02:49 Eliñdedir | |
ELIŇDEDIR
Goşgular
Şükürüm kän, keremiňe, eý, Allam, ykbala nur çaýýan ýaz eliňdedir. Ömür günler bilen atyp ýör hallan, emma, soňra galjak yz eliňdedir. Bilmän galýan niçik duşumdan geçdi, günler bir-birine şeýle bir gysby, gursaga guýupsyň egsilmez yşgy, körügin köretjek köz eliňdedir. Aýdyň, nirde yşkdan ýüzün sowan bar?! Mähre – ýatlar ýakyn, dostlar dogan bo:r. Köp atsaň şor, az atsaňam ýuwan bo:r, ömre tagam berjek duz eliňdedir. Öwütdir şü, görelde şü pederden, gahryn ýuwdan – iň ullakan edermen. Haýsy ýana sürseň, şoňa gidermen, ykbalyň jylawy ÖZ eliňdedir. Aşyrmat GARLY. | |
|
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ "Göwnüňiz çökdümi eselersiňiz..." / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Agyrrak goşgy / Goşgular - 23.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Tün gider, gündiz geler, gör, nijesi uz geler... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||