SÖHBETLI GOŞGULAR
■ Söhbet Orazmuhammedow barada
Söhbet Orazmuhammedow 1994-nji ýylyñ 24 nji oktýabrynda Daşoguz welaýatynyñ Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyñ "Ak altyn" daýhan birleşiginiñ Gamyşlyk obasynda doguldy.
2001-nji ýylda obasyndaky 11-njji orta mekdebe okuwa baran Söhbet şol mekdebi 2011-nji yylda şol mekdebi üstünlik bilen tamanlaýar. Çeper edebiýata kiçi ýaşlardan gyzygyan Söhbet mekdep okuwçysyka medeni köpçülikleýin çärelere işjeñ gatnaşýar we höwesjeñ ýaşlaryñ arasynda gurnalýan döredijilik bäsleşiklerinde birnäçe gezek ýeñiji bolýar.
Oba hojalyk işleriniñ daşyndan çeper edebiýata bolan höwesini her geçen ýyl boýunça artdyrýan Söhbet Orazmuhammedow gelejekde edebiýatymyz üçin uly işleri etmegiñ maksadynda gezýän ruhubelent ýaşlardandyr. Bizem öz gezeginde oña maksadynyñ myrat bolmagyny arzuw edýäris.
■ Meniñ göwnüm
Meniñ göwnim göwin dalmi durmuşda,
Göwnümi şeýle bir ýykýalar käteler.
Ýalançyda ýazgydyma bir ömür,
Kemsinip ýaşamak ýazlan däldir'ä?
Mende-de ýürek bar söýuler ýaly,
Ýöne maña ýyly mährin beren ýok.
Howwa baýlygym ýok öwüner ýaly,
Söýuldiler,ýöne meni söýen ýok..
Mende arzuw ýokmy illerki ýaly,
Ykbal dergähinde ýazygym näme.
Dùyn ýylgyrdym durmuş bu gún aglatdy,
Nãme meniñ hakym ýokmy gülmäne.
Düýn özimi duýan bolsam bagtly,
Ah bu şol bagtymam köp gördüler.
Bagtly bolmaga-da ýokmy hakymyz,
Haçan garaşylan ol gúnler geler.
Haçan arzuwlarmyz gowşup wysala,
Haçan bagtyn lezzetini duýarkak.
Sagbol aydyp bizi ýalkan ykbala,
"Bizem bagtly ýaşap yörüs" diýerkäk..
Meniñ göwnüm göwün dälmi durmuşda,
Ony ençe ynjytdylar käteler.
Ýalançyda ýazgydyma bir ömür,
Kemsinip ýaşamak ýazlan däldir-ä?...
■ Düşnüksiz söýgi
Sen-ä meni söýýäñ men bolsa seni,
Nämüçündir aramyzda ynam ýok.
Söýgiñ barlygyny duýýa ýüregim,
Ýóne onuñ lezzetini duýamok.
Öñem bir söýgüden ýanan ýüregim,
Ýene aldaw hilesinden gorkýaryn.
Indi ýaşlamaýyn gara gözlerim,
Päk söýgini peşgeş bersin ykbalym.
Sen meni men seni söýen bolsak-da,
Hiçkim dil ýaranok söýgi barada.
Bir kiçijek umut bar bu gursakda,
Ýöne bir sowuklyk ýatyr arada.
◆ ◆ ◆
Gitme menden uzaklara lãligim.
Kalbym sensizlige döz gelip bilmez.
Ýùrek ýalñyzlykda näçe ýansada,
Seni unutmagy öwrenip bilmez.
Gitme menden uzaklara melegim,
Aýralygyñ derdin jana dözjekmi.
Boýyn bolup synagyna täleýiñ.
Kalbymy agladyp gidiberjekmi.
Biz ejizmi sóygimizi gorardan,
Bagtymyz nirlerde eglendi dünýäm?
Ýa sóygide aşa dile düşdükmi,
Päk arzuwlarmyza göz degdi dünýäm.
Gitdiñ ýalbarmagyñ haýry bolmady.
Indi sensizlikde göreşip ýörin.
Bir mahallar arman bolan bagtyma,
Henizem umytly garaşyp ýörün.
■ Ýazgyt
Kysmat seni özgä ýazanam bolsa,
Bilgin şonda-da meni seni söýerin.
Bu ýüregim yşkdan ýananam bolsa,
Her urgusy sen diýýändir söýenim.
Diýýarsiñ: "bu söýgiñ kime haýry bar?
Beýle oda duşmek aýt nämä gerek?!"
Bilýan indi ýollarymyz aýry ýar,
Nädeýin şonda-da sen diýse ýürek.
Durmuşyñ aýralyk şarpygyn dadyp,
Ilki söýgüñ lezzetini görmedim.
Indi başaramok halys irdim men,
Öz özimi kõşeşdirip ýörmeden.
Halys ejir berýar soñsyz sowallar,
Hany nirde meniñ arzuwlan bagtym,
Bagtsyzlygyma kim günäkär eý dildar?
Hasratmydy maña goýan sowgadyñ.
■ Bu gün bagt toýuñmy ýar...
Gapyñyzda şatlyk şowhun,
Bu gün bagt toýuñmy ýar.
Şumy meni jandan söýşüñ,
Ýanýar dertli ýürek ýanýar.
Ýalñyzlyga aýralyga ,
Sensiz nädip dóz gelerin?
Diñlâp durun bir gyrada,
Arzuwlaryn özgeleriñ.
Içim bolsa dertden doly,
Halymy hiç kim duýanok.
Sen şeýle gôzel bolupsuñ.
Wah garap-garap doýomok.
Ayt name úçin bagtly gözel,
Gussa górýan dideleñde.
Hiç kim duýmasyn hasratyñ.
Şatlan ýylgyr toý güniñde..
Ýalñyzlyk jebri-jepasy,
Diñe ikimize aýan.
Ýalan dúnýañ ýok wepasy.
Men šoña şu gün düşinýän..
Nesipli gùn bolup gelnim,
Bezejekdiñ giñ törimi.
Bú gün ynha mãhribanym.
Bagtly etýäñ özge birini.
Gapyñyzda şatlyk şowhun,
Hemmeleñ ýúzleri gülýar.
Diýýaler 'Ak bagtyñ bolsun,
A meniñ ýúregim ýanýar.
Bu gûn bagt toýyñ dúnýäm,
Kaýyl bolmaly ýazgyda
Ýùrekden arzuwlap bagtyñ.
Durun ynha bir gyrada...
■ Güläýjek ýaly
Göwnime oñatlyk dünýde-de bar zat,
Bu dertli ýüregim güläýjek ýaly.
Gaýgy hasrat gidip bizden alysa,
Diñe şatlyk höküm süräýjek ýaly..
Gadyr sylag edip birek birege,
Hoş sözler diyilip birek birege,
Undulyp durmuşda aldaw-hileler,
Adamçylyk arşa galaýjak ýaly..
Mähir boldy bir ómúrlik gözlegim,
Göwin ynjytmana hergiz dözmedim,
Intizar bakdyryp ýola gözlerim.
Gidenler dolanyp geläýjek ýaly..
Umytlarym körär ýöne hiç sönmez,
Adam garrar ýöne söýgi könelmez,
Ýùregimde beslän ýagşy arzuwlam,
Ählijesi hasyl bolaýjak ýaly.
Başa kyn günlerem düşer käteler,
Durmuş kä agladar kä-te gûldúrer,
Ýúrekden aýdylyp berlem wadalar.
Her kim öz sözünde duraýjak ýaly..
Durmuş dowam edýar menziller uzak,
Munda bagtyñ úçün göreşmek gerek,
Şu ömrüm içinde menem bir gezek,
Göwnüm.gowy şygyr ýazaýjak ýaly.
■ Ejem bolsa...
Kemsinerdi ýarym göwin,
Deñ duşlarym ýetim diýse.
Kemsinmezdi ejiz göwün,
Ýaşap ýören ejem bolsa.
Çyn mähre-de zar bolmazdym,
Ah oglan kalbym gamlansa
Gözýaş dökip aglamazdym.
Bu dúnýäde ejem bolsa.
Ýûrek hasrat çekiberýä,
Ejesi barlary görsem.
Gyzyksyz bolmazdy dûnýä,
Gapdalymda ejem bolsa.
Ykbal oýny çenden aşyp,
Kynçylyklar daşym alsa
Ähli zada döz gelerdim
Bir mähriban ejem bolsa.
Dostlam bilen gitsek sähra,
Ejeme diýip bägúl ýygsa
Ah menem batmazdym gussa,
Ýaşap ýören ejem bolsa.
Çyn söýgüñ bolmazdym zary,
Eje mähri kalbym çoýsa.
Şat geçerdi ýyllañ bary,
Şu dùnýade ejem bolsa.
Ýalñyzlykdan ýetimlikden,
Käteler ýüregim gyssa.
Bagra basyp ezizlardi,
Gapdalymda ejem bolsa.
Bakyp ýene suratyña!
Gözden ajy ýaşlar damsa.
Guwanardy ak bagtyma,
Ýaşap ýören ejem bolsa.
Öyde agyzbir maşgala,
Bir saçak başyna jem bolsa.
Günler geçerdi başgaça
Bir mähriban ejem bolsa.
Diñe óye howlygardym,
Käbäm garaşýanyn bilsem
...Blki menem ýylgyrardym
Aladaçyl ejem bolsa.
Geçip dur günleñ kerweni,
Menzil uzyn ömir gysga.
Ýyllar aglatmazdy meni,
Ýaşap ýören ejem bolsa.
◆ ◆ ◆
Söýüñ eneleri bar zatdan beter!
Sylañ mähribanlañ sarpasyn saklañ.
Ejeleñ bar wagty gadryna ýetiñ,
Enelerden jyda salmasyn ykbal.
Ene-Ata iki mukaddesligiñ,
öñinde mydam başyñ egmeli.
Atadan öwreniñ päli pesligi,
Eneden öwreniñ çäksiz söýmegi!
■ Şol gün
Ah şol güni ýada salsam ýene-de,
Ajy gözýaşlarym saklap bilemok.
Ýok geçmiši ýatlamagyñ peýdasy,
A men bolsa ýatlamanam oñamok.
Howwa şol gün,nälet siñsin şol güne,
Şol gün goýdyk sòygimiziñ nokadyn.
Bokurdaga tegek bolan sözleriñi,
Aýtmasañam gözleriñden okadym.
Ýok,ýok asla ýazgydymdan nalamok,
Ýùregiñ sóymese buýrup bolmaýar,
Ýöne dünýäñ bir düşnüksiz kanuny,
Neçüýn söýenlermiz bizi söýmeýär.
Göwniñ ýok ekeni,onda nämeúçüýn?
Meniñ näzik duýgularmy oýnadyñ.
Sowyk nazaryñdan,syrly sözleñden,
Ah men nädip sòymeýäniñ duymadym.
Ýaşap súyji arzuwlaryñ goýnunda,
Aldandym men başa barmaz oýlara,
Gam-gussadan aglaýarka ýüregim,
Gülüm senem gülerin diyip oýlama.
Şol gún müdimilik añymda galdy,
Şol güni ýatlasam dolýar damagym.
Bilgin hasapsyz zat ýokdur dünýede,
Hasabyn berersiñ ähli ýalanyñ.
■ Elimde gitaram...
Elimde gitaram çolaja ýerde,
Otyryn men gamgyn saza hiñlenip.
Sóygimiz bagt dãl aýralyk berdi.
Gülüm neçüýn bagta ýetip bilmedik?
Aý astynda duşuşardyk ikiçäk,
Arzywlarmyz uly dûnýa sygmazdy.
Sóygüniñ ugrunda göreşen bolsak,
Belki bu aýralyk başa gelmezdi.
Ikimizem ýúrekleri armanly,
Bu gún ýalñyzlygy tutundyk hemra.
Men-ä betbagt bolup òtsemem razy,
Sen bir çyn bagtdan paýly bol hernä.
Elimde gitaram ýalñyz otyryn,
Arzywlarmy bu gün gussa ôrtüpdir,
Meniñ çalýan gamgyn sazyma meñzeş,
Gúýz ýeli hem şol õwsüp dur, öwsüp dur.
■ Arman
Jyda düşdim barlygymdan bagtymdan
Düşünmedim aýralygyñ sebäbin.
Ýanyp galdym ýylgyrmaly wagtymda,
Arman boldy ak bagtyma deñänim.
Dertdeş tapman aýa aýtdym arzymy,
Ol halyma dözmän siñdi buluda.
Indi didelerim ýylgyrarmykan?
Bu ýùregim seni haçan unudar..
Nur çaýmajak bolsañ bu ykbalyma,
Neçüýn meni arzuwlarda ýaşatdyñ?
Ilki bagtdan gülen bolsa gözlerim
Soñra ony hasrat bilen ýaşartdyñ.
Kalbym umytlary sönen bolsa-da
Ýyllar boýy ýörün saña garaşyp.
Janym meni dertler içre goýduñda
Özge bir ojaga boldyñ ýaraşyk .
Duýmandyryn bir gün goýup gitjegiñ,
Düşinmedim aýralygym sebäbin.
Aldanypdyr boş hyýala ýüregim,
Arman eken ak bagtyma deñänim...