15:25 Elhençlikler filmleri: taryhy we tebigaty | |
ELHENÇLIKLER FILMLERI: TARYHY we TEBIGATY
Teatr we kino sungaty
Elhençlikler filmleriniň taryhy we üýtgemeýän tebigaty bir hakykaty subut edýär - eger adamzat ýaşasa, gorkam ýaşar. Adam kimdir birinden ýa-da nämedir bir zatdan gorkupdy, gorkýar we gorkaram. Kino bolsa diñe adam psihologiýasynda bolup geçýän özgerişlikleri şöhlelendirýär, adamyň nerwisini gyjyklamak üçin adamlaryň esasy gorky damaryny peýdalanýar. Şonuň üçin kinoçylara bizi gorkuzara hemişe nämedir bir zat tapylsa gerek. * * * Elhençlikler filmleriniň häzirki zaman tomaşaçylarynyň arasyndaky meşhurlygy adamzadyň hemişe gorkunç wakalar hakdaky söhbetlere teşne bolandygyny görkezýär. XIX asyryň başlarynda, kinomatografiya sungaty ýaňy kemala gelip ugranda, kino sungatynda bu görnüş düýbünden yokdy. Aslynda ol wagt kinonyň özi adamlary gorkuzýardy. "Otlynyň gelmegi" atly ilkinji sessiz filme tomaşa edenlerinde, adamlar özlerine tarap okdurylyp gelýän otlynyň polat tigirleriniň aşagyna düşmejek bolup, gapa tarap eňipdirler. Bu waka biz üçin gülkünç rowaýata meňzeýär. Adamlar kino bilen öwrenişip başlanlaryndan soň, kinoçylar: "Nädip gorkuzyp bolarka?" diýip, kelle döwmäge başladylar. Ilkinji elhençlikler filmleri Germaniýada peýda boldy. Olar "Doktor Kalgariniň iş otagy" (1919) we "Nosferatu-elhençlik simfoniýasy" (1921) atly filmlerdi. Golliwud kinonyň elhençlikler görnüşi bilen aradan 10 ýyl geçensoň gyzyklanyp ugrady we ol dessine henizem ejeleriň öz körpelerini gorkuzýan elhenç jandarlary hakdaky "Drakula" (1931), "Frankşteýn” (1931), "Mumyýa" (1932), "King-Kong" we "London mahlugy" diýen ölmez-ýitmez kino eserlerini dõretdi. Şeýle filmleriň ilkinji ýyldyz aktýorlaram peýda boldy. Olar Bela Lugoşi we Boris Karloffdy. Lugoşiniň we Karloffyň gahrymanlarynyň tomaşaçylara täsiri şeýle bir uly boldy welin, taryh henízem ol aktyorlaryň adyny unudanok. Sebäbi olaryň gahrymanlary gan içen graf Drakula, melgun doktor Franksteýn we ölüleríň arasyndan çykan Mumуýady. • Nusgawy elhençlikler filmleri "Nusgawy elhençlikler filmleriniň eýýamy” diýilýän döwür geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan gözbaş alýar. Ol filmler öz sýužetini hususan 19 asyrda gülläp ösen got romanlaryndan susup alýardy - syrly-mistiki ruh ekranda bolup geçýän ähli wakalary gaplap alýardy. Göze görünýän ruhlar, wampirler (gan içýänler), her tüýsli jadygöýler, albassylar, aýjynlar, iblisler ekranlara doldy, olar haçdan we sarymsakdan gorkýardylar. Olaryň peýda bolan ýerinde gorkunç wakalar başlanýardy, howany wehimli duman gaplap alýardy. Jadygöýlük we magiya olara güýç-kuwwat berýärdi, garaňky dünýä olara öz gara güýjuni yollap durýardy. Olaryň tomaşaçylarda döredýän gorkusy tas 20 ýyllap dowam etdi. 1940-njy ýyllaryň aýaklarynda we 1950-nji ýyllaryň başlarynda surata düşürilýän elhençlikler filmleriniň sany görnetin azaldy. Bu filmleriň önümçiligi 1950-nji ýyllaryň aýaklarynda täzeden jana girdi. Bu şol döwürde Beýik Britaniýada, Italiýada we ABŞ-da neoliberalizmiñ gülläp ösmegi bilen bagly boldy. Kinonyň durmuşyň aýnasyna öwrülmegi zerarly hatda elhençlikler filmlerine-de düzedişler girizildi. Bu işiň başyny iňlisleriň "Hammer filmz" studiýasy başlady. "Hammer" studiýasynyň ýolbaşçylary Golliwudyň "Drakulasyna" we "Mumyýasyna" hukugy satyn aldylar we olaryň dowamyny surata düşürmäge girişdiler. Şeýlelikde, "Mumyýadan" (1959) başga-da "Mumyýanyň guburynyň näleti" (1964), “Mumyýanyň kepeni" (1966) we "Mumyýanyň guburyndan akan ganlar" (1972) atly filmler döredildi. Olarda got edebiýatynyň yzlary gitdigiçe azalýardy. Şeýdíp "Hammer" kinostudiýasy täze görnüşdäki elhençlikler filmleriniň önümçiligini ýola goýdy. Italiýada bu iş bilen režissýor Mario Bawa, ABŞ-da prodyuser Rojer Korman meşgullandy. Eýsem, ol ussatlaryň eserlerinde näme täzelik bardy? Birinjiden, ol filmler ýagty reňkler bilen "doýrulypdy". Ol reňk akýan al gana täsir ediji öwüşgin çaýýardy. Ikinjiden, hut ganyň köp bolmagy, zorlugyň we kast etmäniň artmagy. Üçünjiden, suratlandyrylýan her bir elhençlige realizmiň çaýylmagy. Elbetde, wakalar romantiki ertekilere menzeş äheñlerde beýan edilýärdi. Surata düşüriliş meýdançasy teatr gurnawyndady, amatly ýagdaý döredigi, tüsse goýberýärdiler. Şonuň üçin bu gün ol filmler möwritini ötürdi we gyzyksyz görünýär. Wagt geçýärdi, adamzat haýran ediji tehniki ösüşleri gazanýardy. Indi gadymy ertekiler o diýen gorkunç görünmeýärdi. Nämedir bir täze zat gerekdi. Bu täzelik sungatda pop-mistisizm diýlip at berlen ugur boldy, ol kinoda-da got romanlarynyň tasirini aradan ayryp, onun ornuny tutdy. Pop-mistisizm hakykylyk bilen fantaziýany gardy, olary biri-biri bilen baglady we elhençlikleri öý şertlerine getirdi. Indi kinoda adaty durmuşda bolup bilmejek ýagdaýlary tehniki tilsimleriň kömegi bilen suratlandyrmak (speseffektler) peýda boldy. Eger ön gan içen öli galada ýaşaýan we öz tabydynda ýatýan bolsa, ol indi öýleriň aşhanasynda peýda boldy. Öli öň mazarçylykda ýatan bolsa, ol indi köçelerde täzeje aw gözläp ygyp ýör. Melgun öñ tokaýda azaşan adamy awlaýan bolsa, ol indi hut Londonyň merkezinde aw edýär. Öz döwürdeşlerini ilkinji bolup amerikan režissyory Jorj Romero gorkuzdy. Ol 1968-nji ýylda "Diri ölüleriň gijesi" atly meşhur filmini surata düşürdi. Romero soň bu filmiñ dowamyny - "Ölüleriň säherini" (1978) we "Ölüleriň gününí" (1985) döretdi. Üç filmem tomaşaçylary mazaly gorkuzdy. Şeýle bir wakany göz öňüne getirip göreliň. Siz, aýdaly, mazarystana gelipsiňiz. Emma birdenkä ýeriň aşagyndan etleri sallanyşyp duran diri ystyhanlar somalyp çykyşyp başlaýar. Olar öz süňklek ellerini uzadyp üstüňize sürnüp gelýär. Kim olar, nireden geldiler, muny anyklap oturmaga siziň wagtyňyz ýok, asla ol hakda pikirem edeňzok, siziň tizräk olardan halas bolasyňyz gelýär. Gaçmak, halas bolmak gerek, emma nirä gaçyp gutularsyň, olar - zombiler (diri ölüler) ähli ýeri eýeläpdirler. Gorkunç gerek, ýogsa näme?! Täze eýýamlar täze gorkyny dogurýardy. Elhençlikler filmleri hem olary sadyklyk bilen beýan edýärdi. Indi ekranda bütin adamzada howp salýan elhençlikler peýda boldy. Siwilizasiýanyň pida bolmagynyň öňündäki gorky ekrany gaplap aldy. Ony bolsa ýadro urşunyň öňündäki gorky dünýä inderipdi. "Sowuk uruş" elhençlikler kinosynda külli adamzadyň pida bolmagy hakdaky gorkyny döretdi. 1970-1980-nji ýyllarda speseffektleriň ösüşindäki böküş, hakykatdanam, hemmeleri elheder aldyrýan elhençlikler filmlerini döretmäge hemaýat berdi. Ol filmlerdäki sahnalar şeýlebir ynandyryjydy welin, hatda nadara tomaşaçam ondaky kino tilsimlerini duûman galýardy. Ekrandaky elhenç wakalar natural-hakyky görnüşde beýan edilýärdi. Baş erbet gahrymanlaryň gelip çykyşy-da iniňi tikenekledýärdi. Onsoňam, olary ýok etmek asla mümkin däldi! "Hellouin", "Anna güni, 13-ine", "Wýazow köçesindäki elhençlikler" we olaryň soň başga režissyorlar tarapyndan döredilen dowamlary şeýle filmlere mysaldyr. Olar indi rowaýata öwrülen gan içenlere we albassylara asla meňzemeýärdi. "Wýazow köçesindäki elhençlikler" filminiñ baş gahrymany Freddi Krýugeri alyp göreliñ. Ol adamlaryň düýşünde peýda bolyar! Emma olaryň janyna welin, hakykylykda kast edýär. Şeýle filmler tomaşaçylar bilen tükeniksiz "pişik-syçan" oýnuny oýnamaga ýardam etdi. Režissyor tomaşaçyny ýalñyş ýol bilen alyp gidýärdi, şeydibem, tükeniksiz gorkuda saklaýardy, Ynha, meselem, siz Freddi Kryuger peýda bolar diýip, gorky bilen garasyp oturansyňyz, emma onuñ ýerine Piternýa Maks diýen ýaly adaty bir adam peýda bolýar-da, sizi alasarmyk ýagdaýda goýýar. Ýa-da tersine, siz Maýkla garaşyp oturansyňyz, emma Freddi Kryuger işikde eli elhenç päki elliklidir. Emma iñ hayrana goýujy görnüş bolan elhençlikler kinosam tomaşaçyny ýadatdy. 1990-njy ýyllarda şeýle filmleriň toplaýan girdejisi pese gaçyp ugrady. Freddi Krýuger, Jeýson Wurhiz ("Anna güni, 13-üne"), Maykl Maýers ("Hellouin") tomaşaçynyň ýüregine düşdi. Elhençlikler kinosyna täze gan gerekdi. Sebäbi ýokarda ady tutulan filmler indi ýetginjek tomaşaçylary kinozaldaky oturgyçlardan wägirip galmaga mejbur edip bilenokdy. Ine, sonda-da "Wýazow köçesindäki elhençlikler" filmini döreden kinorežissýor Ues Kreýwen kesir tomaşaçyny mazaly gorkuzmagy ýüregine düwdi. Ol: "Men sizi aldap gorkuzaryn” diýip, jedel etdi we meşhur "Gykylyk" atly filmini döretdi (1996). Režissýor Ues Kreýwen ganhoryň täze tipini toslap tapdy: ol indi dogabitdi bedroý ýa zalym däldi, adaty bir ýigitdi. Edil biziň birimiz ýaly. Dartgynly we ýowuz waka gidýän filmde ýaňsy, hususan-da geçen ýyllaryň bu görnüşdäki filmleriniň üstünden ýaňsy duyulýardy. "Gykylygyň" gahrymanlary ol filmleri we olaryň gahrymanlaryny özara söhbetde ýatlaýarlar. Ues Kreýwen şeýle usul bilen ekrandaky gahrymanlaryň siz bilen dine bir ruhy taýdan baglydygyny däl-de, eýsem bir howadan dem alýandygyna ynandyrmaga çalyşýardy. Siz özüňizi biygtyýar ekrandaky gahrymanlaryň ornunda duýýarsyňyz, ýagny, sizem şol ýetginjekler bilen bile. Bu duýgy siziň aňasty aňyňyzda gizlenip ýatyr, siz filme tomaşa edýärkäňiz, hatda öz janyňyz üçinem gorkyny başdan geçirýärsiniz. "Gykylykdan" soň şeýle äheňdäki filmleriň ikisi- "Men siziň geçen tomus näme edendigiňizi bilýärin" (1997) we "Şäher rowaýatlary" (1998) surata düşürildi. 1988-nji ýylda "Blerli albassy aýal: O dünýeden ýollanan ýazgy" atly film peýda bolanda, elhençlikler kinosy öňki abraýyna eýe boldy. Bu öwrenje elhençlikler filmi dünýä prokatynda haýran galdyryjy üstünlik gazandy. Munuň sebabi filmiñ hakykatdanam öwrenje filmi ýaly görünýänligidir. Hut syužetiñ özeninde filmiñ üstüntik gazanmagyna ýardam etjek waka goýlupdyr - üç sany sany talyp haçandyr bir wagt tokaýyň jüm müşinde yaşap geçen albassy ayal barada dokumental film surata düşürmekçi bolýar. Emma olar dereksiz ýitýärler, diñe bir ýyl geçensoň, tokaýdan olaryň surata düşüren wideoýazgysy tapylýar. Filmde speseffektler ýok. Bolup geçýän wakalaryň beýan edilişinde-de öwrenjelik duýulýar. Filmiñ adaty öý wideosyna ýazylandygy we operatorlyk işiniñ öwrenjelik derejededigi köp tomaşaçylaryň ekranda bolup geçýän wakalaryň hakykatdygyna ynanmagyna getirdi. Sebabi, filmiñ awtorlary surata alnyş şertlerini reallyga ýakyn etmäge jan etdiler. Olar öz aktyorlarynyň üçüsine wideokamera ulanmagy öwretdiler. Olary 8 günlük tokaýa ýolladylar. Öñ gürleşilen ýerlerde olara özlerini nädip alyp barmalydygy, nämäni surata almalydygy baradaky görkezmäni goýup gitdiler. Netijede, surata alnan wideoýazgy hakyky durmuşdaky ýaly görünýärdi. Emma iñ esasy zat - yns-jynssyz tokaýda wehimli seslerdir öz gorkyň bilen ikiçäk galmak, bu bolsa islendik adamyň şahsy gorkusynyň özeninde ýatýar. Şonuň üçinem tomaşaçy özüni oňaýsyz duýýar, ol tokaýda azaşan talyplaryň gorkusyny, olar nähilidir bir düşnüksizligiň we elhençligiň golaýda bardygyny duýanlaryndan soň, başdan geçirip başlaýar. 2000-nji ýylda "Blerli albassy aýalyñ" dowamy ekranlara çykdy. Emma öwrenje filmiň dowamy indi asla öwrenje filme meňzemeýärdi, onda režissýoryň eli duýulýardy, usully edilen montaž filmi mazaly ýylmapdy. Aslynda wideo alnan geň, syrly görnüşler, käbir düşnüksiz wakalaryň parçalary, öz-özünden işläp başlayan telewizorlar hazırki zaman adamyny özüne çekýär. Sebäbi telewizor arkaly biz daşky dünýä barada maglumat alýarys. Elektrik enjamlary biziñ durmuşymyzyň ayrylmaz bölegine öwrüldi. Sonuň üçin "Poltergeýstde" (1982) dürtgüçden sogrulyp goýlan telewizor öz-özünden işläp başlanda, bizem özümizi oñaýsyz duýup ugraýarys. Iñ oñat elhenclikler filmi tomasacynyň kalbynda onuñ özüniň howpsuzlygy baradaky ikirjiñlenmäni döredýär, bu elhençlikler kinosynyň esasy güýjüdir. Şeýle kino tomaşaçyda ekranda bolup geçýän wakanyň öz durmuşynda-da bolup geçäýmeginiñ mümkindigi hakdaky pikiri döredýär. Bu tomaşaçynyň añasty añynda duýdansyz orun alýar we netijede, durnukly gorky kemala gelýär. "Jañ", "Jañ-2" atly ýapon filmleri hut şeýle täsir döredýär. Olarda ýüregiñi endıredýän wakalar gürrüñ berilýär, hamala, haýsydyr bir - wideokasseta barmyş, onda haýsydyr bir surata alnan wakalaryň ýazgysy, nyşanlar, sözler barmyş. Oña tomaşa etdigiñ bes, şobada seniñ öyüñde jañ sesi ýaňlanýar we telefondan albassy aýalyň elhenç sesi eşidilýär, ol ýene bir hepdeden senin öljekdigini habar berýär. Gaçyp sypma ýok, onuñ weliligi, hakykatdanam, bir hepdeden soñ durmuşa geçýär. Şeýdip biz 1930-njy ýyllaryň tomaşaçylarynyň derejesine düşýäris, ýagny, islendik şygyrdydan, jygyldydan we graf Drakulanyň birje bakyşyndan elheder alan şol tomaşaçylar ýaly ekranyň önünde galpyldap otyrys. Elhençlikler filmleriniň taryhy we üýtgemeýän tebigaty bir hakykaty subut edýär - eger adamzat ýaşasa, gorkam ýaşar. Adam kimdir birinden ýa-da nämedir bir zatdan gorkupdy, gorkýar we gorkaram. Kino bolsa diñe adam psihologiýasynda bolup geçýän özgerişlikleri şöhlelendirýär, adamyń nerwisini gyjyklamak üçin adamlaryň esasy gorky damaryny peýdalanýar. Şonuň üçin kinoçylara bizi gorkuzara hemişe nämedir bir zat tapylsa gerek. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||