00:12 Duz | |
DUZ
Edebi makalalar
Öwlüýä zyýarat edip gördüňizmi? Belli-belli öwlüýälere zyýarat edýärler. Zyýaratçylar esasan ugur-utgasyny ýitiren, agyr derde uçran, dürli hili bejerip bolmaýan kesellere duçar bolan, işi oňmaýan adamlardyr. Başga-da işiniň, durmuşynyň, söwdasynyň has-da rowaçlanmagy üçin, saglyk, rysgal, perzent, mal-döwlet... tamakinçiligi bilen zyýarat edýärler. Bu ýarym dini hereket adamda geljege ýakymly ynam döredýär, onuň durmuş impulsyna goşmaça tekge berýär, ýaşaýyşyna özboluşly röwüş çaýýar. Türkmen durmuşyndan zyýarat etmekligi aýyrsaň, uly boşlugyň dörejekdigi tebigy ýagdaý. Men zyýarat edilmesine garşy däl. Başga zadyň gürrüňini etmekçi. Ine, öwlüýä barsaňyz, gonambaşynyň golaýynda şyh ýa müjewür oturandyr. Ol delalat isläp baran ejiz bendelere Gurhandan aýat ýa süre okap berýär. Gonambaşyny araçy goýup, onuň haky üçin Alladan dileg edýär. Bir çümmük duza dem salyp, kagyza dolap berýär. Zyýaratçylaram öz gezeginde eçilenje puluny müjewüre goýup gaýdýar. Okalan aýat Gurhan üçin, edilen dileg üçin, dem salnan duz üçin hiç wagt pul soralmandy, häzirem soralmaýar. Islendik adam islendik möçberdäki puly berip bilýär. Islemese, bermänem bilýär. Her kimiň öz ygtyýary. Duza dem salyp bermek diňe öwlüýäleriň çäginde-de durmandyr. Ol adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde, obalarda hem ähmiýetli häsiýete eýe bolupdyr. Belli-belli ulamalar öz ýanyna gelýän dertli bendelere şypa hökmünde duza dem salyp beripdirler. Bu ýagdaý häzirem dowam edýär. Dem salnan duzy naharyna goşup, iýip ýörenem bar, derdi-beladan goraýan gudrat hökmünde öýüniň töründe ýygşyryp goýýanam bar. Bölek matanyň arasyna salyp, daşyny üç burç görnüşde jähekläp, iňňebagjykdan ötürip, ýakasyna dakynyp ýörenlerem görýäs. Ol alys ýurtdan getirilen keramatly duz däl. Türkmenistanda öndürilen, iodlandyrylan, adaty nahar duzy. Müjewüriň dem salany bilen onuň tagamy ýa düzümi üýtgeýändir öýdemok. Dem salynýan duza göze görnüp duran üýtgeşik bir zat goşulmaýandygy hem belli. Geň ýeri, bu ynanç beýleki musulman halklarda ýok, diňe türkmenlerde bar. Men Käbeýhanada ýa-da Medinedäki Pygamberiň aramgähinde dem salnan duzuň berilýändigi barada eşitmedim. Dünýäniň ýedi gudratynyň biri, Hindistanyň Agra şäherindäki meşhur Täçmahala zyýarat edenimizde-de duzly düzgüne gabat gelmedim. Maşatda her ýyl millionlarça zyýaratçyny kabul edýän Gyzyl Ymam metjidinde hem şeýle ýagdaýy görmedim. Onda bu ýörelge türkmençilige nireden geldi? Döreýiş taryhynda nämeler ýatyr? Syry nämede? Belki, keramatly Gurhanyň sözleri bilen dem salnansoň, täsiri üýtgeýändir, nähilidir bir göze görünmeýän güýç zyýaratça goldaw, hemaýat berýändir? Ýöne duzuň adatdan daşary güýjüne ynanmak Yslamyň ornaşdyran zady-ha däl. Şerigatda “Dertli bendelere duza dem salyp beriberiň” diýip buýrulan ýeri ýok. Onsoňam bi ala-böle duza dem salynmasy näme? Eger anyk çeşmelere, ylmy subutlara arka direýän bolsa, ony öwrenmegimiz gerek. Türkmençilikde duza bolan gadyr-gymmata, ynanç-yryma her gün diýen ýaly duş gelmek mümkin. “Duz bar” diýip, şaýat tutunmaklyk, “Duz ursun, duz jan kessin” diýip, ant içmeklik, “Duz dadyp git, duzdan uly bolma” diýip, hormat-sarpa goýmaklyk, “Duzumy depelediň, beren duzum tutsun” diýip, gargyş etmeklik, “Duzuňy iýdim” diýip sylamaklyk, täze gelin bilen täze dünýä inen bäbege çile düşmezligi üçin iki öýüň arasynda duz çalyşmak, bäbegi göz-dilden goramak üçin sallançak bagyna duzly mata dakmak, çagany göze görünmeýän bela-beterden goramak üçin ýassygynyň aşagyna duz goýmak, arwah-jyna hekem bolmasyn diýen yryma uýup, damakgan akdyrylan çukury duz sepip otlamak we başgalar duzuň güýjüne bolan mizemez ynanjyň döreden miwesi. “Duz-çörekden Şeýtan gaçar”, “Bir gün duza – müň gün salam” diýen ýaly nakyllary hem bularyň üstüne goşsak, duz kultunyň türkmen aňynda neneňsi kök urandygyna düşünse bolar. Duzuň taryhy bilen gyzyklansaň, täsin maglumatlara duşýarsyň. Ylmy çaklamalara görä, onuň iýmit hökmünde kabul edilenine ýedi-sekiz müň ýyl töweregi wagt geçipdir. Abulgazy Bahadur han özüniň “Türkmenleriň şejeresi” atly kitabynda: “Tütek patyşa Ýafys ibni Nuh pygamber alaýhissalamyň ogludy. Ol günlerde bir gün awa çykdy, keýik öldürdi, kebap etdi. Bir dogramça eti elinden gaçyrdy. Ony alyp iýdi. Agzyna örän hoş ýakdy. Çünki ol ýer duzludy. Nahara duz atmaklyk şondan galdy” diýip ýazýar we duzuň ulanylyp başlan döwrüni Nuh eýýamyndan alyp gaýdýar. Irki döwürlerde gytlygy sebäpli duzuň gymmaty-da hele-müçük bolmandyr. Belli-belli sebitlerde, meselem, gadymy Gresiýada, Rimde harytlaryň bahasy duz bilen ölçelipdir. Hatda onuň pul ýerine ulanylan mahallary-da bolupdyr. Bir döwür Demirgazyk Afrikada guluň bahasynyň dört düwür duza barabar bolandygy barada ýazgylar bar. Adamzat durmuşyna ornap başlandan beýläk duz bilen bagly ynanç-yrymlar hem döräpdir. Ýerini başga hiç bir zat tutup bilmejek bu mineralyň köptaraplaýyn häsiýeti adamyň oňa gudratly zat hökmünde garamagyna getiripdir. Ýaşaýyş üçin iň derwaýys zatlaryň hatarynda goýulýan duzuň gudrat kemi ýok. Bir ýerde “Ilkinji siwilizasiýany getiren duzy tapan adamdyr” diýibem okapdym. Dünýäň ýüzünde duza ýönekeý göz bilen sereden hiç bir halk ýok. Haçan dörändigi näbelli bolan yrymlaryň iňňän köpsanlylygy haýran galdyrýar. Duzuň göze görünmeýän bela-beterlerden goraýandygyna ynanan gadymy ýewropalylar ony öýlerinde tumar edinip asypdyrlar. Bimahal ölümden gutarsyn diýip, her gün kiçijik düwür duzy iýipdirler. Uzak ýola gidenlerinde ýany bilen hökman duz göteripdirler. Fransiýada öýlenýän oglan bilen durmuşa çykjak gyz nikalaşmaga baranlarynda ýanynda duz bolupdyr. Duzuň nesil öndürmäge ýardamynyň degýändigine, onsuz bizürýat ötmegiň mümkindigine ynanypdyrlar. Şeýle yryma uýup, Germaniýada gelniň aýakgabyna duz sepipdirler. Rimliler myhmançylyga baranlarynda öý eýesine sowgat hökmünde duz beripdirler. Belarusda täze doglan çagany çokundyranlarynda gara güýçlerden gorap saklar diýen niýet bilen onuň gulagyna duz goýupdyrlar. Hebeşistanda duz dostlugyň nyşany hasaplanýar. Bir kişi dostuna duşan halaty oňa jübüsinden bir düwür duz çykaryp, ýaladýar. O-da öz gezeginde şonuň ýaly duzy dilini degirip görmek üçin dostuna uzadýar. Eger haýsy-da bolsa biri bu dessury etmese, onuň dosty öler ýaly gaty görýär we dostluk bozulýar. Arap taýpalary gepleşik geçirenlerinde duzy şaýat tutunypdyrlar, şertnamadan soň bolsa ony iýipdirler. Gadymy nemes taýpasy tewtonlar kasam içenlerinde duza barmagyny batyrypdyrlar. Ýaňy-ýaňylaram ýapon teatrlarynda edil oýun başlamazynyň öň ýanynda artistleri ýaramaz ruhlaryň täsirinden goramak maksady bilen sahna duz seper ekenler. Afrikanyň käbir taýpalarynyň arasynda arwahlary we betniýetli jynlary kowmagyň hötdesinden diňe duz gelip bilýär diýen ynanç häli-häzire çenli saklanýar. Dünýäniň dürli ýerlerinde palçylaryň duza garap, pal atýandygyny hem bilýäris. Dini ygtykatyna garamazdan, dünýäniň ençeme halklarynda myhman duz-çörek bilen garşy alynýar. Bu dessur dostlugyň hem agzybirligiň alamaty saýylyp, bizde döwlet derejesinde berjaý edilýär. Hristiançylykda duz päkligiň hem baky ýaşaýyşyň özeni hasaplanýar. Ýöne oňa näletiň, gargyşyň, betbagtlygyň nyşany hökmünde garalan halatlary-da bolupdyr. Injil hekaýatlarynyň birinde ýazylyşyna görä, Hudaý azgynçylyga ýüz uran milleti heläk edýär. Şonuň öňüsyrasy Lut pygambere maşgalasyny alyp şäherden çykmaklyk we yzyna garamazlyk buýrulýar. Emma pygamberiň aýaly emre boýun bolman, yzyna seredýär. Hudaýyň gazaby bilen ol şo ýerde doňup duran duz sütünine öwrülýär. Himiýa senagatynda, medisinada we saglygy goraýyş ulgamynda edilen ylmy işleri hasaba almanyňda-da, duz barada ýazylan zatlar sanap tükederden kän. Halk yrymlary we tebipçilik barada birnäçe kitaplary ýazan orsýetli Matuşka Stefaniýanyň “Duz dogalary” atly gymmatly eseri bar. Ýazyjy bu kitabynda durmuşyň islendik pursatynda duzuň medetkär bolup biljekdigini nygtap, edilmeli dessurlary jikme-jik salgy berýär, duza garap okamaly dogalary öwredýär. Maksadynda, niýetinde türkmeniň duzly yrymlaryndan düýpli parhlanýan ýeri ýok. Bir tapawudy, bizde müjewür Gurhan okap, dem salýan bolsa, olarda doga-dilegler prawoslaw mezhebiniň çäklerinde edilýär. Diýmek, haýsy dine uýýandygyna garamazdan, adamda duzuň güýjüne bolan ynam egsilmändir. Gadymy dünýäden şu güne çenli dürli halklaryň duz baradaky ynam-düşünjeleri bilen tanyşdygyňça köküni müňýyllyklara urýan ynançlaryň howaýy zat däldigine şübhe galanok. Şübhe bolaýanda-da, türkmençilikdäki dem salnan duza adamda gaýyby güýje ynamy berkitmegiň, agyr güne düşen adamda umydygärligi artdyrmagyň serişdesi hökmünde düşünse boljak. Çürt-kesik pylan diýer ýaly däl, bu ýerde entek bize nämälim başga syrlaryň ýatan bolmagy-da mümkin. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |