14:31 Dünýäniň geň-taň tagamlary | |
DÜNÝÄNIŇ GEŇ-TAŇ TAGAMLARY
Geň-taňsy wakalar
• Haukartl Haukartl (islandça (Kæstur) hákarl) – bu akulanyň porsan eti. Grenland polýar akulasynyň eti täzejekä iýmek üçin ýaramsyz. Çünki bu akulanyň peşew çykaryş ýollarynyň ýoklugy sebäpli, onuň etine zäherli peşew suwuklygy siňýär. Akulanyň bu görnüşi awlanandan soňra ol asty deşik çeleklerde uzak wagtlap saklanýar. Şonda onuň düzümindäki zyýanly suwuklyk syzylyp çykýar. Ondan soň, akulanyň etini 2 aýdan 4 aýa çenli açyk howada kakadýarlar. Soňra onuň daşky gabygyny kesip aýryp, saçaga alyp berýärler. Ýöne, aýtmyşlaryna görä, tagamy hem-de ysy boýunça ol barybir porsan balygy ýatladýar. • Kuý Bu söz keçua indeýleriniň dilinde “deňiz doňuzjygy” diýmegi aňladýar. Bu haýwanjyklary Peruda, Ekwadorda we Kolumbiýada ýörite fermalarda ýetişdirýärler. Ony taýýarlanlarynda, açyk otda ýa-da peçde bütewiligine bişirýärler, soňam saçaga dürli gök önümleri bilen alyp berýärler. Perulylar, hatda Isa pygamber hem pynhan agşamlykda deňiz doňuzjygyny iýip, perulylaryň mekgejöwenden taýýarlan pes alkogolly içgisi – çiça içipdir diýip hasaplaýarlar. Olar Leonardo da Winçiniň “Pynhan agşamlyk” baradaky meşhur freskasyny özleriçe üýtgedip, onda özleriniň söýgüli tagamlaryny şekillendiripdirler. • Tunes balygyň gözi Ýaponiýada desterhanyň baş bezegi çörek däl-de balykdygyny, esasanam tunes balygydygyny, megerem bilmeýän ýok bolsa gerek. Şonuň üçinem ýaponlaryň dünýä belli tagamy bolan suşiden soň myhmanlara hemişe çig, gaýnadylan ýa-da gowrulan balyk gözüni, tüwi ýa-da soýa bulamagyna ýanap hödürlemekleri örän ähtimal. Tunes balygynyň gözi bolsa Ýaponiýada seýrek nahar (delikates (fr.délicatesse-näziklik, ýumşaklyk)) diýlip hasap edilýär. Edil, biziň ýurdumyzda lüle-kebap ýa-da tamdyrlama ýaly. • Fugu Ýaponiýada jana howp salýan tagamy datmak arkaly, şirin janyny orta goýup lotereýa oýnamak isleýän tagamhonlar bolsa, zäherli balyk bolan fugu ýa-da goňur gaýadiş (Takifugu rubripes) balygyny taýýarlap berýärler. Bu balygyň bedeninde ölüm howply zäher bolan tetrodoksin bar. Ýaponiýada aşpezler fuguny taýýarlamak üçin ýörite taýýarlyk geçýärler hem-de şeýle tagamy taýynlamaga ygtyýarnama alýarlar. Çünki bu tagam taýýarlananda ýekeje säwlige ýol berildigi – restoranyň bir müşderisi kemelýär. • Haggis Bu tagam şotlandlaryň milli naharlarynyň biri bolup, ol goýnuň garnyna ýarma, sogan, duz, burç, tagam beriji otlar we ownuk dogralan et dykylyp taýýarlanýar. Şotlandiýada haggisi dessura görä olaryň milli şähyry bolan Robert Býornsyň doglan güni – 25-nji ýanwarda bişirýärler. Çünki R.Býorns bu tagamyň şanyna waspnama gazalyny (oda) düzen ekeni. Ir döwürler bu tagam garyp-gasarlaryň iýmiti diýlip hasap edilipdir. Emma häzirki döwürde bu tagam Şotlandiýanyň islendik restoranynda-da, naharhanalarynda-da berilýär. Ýeri gelende, milli türkmen tagamnamasynda-da, täze soýlan malyň arassalanan garnyna, içegelerine, dalagyna, bagryna dykylyp, dürli tagamlaryň taýýarlanýandygyny, şol sanda halkymyzyň uly ýaşly raýatlaryna örän gowy belli bolan garyngowurdak tagamynyň bardygyny agzamak bolar. • Ýüzýyllyk ýumurtga Elbetde, häzirki döwürde meşhur bolan bu hytaý işdäaçaryny taýýarlamak üçin ýüz ýyl gerek däl. Emma, şonda-da şeýle tagamy taýýarlamak üçin ördek, towuk ýa-da bedene ýumurtgalaryny hekiň, külüň we duzuň garyndysynda 4 aýlap, howa barmaz ýaly edip, basyryp goýýarlar. Netijede ýumurtganyň agy – gara-goňur, sarysy bolsa – ýaşylymtyl öwüşginli, ammiak ysly bolýar, gabygynda-da owadan nagyşlar emele gelýär. Aýtmyşlaryna görä, olaryň tagamy edil gaýnan ýumurtgaňky ýalymyş. • Kasu Marsu Bu italýan peýniriniň (casu marzu), düzüminde peýnir siňeginiň gurçuklary bar. Olar peýniriň düzümindäki ýaglaryň dargamagyny çaltlaşdyrýar we ony has-da ýumşadýar. Kasu Marsu peýniri Sardiniýada öndürilýär hem-de ýerli şiweden terjime edeniňde “çüýrük peýnir” diýmegi aňladýar. Bu peýniri satmak Italiýada resmi taýdan gadagan, çünki ol köp adamlarda allergiýa döredip ýa-da olaryň içine gurçuk düşürip bilýär. • Eskamoles Meksikalylar bu tagamy mähnet gara garaynjalaryň ýumurtgalaryndan taýýarlaýarlar. Meksikada bu tagam örän gymmatbahaly delikates hasaplanýar. Garynjalaryň ýumurtgalaryny çigligine ýa-da gowrup iýýärler. Bu ýumurtgalary almak örän kyn. Çünki olar garynja hininiň iň çuň ýerlerinde saklanýar, mähnet gara garynjalar bolsa örän gaýduwsyz hem-de gaharjaň jandarlar hasaplanýarlar. Aýdyşlaryna görä, bu ýumurtgalaryň tagamy hozuň maňzy gatyşykly mesgäniň tagamyny ýatladýarmyş. • Sannakçi Koreýleriň bu işdäaçarynyň bölejikleri ýeterlik derejede ünsli bolmasaň tabagyňdan gaçyp ýa-da bogazyňa tegek bolup biljekmiş. Sebäbi bu tagam diri sekizaýagyň aýajyklaryndan çigligine, üstüne künji ýagy sepelenip taýýarlanýar. • Guş höwürtgesinden çorba Bu çorbanyň bahasy örän gymmat, käbir restoranlarda bir gezeklik tagamyň bahasy birnäçe müň amerikan dollaryna-da barabar bolup bilýärmiş. Bu tagam Hytaý, Indokitaý ýaly ýurtlarda delikates diýlip ykrar edilýär hem-de salangan-garlawaçlaryň höwürtgesinden taýýarlanýar. Bu guşlaryň höwürtgesi beýleki guşlaryňky ýaly çöp-çalamdan ýa-da palçykdan däl-de, adam üçin peýdaly we ýokumly bolan şol garlawaçlaryň sülekeýinden ýasalýar. Şol sebäpli bu höwürtgeler taýýarlanandan soň ol goýultmaga çalym edýär. Adatça, bu höwürtgeleri taýýarlanlarynda, ilki olary emaý bilen ýelekdir, hapa-hupadan arassalaýarlar. Soňra ony kofeniň içine goşýarlar ýa-da çorba gaýnadýarlar, ýa-da towugyň içine dykyp, howurpeçde bişirýärler. • Ýarganat çorbasy Tailandda ýa-da Hytaýyň käbir ýerlerinde ýarganatdan taýýarlanan dürli tagamlary halaýarlar. Ýarganaty bolsa diňe suwda gaýnatman, eýsem-de bolsa ony süýtde gaýnadybam iýýärler. • Beondegi Koreýleriň ýene-de bir dessurlaýyn tagamy – beondegi (koreýçe “gurjajyk”) bolsa, ýüpek gurçugynyň pilesiniň içindäki heniz kebelege öwrülmedik gurçuklardan gowrulyp taýýarlanýar we edil biziň çigit çigitleýşimiz ýaly, koreýlerde “ýol güýmenjesi” hasaplanýar. Çeşmesi: https://www.aviasales.by/blog/samye-strannye-blyuda-mira/. 31.07.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |