20:19 Ependili degişmeler -12 | |
Surat: "Yana o'sha Nasriddin" kinofilminden / Özbegistan ■ Kazynyň «kölegesi» Ependi bir gün baş kazynyň ýanyna baryp, ondan welaýatlaryň birine özüni kazy bellemegini haýyş edipdir. Emma ol welaýatlaryň hemmesinde hem kazylyk orunlaryň eýelidigi üçin: – Şu wagt bize kazy gerek däl – diýip, onuň möhümini bitirmändir. Onda Ependi nähili-de bolsa şäherden özüne laýygrak bir wezipe berilmegini sorapdyr. Ýöne kazy Ependiniň bu haýyşyny hem bitirmändir. Ependi haýsy gullugy diýse-de, kazy bir ba¬hana bilen oňa wezipe bermekden boýun gaçyrypdyr. Ahyry bolmansoň, Ependi: – Kazym, aňrujy maňa ýagşylyk etjegiňiz çynyňyz bolsa, onda heniz hiç kimiň ýerine ýetirmedik, hiç wagt hiç kim tarapyndan basdaşlyk edilmejek, özem häzir boş duran bir wezipäni sizden dilejek. Ondan ne hökümete, ne halka, hiç kime zyýan ýetjek däl. Emma siziň özüňize welin, peýda boljak. Ol sizi çözüp bolmajak dawalar barada baş agyrdyp oturmakdan dyndarjak – diýipdir. Kazy muňa razy bolup: – Ýagşy, aýt hany, o nähili gullukmyş? Eger şeýle wezipe bar bolsa, men ony saňa bereýin – diýipdir. Ependi: – Siz meni öz ýanyňyza kazynyň «kölegesi» edip belläň! – diýipdir. Bu wezipe hem, onuň ady hemmeleriň göwnünden turupdyr. Kazy: – Bolýar, seni kazynyň «kölegesi» edip belläýerin, ine, bu-da saňa oturar ýaly jaý – diýipdir. Ependi bu jaýda ýazuw-pozuw eder ýaly zerur esbaplary goýuşdyrypdyr. Ol şeý¬dip kazynyň «kölegesi» wezipesinde işe başlapdyr we gün yrman öz gulluk wezipesine gatnapdyr. Günlerde bir gün bir adam öz dawagäriniň golundan tutup gelipdir we kaza ýüzlenip: – Tagsyr, bu adam maňa bermeli bergisini berenok – diýip arz edipdir. Kazy: – Sen ondan näme talap edýärsiň? – diýip sorapdyr.Algyly: – Şu adam Syrajetdin baýa otuz arka odun aýryp berdi. Ol paltany her sapar aýlap sa¬landa, men onuň «hähini» berdim. Mahlasy, şol odunyň aýrylmagynda meniň hem ýetdik kömegim bar. Ynha, indi ol odun aýrany üçin pul aldy, menem indi ondan öz hakymy dileýän welin, pulumy bermekden boýun towlaýar – diýipdir. Kazy bu dawadan baş çykaryp bilmän, bergilä ýüzlenip: – Şu hakykatdan hem şeýle boldumy? – diýip sorapdyr. Ol hem «hawa, şeýle boldy» diýip baş atypdyr. Kazy bu dawany nädip açjagyny bilmän ýaýdanypdyr. Ol kelebiň ujuny ýitirip, bu dawadan uç tapman otyrka, birden onuň ýadyna kazynyň «kölegesi» düşüpdir. Ol dawagärlere garap: – Bu maňa degişli däl! Munuň ýaly işlere, ine, şu garşyňyzdaky jaýda oturan kazynyň «kölegesi» garaýar – diýip, başyndan sowupdyr. Dawagärleri özüniň hyzmatkärleri bilen Ependiniň üstüne iberipdir. Özi hem bu tapan çykalgasyna keýp edip «hany näderkä?» diýip, tutynyň aňyrsynda diňläp durupdyr. Ependi dawagärleriň ikisini-de diňläpdir. Soň algyla ýüzlenip: – Hawa, seniňki hak, ol her sapar paltany aýlap salanda, sen derläpsiň, uly azap çekipsiň. Emma puluň hemmesini onuň ýeke özi alypdyr. Hiý, şeýle bihaýalygyň görlüp-eşidilen ýeri barmy? Elbetde, ýok. Şonuň üçin seniňki dogry – diýipdir. Muňa bergili çydam edip durup bilmändir. – Rehimiň gelsin, Ependi, oduny aýran men ahyryn! Ol bolsa ýöne meniň garşymda durup «hähini» bermekden başga hiç zat etmedi. Onuň pulda näme algysy bar? – diýipdir. Ependi oňa: – Sesiňi çykarma, sen heniz bu zatlara akyl ýetirerden gögele bolýaň. Basymrajyk bol-da, maňa pul sanamak üçin tagta getirip ber – diýipdir. Tagta getirilensoň, Ependi odun aýran adamdan pul alyp, ýeke-ýekeden puly ýokardan taşlap başlapdyr. Ependi odun aýrana «ýere gaçan pullary almaly» diýen hökümi çykarypdyr. «Hähini» berene bolsa: – Senem ýetiş-de, puluň tagtadan çykýan sesini al! – diýipdir. ■ Bu dünýäniň işi bulam-bujardyr Bir gün Ependiniň goňşusy toý edip, süýtlaş bişiripdir. Ependi bilen aýaly öýlerinde aç oturan ekenler. Saçak ýazylyp, nahar çekmekçi bolnanda, ozalky dilleşik boýunça Ependi aýalyny «ýençmek» üçin eline taýak alyp, kowalap başlapdyr. Goňşusy bulary görüp, köşeşdirmek üçin öýüne çagyrypdyr-da, tabagyň başynda oturdypdyr. Ependi nahar öňe alnandan soň wagt geçmänkä, süýtlaşyň üstüne atylan ýagyň öz öňündäki bölegini iýip gutarypdyr. Emma tabakdaşynyň öňündäki ýag heniz hem duran eken. Edil şol wagt tabakdaşy Ependiden: – Aýalyň bilen näme paýlaşyp bilmeýän zadyň bar? – diýip sorapdyr. Ependi: – Men bu aýala bu ýol bilen git diýýärin welin, ol bu ýol bilen gidýär – diýip, barmagy bilen çyzyp, tabakdaşynyň öňündäki ýagdan öz öňüne çekipdir. Aýalym hem: – Ýok, meniň bu ýol bilen gidesim gelenok, bu ýol bilen gitjek – diýýär diýip, goňşusynyň öňündäki ýagyň galanyny hem öz öňüne syrykdyrypdyr. Tabakdaşy hem ýagyň hemmesiniň tabagyň beýle gapdalyna akyp gidenini görüp, şol bada Ependiniň mekirligini aňypdyr. Ol hem: – Aý, hawa-da, dogan, bu dünýäniň işi bulam-bujardyr – diýäge-de, tabakdaky aşy barmagy bilen garym-gatym edipdir. ■ Ependiniň gaýgysy Günlerde bir gün Ependiniň aýaly ölüpdir. Emma onda gaýgy-gussadan nam-nyşan hem ýokmuş. Şondan ep-esli wagt geçenden soň, onuň eşegi ölüpdir. Ependi gaýgy-gama batyp, ýas tutupdyr. Dostlary ondan: – Ýeri, Ependi, bu näme etdigiň? Aýalyň ölende beýle gussa batmandyň-la? Eşegiň öleli bäri indi on gün geçdi welin, seniň gözüň ýaşy henizem kepänok?! – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Meniň aýalym ölende, goňşy-golamlar, ýakyn garyndaş, dost-ýarlar ýygnanyşyp: «Ependi, gaýgy etme, müň gaýgy bir iş bitirmez. Başa gelenini sowsun. Biz saňa has gowrak aýal tapyp beräýeris» diýip, göwünlik berdiler. Ynha, indi eşegim öldi welin, ýanyma gelýänem ýok, göwünlik berýänem – diýip jogap beripdir. ■ Ependi gedem oglany aldaýar «Meni aldap bilen bolmaz» diýip, gören ýerinde öwnüp ýören bir oglan bar eken. Epen¬di heniz ýaş ýigitkä hem ondan şu gürrüňi ýygy-ýygydan eşidýär eken. Bir gezek onuň gaty gahary gelip, ol oglana: – Sen şu ýerde biraz garaş. Men derrew gelerin. Onsoň men seni aldamaga bir çäre taparyn – diýip gidipdir. Oglan birnäçe sagatlap, irikkä bolup durupdyr. Asyl Ependi yzyna köwlenmändir. Şol wagt onuň ýanyna bir deň-duşy gelip: – Sen kime garaşýaň, hüňürdiň näme? – diýip sorapdyr. Oglan bolşy ýaly gürrüň beripdir. Gelen oglan bu ýigdekçäniň akmaklygyna gülüp: – Saňa indi dagy näme gerek? Aldabilipdir-le, kişi! – diýipdir. ■ Buýruk şeýle Günlerde bir gün Ependi gowrulan towuk iýip otyrka, bir adam gelipdir-de: – Ependi, maňa-da birazajyk dadyraýsaň – diýipdir. Ependi: – Dogan, bu towuk meniňki däl, aýalymyňky – diýipdir. Onda ol: – Sen özüň-ä iýip otyrsyň – diýende, Ependi: – Dagy nädeýin, aýalymyň buýrugy şeýle – diýip jogap beripdir. ■ Bu-da heniz kiçi bolýar Ependiniň medresede okadýan wagtlarynda ýarag götermek gadagan edilipdir. Bir gezek Ependi medresä baranda, onuň jübüsinde du¬ran ýoňsuz gama daşyna dürterip duranmyş. Ony tutup, şäher häkiminiň ýanyna eltipdirler. Häkim gaharlanyp: – Eýsem, hökümetiň buýrugy saňa ýörä¬ nokmy? Näme sen gündiziň günortany şeýle ýoňsuz ýaragy göterip ýörsüň – diýip azgyry¬ lypdyr. Ependi: – Tagsyr, okuw wagtynda men bu zat bilen talyplaryň ýalňyşlaryny görkezýärin – diýipdir. Häkim has gazaba münüp: – Sen näme, meni oýnajak bolýarmyň? Heý, şeýle ullakan pyçak bilenem, ýalňyş gör¬ kezilermi? – diýip gygyrypdyr. – Päheý, tagsyr, käte şeýle bir ýalňyşlyk edýärler welin, bu-da heniz kiçi bolýar – diýip jogap beripdir. ■ Ependiniň gämiçilere beren jogaby Ependi ýelkenli gaýyk bilen birýana barýar eken. Ýolda güýçli gaý turup, ýelkeni ýyrtypdyr. Ependi gämiçileriň bogaldaga dyrma¬şyp, ýelkeni daňyşlaryny görüp: – Tentekler diýsänim, näme gaýygyň depesinde sermenişip ýörsüňiz, gaýgyň düýbi yranýar ahyryn, ony aýagyndan daňyň – diýip gygyrypdyr. ■ Gyzylly huma öwrülermikä? Günlerde bir gün Ependi meýdanda ýer sürüp ýörkä, azaly altynly huma degipdir. Ol humy görüp, haýran galyp: – Men muny hiç kime görkezmän, göni hana tabşyraýyn – diýen netije gelipdir. Ine, şeýle pikir bilen ol irgözin öýüne gaýdypdyr. Bu ýagdaýda bir syryň bardygyny aýaly bada-bat aňypdyr. Ol ärine nahar beripdir-de, onuň anygyna ýetmegiň kül-külüne düşüpdir. Ol Ependiniň horjunyny açyp görse, bir hum ýatan eken. Ol humy alypdyr-da, ýerine daş salyp goýupdyr. Ependi naharyny iýip bolansoň, derrew häkimiň ýanyna ug¬rapdyr. Baryp görse, häkimiň ýanynda bir topar ýat adam bar eken. Ependi ol adamlaryň ýanynda habaryny aýtmaga çekinip, horjunynda bir zadyň bardygyny duýduryp, üm bilen häkime yşarat edipdir. Häkim bolsa: – A-how, ýakynrak gel-de, habaryňy ber. Horjunyňda hem näme bolsa görkeziber, goý, uly il görsün – diýipdir. Ependi oturan¬laryň ýanyna gelipdir. Horjuny başaşak tutup silkipdir welin, onuň içinden bir tok¬ga daş ýere gaçypdyr. Ine, bir masgaraçylyk. Mejlisdäkiler haýran galyp, Ependä garapdyrlar. Ependi aljyrapdyr. Şol bada hem özüni dürsäp: – Şu daşy göterip, alan ýerime eltäýsem, gyzylly huma öwrülermikä? – diýipdir. ■ Her kişiniň ýüregi meniň ammarym däl Ependiden: – Biziň şäherimizde syr saklamagy başarýan adam bardyr öýdýäňmi? – diýip sorapdyrlar. Ol hem: – Her kişiniň ýüreginiň meniň amma¬rym ýaly arassa däldigini bilýärin. Şonuň üçin henize çenli men kişä syryny paş eden adam däl – diýip jogap beripdir. ■ Seni düşüren tapylmasa gerek Ependi heniz çagaka şähere gelende azançynyň minara çykyp, azan aýdyp duranyny görüpdir. Ependi azançy düşüp bilmän, töwerekden dalda isläp gygyrýandyr öýdüp: – Agam, çykan ýeriň şol bolsa, näçe zowlatsaň hem seni düşüren tapylmasa gerek – diýipdir. Iliň gepinden gaçyp gutulyp bolmajak eken Ependi öz ogly bilen bir oba gidipdir. Ol ogluny eşege mündürip, özi hem gapdaly bilen pyýadalap ugrapdyr. Bularyň öňlerinden çykanlar bu ýagdaýy görüp: – Päheý, ýigide bak-a! Alymlykda ile meş¬hur atasyny pyýada ýöredip, özi hem eşege münüp barýar – diýşip, geň görüpdirler. Şonda ogly Ependä ýüzlenip: – A-how, kaka, men saňa aýtdym ahyryn! Keçjallygyňa tutma-da, gel, indi, mün eşege! – diýipdir. Ependi şondan soň eşege münüpdir. Olar şu gidişde ep-esli ýol ýöräpdirler. Öňlerinden ýene birentek adam çykypdyr. Bu adamlar Ependiniň özüniň eşege münüp, oglunyň hem pyýada barýandygyny görüp: – A-how, Ependi, janyň sag halyňa eşege münüp barmaň näme? Çöp ýaly arryk, ýaşajyk çagaňy şeýle horlamaga neneň dözýäň? – diýipdirler. Bu gürrüňden soň, Ependi oglu¬ny-da eşege mündüripdir. Olar syrtlaşyp gidiberipdirler. Ependi dagy şu baryşlaryna az-kem ýol geçip-geçmänkäler, öňlerinden ýene bir topar agzyboş adam çykypdyr. Olar Ependi bilen oglunyň bir eşege syrtlaşyp barýandyklaryny görüp: – Beýle-de bir rehimsiz adamlar bolar eken. Ýumruk ýaly eşegiň üstüne iki adam bolup münüp, uzak ýola gidilenini heý, görüp-eşiden barmy? Görüň, bu asyl Ependi bolmaga çemeli. Kime-kime, ýöne, Ependä-hä beý¬le rehimsizlik gelişýän zat däl – diýipdirler. Ependiniň muňa gahary gelipdir. Ilki özi eşekden düşüp, soň ogluny-da düşürip¬dir. Şeýdip, ataly-ogul eşeklerini öňlerine salyp gidiberipdirler. Ep-esli salym ýöränlerinden soň, olaryň öňlerinden ýene bir topar adam çykypdyr. Olar: – Bu akmaklary gör-ä! Eşeg-ä boş, öňlerinden selpäp barýar, bular hem yssynyň için¬de öljek bolşup, pyýada süýrenişip barýarlar. Her ýerde akmak adamlar bar-ow! – diýipdirler. Ependi muny eşidip: – Tüýs: „«Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup» diýleni şu boldy-ow! Asyl bu iliň gepinden gaçsaň, öz ogluňa-da, eşegiňe-de erkiň ýetmejek ekeni-ow! – diýip hüňür¬däp¬dir. ■ Ependi hurma iýýär Bir gün Ependiniň aýaly äriniň hurmany şänigi bile ýuwudyp oturanyny görüpdir. Aýaly: – Weý, sen hurmanyň şänigini hem ýuwdup otyrsyň öýdýän – diýip ýüzlenipdir. Ependi: – Ýogsa näme? Iýilmeýän zat bolsa, satyjy onuň bahasyny kemerdi ahyryn – diýip jogap beripdir. ■ Ependi we çagasy bolmaýan gelin Günlerde bir gün goňşusy gelni bilen Epen¬dilere barypdyr. Ol öz gelniniň önelgesizliginden zeýrenipdir. Gelin görgüli hem bir dulda ýer dyrmap oturanmyş. Gaýnene bolsa uludan dem alyp, sözüni dowam etdiripdir: – Wah, daň atdygy äri bir dulda, aýaly hem bir dulda gözlerini balkyldadyp, gaýga batyşyp otyrlar. Bolup oturyşlaryny görüp, bagrym para-para bolýar, ýüregim gyýym-gyýym gyýylýar. Aralaryna bir saýranda diline guwanylyp, ýörände ýoluna guwanylyp oturan güýmenjejik geläýmese, ol öý asyl öýe meňzejek däl, edil suwy sowlan degirmen ýaly. Sen özüň gowy bilýäň. Hudaý ryzasyna, al-arwahlary kowýaňmy, ýa ýüzärlik tütedip, tüsseden ätledýäňmi, ýa bir däri-derman ed¬ýäň¬mi, garaz, bir alaç et! – diýip, ol aýal Ependiniň başyny-gözüni aýlapdyr, aljy¬ra¬dypdyr. Ependi ilki bir «eýleň-beýleň» diýip başlapdyr. Soň ol bir zat ýadyna dü¬şen ýaly bolup, gelne ýüzlenipdir. – Gyzym, seniň munyň ata-baba miras bo¬lup, tohum yzarlaýan bolaýmasyn? Belki, seniň eneňden hem çaga bolan däldir – diýen¬miş. ■ «Eýerlenen» Ependi Bir şäher häkimi aýalyny örän gowy görýän eken. Aýaly bolsa, mundan peýdalanyp, döw¬let işine-de gatyşar eken. Her işi halanyça çözýärmiş. Halan adamsyny gulluga alyp, gullukdan çykarýarmyş. Uly emeldäki adamlar Ependiniň ýanyna gelip, muňa bir alaç etmegini sorapdyrlar. Ependi şäher häkiminiň ýanyna barypdyr. Oňa her hilli mysallar getirip, aýallara erkiňi bermeli däldigini ynandyrypdyr. Şondan soň näzi çekilýän aýal äriniň ýanynda jyňkyny-da çykaryp bilmändir. Ol bu ýagdaýyň kimden ýetendigini bilmekçi bolupdyr. Ahyrda belanyň körüginiň Ependidigini bilip, ondan ar almagyň kül-külüne düşüpdir. Ol Ependiniň aýalyny gysymyna gysypdyr. Ependi nirä gitse-de, gaýdyp gelen dessine häkimiňkä myhmançylyga barmak endigi bar eken. Ependiniň aýaly şu pursata garaşyp ýören eken. Ependi bu gezek häkimiň ýanyna ugrajak bolanda, şäher häkimini hem onuň aýalyny öz öýüne çagyrmaga yrypdyr. Häkimiň çagyrylan güni Ependi aýaly bilen bälçireşip, myhmanlara garaşyp otyr¬myş. Birden aýaly näz etmäge başlapdyr, ärini dürtgüläp, bizar edipdir. Ol: – Eşidýärmiň, men daşarda haýatdan asyl¬gy eýer gördüm. Şony getir. Meniň gö¬wün açasym gelýär – diýipdir. Erkini aldyran Ependi «ýok» diýip bilmän, derrew baryp, eýeri alyp gelipdir. Aýaly aýnap, göz gypyp, sypap-sermäp, usulluk bilen Ependini eýerläpdir, kellesine uýan sa¬lyp, üstüne-de atlaýyn münüpdir. Ynha, Epen¬di tamyň içinde «hormatly çapyksuwary» arkasyna alyp, at ýaly kişňäp ýörmüş. Ependi dört aýak bolup, içerde ikiýana at salyp ýörkä, şäher häkiminiň aýaly hem bu bolşy gapynyň deşiginden ärine görkezipdir. Ependi şol barmana ýene-de gygyryp, her aýagyny bir ýana zyňyp, «jyrtlap» ugrapdyr. Muny görüp, şäher häkimi gülüp-gülüp kese ýykylypdyr. Ahyrda çydap bilmän, gapyny açypdyr. Häkim oňa: – Päheý, Ependi, bu nä boluş-ow? – diýipdir. Ependi sähelçe-de aljyraman: – Geleniň gowy boldy, ynha, meniň nätüýsli bolanymy sen hut, öz gözüň bilen gördüň. Seniň şeýle pese düşmegiňe ýol bermejek bolup, men saňa şo-ol maslahatymy beripdim. Indi men hakda sorasaň welin, aý, näme, biz bir garamaýak adam. Aýallara kä oýnadan borus, kä oýnan borus. Uýan kimiň elin-de bolanda-da, parhy ýok. Biziň häkim¬ligimiz, diňe islän zadymyzy edip bileris. Mundan hiç kime zyýan gelmez. Emma siz häkimligiň uýanyny aýalyňyza berseňiz, onda dumly-duşda bulam-bujarlyk bolar – diýipdir. Şäher häkimi Ependiniň öwüt-nesihatlaryny eşidip, ägä bolmalydygyna düşünipdir. Onuň aýaly bolsa hiç zat edip bilmän, alaç¬syz galypdyr. ■ Ependi bilen ýaňra Günlerde bir gün bir öwünjeň meýlisde üznüksiz ýaňrapdyr. Ol birsyhly hemme kişiň bilýän zatlaryny aýdyp, töwerekdäkileri ýadadypdyr. Biçäre Ependi hem bir ga¬raňky burça çekilip, pallap otyrmyş. Meýlis sowlansoň, ýaňra Ependiniň üstünden gülmekçi bolup: – Siz bu gün asyl düýbünden agzyňyzy hem açmadyňyz-la! – diýipdir. Geplemän oturmakdan ýaňa içi byjyklan Ependi: – Seniň aýdýanyň näme-how! Men agzymy açyp, agzymy açyp, tas eňeklerimi ýazdyrypdym – diýipdir. ■ Ependiniň oglundan ýeňlişi Bir gün Ependi wagyz-nesihat etmek üçin metjide baryp, münberiň üstüne çykypdyr. Bu ýere üýşen märeke «Ependi bize näme aý¬dyp bererkä?» diýip, onuň gürrüň başlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp durupdyr. Ependi münberiň üstüne çykyp, birsalym oturypdyr. Emma wagyz-nesihat edere hiç zat ýadyna düşmändir. Ýygnanan jemendäniň sabyr käsesiniň püre-pürlenip, birneme tolgunyşyp ugrandygyny görüp, has hem darygyp başlapdyr. Onuň howy basylyp, bu gün hiç nesihat edip bilmejigini aňypdyr-da: – Adamlar, meniň sizi güýmemäge söz tapman, ýaýdanyp durmajagym-a bilýänsiňiz. Emma ynha, şu gün münbere çykanymda size wagyz etmäge hiç zat ýadyma düşmedi – diýip, halkyň öňünde boýun alypdyr. Şol wagt münberiň golaýragynda Ependiniň ogly oturan eken. Ol kakasynyň sözüni eşidip, başyny galdyrypdyr-da: – Kaka, eger seniň ýadyňa wagyz-nesihat düş¬medik bolsa, wagtyragynda münberden düşäýmek hem hakydaňa gelmedimi? – diýip¬dir. ■ Ependi hem horan Bir gün Ependiniň öýüne horan myhman gelipdir. Ependi orta saçak atyp, nahar getirmäge gidipdir. Ol gaýdyp gelse, goýup giden çöreginden bir tike-de galmandyr. Ol hiç zat diýmän, ýene-de çörek getirmäge gidipdir. Çörek alyp gelse, goýup giden nahary-da gutaran eken. Şondan soň ol boş gaby alyp nahar üçin ylgapdyr. Ependi bu sapar hem görse, saçakda çörek ýok eken. Mahlasy, gapdaky nahar, saçakdaky çörek gutarýança, Ependi iki-baka gatnap durupdyr. Asyl nahar bilen çöregiň başyny jemlemek başartmandyr. Ahyry ol myhmandan nirä bar¬ýa¬nyny sorapdyr. Horan: – Men işdämiň ýoklugyndan horlanýan. Şo¬nuň üçinem şähere barýan. Şo ýerde tebibe görünjek. Derman alyp bildigim, eglenmän yzyma dolanjak. Enşalla, aňyrsy bir aýdan ýene görşeris. Men seni gaty haladym. Gaýdyşynym seniňkide bir aý myhman bol¬mak, şu ýeriň howasyndan ine-gana dem almak niýetim bar – diýipdir. Onda Ependi: – Wah, arman! Gaýdyşynyň biz görşüp bilmesek gerek. Biz erte-birigün göçýäris – diýipdir. Şeýlelik bilen Ependi ol horandan dynypdyr. ■ Süýtdeş doganlar Ependi bir gün öz üzüm bagyna tarap ýola düşüpdir. Ol eşegini öňüne salyp, kowup barýan eken. Ýolda bir adam onuň gapdalyndan çykyp, bälçirän bolupdyr. – Ýeri, Ependi, iki kişi bolup nirä barýaňyz? – diýipdir. Ependi eşegini görkezip: – Siz indi şunuň bilen süýtdeş doganlar ýaly bolup, aýak goşup ýöräberiň. Meniň şu ýerde azajyk işjagazym bar. Şol işimi bitirdigim, yzyňyzdan ýetip, hemmesini bolşy-bolşy ýaly edip aýdyp bererin – diýipdir. ■ Aý peýdalymy, ýa Gün? Ependiden: – Aý peýdalymy, ýa Gün? – diýip sorapdyrlar. Ol hiç bir pikirlenmezden: – Elbetde, Aý peýdalydyr. Gün gündiz dogýar, gijesine ondan hiç bir peýda ýok. Aý bolsa garaňky gijelerde dogýar. Özüniň şuglasy bilen bütin tümlügi gündizlik ýaly ýagtyldýar. Şonuň üçin hem Aý Günden peýdalyrak – diýipdir. ■ Ependi pul bölýär Bir gün Ependi adam baryny üýşürip, gürrüň berip otyr eken. Şol wagt onuň ýanyna çala tanyş bir adam gelip: – Ependi agam, maňa şu tyllany bölüp beräýseň – diýipdir. Ependä öz gullukçy ýoldaşlarynyň arasynda pulsuzlyk aýbyny açmak örän agyr düşüpdir. Ol bu adamy tizräk başdan sowmakçy bolup, abyr-zabyr edipdir. – Eýsem, şu wagt pul bölünýän wagtmydyr? – diýipdir. Emma ol adama zerur pul gerek bolansoň, Ependiden el üzmändir. Bir sapalak ataýmasa, oňa başga alaç galmandyr. Ol gelene: – Hany, tyllany bärik ber – diýipdir. Ependi tyllany eline alyp, saldarlap görüpdir. Eýlesine-beýlesine agdaryp, oklap-gapan bolupdyr. Ahyrda bolsa: – A-ho-ow, inim, men seniň bu tyllaňy asyl bölüp bilmerin. Bu doly agramly tylla däl ahyryn – diýipdir. Ol adam: – Bolýar agam, näçe agramy bardyr öýtseň, şoňa görä, ownuk pul beräý! – diýip, ýapyşyp ýatypdyr. Ependi ýene-de puly saldarlap: – Weý, munyň ýaman ýeňil-aýt! Asyl munda hiç bölerlik zat ýok-la – diýipdir. Onda gelen adam: – Gel, sen näçe berseň beräý! Soňra men bu tyllany alan adamyma gaýtaryp, seň puluňy üzlüşäýerin. Senem maňa ullakan ýagşylyk eden adam bolarsyň – diýipdir. Bu sözleri eşiden Ependini der basypdyr. Ahyrda ol: – Men hasapladym. Sen maňa munyňdan daşary ýene alty şaýy bermeli bolarsyň – diýipdir. ■ Bize ýene bir pil iberiljekmiş Teýmirleňiň goşunynda piller juda köp bolup, uruş-ýöriş başlan wagtynda olardan peýdalanylýar eken. Şolaryň birini Ependiniň ýaşaýan obasyna bakmaga iberipdirler. Pil obadaky ekinleriň baryny paýhynlap çykypdyr. Şonuň üçinem Ependini öňlerine salyp Teýmirleňe arz etmäge gidipdirler. Emma Teýmirleňiň gazabyndan gorkan daýhanlaryň ilki birisi, soň ýene biri, soň beý¬lekisi ökje ogurlap, yza galypdyr. Ependi Teýmirleňiň huzuryna girmek üçin hyýallanyp, gaňrylyp yzyna seretse, yzyny ýel syran ýalymyş. Ependi: „«Päheý, züwwetdin-ler!» diýip, ep-esli oýlanyp durupdyr. Soňra: «Ýeri, bolýa-da, men aldamagyň nämedigini size mazaly görkezerin» diýip, Teýmirleňiň arz jaýyna baran. Şa Ependiden näme üçin gelendigini sorapdyr. Ependi: – Sen köşk pillerinden birini biziň ygtybarly obamyza bakmak üçin iberipsiň. Ine, seniň gullaryň bolan daýhanlar meni seniň ýanyňa iberdiler. Olar merhemet edeniňiz üçin sizden gaty razy. Emma biçäre piliň ýat ýerde höwri bolmansoň, ýeke özüniň ýüregi gysýar, öwrenişip bilenok. Onuň zaryn-zaryn sesine biziň ýüregimiz gyýylýar. Daýhanlar bu ýere meniň bilen bile geldiler, emma siziň ýüzüňize gelip bilmediler. Olar meniň hoş habar elterime sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Eger siz bizi öz ak ýürekli raýatyň hökmünde ykrar etseňiz, biz kyýamata çenli siziň gadryňyzy bileris – diýipdir. Bu habary eşidip Teýmirleň hoş bolupdyr. Ependä halat-serpaý ýapypdyr. Oňa uly merhemet bilen hezzet-hormat edipdir. Daýhanlara bolsa taňryýalkasyn iberip oňupdyr. Teýmirleň Ependiniň ýaşaýan obasyna ýene bir urkaçy piliň iberilmegi barada höküm edipdir. Şunlukda Ependi diňe özüniň howp¬dan gutulmag-a däl, eýsem patyşanyň sylagyna-da mynasyp bolanyna begenip, öz obasyna gaýdypdyr. Daýhanlar Ependiniň dolanyp gelenini görüp, onuň daşyna üýşüpdirler. – Ýeri, Ependi, näme habar getirdiň? Biz seniň hoş habaryňa garaşýarys – diýipdirler. Ependi uly bir beladan sypan adamyň şatlygy bilen: – Buşluk, bize ýene-de bir pil iberiljek – diýip gygyrypdyr. ■ Ependiniň eşegine kömek edişi Günlerde bir gün Ependi bazara gidipdir. Ol her dürli gök ekinlerden ýüküni tutup, alan zatlarynyň baryny horjuna salypdyr. Soňra agzy-burny bilen doly horjuny egniniň üstüne aşyryp atypdyr-da, eşegine mü¬nüp, ýola düşüpdir. Ýolda barýarka adamlar oňa: – A-ho-ow, Ependi, horjunyňy egniňe atyp, ýegşerilip barman, eşegiňe ýükläp, özüň arkaýyn otursaň bolmaýarmy? – diýip¬dir¬ler. Ependi bolsa: – Onsuz hem eşegiň ýüki ýetik ahyryn. Özü¬miň münüp oturanymyň üstesine ýene horjunymy-da oňa ýükläýinmi? Men beýle naýynsap däldirin – diýipdir. ■ Soňky gün aýtmady diýme! Ependi bir gün düýş görüpdir. Düýşünde ony goňşy aýallar öýerjek bolýarmyşlar. Bir topar gelin onuň daşyny gallap: «Ine, şu gelin saňa mynasyp» diýşip, alasladyp barýarmyşlar. Ependi hopugyp turupdyr-da, aýalyny yralap oýarypdyr. – Oýan-how, ýüregi aýra keýwany! Dünýäden habaryň ýok, myrlap ýatyrsyň. Äriňden dynmakaň, aýňal basymrak! Gapdalyňda birini joňkardaýmakalar bulary kowuşdyr. Soňky gün «aýtman öýlendiň» diýip, iňirdeýji bolaýmagyn! – diýipdir. ■ Ysyny nätjek? Bir adam Ependi bilen ýanaşyk otyrka, duýdansyzlykda ýel goýberäýipdir. Soň ol muny duýdurmajak bolup, aýagy bilen tagtany takyrdadyp başlapdyr. Onda Ependi oňa ýüzlenip: – Bar, hamana, sesi tagtanyň takyrdysyna meňzeş diýeli, onda onuň ysyny nätjek?! – diýipdir. ■ On dolusy bir batman Günlerde bir gün Ependi tokaýa odun ýyg¬maga gidipdir. Ýolda ol bir towşan tutupdyr. Ol henize çenli towşan diýen zady görmän eken: «Be, bu neneňsi geň haýwan! Gel, men muny öýe äkideýin, belki, munuň nähili haý¬wandygyny bilen tapylar» diýip oýlanan. Soňra ol tutan towşanyny torba salyp, agzyny hem pugta daňypdyr-da, öýüne getiripdir. Ol aýalyna özüniň tutan haýwany hakda gürrüň edip beripdir. Soň bolsa munuň nä¬hi¬li haýwandygyny bilmek üçin goňşy-golam¬lary çagyrmaga çykan. Aýalyna hem «„Gelýänçäm torbanyň agzyny açaýmagyn!» diýip tab¬şyrypdyr. emma «Dälä „harman otlaýma» diý¬leni bolupdyr. Ependiniň aýaly ýeke özi galandan: «Munda üýtgeşik bir geň haýwan bar bolara çemeli. Gel, muny açyp, ýeke özüm ar¬kaýynlykda bir göreýin» – diýip pikir¬le¬nipdir. Ol torbanyň agzyny açan badyna towşan turup gaçypdyr. Ependiniň aýaly aljyrap, başga näme alaç etjegini bilmän, beýle ýanragynda düňderilip ýatan arpa-bug¬daý susulýan susajygy torbanyň içine atyp, agzyny daňyp goýupdyr. Ol «Munuň soňy nä¬me bilen gutararka?» diýip, galagop ýagdaýda garaşyp durupdyr. Ependi «goňşy-golamlar» diýip köçä çykanda, şäheriň atly-ab¬raý¬ly adamlary myhmançylykdan gaýdyp gelýän ekenler. Olar Ependiniň öýüniň gapdalyndan geçip barýarkalar, onuň bilen gabat gelşipdirler. Olar Ependiniň eýlesine- beýlesine geçip, ony gürledipdirler. Ependi hem özüniň geň-enaýy bir haýwany tutup, öýe getirendigini aýdypdyr. Ol adamlar bu geň haýwany görmekçi bolup, Ependiniň öýü¬ne barypdyrlar. Ependi gelen adamlary bir jaýyň içinde döwre guradyp oturdypdyr. Eger ol haýwan birden gaçaýmakçy bolsa dagy tutar ýaly, olaryň ellerini ýokary galdyryp, taýýar bolup durmaklaryny haýyş edipdir. Soň ol ortara geçip, torbanyň agzyny çözmäge başlapdyr. Oturanlaryň hemmesiniň gözi torbadamyş. Ependi torbanyň agzyny çözüp, başaşak tutupdyr-da, kişüwläpdir. Torbanyň içinden towşana derek susguç tokulap ýere gaçypdyr. Ependi haýran galyp, aňk-taňk bolupdyr-da, başga näme diýjegini hem bilmän: – Ine, şunuň on dolusy bir batman bolar – diýip, susgujy ýerden galdyran bolanmyş. ■ Ependiniň öwüdi Günlerde bir gün Ependiniň ýanyna goňşy aýal gelipdir-de: – Goňşy, meniň şu telbe gyzymy ýa okap ber, ýa-da doga-tumar et! Ýogsam, her gün meniň bilen tutaklaşyp, gün berenok. Çem gelen zady aýlap salýar. Ol meni urup öldürjek – diýipdir. Ependi: – Bilýäňmi goňşy, men indi garrap¬dy¬ryn. Meniň dogamyň hem güýji galmandyr, tumarymyň hem. Sen oňa är tap. Ol oňa doga-da berer, tumar hem. Bir önelgejigem bo¬laý¬dygy, öz aladasy özüne ýetik bolar. Şunlukda ol mum ýaly ýumşak, perişde ýaly ýuwaş bolar – diýipdir. ■ Ependi algydaryny utandyrýar Ependi bir sebäp bilen dükança elli üç teňňe bergili bolupdyr. Emma ol uzak wagtlap bu bergisini üzüp bilmändir. Günlerde bir gün Ependi öz dostlary bilen bazarda otyrka, onuň birden dükança gözi düşýär. Dükançy eger bergisini bermese, onda it masgarasy etjekdigini düşündirjek bolup, Ependä birhili-birhili yşarat edip başlapdyr. Ependi dükançyny görmediksirän bolup, beýlesine bakyp oturypdyr. Emma dükançy beýle tarapdan gelip, oňa öňküsinden hem beter mojuk yşaratlar edip ugrapdyr. Ependi muňa çydam edip bilmän, kellesini ýaýkap: – Lä hawle we lä kuwwate, illä, billähi – diýip, okamaga başlapdyr. Emma onuň öňündäki duran dükançy «Lä hawle» dogasyny okanda ýok bolup ötägider ýaly eýe ýa şeýtan däl ahyryn. Ol özüniň howply yşaratlary bilen Ependä haýbat atmagyny dowam etdiripdir. Şol wagt Ependi: «Aguzy billähi mineşşeýtanyrrajym, Hudaýym maňa sabyr-kanagat berseň ber, emma şu haramzadanyň eline berme» diýip, gaty ses bilen gygyrypdyr. Bu ýerde bir syryň bardygyny dost¬lary aňypdyrlar. Dükançy Ependiden el üzmändir. Ependiniň hem sabyr käsesi dolupdyr. Ol: – A-ho-ow, meniň saňa näçe bergim bar? – diýip gygyrypdyr. Dükançy: – Elli üç teňňe – diýip jogap beripdir. Ependi: – Örän gowy! Ertir gel-de, ýigrimi sekiz teňňäni al, birigün hem ýigrimi teňňäni al, kyrk sekiz teňňe boldy gerek? Ýene näçe teňňe galdy? – diýip sorapdyr. Dükançy hem: – Jemi bäş teňňe galýar – diýipdir. Ependi bolsa: – Ah, sen nadan! Gel-gel indi bir bäş teň¬ňe üçin meni ak bazaryň içinde dostuň-duşmanyň öňünde gyjalata goýmaga utanok¬my? Utan! – diýip, alarladyp barýarmyş. ■ Başga aglajagy ýokdur Günlerde bir gün Ependiniň aýaly syrkawlapdyr. Ependi işden gele-gelmäne onuň başujunda çöküp, möňňürmäge başlapdyr. Syrkawy soramaga gelen goňşy aýallaryň bi¬ri: – Goýaweri, goňşy. Bu ýerde gorkasy zat ýok. Aýalyň basym sagalar – diýipdir. Ependi bolsa: – Men bir işli adam. Her gün birýana gidýän. Öýde örän seýrek bolýan. Häzir maňa zat diýmäň. Elimiň boşan wagty agysyny bir ýetireýin. Bolmasy bir iş bolaýsa, bu görgüliň menden başga aglajagy-da ýokdur – diýipdir. ■ Är-aýalyň kesirligi Ependi eşegine ot-suw berip ýörmekden ýadapdyr-da, aýalyna: – Eşege şu günden başlap sen seret! – diýipdir. Emma aýaly muňa razy bolmandyr. Şonuň üçin är-aýalyň arasynda uly dawa turupdyr. Ahyrda olar «gepleşmeli däl, kim ilki geplese, şol hem eşegi idetmeli» diýşip şertleşipdirler. Ependi bu şertden soň bir dula çekilip, ýoňsuz wagt şol ýerde sarsman oturypdyr. Aýaly bolsa bu dym-dyrslykdan iripdir-de, ýaglygyny atynyp, goňşularyna çykyp gidipdir. Ol agşama çenli gelmändir. Agşam namazy okaljak wagty Ependiniň aýaly öz äri bilen eden şertlerini goňşusyna aýdan: – Meniň ärsumagym örän kesirdir. Ol açlygyndan öler welin, geplemez. Oňa bir tabaga çorba guýup ibermeli – diýipdir. Aýallar çorbaly tabagy bir oglanyň eline berip, Ependä nahar iberipdirler. Ependiniň aýaly goňşularynyňka çykan badyna ola¬ ryň öýüne ogry giripdir. Ogry öýdäki hemme ýüzi suwluja zatlary orta üýşüripdir. «„ Ene näme göze ýakymly zat barka» di¬ ýip, jaýyň içine ser salypdyr. Görse, Ependi bir dulda torsarylyp oturanmyş. Ogry ilkibada aljyrap, howsala düşüpdir. Ýöne, onuň dünýä bilen seriniň ýokdugyny dessine aňypdyr. Onuň galmagal etmäg-ä beýle-de dursun, gaýtam, berlen soraga-da jogap bermän, edil doňňaradaş ýaly bolup oturyşyny görüp, ogry Ependini oturan bir kör-şeldir öýdüpdir. Ependiniň gözü¬niň alnynda ol hiç bir gypynçsyz derege ýarajak zatlaryň baryny düýrläp başlapdyr. Soň ol Ependiniň özüne erşip görmegi ýüregine düwüp: „«Hany, men munuň kellesinden sellesini-de alyp göreýin, ol şonda-da sesini-üýnüni çykarman oturarmyka?» diýip oýlanypdyr. Ol Ependiniň başyndaky sellesini hem sypyrypdyr-da, ogurlan zatlarynyň daşyny daňypdyr we ony arkasyna atyp çykyp gidipdir. Ogrynyň yzysüre hem eli tabakly oglan gelipdir. Ol bir burçda kesilen töňňe ýaly dommaryp oturan Ependini görüp: – Size çorba iberdiler – diýipdir. Epen¬ di öýüniň içindäki zatlaryň ählisiniň ogurlanandygyny, kellesindäki sellesine çenli ogrynyň sypyryp äkidendigini aýalyna ýetirjek bolup, sykylyk atyp, içerini görkezipdir. Oglan bolsa, «Çorbaly tabagy onuň kellesiniň üstünden üç gezek aýlap, düňderäýmelidir» diýip düşünipdir-de, tabagy Ependiniň kellesine geýdiripdir. Gyzgyn çorba Ependiniň kellesini çürüşdirere getiripdir. Içi tüwüli çorba ýüzünden syrygyp, sakgalyndan sarkyp gaýdypdyr. Şonda-da Ependi agzyna gurşun guýlan ýaly bolup, sesini çykarman oturanmyş. Oglan eli boş tabakly öýüne gaýdyp gelipdir. Onuň habaryny alanlarynda, ol öýde hemme zatlaryň – gapylaryň, sandyklaryň açykdygyny, öýüň içiniň agdar-düňderdigini, öý goşlarynyň edil pişik oýnan ýaly bulam-bujardygyny aýdypdyr. Ol Ependiniň özüni nähili garşylandygyny we çorbany näme edendigini hem gürrüň beripdir. Ependiniň aýaly yzynda bir wakanyň gopandygyny aňyp, öýüne ýelk ýasaýypdyr. Görse, öý agdar-düňdermiş. Dulda gäp ýaly bolup oturan äriniň ebtine gözi düşenden, oňa haýpy gelip: – Waý, waý-ýeý, saňa nä döw urdy? – diýip¬dir. Ependi hem onuň sözüni agzyndan kakyp alýar-da: – Ana, geplediň, bar, indi eşege özüň seret! – diýipdir. ■ Aýalymy hem ýatlaýaryn Bir gün Ependiniň ogly bolupdyr. Aýallar oňa: – Ependi, ogluňa bir at dak! – diýipdirler. Ependi oglunyň gulagyna azan aýdyp: «O Adika – men Nasreddin» diýip gygyrypdyr. Şol wagt bir kempir ileri omzap: – Bu nä boluş? Sen bular ýaly ýerde bir oýun etme. Dogryňdan gel-de, gowja bir at tap – diýipdir. Ependi bolsa «şundan gowy at bolmaz» diýip, ýer depip duranmyş. Onda kempir: – Asyl saňa aýdanoklarammy? Çagaň ogul ahyryn – diýipdir. Ependi: – Bilýän, bilýän. Näme oglana ejesiniň adyny dakaýamda aýyp bolar öýdýäňmi? Men oglanyň ejesini gaty gowy görýärin. Birden aýalym öläýse, şu at bize ýadygär galar. Her gezek oglumyň adyny tutanymda, aýalymy ýatladygym bolar – diýipdir. ■ Ependi Teýmirleňden gaçýar Düýşüne girip bimaza edeni öldürmek Teýmirleň üçin adat bolupdyr. Ependi bu hakda eşiden badyna assyrynlyk bilen goş-golamyny göterip, öz obasyna gaçypdyr. Käbirleri oňa: – Ependi, onuň bilen diňe sen oňuşýardyň. Onuň garşysyna halanyňy edip, isläniňi diýip bilýän ýeke-täk adam sendiň, ol saňa batyrynyp bilmeýärdi. Bu ýagdaý diňe bir saňa däl, halkyňa-da uly kömek bolýardy. Ilat, köplenç Teýmirleňiň gazabyndan sowa galýardy. Näme üçin sen paty-putyňy göterip, bu ýere geldiň? – diýip sorapdyrlar. Ependi: – Ol oýaka haýynlyk etjek bolsa, hötdesinden gelýän-le. Emma ukudaka düýşüne giräýsem, onda ol diňe öz islänini eder – diýip jogap beripdir. ■ Iki setirjik oka! Bir gün sowatsyz adama pars dilinde ýazylan hat gelipdir. Ol geçip barýan Ependiden haty okap bermegi haýyş edipdir. Ependi haty eline alypdyr. Emma ony okap bilmän, eýesine gaýtarjak bolupdyr welin, ol adam oňa «„oka» diýip, aýagyny diräp duranmyş. Ependi nalaçlykdan: – Meniň pars dili bilen aram saz däl. Ol türküçe bolaýanda-da, haty şu boljak bolsa, okap bilmerin – diýipdir. Hat okatjagyň gahary gelip: – Päheý, seniň Ependi bolaýşyňdan. Parsça bilmeýän bolsaň, sen tüýs bisowat ekeniň. Ýarma sokusy ýaly edip selle geýmäň näme? Selläňi degirmen daşy ýaly edip, nämä gabarylýaň? – diýipdir. Ependiniňem gahary gelipdir. Sellesini çykaryp, ol adamyň öňüne oklapdyr-da: – Selle oranýan adam hat bilýändir öýdýän bolsaň, al, şulary geýdejik, agaň hatyndan iki setirjik okap ber – diýipdir. ■ Gören eşigim däl Ependi bir agşam ýol bilen gidip barýarka, bir serhoş adamyň çalam-çaş bolup ýatanyny görüpdir. Ependi onuň şäher häkimidigini tanap, sellesi bilen çäkmenini alyp gidipdir. Häkim daňdan huşuna gelipdir. Görse, sellesi bilen çäkmeni ýok eken. Ol öz adamlaryna sellesi bilen çäkmenini tapmagy hem-de alan adamy tutup getirmegi buýrupdyr. Hyzmatkärler Ependini tutup, häkimiň ýanyna eltipdirler. Häkim köpçüligiň için¬de: – Bu selle bilen çäkmeni nireden aldyň? – diýip sorapdyr. Ependi biperwaýlyk bilen: – Düýn agşam pylan köçeden gelýärkäm, özüni bilmän ýatan bir serhoşyň egninden sypyryp aldym. Eger şol adam siz bolsaňyz, halal malyňyz, ynha, alaýyň – diýipdir. Häkim adamlaryň arasynda gyjalata galmajak bolup: – O zeýilli bolsa, men däldim, bular bolsa meniň gören eşigim däl – diýipdir. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |