EJE, SENI KÜÝSEÝÄN!
(Durmuşa çykýan gyzyñ öz ejesini küysäp ýazan ýürek beýany )
Haýran galýan darlygyna bu dünýąñ,
Göwnim bir ullakan mâhir küyseýar.
Nije ýyldyr boldym, gül keşbiñe zar,
Mährem Ejem, seni şeýle küýseýän!
Günler şol geçip dur, nobaty bilen,
Ähli zat ýerbe ýer hiç hili kem ýok.
Şonda-da bir zady küýseýar göwinüm,
Bir kemim Ejejan, ýanymda sen ýok..
Ýowyz ajal aldy seni elimden,
Ýoklygyña ynanmadym ilkiler,
Şol garadym ýördim giden ýoluña
Gözýaşa çalyşdym. şatlyk gülkülem.
Ýoklygyña öwrenişmedim Eje jan
Ýöne durmuş ýoklygyñy öwretdi.
Bilsemde indi señ dolanmajyñ
Bu umutly ýürek garaşdy ýördi.
Dadyp aýralygyñ ajy şarpygyn,
Men soñra düşindim, juda köp zada.
Bagt eken, juda uly bagt eken
Mährem Ejeñ ýaşap ýörse dünýäde.
Günler geçdi ýyllar geçdi durmady,
Ah, durmuşyñ lezzetini duýmadym
Her demimde her pursatda mydyma
Janym Ejem, ýyly mähriñ küýsedim..
Ýaşlykdan saýlandym uly gyz çykdym,
Söýüldim hem söýdim ýüregim bilen.
Ynha, sähetli gün durmuşa çykýan
Toý tutýan arzuwlan ýigidim bilen.
Hany sen jan Ejem, nirlerde galdyñ,
Bagt dilejek dälmi, gyzyña bu gün.
Ejemjan gözleriñ ýolumda galdy
Hem zaryn aglady naçar ýüregim..
Ah, Ejejan ýaşap ýörsediñ käşgä,
Ak pata bererdiñ, mañlaýdan ogşap.
Şonda menem şeýle bagtly bolardym
Ýüregim gülerdi, bordy göwnim şat .
Arman, sen ýok düşünýän ýok derdime.
Bar bolañda bordy günler başgaça.
Suratyñ gujaklap zaryn aglaýan
Wah, bu ejiz göwnim karar tapmasa..
Ynha, gapmyzda uly şagalañ,
Men başyma atýan bagt kürtesin .
Hemme zatdan beter, şu toý günimde
Mährem ejem, ýene seni küýsedim!
Gidip barýan bu mukkades ojakdan
Başga bir ojagyñ bezeýän törin.
Nirede bolsamam arzyly zady
Eje sen mähriñi agtaryp ýörin.
Ýaşadyp ýürekde beren öwütleñ,
Armanym ýok eje saña meñzesem
Bar wagtyñda kalba guýan pentleriñ
Ýañlanyp dur gulagymda gül sesiñ..
Arşdan ýyldyz bolup bakyp zemine,
Bilýan dileýänsiñ gyzyñ bagtyny
Maña ähli zatdan uly baýlykdan
Jan Ejemjan señ ak patañ arzyly..
Asmanymda aýym bolup dogarsyñ
Ýörejek ýoluma ýalkym saçarsyñ
Beýik Allam jaýyñ eýläp Jennetden
Ejejan elmydam ruhuñ şat bolsun..
Bu gün şatlykly gün bu gün toý güni,
Eje gyzyñ ak bagyna gowuşýar.
Bu gün giñ tutmaly derli göwini.
Ak arzuwlam wysalyna gowyşsyn..
Ýene ýatlamalañ gujagyna siñip,
Ilden pynhan aglaýaryn çalaja
Mâhre üşän kalbym ýylatmak úçin
Mahal mahal düýşlerime gel EJE.
Söhbet ORAZMUHAMMEDOW.
Goşgular