09:03 Dünýäniñ ilkinji zenan admiraly: Artemisiýa I | |
Dünýäniñ ilkinji zenan admiraly:
Zenan şahsyýetler
ARTEMISIÝA I ■ Artemisiýa I kim? Lidiýa patyşalygynyñ soñuna çykan persler b.e.öñki 546-njy ýyldan başlap kenarýaka şäherleri hem eýeläp başlapdyrlar. Şäherler pers häkimiýetiniñ we gresiýalylaryñ tarapdary hökmünde ikä bölünipdir. Persleriñ tarapyny tutýan şäherleriñ içinde Galikarnas ýaly möhüm şäherler jem bardy. Şol wagtlar Galikarnasy Artemisiýa I dolandyrypdyr. Uçursyz görmegeý zenan bolan Artemisiýa garadangaýtmazlygy we merdanalygy bilen görenleri haýrana goýupdyr. Ligdamid Galikarnasly ýogalanda, heniz ogly kiçijik bolansoñ, gyzy Artemisiýa tagta geçipdir. Pers patyşasy Kserks Artemisiýany hormatlapdyr we onuñ pikirlerine aýratyn sarpa goýupdyr. Artemisiýa greklere garşy boljak deñiz söweşine girmegiñ howply boljagyny we özüniñ bu söweşe garşydygyny aýdypdyr. Hökümdar onuñ raýyny ýykmandyr, sebäp diýseñ Kserksiñ özi-de Artemisiýa bilen pikirdeş eken. Emma emeldarlaryñ köpüsi urşa dyzapdyr. Netijede mobilizasiýa yglan edilýär we doly derejede urşa taýýarlyk görülýär. Hökümdar urşa girişmezden öñ ähli güýçlerini birlaý barlap çykýar we dolu taýýarlyk gutaransoñ, pers flotiliýasy b.e.öñki 480-nji ýylyñ 27-nji sentýabr gününiñ gijesi Salamis aýlagyna aralaşýar. Zenan admiral Artemisiýa I Galikarnas, Kos, Nisiros, Kalidnos gämilerine ýolbaşçylyk etmek bilen birlikde öz hasabyna bäş gämini getirdipdir. Sidonlylardan soñky iñ gowy gämiler Artemisiýanyñ garamagyndady. Ertesi gün 28-nji sentýabrda Salamin bogazynda söweşiñ ilkinji pursatlaryndan başlap ýeñiş grekleriñ tarapyndady. ■ Salamin deñiz söweşi Grek flotiliýasyna Spartaly Ewribiad we onuñ kömekçisi Femistokl ýolbaşçylyk edipdir. Kiçi bolsa-da çalt hereket edýän gämiler persleri aljyraññylyga düşüripdir. Persleriñ tarapynda 600 gämi, greklerde 300 gämi bolupdyr. Artemisiýa gözsüz batyrlyk edip duşmanyñ üstüne hüjüm edipdir. Pers flotiliýasynyñ dara-dirä düşen jygba-jygly pursatynda Pellenaly Ameýniasyñ ýolbaşçylygyndaky çalt hereket edýän afiny gämisi Artemisiýanyñ söbügine düşüpdir. Duşman gämileri Artemisiýany gabaw astyna alypdyr, kowga giren gämi hem oña barha ýakynlaşypdyr. Artemisiýanyñ gaçmakdan başga alajy galmandyr. Ýogsam bolmasa onuñ özüne-de, adamlaryna-da bütinleý ýok edilmek howpy abanypdyr. Şonuñ üçinem ol öz garamagyndaky gämilere: "Meniñ yzymdan geliñ we men näme etsem, sizem şony gaýtalañ!" diýip buýruk berýär. Çaltlyk bilenem öñe okdurylýar. Birdenkä-de säginip, ýanyndan geçen Damasifimiñ ýolbaşçylygyndaky Kalindos gämisiniñ dik böwründen zarba urýar. Gämi içindäki adamlary bilen bile deñziñ düýbüne gidýär. Hiç kim näme bolandygyna düşünmän galýar. Greklerden bir adamam diri galmandyr. Gark bolan gämini gören afinylylar öz tarapdarlarydyr öýdüp, Artemisiýanyñ gämisini kowalamagy bes edýärler. Wakany uzakdan synlap duran persler bolsa gark edilen gäminiñ afinylylara degişlidigini, Artemisiýanyñ garadangaýtmazlyk bilen ony gark edendigini gözleri bilen görensoñ, merdana zenanyñ batyrlygyna haýran galýarlar. Hatda söweşi synlap duran Kserks demi demine ýetmän: "Bu gün aýallar erkek kimin, erkekler aýal kimin söweşdi" diýipdir. On sagada golaý dowam eden we taryhyñ iñ uly deñiz söweşleriniñ biri bolan Salamin deñiz söweşinden persler we olaryñ ýaranlary ýeñliş bilen çyksa-da, söweşiñ dillere dessan bolan gahrymany Artemisiýa boldy. Taryhçylar Kalidnos gämisi ýalñyşlyk bilenmi ýa-da ýörite batyryldymy diýen soraga kesgitli jogap berip bilmeseler-de, Gerodot "Gark bolan gämiden bir adamyñam diri galmazlygy Artemisiýanyñ üstünligidi" diýip ýazypdyr. Persleriñ ýeñlişine garamazdan Artemisiýa hiç hili ýitgi çekmezden, ýeke esgeri wepat bolmazdan gämilerini Galikarnasa çenli äkitmegiñ hötdesinden gelipdir. Netijede Artemisiýa ilkinji zenan admiral we merdana aýal hökmünde taryha adyny ýazdyrybilipdir. Afinylylar Artemisiýanyñ kellesine 10 müñ drahmi pul goýanam bolsalar, bu puly almaga hiç kim het edip bilmändir. # "Egeýiñ gadymy hekaýatlary" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |