"NÄME EDENIMI ÖZÜMEM BILEMOK, BIR SERETSEM POLISIÝADA EKENIM" / EDEBIÝAT MUŞDAGY
Ikinji gata täze kwartirant geldi. Kwartirantlaryñ gelmesi añsadam bolsa, paty-putylaryny daşamak bir hepdä çekdi.
Özüñiz bilýäñiz, soñky jaýlar biziñ öñki öýlerimiz ýaly däl. Bir jaýda ýaşabam, bir-birlerini tanamaýan, salam-helige ýaramaýan goñşular bar. Bir mysal bereýin: Iki ýyl bäri gapdalymyzdaky jaýda ýaşaýan saryýagyz aýalyñ sutonýorlyk edýändigini we onuñ öýüniñ talanandygyny diñe gazet habarlaryny okandan soñra bilip galdyk.
Ýokarky gata göçüp gelen täze kwartirantlary hem tanamokdym. Bir gün irden gapydan çykyp barýarkam daýaw bir adam başgabyny göbeginden aşak inderip, aşa hormat goýujylyk bilen salam berdi. Menem öz gezegimde "Waleýkim" diýip geçiberjek boldum.
- Men Mömin Ekýem Ozaneý - diýdi. Jogap bermäge maý bermänem dowam etdi: - Ýokaýyñyza göçüp geýen mendiýin. Biý gün ahşam geýiñ, güýýüñdeş bolaýy. Höýmetli myhmanymyz boýup, bizi bögöndireýsiñiz diýip umyt edýän Minnetdaý, tanşanýygymyza öýän şat.
Biz Mömin beý bilen aýak üstünde şeýdip tanyşdyk. Agşam onuñ hyzmatkäri öýe gelip:
- Hojaýyn size gelsin diýýär - diýdi.
- Bagyşlañ, öýde myhmanym bar!..
Şol günden başlap her gün agşam Mömin beýden çakylyk gelmäge başlady. Öýüne gidenim ýagşy welin, ýaman ýeri soñ menem ony öýe çagyrmaly boljak. Bizde gazyk ýaly dikilen dört oturguçdan başga hiç zat ýok. Niräñ bir bigänesine masgara bolaýynmy?.. Ýöne her gün agşam dyngysyz çagyrdy welin, gitmesem dagy ol meni golumdan tutup zor bilen äkidäýerli göründi...
Ahyry bir gün agşam şamlygymy iýenden soñ olara gitdim.
Iñ soñky çykan döwrebap öý goşlarynyñ sergisine meñzäp duran öýi taryp etmäge söz gerek. Holodilnik, tozan sorujy, pikap, eşik ýuwujy, skorowarka, magnitofon, mikser we şuña meñzeş birnäçe enjam haryt pawilýonynda goýluşy ýaly hersi bir ýerde ýatyrdy.
Mömin beý meni iş otagyna geçirdi. Diwardaky tekjelerde örülip goýlan kitaplary görüp añk bolup galdym. Içimden "diýmek ýalñyşypdyryn" diýdim... men ilkibada Mömin Ekrem beýi görümsiz köwegiñ biri hasaplapdym.
- Men inteýýektuaý gatlagy gowy göýýän - diýdi.
Geplände biraz peltekläp gepleýär, munuñ näme aýby bar!..
Işleýän ýerini soradym.
- Söwda-satyk edýän… - diýdi.
Mömin beý maña öz goşgularyndan okap berdi.
- Niçik göýdüñüz? -"diýibem sorady.
- Ajaýyp!..
Men "Ajaýyp!" diýdigimçe, ol durman goşgy okady. Hekaýalarym mundan gowy diýip, soñ hekaýa geçdi. Yzyndanam pýessa geçdi.
Ýadap başladym. Söhbetimiziñ ugruny üýtgetjek bolup, kitap tekjelerine elimi uzatdym. Ençeme ýyllap kitap okap gelsem-de, bular ýaly köp kitabym bolmandy.
Mömin beý:
- Şü göýýän ähýi kitapýaýyñyz sowgatdyý - diýdi.
- Aý ýog-a!.. Kim sowgat etdi?
- Ähýi ýazyjy-şahyýlaý biýen tanyşýygymyz baý... Hemmesi dossum. Oýaýam meni gowy göýýäýeý, şoýañ beýeni...
Haýran galmakdan ýaña özümi wagty bilen ele alyp bilmedim.
- Faýyh Ýyfgyny tanaýañyzmy? - diýip sorady.
- Adyny eşidipdim - diýdim.
Ol tekjeden bir kitaby sogrup aldy:
- Ynha, şonuñ sowgady...
Kitaby elimde aldym. Falif Ryfgynyñ "Zeýtun dagy" eseri.
- Intäk başyny aç, näme ýazypdyý?
Kitabyñ birinji sahypasyna şeýle ýazylardy: «Hormatly jenap Mömin Ekrem doganyma dostlugymyzyñ hormatyna ýadygärlik hökmünde berildi. Falif Ryfgy…»
Falih Ryfgy "hökmünde", "berildi" diýen ýaly sözleri ýazjak adam däl, ýöne, kim bilýär!..
- Bulam Ýeşat Nuýynyñ ýadygäýýigi... Çaýykuşy...
«Mömin beýi hormatlamak bilen.. Reşat Nury»
- Men pahyý söwda essemem, ähýi edebiýatçyýaý dostumdyý. - Ol ýene bir kitaby çykardy: - Bu-da Rö-öşen Eşýef beýden...
Ol kitabyñ awtografyny özi okady:
- «Gaýdaşym Mö-ömin beýi çuññuý hoýmatýamak biýen… Rööşen Eşiýefden».
Ýakup Kadrynyñ "Del" atly eser, Halide Edibiñ "Siñekli bakgaly"... Hemmesi-de awtograf bilen Mömin bege kitaplaryny berenmişin.
Kitap tekjelerini dolduryp duran kitaplaryñ ählisi muña ýadygärlik ýazgysy bilen berlipdir. Men kitaplary birlaý gözden geçirip başladym welin, birwagtlar edebi lakam bilen ýazan öz romanyma gözüm düşse näme! Derrew sahabyny açyp gördüm. Onda-da: "Hormatly Mömin Ekrem beýependä... Hormatlamak bilen Hasan Ýektaş." diýip ýazgy bardy.
Ganym depäme urdy.
- Bu Hasan Ýektaşy hem tanaýardyñyzmy?
- Tanyşýýygymyz boýmasa kitawyna goý çekip beýeými?.. Oý düýn biziñ myhmanymyz boýdy ahyýy.
Onuñ aýaly hem jypdyrmakda adamsyndan pes oturanokdy. Adamsyndan bir artykmaç tarapy: ol stambul şiwesi bilen gürleýärdi.
Är-aýal ýene bir gün agşam şamlykdan soñ meni kofe içmäge çagyrdylar. Içgysgynç dymyşlygy bozjak bolup, gepbaşy okladym:
- Beýik şahyrymyz Tewfik Fikreti tanaýañyzmy?
Bu gezek aýaly Mömin bege gezek bermedi:
- A-aa, heý-de ony tanaman bolarmy! Ol biziñ söýgüli şahyrymyz ahyryn. Olam bizi diýseñ gowy görýär. Bize kän gelýär-ä. Meniñ bişirýan zeýtun ýagly dolamalarymy dagy hezil edip iýýär...
Bu iki ýalançynyñ arasyny bozmaga hyýallandym. Tüýs ýeri-dä şu wagt! Jak-jaklap güldüm-de:
- Eý waý, gelneje jan, siz nämeleri diýip dursuñyz-aý. Tewfik Fikret ýogaldy ahyryn... - diýdim.
Men är-aýal ikisi utanarlar öýtdüm. Ýöne aýal muña gaşynam çytman:
- Aý ýoga-aa!.. Ýöne ýere däl ekeni, köp wagt bäri bize gelip gitmesi kesildi diýýädimem-le... - diýdi.
Adamsy bolsa:
- Men näme üçin soñky döwüý biziñ öýümizden aýagy kesiýdi, geýmesini goýdy diýip aýada edip ýöýdüm. Diýmek öýen eken-nä, hä? Wah, wah, wah! - diýip ikiýana urundy.
Menem şol wagt:
- Tewfik Fikretiñ aradan çykanyna elli ýyl geçdi... - diýdim.
Bu sözümden soñ olar az salym dymyp oturdylar. Soñra biri-birleriniñ ýüzüne añkarylyşdylar. Olar birsalym şeýdişip durdular.
Aýal derrew özüni ele alyp:
- Eý Allajan!... Wagtyñ şeýle çalt geçäýşini, dek düýn ýalydy... - diýse näme!
Her näme-de bolsa, myhmanlygymy edip sesimi çykarmadym. Ondan soñ Mömin begiñ sakyrdylaryny diñledim. Gaýtjak bolanymda-da:
- Size, ertir agşam öz öýümde garaşýaryn! - diýdim.
- Biynjalyk ederin!.. - ýyrşaran boldy.
Hakykatdanam ertesi gün ol meni öte biynjalyk etdi. Men ol kezzaby utandyrmak üçin mazaly taýynlygymy görüpdim.
Kofe içip bolanymyzdan soñ:
- Meniñ siziñki ýaly köp kitabym bolmasa-da, bolanjasyny öz hakyky awtorlary gol çekip hut özüme beripdiler - diýdim.
- Gowudygyny!.. Nähili kitaplaýyñyz baý?
Kitap tekjeden Ahmet Wefik Paşanyñ Molýerden eden terjimelerini elime aldym we Mömin bege uzatdym.
- Okañ bakaly, Ahmet Wefik Paşa maña näme ýazypdyr.
Ol kitapdaky awtografy peltek dili bilen hetjikläp zordan okady:
- «Söý-gü-ýi Ha-şan beý og-lu-mu-za-a.. Ah-met We-fik». Bu Ehmet Wefig Paşa üçünji goşun biýikmesiniñ seýkeýdesimi?
Jogap bermegiñ deregine, indi-hä düşünip utanar-la diýip, tekjeden Naýymyñ "Taryhynyñ" bir tomuny aldym.
- Serediñ, Naýym näme ýazypdyr? «Mähir-muhabbetimiñ nyşany hökmünde şu eseri pakyr guluñyz Naýymdan kabul ediñ».
Kezzabyñ ýüzüne äñetdim. Pikire çümdi. Her niçigem bolsa ol, berlen urga düşünip, ýüzi gyzaraýjak ýalydy. Durdy-durdy-da:
- Seniñ bi, Naýym aga diýýäniñ söwda-satyk hem edýäý dämi?
Zordan geplemän durdum. Dil ýarsam kezzaby boýdan-başa geplemez ýaly etjegimi bilip durun.
- Gaýybeýse-de, sizde tanymaý ýazyjylaýdan ýohh!... - diýdi.
Elimi ýene terjime eserlere uzatdym. "Faust"çykdy.
- Gýote bar! - diýdim. - Olam serediñ, maña beren kitabyma näme ýazypdyr: «Hasançige».
- Kimiñ eseriñ diýdiñ?
- Gýotäniñ...
Ol elini çekgesini diredi. "Gota, Gota, Gota..." diýip, birnäçe gezek gaýtalandan soñra:
- Bildim - diýdi. - Bu haramzada birwagtlar trolleýbus müdirliginde işledi gerek?
Jenaýatçylar görkezme berende, eden jenaýatlaryny belli bir ýere çenli aýdyp, soñam "mundan soñky bolan zatlar ýadyma düşenok!.." diýişleri ýaly, şondan soñ huşumy ýitiripdirin, näme edendigimi we näme bolandygyny bilemok. Bir gözümi açyp seretsem, polisiýa bölüminde ekenim. Elimde-de Şekspiriñ ýyrym-ýyrtyk bolan kitaby. Garşymdakt otyrgyçda-da ýüz-gözi sypjyrylan we eleşan ýagdaýda oturan Mömin beý bar. Özem elini maña tarap salgap: "Şuñ üstünden arz etjek!" diýip walalaýlaýardy. Komissar maña:
- Näme boldy arañyzda? Hany, düşündiriñ! - diýdi.
Elimdäki kitaby oña uzatdym. Kitabyñ başky sahypasynda Şekspiriñ suraty bardy. Komissar:
- Kim bu sakgally haramzada? - diýip sorady.
- Şekspir!..
- Diýmek kese ýerli!
- Iñlis, how!
- Näme pişe edýär?
- Şahyr...
- Nirede ýaşaýar? Siz bu adamy haýsy tarapdan tanaýarsyñyz?.. Çalt salgysyny aýt maña!..
Mömin bege seretdim-de:
- Allanyñ razylygy üçin meni tutuñ, elimi-aýagymy gandallañ!.. - diýip ýalbarmaga durdum.
Komissar otagdaky iki polisiýa işgärine ýüzlendi:
- Bu işlere biz goşulamzok, bulary äkidiñ-de, syýasy jenaýatlar boýunça bölüme tabşyryñ! - diýdi.
Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Satiriki hekaýalar