01:01 Edil düýn ýalydy | |
EDIL DÜÝN ÝALYDY...
Goşgular
Edil düýn ýalydy, Ýañy ýalydy, Sagadyñ dillerin rehimsiz towlap, Señ ýanyña duşuşuga barýanym Ädimlerim bilen elhenç sakawlap. Paýtagtyñ asuda köçelerinden Kä öñe ýörärdik, kä yza bakan. Şemal össe, tolkun atar durardy Sypaýy köýnegiñ, sypaýy ýakañ. Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok, Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar. Sen saga sowuldyñ, Men bolsa çepe. Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan. Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile, Gitdim şol duşuşan ýermize bakan. Tolkun atdy göz öñümde ýene-de Sypaýy köýnegiñ, sypaýy ýakañ. Birden ýüregime çümdi-de gitdi Iññäñ ujy ýaly rehimsiz ünji? ㅡ Señ bilen duşuşyp bilmänime däl, Señ ilkinji söýgim bolanyñ üçin. Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn, Öçügsi ýyldyzlar öçüp asmanda. On bäş ýyl! On bäş ýyl! Ýañy ýalydy, Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta. * * * Sen hakda oýlara batanymda, gel! Çöl egne gök donun atanynda, gel! Ak topygñy gizläp, uzyn köýnekli, Garrylar-gurtular ýatanynda, gel! Başga-başga zatlañ oýun edýärkäm, Bir pursat ýadymdan çykanyñda, gel! Men seni ýagyşdan, ýelden goraýyn, Gara oý-pikirleñ süteminde gel! Şadyýan bol, gam çek ýazu-gyşlara, Gök gürläp, ýyldyrym çakanynda, gel! Ýöne mydam meni saña duşuran ㅡ Seni maña beren Watanymda gel! Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |