01:52 Ependili degişmeler -4 | |
Surat: "Hoja Nasreddin Buharada" kinofilminden / "Özbekfilm", 1943 ý. ■ Guýrugy horjundadyr Ependi eşegini satmakçy bolup bazara alyp barypdyr, görse guýrugy laý bolupdyr. «Hyrydarlara ýaman görünmesin» diýip, derrew eşegiň guýrugyny kesip, horjunyna salypdyr. Bir adam: – Ependi, eşegiňizi alardym welin, guýrugy ýok eken – diýipdir. Ependi: – Eşegi halan bolsaň, gel, söwdasyny et, guýrugy horjundadyr – diýipdir. ■ Çyrany söndüräýmeseňiz... Ependi bir gije ulamalar mejlisinde oturan eken. Bir adam gelip: – Eý, Ependi, söýünji beriň! Aýalyňyzyň çagasy boldy – diýipdir. Ependi oňa buşluk berip, sylaglap goýberipdir. Birazdan soň ýene bir adam gelip: «Söýünji beriň!» diýipdir. Ony hem sylaglap goýberipdir. Şol wagt ýene bir adam gelip: «Ependi, size Allatagala täze myhman bagyş etdi, söýünji beriň!» – diýip, ol hem bir zat alypdyr. Soňra ogly gelip: – Kaka, ejemiň çagasy boldy, söýünji beriň! – diýipdir. Ependi: – Eý, oglum, meniň razylygyma seretseňiz, çyrany öçüriň, bolmasa, garaňky ýerde ýatan çagalar çyranyň şuglasyna tomaşa etmek üçin daň atýança çykarlar. Men olara çörek tapyp bermäge ejiz gelerin. Şu söýünjiler bilen hem işimiz tamam boldy – diýipdir. ■ Gündiziň günortany şäheriň ýoluny bilmezmiň? Bir gün Ependi towuklaryny kapasa salyp, başga bir şähere alyp barýan eken. Ol öz ýanyndan: – Biçäre towuklar yssydan horugyp öläýmesin. Gel-aý, şu görgüsi ýamanlary ýagty ýalança bir çykaraýyn. Az-kem öz peýwagtyna bir gezip görsünler – diýip, kapasanyň agzyny açypdyr. Gapy açylan badyna, towuklar wakgyldaşyp çykypdyrlar-da, her haýsy birýana dargap gidipdirler. Muny gören Ependi eline çybyk alyp, bir towugyň ökjesine münüp barşyna: – Gözedürtme garaňkyda daňyň atandygyny bilersiň-de, gel-gel, indi gündiziň günortany şäheriň ýoluny bilmezmiň? – diýip gygyrýarmyş. ■ Paltany goýarmy? Ependi her gün et getirse-de, aýaly bişirip iýip, Ependä: «It alyp gitdi» diýip aýdýar ekeni. Bir gün Ependi paltasyny getirip, sandygyň içine salypdyr. Aýaly: – Paltany näme üçin sandyga salýarsyň? – diýipdir. Ependi: – Eý, akmak, bir teňňelik eti alyp giden it on teňňelik paltany goýarmy?! – diýipdir. ■ Hiç kim ýeňsede galmasyn! Bir gün Ependi şägirtleri bilen şäherden daşary gezelenje gitmekçi bolup, ata ters münüp ýola düşüpdir. Şägirtleri pyýada barýan ekenler. Olar: – Eý, hezreti ussadymyz, näme üçin atyňyza ters mündüňiz? – diýipdirler. Onda Ependi: – Dogry aýdýarsyňyz, eger ata dogry münsem, arkam size tarap bolar, siz meniň yzymda bolarsyňyz. Eger siz öňümden ýöreseňiz, onda siziň arkaňyz maňa tarap bolar. Bu bolsa biedeplik bolar. Munuň ýaly münsem bolsa, hiç kim ýeňsede galmaz – diýipdir. ■ Ine, halwa alyp iýiň! Ependi ýaz paslynda eşek münüp uzak sapara gidipdir. Eşegi teşnelikden uly aryga özüni taşlapdyr. Gurbagalar böküp, warkyldaşypdyrlar. Olaryň sesinden ürken eşek suw içmezden, syçrap-syçrap, ýokaryk çykypdyr. Bu ýagdaýa Ependi şatlanyp: – Berekella, köl bilbilleri, hyzmatyňyzyň muzdy bolsun, ine, halwa alyp iýiň – diýip, dört-bäş teňňe puly suwa taşlap gidipdir. ■ Näme diýip aglarsyň? Günlerde bir gün Ependi hassalapdyr. Aýalyna: – Eger men ölsem näme sanawaç sanap aglarsyň? – diýipdir. Aýaly: – Her näme isleseňiz beýan ediň, men şonuň ýaly sanap aglaýyn – diýipdir. Ependi: – «Uzaklygyma goýman, ýakynlygyma doýman ölen ärim» diýip aglagyn – diýipdir. ■ Köwşüm ýerde galmasyn Ependi bir gün ýoldan barýar eken. Ýaş ýetginjekler agajyň düýbünde oýnap ýören ekenler. Ependini görenlerinde biri-birleri bilen maslahat edip, Ependini agaja çykaryp, köwşüni alyp gaçmagy ýüreklerine düwüpdirler. Ependi gelende: – Ependi aga, şu agajyň üstüne hiç kim çykyp bilmedi. Megerem, siz çykarsyňyz? – diýipdirler. Ependi: – Elbetde, çykaryn – diýip, köwşüni goltugyna salyp agaja çykypdyr. Ýetginjekleriň pirimi ýol almansoň: – Ependi aga, agajyň üstünde köwşi näme edersiňiz, ony bu ýere taşlaýyň! – diýipdirler. Ependi: – Ätiýaçlyk üçin aldym, agajyň üstünden öýüme gitmäge ýol bolsa, köwşüm ýerde galmasyn – diýipdir. ■ Çünki men öli Ependi bir gün uly ýabyň ýakasynda el-aýagyny uzadyp, öli ýaly bolup uka batypdyr. Bir adam gelip: – Bu ýabyň o tarapyna nähili geçilýär? – diýip sorapdyr. Ependi kellesini galdyryp, elini bir tarapa salgap: – Dirikäm-ä şu tarapdan geçýärdim. Indi haýsy ýerden geçip bolýanyny bilmeýärin, çünki men ölüdirin – diýipdir. ■ Bugdaý ekerin Ependi bir gün dellekhana baryp saçyny aldyrypdyr. Dellekçi onuň kellesiniň köp ýerini kesip ganadandan soň, pagta ýelmeşdiripdir. Ependi dellekçä: – Nähili gowy dellekçi ekeniň. Kellämiň ýaryna-a pagta ekipsiň, indi galanyna özüm bugdaý ekerin – diýipdir. ■ Ýerimi ulaltjak Ependi bir akmak adam bilen şäriklikde ýer satyn alypdyr. Soňra goňşularyna: – Men öz paýymy satýan, alarsyňyzmy? – diýipdir. Olar: – Näme üçin satjak? – diýip soranlarynda, Ependi: – Men ol ýeri satyp, puluna ýerimi ulaltjak – diýipdir. ■ Munuň syry näme? Ependi diri wagty deňziň ýakasyna gelip, ussalary çagyryp, olara özi üçin deňze golaý bolar ýaly oňaýly tabyt ýasadypdyr. Görseler, tabydyň bir gapdaly suwa çümüp barýan eken. Ol tabydyň gury tarapyndan iki sany berk agaç hem dikipdirler. Ony görenler haýran galyp, gülşer ekenler. Tabydyň töwereginde diwar bolmasa-da, öňünde bir derweze gurduryp, ondan bir gulp asyp goýupdyr. Käbir adamlar Ependiden «Munuň syry näme?» diýip sorapdyrlar. Ependi: – Her zada suw gerek, ölenimden soň jesedim teşne bolsa, deňziň çyglygyndan peýdalanar – diýip jogap beripdir. Köp wagt geçmänkä, ol pany dünýäden baky äleme göç edipdir. Garyndaşlary üýşüp, ony şol tabytda jaýlapdyrlar. ■ Men kimkäm?! Günlerde bir gün Ependi baga baryp ýatypdyr. Bir adam onuň uklap ýatanyny görüp, ýanyna baryp, sakgalyny syrypdyr. Birnäçe wagtdan soň Ependi oýanyp görse, sakgaly ýok. Ýerinden turup: „Alla janlarym, men kimkäm?!” – diýip, pikire batypdyr. Soňra: „Men öýe baryp soraýyn, «Ependi bar» diýseler, men başga adamdyryn. Eger-de «ýok» diýseler, men özümdirin” diýip, öýüne baryp, gapyny kakypdyr-da: – Ependi öýde barmy? – diýip sorapdyr. Ependiniň aýaly oňa: – Ependi bagda uklap ýatandyr – diýip jogap beripdir. Ependi: „Onda men Ependi ekenim” diýip, öýüne giripdir. ■ Bet bolansoň... Bir gün Ependi ýol bilen gidip barýarka, ýoluň üstünde ýatan kätmeniň ujundan basypdyr. Kätmeniň sapy galyp, Ependiniň maňlaýyna patlap degipdir. Ol öz-özüne: – Sen bet bolaňsoň, maňlaýyňa agajy patlatdylar – diýip gidiberipdir. ■ Bu seniňkimidi? Bir gün Ependi gidip barýarka, ýolda ýatan bir aýnany görüp, ony eline alyp, seredipdir welin, öz ýüzüni görüpdir. Ependi ony görüp: – Asyl, bu seniňkimidi? – diýip, taşlap gidiberipdir. ■ Gaýdyp soramaň! Günlerde bir gün Ependi akdan, garadan, gyzyldan gurnaşdyryp, bir uly telpek tikdiripdir. Telpegini geýip obada Hudaýguly atly bir baýyň hudaýýolusyna barypdyr. Sadakada her kim ondan: – Ependi, telpegiňi kim tikdi? – diýip sorapdyr. Ependi olaryň haýsy birine jogap berjegini bilmändir-de: – Adamlar, Hudaýguly baýyň beýik diňiniň töweregine ýygnanyň! – diýip, jar çekdiripdir. Adamlar «Ependi bir paýhasly adam, ýagşy gep aýdar» diýşip, aýdylan ýere ýygnanypdyrlar. Ependi orta çykyp: – Adamlar, meniň telpegimi Gurbandurdy telpekçi tikendir. Indi gaýdyp menden şuny soramaň! – diýip, adamlary dargadypdyr. ■ Etjegimi, özüm bilýärin Günlerde bir gün Ependi eşeginiň torba¬syny ýitiripdir. Ol: – Eşegimiň torbasyny tapsaňyz-a tapany¬ňyz, tapmasaňyz, etjegimi özüm bilýärin – diýip, adamlaryň arasynda jar çekipdir. Halaýyk bu jary eşidip „«Bu bir uly bilimdar adamdyr. Geliň, munuň gaharyny getirmäliň, torbasyny tapyp bereliň» diýip, maslahat edipdirler. Gözläp-gözläp, ahyry onuň torbasyny tapypdyrlar we Ependä eltip berip: – Ine, Ependi, seniň eşegiň torbasy, ýöne, sen aýt, eger torba tapylmasa, sen näme etjekdiň? Çünki sen „«Torbamy tapyp bermeseňiz, etjegimi özüm bilýärin» diýipdiň – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – «Etjegimi özüm bilýärin» diýdigim, bir köneje horjunym bardy, şony ortasyndan ikä bölüp, iki sany torba etjekdim – diýip jogap beripdir. ■ Hiç ynanma! Günlerde bir gün Ependi hammal bolup bazara çykýar. Bir söwdagär ony görüp, özüniň horjun doly käse-çäýnegini bazardan öýüne alyp gitmegini sorapdyr. Ependi hem: – Zähmet hakyna näçe tölejek? – diýip sorapdyr. – Zähmet hakynyň ýerine saňa üç sany nesihat söz aýtjak – diýip, söwdägar jogap beripdir. Ependi onuň teklibini kabul edip, horjuny gerdenine alyp ugrapdyr. Bular ýaňy ýola düşenlerinde Ependi söwdagäre: – Hany, birinji nesihatyňy aýt! – diýipdir. Söwdagär bolsa: – «Açlyk doklukdan gowy» diýseler, ynanmagyn – diýipdir. Bu manysyz söz Ependä hiç täsir etmändir. Näme-de bolsa ol hiç zat diýmän, söwdagäriň yzyndan gidiberipdir. Olar orta ýola baranlarynda Ependi söwdagäre: – Ikinji nesihatyňam aýt! – diýipdir. Söwdagär: – Uzak ýola gideňde «Pyýada atlydan gowy» diýseler, ynanmagyn – diýipdir. Ependi bu manysyz sözi eşidende hem hiç zat diýmändir. Ýöne aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkap gidiberipdir. Soňra olar söwdagäriň öýleriniň gapysy¬nyň agzyna gelip duranlarynda, Ependi: – Üçünji nesihatyňy hem aýt, eşideli – diýipdir. Onda söwdagär: – «Dünýäde seniň ýaly akmak bar» diýseler ynanmagyn – diýipdir. Bu söze Ependiniň birden gahary gelipdir. Ol gerdenindäki horjuny eline alyp, bulap-bulap, başyndan aşyryp, ýere urup¬dyr-da: – Saňa hem «Uly horjunyň içindäki zatlaryň biri döwülmän galdy» diýseler, sen hem ynanmagyn – diýip gidiberipdir. ■ Ýene bir ursaň... Günlerde bir gün Ependi horjunynyň iki gözüni hem owunjak jürdejiklerden dolduryp, bazara alyp barýan eken. Onuň öňünden eli taýakly biri çykyp, taýagy bilen horjunyň bir ýanyna kakyp: – Ýeri-ow, bazara nämejik alyp barýaň? – diýip, Ependä ýüzlenipdir. Ependi: – Beýle tarapyna-da şeýle kakaýsaň, hiç zat – diýipdir. ■ Ependiniň bazardan ýag satyn alşy Bir gün Ependi ýag almakçy bolup bazara gidipdir. Bazara baryp et-ýag satyp oturan gassaba: – Bir kirbenke ýag bersene! – diýip, puluny we käsesini uzadypdyr. Gassap: – Hany, tut gabyňy – diýip, ergin ýagy onuň käsesine guýmaga başlapdyr. Bir kirbenke ýagyň hemmesi käsä sygman¬dyr welin, gassap: – Ependi, başga gabyň ýokmydy? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Ine, bar – diýip, käsesiniň beýlesini agdaryp, ýagyň galanyny käsäniň beýle tarapyna guýdurypdyr. Ependi şonluk bilen ýagy öýüne alyp gelipdir. Aýaly ondan: – Bir kirbenke ýag diýip, getiren ýagyň hemmesi şujagazmy? – diýip soranda, ol: – Ýok, keýwany, köpüsi käsäniň beýleki ýüzündedir – diýip, käsäni beýleki tarapyna agdarypdyr welin, barja ýagy hem dökülipdir. ■ Her kesiň maly gözüniň öňünde bolsa gowy Günleriň bir gününde Ependi sakgyç çeýnäp ýörşüne, agzy ýadansoň, agzyndaky sakgyjyny alyp, burnunyň gapdalyna ýelmäp goýupdyr. Adamlar: – Eý, Ependi, näme üçin çeýnäp ýören sakgyjyňy burnuňa ýelmäp goýupsyň? – diýip soranlarynda, ol: – Her kimiň maly gözüniň öňünde bolsa gowy – diýip jogap beripdir. ■ Gowy bolsa satjak däl Günleriň bir gününde Ependi sygryny satmak üçin bazara alyp gidipdir. Bazarda onuň sygryny hiç kim almandyr. Ahyry biri gelip: – Ependi, bu sygryňy dellala ber. Ol ony gowy satyp berer – diýýär. Ondan soň Ependi sygryny satdyrmaga dellala berýär. Dellal sygry bazarda gez¬di¬rip ýörşüne adamlar onuň daşyna üýşüpdirler. Dellal adamlara sygry taryplap: – Bu sygyr üç guzlan, özem süýtli, oňat häsiýetli, tüýs tohum sygyrdyr – diýensoň, Ependi: – Bu hili gowy sygyr bolsa, men satjak däl – diýip, sygry dellaldan alyp gaýdypdyr. ■ Hiç zat iýemok Bir gün Ependi ýelli howada eşeginiň üstünde talhan iýip barýan eken. Talhany agzyna atjak bolanda, her gezek agzyna talhandan zat düşmän, ýeliň ugruna gidýär eken. Şol wagt öňünden bir adam çykyp: – Ependi, näme iýýärsiň? – diýip soranda, ol: – Ýeliň şu öwsüşi bilen hiç zat iýemok – diýip jogap beripdir. ■ Enşalla, äriňdirin! Günlerde bir gün Ependi aýalyna ýüzlenip: – Men bazara goýun almaga gitjek – diýipdir-de, aýalyndan pul alypdyr. Aýaly hem: – Kakasy, «enşalla» diýsene – diýipdir welin, Ependi jübüsine elini urup: – Päheý, jübümde pul barka, enşalla nämä gerek? – diýip, bazara gidipdir. Wagt giç bolupdyr. Ýolda ýatmakçy bolanda puluny nirede goýjagyny bilmän, ahyry bir agajyň şahasyndan asyp goýmakçy bolýar. Munuň şahada goýanyny geçip barýan oglanlar görüp, Ependi uklan badyna agaja dyrmaşyp, puluny alypdyrlar. Ependi ukusyndan oýanyp, agajyň ýanyna puluny almak üçin barypdyr. Görse, goýan ýerinde puly ýok. Dolanyp öýüne gelýär. Gelip öýüniň gapysyny kakýar. Içerden aýaly: – Kimdir gapyny kakýan? – diýende, Epen¬di: – Enşalla, äriňdirin! – diýip, jogap berensoň, aýaly gapyny açypdyr. ■ Ikiňiz paýlaşyň! Ependi bir gün bir adama sögüpdir. Ol adam onuň ýakasyndan tutup, kazynyň ýanyna alyp barypdyr we: «Şeýle-şeýle, şu adam maňa sögdi» – diýip, Ependiniň üstünden şikaýat edipdir. Onda kazy: – Eý, Ependi, munuň aýdýany dogrumy, sen şu adama sögdüňmi? – diýip sorapdyr. Ependi: – Hawa, kazy aga, garaz, şeýle bir iş boldy, men şu adama sögdüm – diýipdir. Kazy: – Onda sen şu adama bir gyran jerime bermeli bolarsyň – diýipdir. Ependi jübüsinden bir goşa gyrany çykarýar-da: – Kazym, meniň ýanymda şundan artyk pul ýok. Oňa görä-de seniň pylanyňy pylan...! Me, şu iki gyrany ikiňiz paýlaşyň! – diýip, çykyp gidiberipdir. ■ Pişik nirede?! Günlerde bir gün Ependi bazardan iki kilogram et satyn alypdyr. Eti öýe getirip: «Agşam keýwany bişirer» diýip, goýup gidipdir. Agşam dolanyp gelende aýaly jazsyz, ýagsyz jöwen ýarmasyny onuň öňünde goýupdyr. Ependi görse, içinde etden hiç zat ýok. – Wah, keýwany, munda tagam-tagsyr ýok, hany, meniň satyn alyp getiren etimden birneme atsaň bolmaýarmy? – diýipdir. Ependiniň aýaly ol eti bişirip boýdaşlary bilen iýen eken. Onsoň aýaly: – Wah, neme-le, eti dograp atjakdym welin, eti goýan ýerimden pişik alyp gidäýipdir – diýen. Onda Ependi: – Pişik iýipmi? – diýip sorapdyr. – Hawa. – Haýsy pişik? – Ine, şu pişik. – Bar, onda terezini getir! Aýaly terezini getiripdir. Ependi pişigi terezide çekipdir welin, agramy etiň agramy bilen deň gelip duruberipdir. Ependi: – Eti iýen şu pişikmi? – diýip, ýene-de sorapdyr. – Hawa. – Onda et nirede? Eger şu et bolsa, onda pişik nirede?! – diýipdir. ■ Ikigat gazan Ependi bir gün bazara gidip, et satyn alyp gelýär-de, aýalyna: – Şu eti bişir – diýipdir. Aýaly: – Nämede bişireýin, gazanymyz ýog-a – diýipdir. Ependi: – Goňşulardan alaýsana – diýipdir. Aýaly: – Meniň ýüzüm garadyr, öňem alan zadymy wagtynda berip bilemok, özüň alaýmasaň – diýipdir. Ependi «Bolýar» diýip gidýär-de, goňşusyndan gazan soraýar. Goňşusy Ependiniň üstünden gülmek üçin: – Hä, gazanym-a beräýerdim welin, gazanym iki gatdyr – diýipdir. Onda Ependi: – Aý, goňşy, arkaýyn bol, gazanyňy özüňdenem gowy edip saklaryn – diýipdir. Ependi gazany alyp aýalyna eltip beripdir. Aradan birki gün geçipdir. Goňşusy: – Ýeri goňşy, gazany hiç getirmediň-le! – diýipdir. Onda Ependi: – Wah goňşy, seniň aýdanyň dogry eken. Gazanyň ikigat eken. Aýy-günem ýetipdir. Ýolda oglany boldy-da, ýaş üstünden öläýdi – diýipdir. ■ Töhmet Bir gün Teýmirleň Ependini ýanyna çagyryp: – Düýn pylan ýerde meniň zalymlygym hakda gürrüň edipsiň. Kelläň bedeniňe artykmaçlyk edýän bolaýmasyn!? – diýip gaharlanypdyr. Ependi geň galyp: – Patyşanyň jany sag, ömri uzak bolsun! Meniň diňe hiç kimiň bilmeýän-eşitmeýän zatlary hakda gepleýän dilim seniň özüňe mälim ahyry. Seniň zalymlygyň bolsa, hemme kişä mälim, uly-kiçi diýmän hemmeler seniň pähimsizligiň hakda gürrüň edýär. Men iliň bilýän zadyny gaýtalap durar ýaly ýaňra däl. Kim saňa aýdan bolsa, maňa töhmet atypdyr – diýip jogap beripdir. ■ Ynanmaz Bir gün Teýmirleň Ependiniň oglunyň akylyny synap, atasyna mynasyp oguldygyny bilmekçi bolupdyr-da, oňa bir teňňe pul beripdir. Ependiniň ogly puly alman, yzyna gaýtarypdyr-da: – «Kişiden pul alma» diýip, ejem maňa tabşyrypdy – diýipdir. Teýmirleň ony öwüpdir: – Berekella, şeýtseň gowy, emma men ýurduň şasy ahyryn, ejeň meniň saňa pul berenimi bilse saňa käýinmez – diýipdir. Onda oglan: – Ýok, men ony alyp bilmen, ejem bu puly senden alanyma asla ynanmaz. Ol „ «Eger ýurduň şasy bolup, sylag berjek bolsa, onuň sylagy bir teňňe bolmaz» diýer-de, meni urar – diýip, Teýmirleňi utandyrypdyr. ■ Onuň zeleli ýok Günlerde bir gün Ependi şähere göçüpdir we köp ýyllardan bäri süýşürenje puluna bir jaý salypdyr. Bir gün Teýmirleň Ependiniň üstünden gülmekçi bolup, wezir-wekilleri bilen onuň öýüni görmäge barypdyr. Ol jaýyň hemme ýerine aýlanyp görenden soňra, nahar bişirilýän otaga garap, ýüzüni turşadypdyr-da, onuň örän kiçi hem dardygyny aýdypdyr. Onda Ependi: – Tagsyr, onuň zeleli ýok. Munuň ýaly adamlaryň aşhanasy kiçi hem-de dar bolmasa, siziň ýalylaryň köşgi uly hem giň bolmaz ahyryn – diýipdir. ■ Parasatly häkim ibersinler! Teýmirleňiň häkimlik eden zamanynda bir şäheriň ilaty gozgalaň edip, şäheriň häkimini zyndana salypdyr, beýleki emeldarlary hem kowupdyrlar. Teýmirleň bu habary eşidip, gaty gaharlanypdyr we goşun sürüp, ol şäheriň ilatyna jeza bermäge gidipdir. Gozgalaňçylar şäheriň derwezesini bekläp, goranmaga başlapdyrlar. Teýmirleň telim gezek çozsa-da, ýeňiş gazanyp bilmändir. Şonda ol öz paýtagtyna çapar iberip: «Bir topar atly we pyýada goşun, bir topar hem ok atyjy we gaýry goşun ibersinler» diýip, aýtmagy oňa tabşyrypdyr. Bu gürrüňi eşiden Ependi: – Şu zatlaryň hiç biri hem gerek däl, iň gowusy, bir parasatly häkim ibersinler, şonda uruş hem bolmaz, gaý hem bolmaz – diýip, maslahat beripdir. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |