E N E B A G T Y
Ballar aga obada iň köp gar basan adamlaryň biri hasaplanýardy. Ol aýaly Ogsoltan eje bilen ikisi gözli ýaşytdaşdy. Olaryň köp çarşenbäni başdan geçirip, är-heleý bolup ýaşap ýörenlerine bäş müçe çemesi wagt boluberipdi. Durmuşyň ajyly-süýülji günlerinden deň-derman dadylan uzak menziller olara bu günki gün gol bulap yzda galdy. Adam bar ýerinde derdu-bela bar. Gan basyşynyň häli-şindi ýokarlanyp, käte-käteler kyn-gyssaga salyp durmagy Ballar aga üçin baryp jahyl mahallaryndan bäri gündelik bir närse öwrülip gidipdi. Derman köki içilse-de, ol bu keselden bütinleý saplanyp gidiberenokdy. Ogsoltan eje Ballar aga garanda bu meselede birneme mertdi, asyl kesele per bermezdi. Haýsydyr bir derde uçrap: „Indi nähili-neneňsi bolarka?“ diýip, böwrüni diňşirgenip ýörenlerem halamazdy. Ýogsam olam derde ulaşanlardandy. „Derdi beren alla, dermanyny hem berer“ diýerdi. Onsoňam keselem ah-wahy eşitmese, ýüz berilmedik myhman ýaly, baran ýerinden gitmek bilen bolarmyş“ diýerdi. Ol keselini şeýdip ýeňerdi. Özi-de sadady, ýönekeýdi, hoşgylaw aýaldy, çagalaryna aşa geçirimli, dözümsiz, mähribandy, degşip-gülüşmäni bolsa bar zatdan gowy görerdi. Ynha, şu günüň özi degişgenlige salaga-da, ýolda öňüne düşüp ýöräp barýan adamsyna: “Atasy, ýola çykaňda, gaýrat et-de, ýegşermän, dikelibräk ýörejek bolaweri. Ýogsam, saňa halys garrap, sandan galypdyr-ow diýjek agzy boş gelinlerem tapylar“ diýdi. Şonda Ballar aga hem ondan kem galmady. „Arkaýyn bol keýwany, indiden soň, ýegşerilip-ýegşerilmän ýörände-de Ogsoltanyň segsene ser uran adamsyna özünden başga lak atjak gelin bolmaz“ diýdi. Ogsoltan eje günuzynlap diýen ýaly aýak üstünde, ownuk-uşak gydyrdanar ýörerdi, arasynda mallaryň, towuklaryň ot-iýmine-de ýetişerdi. Bir görseňem, keçe etmegiň aladasy bilen, ýüň darap ýa saýgylap oturandyr. Hiç bir işde, hiç bir ýagdaýda başga birine ýük bolasy gelmeýärdi.
Şol günem ol hemişekileri ýaly hemmeden ir oýandy. Özüni duýşy welin o diýen bir öwerlikli däldi, ýüzi salykdy, keýpsizdi, gabagy uzak gijäni uklaman dikgazyk bolup geçiren sakçyň gözleriňki ýaly güberläp durdy. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmedi. Şäher ýerinde oturan körpe ogly bilen esli wagtlap telefon arkaly gürleşensoň, nähili-de bolsa, göwni birneme aram tapypdy, içerik ýaz howasy aralaşan ýaly, anjaýyn dem aldy, rahatlandy. Assa-assadan öňki kaddyna geldi, çuslandy. Şol wagt aşhanadan Päkize agtygynyň:
--Ene, ata, hany geliň, çaýyňyz taýýar. Häzir süýtli aşam bişirjek!--diýen sesi eşidildi.
--Barýas, köşek.—Agtygyna ilki bolup jogap berenem Ballar aga boldy, ilki bolup aşhana baranam. Birsalymdan: „Şulaň alada-ünjisem meni ýykjak. Özlerem bir jaň edäýmeli welin, hernä gowulyk eken. Öýlerem imi-salalyk, gorkar ýaly zat hem ýokmuşyn. A men bolsam, ýadyňa-oýuňa düşmejek zatlary serime getirip, nähak ýere howsala düşüp ýörüpdirin“ diýip, içini gepledip gelýän Ogsoltan eje hem adamsynyň gapdalyna gelip dyzyny epdi.
Ballar aganyň şahyr synçylygy bardy, ol bu gezegem aýalynyň bir gezek ýüzüne bakandan, ony nämedir bir zadyň ynjalykdan gaçyrýanyny aňdy:
--Keýwany, körpeje agtyjaklaryňy göresiň geleni gaty çynyň öýdýän, bir ýerde oturyp aram-kararyň ýok, ýüregiň gaty gysýarmy?--diýdi.
Ogsoltan eje adamsynyň gürrüňlerini ylla gulagynyň duşundan geçirip goýberen ýaly birhowa oňa jogabam bermedi, sesinem çykarmady. Ballar aga welin oňa özüni eşiden däldir öýtdi. Ýöne beýle däl eken. Ogsoltan eje pessaýlap gepledi:
--Her kesiň ýüregi seňki ýaly doňýürekdir öýdýäňmi, atasy. Elbetde, göresim gelýär. Geçen agşam öte ýaramaz bir düýş görüpdirin. Ogluma jaň edip gürleşenimem gowy bolaýdy.
-- O nämäň düýşi? Hany, düýşe-de ynanar ýörerlermi diýýän özüň dälmidiň?! Neneň, onsoň, aman-esen ekenlermi?
--Hudaýa şükür, janlaram sag eken, içerilerem abat. Gelnim işden gelsin, pişme bişirdip, ýedi öýe paýlamasam bolmaz.
-- Eneler, atalara garanyňda, çagaçyl bolýar diýýärler. Şonuň üçinem çagalar atalaryndan enelerini artyk söýýärler. Eneleriň takdyry şeýle.
-- Takdyra müň-de bir kaýyldyrys, atasy. Allam bize uzak ýaş berdi. Bäş caga bilen, on dört sany agtyk berdi. Bu günki gün agtygymyz Ajaýyp jan hem bizi çowlukly etdi. “Öňüm gelenden soňum gelsin” diýlendir. Öňki görlen görgülerimziiň yzda galdygy bolsun. Şükür, gowulyga gözümiz düşdi. Ýöne... – Ogsoltan eje şu ýerde bokurdagyny arçan ýaly hykylady.--Ýöne başga bir zat welin, hi-iç maňzyma batanok!?
-- Ýeri bakaly, nämemiş ol seniň maňzyňa batmaýan zat?
--“Ata ojagy körpäňkidir” diýilýär. Seniňçe şol dogrumy?
-- Elbetde, dogry.
-- Ýok, dogry däl.
-- Näme üçin?
--Bizde-hä ol tersine, körpämiz-ä şäherde ýaşaýar, bizem obada.
-- Hä, seni bimaza edýän zat diňe bir düýşem däl eken-ä. Onuň sebäbini özüňem bilip duransyň-la, keýwany?! Ýogsa, unutdyňmy? Nämemişin, gelniň agzy boş daýzalaryndan biri: ”Biriniň körpesine bardym diýip, böwregiň bökübermesin ýegençäm, iki günden gaýyn-gaýnataň gurpdan düşer, garrar, lagşar, onsoň olara çaga ýaly seredip, gül ömrüň kül bolar” diýip, onuň gulagyna mazalyja guýanmyşyn. Ana, körpe gelniňem şol sözlere güp ynanypdyr eken. Olaryň ata-enelerem şeýle pikirdedi-dä! Ýadyňa düýşärmi, toý gününiň ertesidi, toýuň gap-çanagy ýygnalmanka, heniz il-gündäki bergilerimiziň başy çözülmänkä, ata-enesi geläge-de, “Guda, ýaşlary göçürjek bolsaňyz, plan şäheriň plan köçesinde, plan hili jaý satylýar. Biz-ä ony görüp haladyk. Sizem baryp görüň. “Gymmat al, gözel al” diýipdirler. Bahasyndan gaçmasaňyz, ylla näme jaý!” diýip gitmedilermi näme?
--Goýsana, atasy.
--Eýsem, bi zatlar ýalanmy?
--Üstüme ar-ar edip, senem şol bir gepi çöwjäp otyrsyň. Olary ýatlasaň, böwrümiň sanjyp, beýnimiň çaýkanyberýänini bilýäň-ä!
--Dogry aýdýaň, gowusy ýatlamazlyk. Indi bagyr-çagyr, peýdasy ýok. Iliň gepinden çekindik, olaryň ýaş çatynja hallaryna aýrylyşmaklaryna ýol bermedik, körpäň aýry ýerde ýaşamagyna-da razy bolduk.
--Bagtly ýaşasalar bolýar.
--Ine, munyň başga gep. Nirde bolsalar bagtly bolsalar bolýar. Ortanjymyz Umydam maşgalasy bilen başga ýere göçüp gitmedilermi näme? Janlary sag bolsa bolýar. Bize uly oglumyz Aýly müň paý gowy seredýär, çagalaryň iň rehimlisem şol.Şular nirä göçse, bizem olardan galmarys.
--Aýly jan ilki gözümiziň göreni. Köşegimiň gadry başgadyr. Ol hijem ejesinden aýra ýaşap bilmez. Onuň çagalaram üstümizde kökenek, görýäň-ä, ölüp-öçüp barýarlar. Ýöne, näme, durmuş bir ýerinde duranok, tüweleme, olar ösüp-ulalyp barýarlar. Meniň bolsa garrylyk halymda oturyp bäbek üwräsim, olary ertekiler aýdyp, uwwalap ýatyrasym gelýär. Bilýäňmi, Eşret janyň dört sany çagasy bar, ählijesem çülpeje. Bizden olara haýyr ýok. Haýsy biri ir ýöredi, haçan, näwagt diş çykardy, haýsy biri tiz dil açdy, ilkinji sözlän sözi näme boldy? Bu zatlary ýanlarynda görüp, duýup ýaşamagyň özi bir jennet dälmidir?
-- O diýeniňem bolar. On sekizini doldursyn bakaly, Ýakymly jany obaň iň gözel gyzlarynyň birine öýäris. Saňa uzakly günläp diňe sallançak üwräýmek galýar.
--Seniň munyň öňde biriniň açlygyndan halys surnugup, ölüp barýan eşegine ýüzlenip: “Ölme eşegim, ýaz geler, ýorunja dyzdan biter” diýenine bardy. Ýakymly küje, ir öýlenmek küje.
-- Onda şeýdeli. Şaýyňy tut, gideli. Köp wagtam bolupdyr Aşgabady görmänimize.
Ogsoltan eje ýyrş-ýyrş etdi.
--Kakasy, çynyňmy?
-- Elbetde, çynym. Aýly zähmet rugsadynda. Ulagyňda şähere baryp gaýdaly diýsek, ýok diýmez.
--Onda howlyň işlerini kime tabşyrjak?
--Sen ony gaýgy etme. Gelniň bar, işe-güýje ýarap ýören agtyklaň bar. Onsoňam biz aýlap-günläp gidemzog-a.”Myhmanyňky üç gün--üç günden soň göçgün” diýlendir. Heniz biziň beýik jaýlarda şonça günläp oňňut etjegimizem belli däl--diýdi-de, gapdalda duran boş bedrelerden birini aldy.--Men mellekden sowgatlyk ir-iýmiş ýygaýyn. Senem şaýyňy tut.
--Bolýar, bolýar, atasy. Aşaky mellegiň ir bişen üzümlerindenem ýygaweri, heniz agtgyjaklarymyň agzyna üzüm degen däldir.
Ogsoltan eje baryp köne sandygyny açdy. Onuň içinden arta-taşa zat bolman, diňe henize-bu güne çenli başa daňynmadyk kiçi ýüpek, ýüň ýalyklarydyr çaga joraplary çykdy. Olardan agtyklarynyň hersiniň adyny tutup alan sowgatlyklarynyň özem bir düwünçek boljakdy. Soňam içki pikirini daşyna çykardy:”Ine, bu Zülpi jan agtygym üçin, bu-da Läle üçin, bu-da ortanjysy, nämedir-ä bir üýtgeşik ady bardy-la, hä-hä, Enaýy, Enaýy jan üçin. Bi keteni köýneklik mata-da gelnim Sadabyň göwnüne ýarar”.
--Atasy! – Ogsoltan eje öňündäki sandykdan çykaran zatlaryny oňly ýygnaşdyryp-ýygnaşdyrmanka, adamsynyň ýanyna, mellege bakan eňdi. –Atasy, atasy, sen nirede?
Ballar aga aýalynyň sesini eşitdi-de:
--Keýwany, näme habar, men bäride?!—diýip gygyrdy.
Ogsoltan eje adamsynyň ýanyna baransoň:
--Atasy, men körpämiň gyzjagazlarynyň adyny tutup, odur-budur alyşdyrdym, gyzlarymyň maňa getiren gaty ýalyk diýilýänlerindenem alyşdyrdym, ýöne...
--Hawa, ýönäň näme?
--Bu zatlar bilen oňmak bolmaz. Şadyýan jan bilen Zülpi agtygymyz, tüweleme, olaryň ikisem mekdebe gatnaýarmyşyn. Şonuň üçinem mekdep bazaryndan okuwlaryna geýer ýaly birlaý eşikdir aýakgablardan alsak kem bolmazdy.
--Bolar, bolar, keýwany, pah, munuň gaýgy edýän zadyny.
--Ogluň Eşret janam boş goýmagyn. Oňa-da bir köýnek al. Pensiýa pulumyz ortaky öýüň tekjesinde, öňküje goýlan ýerinde durandyr.
--Bor, bor-how! Birsalymdan özümjik dükana baryp gaýdaryn.--Ballar aga aýalynyň ýanyndan gidensoň: “Şu, heleý halkyny zor görmel-ow, olaryň her zatdan habary bar. Ýogsam on dört agtygyň haçan mekdebe gatnaýanyny ýedi uklaňda ýadyňa-oýuňa düşjek zatmydyr” diýip içini gepletdi. Ogsoltan eje yzyna gaýdyp geldi.
--Onsoňam, atasy, biz Eşret janyň täze jaýyna ilkinji barşymyz, men täze keçelerden äkidäýjekdim welin, gelniň biz öýe keçe düşämzok diýipdir.
--Keýwany, sen ony gaýgy etme. Olar basym jaý toýuny etjekler, şonda biz olara täze haly-palaslardan alarys. Bolmaýamy? Janly kömeginem ederis.
--Ýok, haçan bir gün toý etjekler diýip garaşyp bolmaz. Täze jaýa, asla eli boş barylmaz.
--Onuň ýaly bolsa, Aýly gelsin. Maslahatlaşaly, haly almaly bolsa, haly alarys. Sadap ejelerde satlyk halylar münder-münder bolup dur. Bahasyna garaşybam berýärler.
Günortanyň ýakyp-ýandyryjy yssysy birneme özüni goýberipdi. Ýola düşübermelidi. Ogsoltan eje welin henizem biynjalykdy, goja tuduň goýry kölgesinde otursa-da, gözleri Sadap ejelere giden ataly-ogluň ýolundady. Ine-de olar geldiler. Inedördül edilip ykjam daňylyp getirilen türkmen halysynyň maşyna ýüklenilenini gözi bilen gören Ogsoltan eje, özüni rahat duýdy.
--Ine, indi sowgatlam bolduk, ugrabersegem bolar, keýwany--diýip, Ballar aga maşynyň yzky gapysyny giňden açdy.--Mün senem Ogsoltan, indi bir eglenmäliň.
Olaryň öýländen soň ugran “Jip” maşyny daglyk ýoly külterläp barýardy. Ogsoltan eje maşynyň yzky aýnasyny açyp, töweregi synlap gelýärdi. Ballar aga maşynyň öňünde otyrdy. Nämüçindir ýolboýy hiç kim geplänokdy. Ballar aga dillendi:
--Oglum, çeşmäň deňinde bir sakla—diýdi.
--Bor, kaka. –Aýly maşyny saklady. Ballar aga çeşmäň sowujak suwy bilen iki dermany birden atdy.
--Keýwany, senem dermanyňy içdiňmi?
--Içdim, içdim, sen meni gaýgy etme.
--Eje, gerek dermanyň bolsa aýt, mesele däl, ýolugruna dermanhana-da bar.
--Ýok, oglum, dermanlarym gutusy bilen ýanymda. Ajyksaňyz, ho-ol düwünçekde çörek bilen gowurma-da bardyr.
--Şon-a oňarypsyň. -- Ballar aga aýak ýolundan gelip, Aýlynyň uzadan araksabynyna elini ýuwdy. Soňam ataly-ogul çeşme başynda oturyp bir döwüm çörek iýdiler, töwir galdyrybam ýola düşdüler.
Ine, şeýdibem olaryň ugran maşyny çaý içesi salymda, gözel paýtagtyň eliň aýasy ýaly tep-tekiz şaýoluna düşdi. Asyl maşyn çapyşyga goýberilen bedew ýaly myçyp barýardy. Ogsoltan eje ýylgyrjaklaýardy, begenjini daşyna çykarmasa-da, ony daşyndan duýmak bolýardy, asyl ol eýýämden agtyjaklarynyň arasynda oturan ýaly, töwerek-daşyna bakyp galkyjaklaýardy.
Bu şeýle-de boldy. Şähere girensoň uzak ýöremelem bolmady. Eşretler şähere giräýen ýeriňdäki täze köp gatly belent jaýlaryň birinde ýaşaýar eken. Olaryň öýi belent binanyň on üçünji gatynda bolanam bolsa nämüçindir Ogsoltan eje ol ýere barýança ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Ýogsam onuň jaýyň liftine ilkinji gezek münşüdi. Bu zatlar onuň synçy nazaryndan sypmaly däldi. Ony-muny soraýjak ýaly, hiç bir zat soramadam. Ony ogly Aýly-da, Ballar aga-da assyrynlyk bilen synlaýardy. Ogsoltan ejäniň welin şol bir bolşudy, ýüz-keşbinde begenç duýgusyndan başga üýtgeşikik görünmeýärdi.Ata-eneleriniň gelerine garaşyp oturan ogludyr gelnini, agtyjaklaryny göreninde welin gözleri begençden ýaşardy. Soňam ogludyr gelnine garap:
--Balalarym, jaýyňyz gutly bolsun. Ýurt garşy alsyn! Güle-güle ýaşaň!--diýdi. Onuň yzyny Ballar aga alyp göterdi:
--Jaýyňyz toýly jaý bolsun, bagtly, rysgally, döwletli jaý bolsun!
--Sag boluň eje, kaka, hormatly Prezidentimiziň biz medeniýet işgärleri üçin gurduryp. köp ýyllyk möhlet bilen peşgeş beren jaýy. Görersiňiz, içinde ähli amatlyklary bar – diýdi.
-- Şeýle ýurduň, şeýle bagtyýar, eşretli zamanaň, halkyň howandarynyň gadyryny bilip ýaşaň balalarym!
Şo mahalam ýedi ýaşly agtyjagy Zülpi:
--Ene--diýdi.
--Jan balam.--Ogsoltan eje agtyjagynyň possuk ýaňagyndan taýly gezek ogşady.
--Ene, menem Şadyýanam okuwymyzy Hormat haty bilen tamamladyk. Men-ä üçünjä geçdim, Şadyýanam dördünjä.
--Tüweleme, tüweleme, göz degmesin, tüf, tüf. Häzir ikiňiziňem buşlugyňyzy bererin.
--Onsoň mugallymyz biziň herimize bir kompýuter hem berdi, ol kompýuter hormatly Prezidentimiziň körpelere beren sowgady eken.
--Berekella. Indi siz öňküňizdenem gowy okap, döwlet baştutanymyzyň ynamyny ödemeli borsuňyz, balalarym.
--Ene, menem mekdebe gidýän, ine, şulaýam men ýazdym!--diýip, ortanjy agtygy Enaýy hem bir depder getirip enesine berdi. Ogsoltan eje depderi bir eýlesine, bir beýlesine öwrüp seretdi, ondaky ýazgylary gözlerine ýakyn getirip gördi. Açyk-aýdyň görmese-de:
--Berekella gyzym, berekella. Senem mekdebe gidýämidiň? Men ony unudypdyryn. Heniz irräk bolaýmasyn? “R” harpynam aýdyp bileňog-a.
--Hawwa gidýän, enem şonam bileňok-laý!--diýip, jykyr-jykyr edip güldi.-- Walla kessin, dogry aýdýan.
Gelni Sadap saklanyp bilmedi:
--Gyzym, ant içme-de, eneňe çagalar bakjasyna gatnaýanyňy aýt.
--Bolýa, köşek, bir ýerlere gatnaýan bolsaň bolýar--diýip, Ogsoltan eje özüne ýylgyrjyklap duran agtyjagynyň, soňam gelniniň ýüzüne garady. -- Mekdebe gatnamanka şular ýaly ýazyp-bozup bilýän bolsaň, onda senem hökman bäşlikçi borsuň.
-- Enesi, aslynda... Enaýynyň... size görkezen depderi Zülpiňkidir--diýdi.
Onýança Enaýy:
--Aldatdym-mullatdym--diýdi.
--Ah, şeýtanjyk, aldansyňam öýtdüm-le.
--Enesi, Läle, iki ýaşynda bolsa-da, henize-bu güne çenli açyk, düşnükli gepläp bilenok. Giç geplejek öýdýän.
--Onuň işi aňsat. Çaga malyň diliniň ujuny iýdirseň, tiz dil açýandyr. Ine, gurbanlyk günlerinde her hojalyk diýen ýaly janly soýýandyr. Gurbanlyk janlylaryň ýedisiniň diliniň ujuny iýdirip bilseň bolany, Läle gyzym diňe bir dil açmaz, dilewaryňam dilewary bolar.
Muňa maşgala bolup gülüşdiler.
***
Olar üç günläp şäherde bolup, dördünji gün diýlende, oba gaýdyp geldiler. Şol günem onuň ýanyna goňşy-golamlary üýşdüler.
-- Sag-salamat geldiňizmi, goňşy? Eşret oglumyzam, onuň çagajyklaram oňat ekenlermi?--diýip, öňi bilen ondan Sabyr eje sorady.
--Hawa, hawa, sag boluň, özüňizem sag-gurgun oturanmysyňyz. Size-de oglum, gelnim, ikisem birin-birin adyňyzy tutup, köp-köp dogaýy salam iberdiler.
--Salam iberenem sag bolsun, getirenem. “Iýen-içeniňiz özüňiziňki, gören-eşidenleňden habar ber” diýipdirler. Aşgabat bütinleý üýtgäpdir diýýärler, şol çynmy?
-- Üýtgäpdir diýmäň näme, goňşy jan. Indi öňki gören Aşgabadyň ýok. “Müň eşidenden bir gören”, gözleriňe ynanar ýaly däl. Telewizordaky göreniň bir başga, ýanyna baryp göreniň düýbünden başga. Üç günläbem oglum Eşrediňkide bolduk. Beýik jaýlaryň birinde ýaşaýarlar eken. Olara barmakçy bolsaň, öňinçä darajyk bir hüjrä girmeli eken. Gapysam üýtgeşik, özi açylyp, özi ýapylýar. Mündük, nädip ýokaryk galanyňam duýaňok. Gidiberdik-gidiberdik, bir ýerlerik barybam togtady, ýene-de hüjräň gapysy özi açyldy, görsek, hakyt ätlän ýerimiz Eşret janyň ýaşaýan öýüniň bosagasy bolsa näme? Eşretden başlap, ähli çagalary hatara goýlan esgerler ýaly, gapyň agzynda bize garaşyp oturan ekenler.“Enem gelipdir-de, atam gelipdir!”, boldy bir şagalaň, turdy bir şowhun. Agtyjaklar daşymyzda jagyl-da-jugul. Heniz öýüň törüne geçip-geçmänkägem, eýýäm olaryň dördüsem arkama hopba boldular. Atalarynyň gyk-bagyna-da seretmediler.”Eneňize azar bermäň, ol ýadandyr” diýip, Eşret janam gygyryp otyr. “Oglum, degme. Men bularyň mährinden bir ganaýyn” diýdim. Hemmesem agtyjagym Ýakymly jany soraýarlar. Ol gelenokmy diýýäler. Ýap-ýaňam telewizorda aýdym aýtdy diýýärler. Menem olara: “Ýakymlynyň okuwy bar. Dynç alyşa çykdygy, hökman görme-görşe geler” diýýän.
Bir gatda jemi iki goňşy bolup ýaşalýar eken, goňşularam gowy adamlar. Tüweleme, tüweleme. Öýleriniň içem gül pürkülen ýaly. Men-ä öýleriniň o diýen bir beýikliginem duýmandyryn. Şadyýan jan gün ýaşyp, garaňky gatyşybereninde, meni äpişgeden daşaryny görkezende bilip galdym.
--Başyňyz aýlanmadymy, Ogsoltan eje? Olaryň öýi asman peleginde, gögüň ýüzündemişin-ä. Baş aýlanmakdan ýaňa özlerem aşak bakyp bilenoklarmyşyn—diýip, gelni Mähek sorady.
--Baş aýlanmakmy? Ol-a ýada-da düşmändir. Ýokardalygyna-ha ýokarda eken, ýöne näme, ýaşaberseň adam pahyr öwrenişýändir-dä! Tutuş şäher eliň aýasynda ýaly, lowurdapjyk dur. Gije diýmersiň, şäheriň köçelerem gündiz ýaly ýap-ýagty. Ýolagçy awtobuslaram üýgeşik, ýokardan gurjak maşynlary ýaly kiçijik görünýärler, biri gelse, biri gidýär, yzy üzülenok. Onsoň körpäme meni derhal ak şähere aýla diýdim. ”Ýagşyny görmek—jennetdir” diýdim. ”Eje, sen ýolda ýadansyň, bu gün dem-dynjyňy al, ertirden başlap seni şäheriň ähli ýerlerine aýlaryn” diýdi. “Ýok, ol bolmaz. Oňarsaň, bizi şähere şu gün aýla. Ertiri görüp gelen barmy? Işlerimiň baryny taşlap gaýtdym. Mähek jan gelnim, düzüwli sygyr sagybam bilenok” diýdim. Ahyry yrdym. Agtyklar eşiklerini geýmäge durdy. Bir görsem: ”Ata jan, senem biziň bilen gidäý-dä!” diýip, Şadyýan atasynyň elinden çekeläp dur. Atasy göwnemedi. ”Ýok, siz gidiň, köşek. Eneňizi şähere aýlaň, keýpden çyksyn. Men Aýly bilen Bagyr obasyna baryp gaýtmakçy. Kakow dostumy görmänime köp wagt bolupdyr. Ýatmakçy bolsak, jaň ederis” diýip çykyp gitdiler.
Ýene-de hälki hüjreli jaý bilen aman-sag aşak düşdük. Soňam Eşret janyň ulagyna mündük-de, şähere çykdyk. Gijäň birmahalyna cenli köp ýerlerik aýlandyk, hälem çagalaryň ýatar wagty boldy, ýogsam ýene-de aýlanjakdyk.
Ertesi, Eşret jan oglum bizi şäheriň demirgazygynda ýerleşýän Altyn asyr atly jygyldyk bazaryna alyp bardy. “Jygyldyk diýseň jygyldyk eken, atasy. Şeýle bir kän adam gördüm, şeýle bir kän adam gördüm, bazaryň içi adamdan ýaňa gurt düşen ýaly, mygyl-da-mygyl” diýip, şondaky gören täsinliklerimi öýe gelen dessimize gyzgyny bilen atasyna gürrüň bermäge başladym welin, ol muňa loh-loh edip güldi. Soňam: ”Bolýa keýwany, oba baranymyzda çaý başynda arkaýynlykda gürrüň beräýersiň” diýdi.
Dogrymy aýdýan, ynanaýyň, goňşular. Asyl adamlar jygyldyk güni topar-topar bolşup, şu ýerik eňäýýän oguşýa. Her kes alyş-berşe çykandyr-da! Ulag gerekmi, azyk, gök önümler, egin-eşikmi, mata-marlyk, hatda mal-garanyň satylýan ýerem bar eken-dä! Adamlar ikibir-üçbir bolşup, çaga-çugasyny yzyna tirkäp, aýlanyşyp ýörler. Her iki ädimdenem islän zadyň satylyp dur. Howasy welin petik, oba ýaly salkyn däl, günortanlaryna hasam epgek. Oglanlar bazardan alyş-beriş edip çykýançalar, eneli-ogul ikimiz maşynda esli garaşmaly bolduk. Ynha, bir görsem gyzlarymyz Ogulnurdyr Näzli dagylaram çagalaryny yzlaryna tirkäp deňimizden geçip barýar. Olar maňa Aşgabatda, jöwzaly tomsuň ýakyp-ýandyryp barýan çagynda, onda-da gel-gel jygyldyk bazarynda gabatlaşarys diýip pikirem etmändirler. ”Eje jan, bu dogrudanam sizmi? Nädip bu yssyda ýola çykyp bildiňiz, öňden ýaraňo-ga!? Käbäm, seni öýden çykarmaly däl ekenler-dä!”diýip, lukman gyzym Ogulnur jan oda-köze düşüberdi. “Meni gaýgy etmäň, ýagdaýlam gowy.Tomsuň yssysyny görmedikmi men. Muň yssysam jana dermandyr, sowugam. Onsoňam jygyldyga gidip-gelelim bäri Eşret jan meni ulagyndan düşürmedi, maşynynyň içi giň hem rahat, özem deňziň kenarynda çaý içip oturanyň ýaly, sap-salkyn” diýdim.
Eşret jan şol günüň ertesem, birigünem meni şäheriň iň gözel, gelim-gidimli ýerlerine aýlady. Aý, garaz üç günläp bolduk. Üç günde atasy ikimizi nirede oturtjaklaryny, näme iýdirip, näme içirjeklerini bilmediler.
Ogsoltan eje başyny galdyrman, uly buýsanç bilen, görüp gaýdan şäheriniň täsinlikleri hakynda häzirem şol bir gürrüň berip otyrdy, gürrüň berip otyrdy. Onda gürrüň berere zat kändi. Ýaňy bir Eşretleriň ýaşaýan jaýlaryndan, köp mähelleli, guşuň süýdi tapdyrdýan jygyldyk bazaryndan söz açypdy. Heniz gören köşki eýwanlary, suw çüwdürimleri, medeni seýil baglary, köp mähelleli stadionlar, saglyk ýoly, asma ýoly, ertekiler dünýäsi, janly muzeý, mähelleli söwda merkezleri barada aýtjak-goýjak zatlary ondanam kändi.
Gürlände-de, iki sözüniň birinde jennete öwrülen Aşgabadym bar diýip ak şäheriň gözel görküni dilinden düşürmeýärdi. Paýtagtyň bagtyýar, bagtly raýatlaryna gözüm gidýär diýýärdi. Şol bagtyýarlygyň miýesser eden ynsanlarynyň arasynda öz agtyjaklarynyň hem ine-gana ýaýnap-ýaşap ýörendikleri onuň depesini göge ýetirýärdi. Gürrüň berdigiçe, özüniňem güýç-kuwwat alan gojalan göwni ýigdelýärdi.
Hekaýalar