22:17 Entek urşuñ öñüni almak mümkinçiligi bar | |
ENTEK URŞUŇ ÖŇÜNI ALMAK MÜMKINÇILIGI BAR
Publisistika
Bertran Rassele N.S.Hruşýowyň jogaby Hormatly jenap Rassel! Siziň telegrammaňyzy alyp, ABŞ-nyň dünýäni urşuň gyrasyna eltýän agressiw hereketleri sebäpli howatyrlanýandygyňyz üçin, Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Siziň näme üçin tolgunýandygyňyz, ynjalyksyzlanýandygyňyz maňa düşnükli. Sowet hökümetiniň hiç hili paýhassyz karara gelmejegine, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň tutaryksyz hereketleri sebäpli gyzmalyk etmejegine, ABŞ-nyň hökümetiniň agressiw hereketlerinden ýaňa dörän, soňundan düzetmesi başartmajak ahwalatdan dynmak üçin elinde baryny etjegine Sizi ynandyrmak isleýärin. Uruş turzulmagyna ýol bermezlik üçin, biz özümize bagly bolan ähli zady ederis. Şu uruş turzulaýsa, onda onuň şol bada termoýadroly urşa, jahan urşuna öwrüljegine biz doly düşünýäris. Bu bize bütinleý aýdyň, ýöne şu krizisi döreden ABŞ-nyň hökümetine aýdyň däl bolara çemeli. Amerikan hökümeti diňe kuba halkyny, onuň hökümetini ýigrenýäni üçin däl-de, eýsem saýlaw öňündäki pähimlerden ugur alyp, saýlawyň öň ýanynda partiýalaryň arasynda çykarylýan hokga kellesi göçüp, şu paýhassyz ýola düşdi diýýärler. Ýöne beýle edilmegi dünýäni termoýadroly urşuň heläkçiligine eltip biljek akmaklyk ahyryn. Termoýadroly uruş turzulaýsa, öz paýhassyz hereketleriniň nämä getirip biljekdigi barada ABŞ-nyň syýasaty üçin jogapkärçilik çekýän adamlaryň oýlanmaklary gerek. Eger amerikan hökümetiniň agressiw syýasatynyň öňi alynmasa, beýleki halklar ýaly, Birleşen Ştatlaryň halky-da şeýle syýasat üçin millionlarça adamlary pida edip, haklaşmaly bolar. Jenap Rassel, biziň pozisiýamyza, biziň hereketlerimize Siziň düşünmegiňizi haýyş edýärin. Amerikan hökümetiniň garakçylyk hereketleriniň netijesinde dörän ýagdaýyň bar çylşyrymlylygyna akylymyz ýetip durka, biz şol hereketler bilen hiç hili formada-da ylalaşyp bilmeris. Eger biz döwletleriň arasyndaky aragatnaşyklarda garakçylyga we banditizme gylaw bersek, onda munuň özi halkara hukugynyň normalaryny berkitmäge, diýmek, döwletleriň arasyndaky, halklaryň, adamlaryň arasyndaky kadaly özara gatnaşyklaryna daýanýan hukuk düzgünlerini berkitmäge ýardam etmez. Şonuň üçin ABŞ-nyň hökümeti halkara hukugyny gödek depelese, bozsa, eger ol öz hereketlerinde paýhaslylyga eýermese, onda ýetjek hetdine ýeten ýagdaýyň kontrollyk etmäge baş bermezligi ümkin, şol ýagdaýyň ähli ýurtlaryň halklary üçin hesret baryny getirjek jahan urşuna öwrülmegi mümkin. Ine şol sebäpli-de, uruş heläkçiliginiň öňüni almak üçin häzir diňe bir Sowet Soýuzynyň, sosilaistik ýurtlaryň we dünýä krizisiniň jemlenen esasy ojagy ýaly bolup duran Kubanyň tagallalary gerek bolup durman, eýsem ähli döwletleriň, ähli halklaryň, jemgyýetçiligiň ähli gatlaklarynyň tagalla etmekleri zerurdyr. Eger şol heläkçilik gopaýsa, ol adamzady iňňän agyr netijelere sezewar eder, ol sagçylary-da, çepçileri-de gaýgyrmaz, parahatçylyk işini gorap saklaýanlary-da, bir çetde galmak isleýänleri-de gaýgyrmaz. Biz şeýle heläkçilige ýol bermezlik üçin mümkin bolan hemme zady ederis diýip, ýene bir gezek aýtmak isleýärin. Ýöne welin biziň tagallalarymyzyň ýeterlik bolup bilmejekdiginiň mümindigini nazarda tutmak gerek. Çünki biziň tagallalarymyz bilen mümkinçiliklerimiz bir tarapyň tagallalary, mümkinçilikleri ahyryn. Eger amerikan hökümeti özüniň garakçylykly hereketler etmek programmasyny durmuşa geçirse, onda biz, elbetde, öz hukuklarymyzy gorajak bolup hem-de halkara ylalaşyklarynda ýazylyp, BMG-nyň ustawynda beýan edilen halkara hukuklaryny gorajak bolup, goranmak serişdelerimizi agressoryň garşysyna ulanmaga mejbur bolarys. Biziň başga alajymyz ýok. Galtamany köşeşdirjek bolup, oňa ilki gapjygyňy, soňra paltoňdyr başga zatlaryňy bereniň bilen onuň saňa rehiminiň inmejekdigi, onuň talaňçylygyny bes etmejekdigi gaty mälim zat. Şeýtseň, gaýtam, onuň öňküsinden-de nili azar. Şoňa görä-de, wagşyçylykly kanunlaryň siwilizlenen adamlar arasynda edilýän gatnaşyklardaky kanunlara öwrülmezligi üçin, galtamany agyzdyryklamak gerek. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti sabyrlylyk etmelidir hem-de özüniň agyr netijelere getirip biljek garakçylykly haýbat atmalaryny durmuşa geçirmekden saklanmalydyr diýip, Sowet hökümeti hasap edýär. Uruş hem parahatlyk meselesiniň diýseň derwaýys meseledigi sebäpli, biz ýüze çykan ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, termoýadroly urşuň turmak wehimini ýoga çykarmakdan ötri elimizden gelenini etmek üçin, ýokary derejede duşuşmagy peýdaly diýip hasap ederdik. Raketa-ýadro ýaragy häli-häzir herekete giriziläýmäkä, entek urşuň öňüni almak mükinçiligi bar. Amerikanlar agressiýa edäýseler welin, beýle duşuşyk mümkin hem bolmaz, beýle duşuşygyň peýdasy hem degmez. Parahatlygyň ykbalyny alada edinip, ýüz tutanyňyz üçin, Size ýene bir gezek hoşallyk bildirýärin. Sizi tüýs ýürekden hormatlaýan N.HRUŞÝOW. Moskwa. 1962-nji ýylyň 24-nji oktýabry. “Edebiýat we sungat” gazeti, 27.10.1962 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |