birhowa „Hekaýaçy ýazyjy“ diýip ýüzlendiler. Wagt birsyhly geçip dursa-da, onda adaty äwmezlik bardy. Bu Paýhasyň durmuşynda has-da aýdyň görünýärdi. Paýhas gaty bir äwmezegem däldi, ýöne onuň işi başyndan agdykdy. Okamaly, dörmeli, öwrenmeli zatlary ummasyzdy. Şonuň üçin bolsa gerek, kämahal bir makala ýazaýmasa, hekaýalarynyň arasy bütinleý kesilipdi. Hekaýalaryna uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan okyjylar bolsa bu böwşeňligiň sebäbine düşünmän, äm-säm bolup, orta ýolda galypdylar. Onuň sebäbi diňe bir adama--Medinä aýandy. Paýhasyň halkyň geçmişine, şöhratly taryhyna, milli mirasyna goýýan sarpasy aýdyp-diýerden ýokarydy. Şonuň üçinem ony düýpli öwrenmek maksady bilen boş wagtynyň köpüsini döwlet arhiwlerinde, kitaphanalarda oturyp geçirýärdi. Dogrusy soňky wagtlar onuň beýnisi birsyhly çokalaýan sowallara jogap gözleýärdi.Ýazylan ylmy işler bilen içgin tanyşýardy, gözleýärdi, tapýardy. Dogrusy, ol diplom işiniň temasyny hem taryhy ýadygärliklerden alypdy. Bu hemmesi däldi, ol ylmy işleriniň daşyndan uly göwrümli eserde bagtyny synap görmek isläpdi. Şunlukda, birki hepde çemesi mundan owal taryh, söýgi, ykbal, durmuşy wakalary öz içine alýan romanynyň birinji kitabyny tamamlapdy. Soňky wagtlar Paýhasyň Medine bilen bir ýerde oturmaga-da eli degmeýärdi. Muňa Medine gowy düşünýärdi. Okamagyňam, dynç almagyňam öz wagty bardy. Öňki ýyllar nämede bolsa, olaryň boş wagty kändi. Institutyň soňky ýylyna gadam basaly bäri olaryň işem, okuwam kynlaşdy. Ine, şu günem Medine Paýhas bilen gabatlaşyp az-kem gümür-ýamyr etmäge maý tapdy. Paýhasyň ýüzüniň agraslygyny görüp, Medine birneme darykjak ýaly etdi. - Paýhas, soňky günler-ä saňa bir zatlar bolýar. Gürrüňimi diňläp duranam ýaly, aňyň welin mende däl. Paýhas sen meni eşidýäňmi?—diýip, Medine arakesmede otyrka Paýhasa ýüzlendi. Paýhasdan ses-seda çykmady. Medine sowalyny gaýtalady.—Paýhas, sen meni diňleýäňmi ýa ýok? Medine Paýhasyň egninde elini goýdy. Paýhas tisginip gitdi. - Paýhas, seniň ýagdaýyň gowumy, janyň sagmy?—diýdi. - Näme diýseňem diý, ýöne Magtymgulynyň döwründe-de, kakasy Döwletmämmet Azadynyň döwründe-de gök çaý içilipdir. Medine Paýhasyň bolşuna düşünmedi. - Näme, men saňa çaý içilmändir diýdimmi? Oglan oýanaweri, sen nämäniň gürrüňini edýäň. Öten agşam ýatyp ukyňy almadyňmy? Sen häzirem ukyňdan açylyp bilmän ýörän bolaýma? Paýhas özüne gelen ýaly etdi: - Medine, sen maňa bir zat diýdiňmi? - Ýokla, oglan, men indi seniň ýanyňda öz-özüm bilen gürleşýän boldum. - Bagyşla meni. Bir zatlar diýýän ýaly bolduň. - Hany, sen maňa aýt, sen nämäniň peşinde? Gök çaý diýdiň, bolmandyr diýdiň. Men-ä düşünmedim. - Häzir men saňa ähli zady bolşy-bolşy edip ýaly gürrüň bereýin. Olar täzeden jaýlaşykly oturdylar. Medine iki gulagyny Paýhasdan aýyrmady. - Saňa diýsem, Medine, men romanymyň birinji kitabyny tamamlan dessime edebiýat birleşmesine okamaga beripdim. - Geçen hepde berdim diýib-ä maňa-da aýdypdyň.Geçmänmi? - Umuman, topar makullapdyr. Ýöne iki-ýeke adamyň belligi bar. Ol bellikler bilen bolsa men asla ylalaşamok. Ynha, men ony saňa okap bereýin. — Paýhas goltuk jübüsinden çykaran kagyzyndan bir jümläni okap berdi: -“Romanda Magtymgulydyr onuň egindeşleri baran ýerinde dynman gök çaý içýär. Emma käbir adamlaryň çaklamasyna görä, gök çaýyň türkmen topragyna getirilenine bary-ýogy ýüz elli-iki ýüz ýyl bolupdyr. Şoňa görä, gürrüňi edilýän döwürde gök çaý däl-de, çaýa derek haýsydyr bir otlardan demlenip içilen bolmaly. Ýazyjyň pikiri durmuşy hakykata gapma-garşy gelýär. Şonuň üçin roman heniz çig, onuň çap edilmäge hödürlenilmeginden saklanmaly. Ýaş ýazyja gök çaýly meseläni düýpli öwrenip, eserini täzeden işlemegi üçin ony yzyna gaýtaryp bermeli”. Men olar bilen şu gün-erte, gyssagly duşuşmaly. Adatça edebiýat birleşmesinde garaljak eseriň awtory hem çagyrylmaly. Men welin habarsyz. - Sen näme pikirde, Paýhas? Özüňi ele al. Gaharlanyp aljak galaň ýokdur. Çaýyň bolanlygyna eliňde delil barmy? - Bar. Beýik ýüpek ýoly näme? Uzynlygy on iki müň kilometr bolan „Beýik ýüpek ýoly“ bir ýarym müň ýylyň dowamynda Türkmeistanyň üstünden geçipdir, Ýewropa bilen Aziýanyň, Günbatar bilen Gündogaryň söwda gatnaşyklary Türkmenistanyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. A bylar bolsa ýüz elli-iki ýüz ýylyň gürrüňini edýärler. Täjirler bu ýerden türkmen haly, şaý-sep, keçe, ýüň, deri, garaköli bagana, kak, duz önümlerini äkitseler, olaryň deregine mawut, mahmal, ýüpek mata, çaý, gant, kagyz, aýakgap ýaly gyt harytlary getiripdirler. Alyp-satarlar söwda işini hut şeýle gurapdyrlar. Dogry, çaý garyp-gasarlar üçin hem elýeterli bolandyr diýip kepil geçip biljek däl. Muňa jedelim ýok. Ýöne bu ýerde gürrüň Magtymguly, onuň kakasy Döwletmämmet Azady ýaly türkmeniň belli sütünleri, il içinde sylagly-hormatly, eli uzadan ýerine ýeten adamlar hakynda barýar ahyryn. Ine, meniň eziz tankytçylam, şuny unudypdyrlar. Türkmeniň öýüne myhman bolup, olar bilen bile oturyp dürli milli naharlar bilen birlikde gök çaý içendikleri barada daşary ýurtly syýahatçylaryň gadymy ýazgylarynda hem kän mysallara gabat gelmek bolýar ahyryn. Wah, bylar maňa henizem per bermezlerdi welin... - Weliň näme, Paýhas!? - Welimmi, welim hormatly Perzidentimiziň „Çaý--ylham hem melhem“ ady bilen çap edilen kitaby alnymdan diräýdi, bolmasa... Tüýs wagtynda çykan kitap boldy. Asyl onda bu mesele çürt-kesik edilip, ikirjiňlenere zat goýulmandyr. Şonuň üçinem bu meselede „Çaý-ylham hem melhem“ atly kitap meniň üçin iň bir ygtybarly tutaryk boldy. Onsoňam islendik bir zada akyl ýetirjek bolsaň, öňinçä şol zadyň geçmişine degişli taryhyny bilmeli--diýip, Paýhas gepine nokat goýdy. Medine hem soň geplemedi. - Hany, sen maňa romanyň adynam aýtmadyň-la? - Dogrusy, at meselesinde birhowa ýaýdandym. Häzirlikçe onuň adyna „Dünýäm sen“ dakdym. Soňam görüberýäs. - Onda „Dünýäm seni“ maňa haçan okamaga berjek, kitap bolup çykan soňmy? - Saňamy, isleseň, men saňa şu günüň özünde onuň elektron ýazgysyny bereýin. Dogrusy, heniz-henizem neşirden öň kem-käs syntgylanylmaly ýerleri bar. Oňa-da birneme wagt gerek. - Hany, onda men gitdim. - Nirä? - Nirä bolar, öýmüze. - Arman ugradyp biljek däl-dä! Dostum Meretgeldi şu gün ýygnakda babasynyň kitap otagynda taryha degişli gaty seýrek neşirleriň barlygyny gürrüň berdi. Ol meni şu gün babasy bilen tanyşdyrjak diýdi. Ol tanymal taryhçy, belli alym, professor. - Olar ýaly bolsa nepden galma. Men özüm giderin. - Hoş, onda. - Görşeris. Medine giden dessine Paýhas yzyna dolandy. Ol taryhdan hakykaty gözleýärdi, agtarýardy, tapýardy, ýene gözleýärdi. Onuň beýnisinde başga-da öwrenmeli, düýpli akyl ýetirmeli onlarça, belki ýüzlerçe jogapsyz sowallar örboýuna galypdy. Özi-de barha-barha köpelmek bilendi. Köpeldigiçe-de onuň erjelligini, tutanýerliligini, galyberse-de türkmeniň taryhy köki, gelip çykyşy bilen bagly ele salan maglumatlaryny özüniň tutumly işlerinde beýan etmäge bolan uly höwesini milli mirasyň syrly dünýäsi öz girdabyna dolap alypdy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |