21:34 Dünýe sen | |
DÜNÝE SEN
Goşgular
Ne wepaň bar, ne lebiziň, ygraryň, Adam oglun ýygladyp horlan dünýe sen. Ne dostyň bar, ne hossaryň, ne ýaryň, Adamzady ynjydyp harlan dünýe sen. Müň ýyl Adam Ata ömür ede pany, Bäş ýüz ýyl Jennetde How bile any, Ýaryndan aýyryp nije ýyl dony, Kabyl Habyl hunyn zarlan dünýe sen. Şise Kabyl kowumyň ýörtüp hasabyn, Nuh pygamber Hak ýolunda ne zaryn, Dokuz ýüz elli ýyl ömrüň azabyn, Üç perzentli goýa harlan dünýe sen. Idrisi ýüz öwüre dowzahdan ötürip, Hud pygamber Adyň kowumyn bitirip, Ýel şemala azap hökümin ýetirip, Heläkläp ýok edip şuwlan dünýe sen. Salyhny ol Samud kowumyna salyp, Dagdan düýe köşek mugjyza aryp, Allaň gudratynyň ganyna galyp, Gahar gazap eýläp horlan dünýe sen. Ybraýym halylyn ataşa taşlan, Nemrut şanyň azap zulumyna hoşlan, Mekge ilde Ismaýylyny bagyşlan, Damaga tyg çekip syrlan dünýe sen. Lutnyň gerdeninde ol zalym halky, Bozgaklyk serinden köýdürip mülki, Ishakny kör edip göreçsiz erki, Ýakup pygamberden sowran dünýe sen. Ýakupnyň kyrk ýyly Ýusup jemala, Ýusupny Müsürde gul edip nala, Pygambere aýralyk ýollaryn sala, Dözüp gam hasratda arlan dünýe sen. Eýýupny ýedi ýyl ýedi aý günün, Gurda tenin dözdüň solduryp gülün, Ogul gyzdan, malu mülkünden synyn, Aýyryp dert azaply horlan dünýe sen. Musa pygamberi Müsür şalykdan, On ýyl çopan etdiň ötürip barlykdan, Ol Faraon şanyň hökümi horlukdan, Nilden ötüp ymmaty harlan dünýe sen. Musa Tur dagynda Allaň hökümin, Harun pygambere ymmat häkimin, Alladan yüz öwürip öküzüň şekilin, Musa ymmatyny zarlan dünýe sen. Şugaýypny Medýen ile gönderip, Ol çopan Dawuda şalyk inderip, Süleýmany kürs ajaba mündürip, Ogulsyz goýyban neýlän dünýe sen. Danyýala halk azabyn gandallap, Ýunusny ol Zaluç läheňe zyndanlap, Jirjisi ýedi gez ölüme gönderläp, Alty ömür içre horlan dünýe sen. Amr patyşanyň zulumyndan hökümi, Üç ýüz pygamberiň gan bola akymy, Altmyş salyh bendäň nähakdan ýakymy, Üç ýüz altmyş dostun harlan dünýe sen. Hydyr, Ylýas hemra edip dag düze, Zekerýagy buşlap Ýahýany döze, Ataň, oglun döküp ganyny söze, Zekerýa Ýahýany zorlan dünýe sen. Isa pygambere otuz üç ýaşy, Dördünji gat göne göterdiň başy, Kime wepa berdiň ömür ede hoşy, Pygamberini töhmetlän arlan dünýe sen. Allahnyň owaly bar eden dostun, Nije zulum zara dözdüň ne kastyň, Resul Muhammedi ynjydyp astyn, Dözdüň, dözdüribän neýlän dünýe sen. Ne şaha, ne merde sapa neýlediň, Ne baýa, ne geda wepa eýlediň, Her kesi yşyk içre goýup söýlediň, Yşyk serinde ýakyp syrlan dünýe sen. Eý dünýäm men saňa arz etdim bu gün, Her zamana ynsan ynsanyň göwnün, Ynjytdy, ýyglatdy tow etdi düwnün, Seniň nä günäň bar, bilmen dünýe men. Halmyrat iman et Allaň her işin, Adam Ataň ol zaman görenki düýşün, Kysmata ýazdylar bu ömüriň hoşyn, Geçmeli her ynsan zorly dünýe sen. 01.04.2024 ýyl. | |
|
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |