DURMUŞYŇ MANYSY
Dürsadap bilen Pena baryp talyp ýyllarynda durmuş gurupdy. Ondan bäri günler, aýlar ýyllara gaplandy. Olaryň ikisiniň-de okuwlaryny tamamlap işe duranlaryna dört ýyldan köp wagt geçipdi. Çagalary welin ýokdy. Dogrusy, okuwlaryny tamamlaýança, çagaly okamak kyn düşer öýdüp, ondan goranybam gezipdiler. Indi welin tersine, her günlerini çaga küýsäp, arzuw-hyýal bilen geçirýärdiler.Ýakynda olaryň häzirki ýaşap ýören köne jaýlarynyň ýykylmaga degişlidigi sebäpli, onuň deregine şäheriň merkezinden üç otagly jaý hem berlipdi. Arada sähetli günleriň birinde göçeris öýdüp, duz-çörek bilenem baryp gaýtdylar. Göräýmäge, olaryň kem zatlary ýok ýalydy. Ýöne, barybir, olar üçin durmuşyň manysy ýokdy.
Soňky wagtlar Dürsadap maşgala lukmany Lida bajy bilen häli-şindi gürrüňleşip, duşuşyp durardy. Lida bajy çaga doktorydy, il arasynda ony göbek ene hökmünde-de tanardylar. Lida bajy öz işine ökdedi, tejribelidi, özi-de örän hoşgylaw, gürleşmäge-de mylaýym, mährem aýaldy. Dürsadabyň perzentsizlikden ejir çekýäninden Lida bajy habarlydy. Şonuň üçinem özüniň beren maslahatlaryny, ähli tabşyryklaryny közsüz ýerine ýetirmäge çalyşýardy. Doktor hem: “Birjik-de ruhdan düşmek bolmaz, gelin, sabyr et, her zadyň öz wagy bardyr. Wagt geler, bir gün durmuş saňa-da gülüp bakar” diýip, häli-şindi Dürsadabyň çöken göwnüni ganatlandyryp goýbererdi.
Dürsadap birjik-de ruhdan düşmeýärdi. Ol çagasynyň boljagyna ýüregi bilen ynanýardy. Oňa ýanýoldaşy Pena-da ynanýardy. Ýöne näme, gaýyn ene, gaýyn ata lukmanyň hoş sözleri bilen kanagatlanmazdy. Olara agtyk gerekdi, agtyk...
Dürsadap tisginip oýananda, onuň kalbyny üýtgeşik bir duýgy gaplap alypdy. Asyl ony kimdir biri gelip yralap oýaran ýaly boldy. Stoluň üstündäki çyrany ýakyp, sagada seretdi. Sagadam onuň hemişeki turýan wagtyndan irdi. Içerde onuň ýeke özüdi. Penanyň öten agşam nobatçylga gidenligi ýadyna düşensoň, ýaňadan başyny ýassyga goýdy.
Şeýle ýagdaý onuň durmuşynda soň-soňlaram gaýtalandy durdy.Ýöne uzyn günki iş-aladalar bilen özündäki şol üýtgeşik duýgylar hakynda agyr-artyk oýlanjagam bolup durmady, asyl elem degmedi.
Garasaý, bu barada ne gaýnynyň ýanynda dil ýardy, ne-de adamsynyň. Şonuň üçinem öz arzyny öňinçä Lida bajy bilen paýlaşmagy makul bildi. Ol doktoryň otagyna salam berip girdi. Lida bajy ysgynsyz ses bilen salam berip, içeri ätlän gelniň ýüzüne dikanlap seretdi:
--Dürsadap, şu gün-ä sende bir üýtgeşik bar ýaly. Ýüzüň salyk, keýpiň ýok. Derdiň näme, paýlaş!
--Derdimi aýtsam, doktor, indi näçe gündür ýüregim bulanýa, başym aýlanyp, kelläm çatlap barýa. Işdämem ýok. Men nämedir bir kesele ýolukdym.
--Näme keselmişin, işdäň kesiler ýaly. Ony biz häziriň özünde barlap göräýeris.-- Lida bajy ýazyp oturan hatlaryny birýüzli edip, ony içki otaga alyp bardy. Soňam ony boş koýkalaryň birinde ýatyryp, işe girişdi. “Bissimilla” diýip komýuteriň başyna geçdi. Soňam kompýuteriň ekranynda peýda bolan janly şekilleri birlaý göz öňünden geçirip ugrady. Dürsadap Lida bajynyň ýüzünden gözüni aýyrmaýardy.
--Doktor, o ýerde näme bar? Maňa näme bolupdyr? Men dogrudanam näsaglapdyrynmy?
Birdenem doktoryň hemişeki tutuk ýüzi ýazylyp gitdi, erni bir ýere ýygnanmady.
--Hawwa, hawwa, dogrudanam sen näsaglapsyň.
--Doktor, aýdyň, maňa näme bolupdyr?
--Gözüňiz aýdyň, keýgim...
--Näme bolupdyr?
--Sen ene bolýaň, ene!
--Menmi, men ene bolýanmy? Biziň çagamyz bolýarmy? Doktor, bu çynyňmy?
--Çynym. Onda-da çaganyň durumy kadaly.
Tarsa ýerinden turan Dürsadap doktory gujaklap, onuň ýüz-gözünden taýly gezek ogşady.—Sag boluň, doktor, ýüzüňiz-gözüňiz dert görmesin. Siz meni nähili bagtly edeniňizi bir bilsediňiz?!
Dürsadap şol gün öýe ganat baglap uçup gaýtdy. Penanyň işden gelmeli wagty hem golaýlapdy. Ol bu günki şatlykly wakany adamsyna aýtmak üçin güýç toplamalydy. Oňa bu habary aýtmagyň ýoluny-ugruny gözlemelidi. “Öýe gelen dessine aýtsammykam ýa iýip-içilen soň aýtsammykam?! Belki, giçlik, öýde ikiçäk galan mahalymyz aýtsam amatlydyr”.
Ol çaý-naharyň ugruna çykdy. Saçak ýazdy, ähli zady ýerbe-ýer etdi. Demlän çaýyny basyryp goýdy. Naharly gazanyň oduny öçürdi. Sagatdan gözüni aýyrmady. Pena welin geler ýerde gelmedi.
Ol penjirede durup, esli wagtlap köçäni synlady. Ine-de, birhaýukdan Penanyň maşyny howlyň deňine gelip saklandy. Dürsadap aşhana bakan ýumlukdy.
--Dürsadap! Dürsadap! Sen nirede, öýdemiň?--diýip, gele-gelmäne Pena aýalynyň adyny tutup gygyrdy.
--Näme oglan? Ilk-ä işden giç gelýäň, soňundanam öýdemiň diýmäň näme? Meniň öýdeligimi bilýän dälsiň-ow!
--Dürsadap, meniň saňa bir sowgadym bar.
--Sowgat! O nämäniň sowgady, oglan! Doglan gün-beýlekem-ä däl. Aslynda-ha meniňem saňa aýtjak zadym bar...
--Öňinçä men aýdaýyn.
--Ýok, men aýdaýyn.
--Seňiň aýtmakçy bolýan zadyň meňkiden möhüm däldir-le. Gowusy, meni diňle. Seni soň diňlärin, bolmaýamy?
--Bolýa yrdyň, goý, seniň diýeniň bolsun. Hany, göreli, beýle üýtgeşik nämekä ol?
--Aýtsam, häziriň özünde biziň täze jaýa baryp gaýtmagymyz gerek.
-- Oňa näme zerurlyk bar, naharyňy edin, çaýyňam basyrylgy dur. Onsoňam o ýeri düýn görüp gaýtdyk dälmi?
--Ýör diýdimmi,ýör!
--Beýle böwregiň bökýär welin, gymmat bahaly mebellerden satyn alan bolmaly sen. Bildim gerek?
-- Ýok, bilmediň, mebeldenem gymmat.
--Şeý diýä. Onuň ýaly bolsa hökman gitmeli bolar, häzir men üstümi bir tämizläýin...
--Bol bahymrak, men maşynda garaşaryn...
Olar täze jaýa girdiler.Pena:
--Dürsadap, indi sen meni pugta diňle.Iki gözüňi mäkäm ýum!
--Ýummasam bolmazmy?
--Bolmaz.
--Ine, ýumdum.
Dürsadap gözlerini ýumdy.
--Tä, gözleriňi aç diýýänçäm, açmaly dälsiň.
Pena onuň elinden tutup, goňşy otaga alyp bardy.
--Meni nirä alyp barýaň?
--Häzir, häzir. Azajyk sabyr et, görersiň! Ine, indi, gözüňi açyp bilersiň!
Dürsadap gyrp-gyrp edip gözlerini açdy, soňam görýänine ynanmady. Öýüň töründe, heniz düşek düşelmedik giň hem ýagty otagda ap-ak, endam-jany dürli-dümen nagyşlar bilen bezelen, göze ýalkymlyja, üýtgeşik bir çaga sallançagy durdy.
--Sallançak! Bu näme, kime aldyň, oglan?
--Bu bizi köp garaşdyran bäbegimiz üçin!
--Gaýa ýok, gopuz ýok, seniň munyň gury hyýal bolmazmy? Haýsy çaganyň gürrüňi? Sen oglan, çagalar öýünden çaga gürleşip ýören bolaýma?
--Ýok, Dürsadap, men biziň öz çagamyzyň gürrüňini edýän. Seniň menden gizläp ýören çagaň gürrüňini edýän. Ýolda Lida bajy gabat geldi. Ol meni “Basym sen ata bolýaň!” diýip buşlady. Şonuň üçinem bu sallançak saňa menden garaşylmadyk sowgat bolsun diýdim-de, göni dükana eňdim. Şeýle sallançagy men öňden bäri hem arzuw edip ýördüm. Neneň, oňarypdyrynmy?
Dürsadap ýagşydan-ýamandan dil ýarman, elini agzyna ýetirdi. Hamala diýersiň, ogurlyk edip durka üstüni basdyran adamyň bolşy ýaly, kalbynda saklan pynhan syrynyň açylanyna ýüzi çabady ýaly gyzardy. Pena bolsa oňa uly bir ünsem bermedi, gaýta ol henizem sallançagy taryplap otyrdy:
--Seret-sere-dä muňa, hakyt enem janyň üwräp oturary ýaly, tyllaýyja bir ýüpjagazam bar.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar