13:35 Düşewüntli okuw / satiriki hekaýa | |
DÜŞEWÜNTLI OKUW
Satiriki hekaýalar
Myhmanym, Atabal aganyň oglundan öýde özümçe ekzamen aldym. — Türkmen elipbiýinde näçe harp bar? — diýip soradym, bilmedi. — Näçe düşüm bar? — diýdim. Edil nas atanlar ýaly dymdy. — Haýsy kitaplary okadyň? Gaty gördi. — Näme, daýy, sen Müňkür-Nekirmiň? — diýdi. — Ýaşuly, abuturiýentiň-ä uniwersitete-de, instituta-da, tehnikumlara-da ýaramaýar. Proftehuçilişä-de bolmaýar. Gitsin-de çekene baksyn. Kärendeçi bolsun — diýdim. — Muňa okuwdan nan ýok. — Küpür geňleme. Wah, biz onuň ýaly bärki okuwlary başymyza ýapalymy? Hudaý diý. Toba et! — diýip, Atabal aga ýakasyndan ot atylana döndi. — Biz bu dogmany, alla ýol berse, Buharaýy şeripdäki, sadagasy boldugym, Mirarap medresesindäki dini okuwda okatdyrjak. Onunjyny gutardy diýip dokument aldym. Bärki okuwa telli-pelli jogap beren bol-da gatnaber. Kän bir ýürek berme diýdim. Garaz, ugurlaşyp attestat alyp berdim. Onsoň men myhman bilen ogluny Aşgabatdaky Seýitmuhammet şyhyň öýüne alyp bardym. Onuň ogly Nurmyrat Mirarap medresesinde telim ýyl bäri okaýardy. Tomus kanikulynda öýüne gelen ekeni. Atabal aga Nurmyradyň tigir münüp köýnegini ýelden dolduryp galgap ýörşüni görüp halamady. Şonda-da onuň bilen çök düşüp, ikelläp görüşdi. Başam barmagyny esli salym gysyp, gözlerini naýynjar süzüp otyrdy. Ol ýaş oglandan Hydyrata gözleýärdi. Soňra eda bilen, uly adama gelişmejek äheňde: — Soraşyň, tagsyr! — diýdi. Nurmyrat utandy. — Aýdyberiň, ýaşuly, men tagsyr däl, talyp — diýdi. — Talyp diýen diliňe döneýin! Meň dogmama-da talyplygy hudaý ýetirsin-dä hernä! — Bize student diýseňizem bolýandyr, ýaşuly — diýip, Nurmyrat aljyrady. — Aý, o sözüň-ä däl-ow! Talyp gowudyr, Nurmyrat jan. Atabal aga Nurmyrady ykjamja selleli, enaýyja tesbili, ak ýektaýly, ýapyrylyp gurhan okap oturan talyp kysmy oglan görjek bolupdy. Onýança Nurmyradyň kakasy Seýitmuhammet şyh öz ogluna: — Oglum, tigriňi çapdyryp, bardajyk magazinden çörek getir — diýdi. — Tort bilen limonadam alaý. Kolbasa ýokmyka?! Atabal aga aňk-taňk boldy. Pikire batdy: «Tort bilen kolbasa doňuzyň ýagyndan dälmikä?!» Bu ýere gelenine puşman etmänem durmady. Maňa göz astyndan seretdi. Nurmyrat tiz gidip geldi. Atabal aga oňa sowal berdi: — Tagsyr, sadagasy boldugym, nurly Buharaýy şeripdäki Yslam binýady Mirarap medresesinde kelamylladan sapak alýansyňyz-da? — Hawa, ýaşuly. — Wah, diliňe döneýin! — On dört predmetden ylym alýas, Rus dilini we SSSR taryhyny hem okaýas. — Diliňe... He... Aý... ol-a... Ýeri, onsoň? — diýip, Atabal aga kürtdürdi. — Yslamyň taryhynam okaýas. — Ömrüň uzak bolsun! — Bedenterbiýe we sport hem-de fotokrujok... — Ömrüň... Onsoň! Beh, nädäýdiň-ä, talyp, Nurmyrat jan? — Din taglymatçysy Ahmet Eminiň «Zuha-al-yslam», ýagny «Yslamyň nury» diýen kitabyny okaýas. — Diliňe döneýin! Uzak ýaşa. — «Fajar-al-Yslam», ýagny «Yslam şapagy» diýen kitapdan sapak berilýär. — Alla saňa kuwwat bersin! Meniň dogmama-da şony alla buýursyn... — Marksam öwrenýäs, ýaşuly. — Alla... Otüki, Marks diýilýän dinsiz dälmi näme? — Ýöne Marksyň käbir taglymatlaryny tankydy nukdaý nazardan öwrenýäs, ýaşuly. — Ä-hä, diliňe döneýin! Şeýledir-le. Otüki, Marks din tirýekdirem-ä diýipdir. Tirýegem ýaman zat däl-ä. Ol adam akylly bolupdyr. — Kinofilmlere tomaşa edýäs. Ynha, Lebihowzuň boýundaky Ependiniň eşekli heýkeliniň ýanynda gyzlar-oglanlar bilen düşen suratymyz. Telewizor görýäs. On dört predmetiň diňe bäşisi dine degişli. Beýlekileri bärki sowet ylmy. Özem, ýaşuly, ýedi-sekiz ýyl dagy okamaly. — Diliňe... hä, hüm. Ýedi-sekiz ýyl diýsene. Är ömri eken-ow! Goja dymdy. Onýança-da Nurmyradyň ýoldaşlary alňasaşyp işikden geldiler: «Heý, ýöreý, Nurmyrat. Gaýrada, kanal boýunda it uruşdyrýarlar. Şoňa gideli-dä-reý» diýdiler. «Bolda-raý tizräk». Biz öýe gaýtdyk. Ýolda Atabal aga sowal berdim. — Myhman, nähili, bu dogmany medresä salýaňyzmy onsoň? — Aý, ýok. Bolmady. Ol bärki okuw bolup çykdy. Lapym keç bolaýdy. — Bärki okuwda-da çörek bardyr-la, eýgerip bilseň? — Bolsa bardyr weli, men-ä şol ýedi-sekiz ýyllap okamalysyny halamadym. Obamyzda indi ymam bolarlyk molla galmady. Bäş-alty aý okaga-da, dogma tebärek öwredip dokument berseler, gowy görjekdim-dä. Başlyk bilenem gepleşipdim. Ol öz tirämizden. Hudaýhon oglan. Obaň çetinden mellegem bereýin, jaýam, metjidem salyp bereýin diýipdi. — Ýaşuly, bäş-alty aý okap dokument alar ýaly, näme, dini okuw montýorlyk ýa-da bolmasa kinomehaniklik däl ahyry. Adamyň aňy bilen iş salyşmaly. Meniň bu sözlerim edil eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly, myhmana täsir edenokdy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |