08:06 Ependili degişmeler -9 | |
P
Degişmeler
Surat: "Hoja Nasreddiniñ gaýdyp gelmegi" kinofilminden / SSSR, 1989 ý. ■ Sen öz paýyňy diňdir Bir gije aýaly Ependini ukudan oýaryp: – Kakasy, bu çaga ikimiziňki, ýarysy seniňki, ýarysy meniňki. Bu aglap hiç diňmeýär. Sen hiç bolmanda bir gezek ony üwre-de diňdir – diýip jibrinipdir. Ependi: – Keýwany, sen öz paýyňy diňdir-de, goý, meniň paýyma düşen ýarysy aglabersin – diýip, ýorgany başyna çekip uklapdyr. ■ Hemmeden beter men gynanýan Ependiniň aýaly mydama özüniň öňki äri barada gürrüňe başlap, Ependini irizýär eken. Bir gün ol ýene-de: – Wah, biçäre bir oňat adamdy, onuň ölenine gaty gynanýan – diýipdir. Ependi bolsa janyýangynlylyk bilen bir ah tartyp: – Hawa, ol örän gowy adamdy, onuň ölenine hemmeden beter men gynanýan. Sebäbi, onuň ölümi meni uly betbagtlyga sezewar etdi – diýip, gynanjyny bildiripdir. Aýaly bu sözleri eşidip, geň galypdyr we onuň bagtsyzlygynyň sebäbini sorapdyr. Onda Ependi: – O bende ölmedik bolsa, men hem seni alyp bu görgä galmazdym. Sen hem şol bir zady ýaňramak bilen meni irizmezdiň – diýip, jogap beripdir. ■ «Bilemok» diýýärler Ependi öýlenmedik ýigitkä, aýal dogany oňa: – Saňa bir owadan gyz saýladym. Tizara söz aýdyjy ibereris – diýip, doganyny begendirjek bolupdyr. Ependi: – Ol owadan gyzyň ýaşy näçe? – diýip sorapdyr. Onda aýal dogany: – Wah, Ependi, men ol gyzdan ýaşyny soradym welin, ol „«bilemok» diýdi–diýip jogap beripdir. Ependi: – Maňa ol garry gyz gerek däl, onuň ýaşy bireýýäm otuzdan geçendir. Sebäbi gyzlar he¬mişe ýaşlary geçende «„bilemok» diýýärler – diýip, doganyna gaýdyp ol hakda sözlemezligi sargapdyr. ■ Zadyň ýok ýerine… Günlerde bir gün Ependi bilen ogly gidip barýarkalar adamlaryň birini jaýlamak üçin gonamçylyga alyp barýandyklaryny görüpdirler. Ependiniň ogly: – Kaka, bu näme, ony nirä äkidip barýarlar? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Ol düýn adamdy, emma bu gün ol «Hiç kim» – diýipdir. Ogly pikirlenip: – Sen ony nirä äkidýänlerini aýtmadyň-la, kaka? – diýip ýaňadan sorapdyr. Ependi: – Olar ony hiç zadyň ýok ýerine, ýagny iýmegiň, içmegiň, egin-eşigiň, puluň, baýlygyň ýok ýerine äkidýärler – diýende, ogly gülüp: – Wah, kaka, şeýle diýip, öň aýtsaň bolmaýarmy? Diýmek ony biziň öýümize alyp barýandyrlar – diýipdir. ■ Hemmesi ýerinde Bir gün Ependi düýşünde özüniň kellebaşaýak iýýänligini görüpdir. Ol oýanan badyna ogluna pul berip, bişen kelle almak üçin bazara iberipdir. Ependiniň ogly bazardan kelläni alyp gelýärkä, ýolda ýuwaş-ýuwaşdan onuň barja etini iýäýipdir. Ependi oglunyň getiren kellesini görüp, içi ýanypdyr we: – Oglum, hany munuň eti? – diýse, ogly: – Kaka, goýun gaty hor eken – diýipdir. – Onda hany gulagy? – Ker eken. – Gözleri nirede? – Kör eken. Ependi: – Näme, munuň dili hem ýokmydy? – diýende, ogly: – Wah, kaka, ol biçäre lal eken – diýip jogap beripdir. Onda Ependi gaharlanyp: – Onsy ýok, munsy ýok, onda onuň nämesi barmyş? – diýende ogly: – Kaka, dişlerini bir gör, edil hünji düzülen ýaly, hemmesi ýerinde, birem zaýa bolmandyr – diýip jogap beripdir. ■ Dost ýaman günde tanalar Ependi täze oba göçüp baryp, ýaşap başlap¬dyr. Bir gün obadaş adamlaryndan biri ony görmäge gelipdir we gürrüňdeşliginiň arasynda; – Ependi, bu obada seniň dostuň köpmi? – diýip sorapdyr. Ependi bolsa: – Meniň bu ýere göçüp gelenime bir ýyl boldy. Şu ýyl hem ekinim oňat hasyl berdi, işim şowly. Şoňa görä-de, näçe dostumyň bardygyny bilip bilmedim. Çyn dost ýaman günüňde bilinýär ahyryn – diýip jogap beripdir. ■ Pul bolsa düýş görermidim? Günlerde bir gün Ependi şähere barýarka, ýolda başga bir ýolagçy duşupdyr. Ol saglyk-amanlyk, hal-ahwal sorapdyr. Ependi hem iliň däp-düzgüni boýunça jogap berensoň: – Men düýşümde bişen şugundyr iýip duranymy gördüm – diýipdir. Onda ol ýolag¬çy: – Men düýş ýormaga gaty ökde. Bäş-alty teňňe berseň, seniň gören düýşüňi mazaly ýorup bereýin – diýip teklip edipdir. Ependi onuň akmaklygyna gülüp: – Meniň pulum bolsa et alyp iýerdim-dä, düýşde şugundyr görmäge zar bolmazdym – diýip jogap beripdir. ■ Sen kimi oýardyň? Bir gün Ependi irden şähere gitmeli eken. Oňa görä-de agşam ýatanynda: – Keýwany, ertir meni säher çagynda oýar – diýip tabşyrypdyr. Aýaly onuň haýyşyny ýerine ýetiripdir. Ependi obadan ep-esli arany açanyndan soňra, derländigi üçin telpegini çykaryp eline alanynda, oglunyň telpegidigini görüp, dessine yzyna dolanyp: – Keýwany, men saňa säher bilen meni oýar diýipmidim ýa-da oglumy? – diýip, gaharly ýüzlenipdir. Aýaly oglunyň telpegini onuň elinden alyp, Ependiniň öz telpegini getirip, onuň başyna geýdiripdir-de: – Ynha, häzir men seni oýardym, indi eglenme-de işiňe gidiber – diýipdir. ■ Gyşa taýýarlyk Gyşyň öň ýanynda Ependiden: – Gyşa näme taýýarlap goýduň? – diýip soranlarynda Ependi: – Üşäp titremegi – diýip jogap beripdir. ■ Kim garnymy doýursa... Bir husyt adam Ependiden: – Sen dünýäde hemmeden köp kimi gowy görýäň? – diýip sorapdyr. Ependi: – Kim garnymy doýursa şony – diýip jogap beripdir. – Eger men seni doýursam, hemmeden köp meni gowy görjekmi?– diýip, ol husyt sowal beripdir. Ependi bolsa: – Söýginiň «eger, megeri» bolmaz. Göz görmeli, agyz datmaly, garyn dolmaly. Ana, bu zatlardan soň, ýürek söýmeli bolar – diýip jogap beripdir. ■ Ata-ogul tapyşypdyr Günlerde bir gün Ependi bir dosty bilen gidip barýarka, köçede iki adamyň urşup duranyny görüpdir. Dosty: – Ependi, gel, bulary aralaşdyraly – diýip, ýakynlaryna baranlarynda uruşýanlaryň biri beýlekisine: – Wah, men seniň eşekdigiňi şu çaka çenli bilmändirin – diýipdir. Onda beýlekisi: – Men eşek bolsam, senem kürresiň – diýip, oňa jogap beripdir. Bu sözleri eşiden Ependi dostuna: – Dost, ataly-ogul tapyşan ýaly-la. Bu ýerde biziň etmeli işimiz ýok – diýip, ony pikirinden dändiripdir. ■ Näme üçin urýaňyz? Bir gün Ependi şäherden gaýdyp öýüne barýarka, ýolda onuň öňünden garakçylar çykyp, hemme zatlaryny, üstesine-de eşegini-de talap alanlaryndan soň, özüni hem urmaga başlapdyrlar. Ependi bolsa kötege takat getirmän: – A-how, adamlar, bu urmagyňyzyň bir sebäbi bolmaly ahyryn. Siz meni gijä galyp gelenim üçin ýa-da az nar getirenim üçin urýaňyzmy? – diýip gygyrypdyr. ■ Guşuň çagasy Bir gün Ependi gidip barýarka, ýoldan bir sagat tapypdyr. Eýlesine, beýlesine öwrüp seredipdir-de, onuň nämedigini bilmekçi bolupdyr. Emma bir görse, ol tapan zady «jyrk-jyrk» edip duranmyş. Onda Ependi: – Hä, bu heniz ýelek-persiz guş çagasy eken. Goý, bu ýerde, enesiniň ýanynda galyp ulalsyn we ganatlanyp uçup gitsin – diýip, sagady goýup gidipdir. ■ Hat Günlerde bir gün Ependi bir dostuna hat ýazyp otyrka, arka tarapynda bir adam onuň ýazan sözlerini okaýar eken. Ependiniň sabyr-karary kesilip, ol terbiýesiz adama temmi bermek üçin: «Eý, gadyrdan dostum, men şu hatymda saňa köp zat ýazmalydym welin, bir paňkelle adam arka tarapymda ähli ýazanymy okap durany sebäpli, islän zadymy ýazyp bilemok» – diýip, hatyny soňlapdyr. Onda ol adam: – Ependi, men seniň hatyňy okamok ahyryn, sen näme üçin meniň adymy «paňkelle» diýip tutýaň? – diýip igenipdir. Onda Ependi: – Heý, akmak, okamadyk bolsaň, paňkelledigiň saňa nireden mälim boldy? – diýip jogap beripdir. ■ Datmadyk bolsaňyz, gowy bolardy Bir gün Ependi halwa bişirip bolan badyna, öýüne üç adam gelipdir. Olaryň biri çemçäni halwadan dolduryp iýensoň: – Muňa birazajyk duz sepilen bolsa, gowy bolardy – diýipdir. Ikinjisi-de bir susak alyp iýensoň: – Birazrak sogany bolsa örän süýji bolardy – diýipdir. Üçünjisi bolsa gazany öz öňüne süýşü¬rip, halwany symyşlap iýip oturşyna: – Az-kem sarymsak hem bolsady, patyşa mynasyp nahar bolardy – diýipdir welin, Ependi gazany onuň elinden kakyp alypdyr-da: – Siz bu halwanyň tagamyny datmadyk bolsaňyz, has hem gowy bolardy – diýip jogap beripdir. ■ Getirip bilmese, äkidibem bilmez Obada ýaşaýan bir dosty bir gün Ependiniň öýüne myhmançylyga gelipdir. Ol husyt adam bolany üçin Ependiniň oglan-uşaklaryna berer ýaly özi bilen hiç zat getirmändir. Ol adam Ependiniň howlusyna giren badyna eşegini urup başlapdyr we: «Haram ölen ýalta, men seniň üstüňe näme ýüklesem, götermediň-de, meni gadyrly dostumyň ýanynda ryswa etdiň» – diýipdir. Onda Ependi: – Eý, dost, azara galyp, eşegiňi biderek ýere urma, zat getirip bilmedik, zat äkidip hem bilmez – diýipdir. ■ Wah, sen onuň garyndaşymy? Günlerde bir gün Ependi mazarçylygyň gapdalyndan geçip barýarka, görse, bir mazaryň üstünde äpet bir it otyr eken. Ependi: «Bir bendäniň mazary ýykylmasyn» diýip, iti kowmak üçin ýerden bir daş alyp, ite zyňmakçy bolanda, it hyňranyp, onuň üstüne topulyp, ony dişlejek bolupdyr. Ependi gorkup, elindäki daşy ýere oklap: – Wah, men seniň guburda ýatan merhumyň garyndaşydygyňy bilmändirin, meni bagyşla! – diýip, öz ýoluna gidiberipdir. ■ Maksadyma-ha ýetendirin Ependiniň äpet bir şahlak öküzi bar eken. Onuň şahlary ýaý ýaly egrelip durmuş. Öküz her gezek ikiýana yranyp, ýöräp ugranda, Ependi kesesinden syn edip: – Hä, şunuň iki şahynyň arasynda oturaga-da, ikiýana üwrelsediň – diýip, arzuw eder eken. Ine, bir gün Ependi şol öküz ýatyrka, ýuwaşlyk bilen baryp, onuň iki şahynyň arasyna münüpdir. Ürken öküz syçrap, ýerinden turupdyr. Ependini ýokaryk galdyryp, ýere aýlap-aýlap, dik başaşak pylçap urupdyr. Aýaly gelip görse, Ependi öli ýaly dem-düýtsiz ýatyrmyş. Ol Ependi ölendir öýdüp, aglamaga başlapdyr. Ýere bijaýrak düşen Ependi bolsa az-kem seňselän ýaly edipdir-de, soň özüne gelipdir. Başujunda aýalynyň aglap oturanyny görüp, haýdan-haý nämäniň-nämedigine düşünipdir. Ol yraň-daraň ýerinden turupdyr-da, aýalyna üns hem bermän, öküze tarap gyňralyp: – Ýyksaňam-a ýykansyň welin, maksadyma-ha ýetendirin – diýip hüňürdäpdir. ■ Palaw iýenler barsyn Ependi öýlenen güni dostlaryny toýa çagyrypdyr. Olaryň özleri iýip-içipdirler-de, Ependini nahara çagyrmagy ýatlaryndan çykarypdyrlar. Özüniň gowy görýän zagpyranly palawyndan ät galan Ependi gaharlanyp, öýden çykyp gidipdir. Birnäçe wagtdan soňra Ependini gözläp başlapdyrlar. Emma ony hiç ýerden tapmandyrlar. Dumly-duşa adam iberip, ahyry ony bir ýerden tapyp getiripdirler. Garyndaşlary: – Ýeri, Ependi, bu näme etdigiň boldy? Nirä ýitirim bolduň? Biz seni näçe wagtdan bäri gözläp ýörüs – diýip, ony gelniniň ýanyna eltjek bolupdyrlar. Ependi bolsa: – Palawy kim iýen bolsa, gelniň ýanyna-da şolar barybersin – diýip jogap beripdir. ■ Kime görünseň görün... Hossarlary Ependini aldap, bir görmeksiz aýal alyp beripdirler. Toý gününiň ertesi Ependi geýnip, köçä çykmakçy bolanda, aýaly näz edip: – Ependi, men seniň garyndaşlaryňdan kime görünip, kime görünmäýin? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Kime görünseň görün welin, maňa bir görünme! – diýip jogap beripdir. ■ Sen ýüzmegiň ugruny birneme bilýäň dälmi? Ependiniň iki aýaly bar eken. Ol aýallarynyň haýsysynyň ýanyna barsa, şony öwüp, hajyk-hujuk edip gün görýän eken. Günlerde bir gün aýallarynyň ikisi-de birden: – Ependi, sen biziň haýsymyzy has gowy görýäň, menimi, ýa-da ony? – diýip, sorap başlapdyrlar. Biçäre Ependi gaty kyn ýagdaýda galypdyr. Ol dogry jogap bermekden çekinip: – Siziň ikiňizi-de gowy görýän – diýip sypjyklyk edipdir. Emma bu sözlerden aýallaryň göwni suw içmändir. Şonuň üçin olar Ependini gününe goýmandyrlar. Şol barmana kiçi aýaly: – Ynha, hamala, biz ikimiz-de gaýyga münüp, kölde ýüzüp ýörmüşik diýeli. Birden gaýygymyz düňderilip, ikimizem suwa ýykylanmyşyk. Eger şol wagt sen kölüň gyrasynda duran bolsaň, ilki bilen biziň haýsymyzy halas ederdiň? – diýipdir. Bu soragdan soň özüne sypara ýer galmandygyny aňan Ependi sussy basylyp, öňküden hem aljyrapdyr-da, başga-da näme diýjegini bilmän, uly aýalyna ýüzlenip: – A-how, sen ýüzmegiň ugruny birneme bilýäň dälmi? – diýipdir. ■ Ölmedigem bolsa aýrylyşjakdym Bir gün Ependä: – Aýalyň öldi – diýip habar beripdirler. Onda Ependi: – Aý, ölmedigem bolsa, barybir aýrylyşjakdym – diýip jogap berenmiş. ■ Iki syranyňa bir şaýy Ependi dellekhana baryp saçyny syrdyryp, dellekçä bir şaýy beripdir. Soňky gezek baryp syrdyranda, dellekçi Ependiniň öňüne aýna goýupdyr. Ependi aýna seredip: – A-how, dellekçi, kellämiň ýarysynda saç ýok eken-le, ho-ow! Asyl sen ýarpy kelle syryp, doly hak alyp ýören ýaly-la?! Menem indi iki gezek syranyňa bir şaýy berjek – diýipdir. ■ Ependiniň „«miweleýşi» Ependiniň üzüm nahallarynyň ekilişini ilkinji gezek görşi eken. Ol bularyň nämä ýaraýandygyny sorapdyr: – Biz bu çybyklary ine, şu ýerde oturdarys welin, erte olardan süýji-süýji üzümler ýetişer – diýip, oňa jogap beripdirler. Muny eşiden Ependi ep-esli wagtlap pikirlenip durupdyr. Soňra töweregindäkilere ýüzlenip: – Beýle bolsa, oglanlar, hany, onda menem şu ýerde oturdyň, men nähili miwe getirýärkäm? – diýipdir. Olar muňa razy bolupdyrlar hem-de Ependiniň guşaklykdan aşagyny ýere gömüp goýupdyrlar. Özleri hem onuň ýanyndan aýrylyp, işleri bilen gümra boluberipdirler. Alabahar günleri eken. Çigreklije howa Ependiniň etinden ötüp, süňňüne ornaşyp başlapdyr. Ol bir seretse, sowukdan ýaňa öz endamynyň ütülen towguň hamy ýaly tikenekläp durandygyny duýupdyr. Özüniň ilde ýok, üýtgeşik bir miwe getirip, masgara bolaryndan gorkup, howsala dü¬şen Ependi hasyrdap çykmak bilen bolupdyr. Ependi bar güýji bilen ýerden özüni sogrupdyr we adamlaryň ýanyna barypdyr. Adam¬lar ondan: – Ýeri, Ependi, biz seni ekip gaýdypdyk-la, näme miweleýänçäň oturmadyňmy? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Oturdanyňyz-a çyn. Gögerip, pyntygam ýaryp başladym. Ýöne dogrymy aýtsam, özüm¬den awuly tikenden başga miwe önmejegine gözüm ýetdi-de, çykyp gaýdyberdim – diýip jogap beripdir. ■ Garga bizden hem hapa ahyryn Bir gün Ependi aýaly bilen kir ýuwmak üçin ýabyň boýuna gidipdir. Olar sabyndyr geýimlerini öňlerine alyp, kir ýuwmaga oturypdyrlar welin, bir garga gelip, sabyny alyp gaçypdyr. Aýaly: – Aýu, Ependi, ýeteweri, garga sabynymyzy alyp gaçdy – diýip gygyrypdyr. Ependi darykman: – Galmagalyň näme-ýeý, keýwany? Sabynyňy garga alyp gaçan bolsa, tüýs hak eýesine gowşupdyr, çünki ol bizdenem hapa ahyryn! – diýipdir. ■ Dokuz aýlyk ýoly bäş günde geçse... Ependi öýlenipdir welin, bäşinji gün diýlende aýalynyň çagasy bolupdyr. Ependi ur-tut Gurhanly bukjasyny, ýazuw esbaplaryny getiripdir-de, sallançakda ýatan çaganyň başujunda goýupdyr. Oňa: – Ýeri, Ependi, bu zatlary gaty irden taýýarlapsyň-la? – diýipdirler. Ependi hem: – Dokuz aýlyk ýoly bäş günde geçen çaga bu gün-erte okuwa-da gider. Elimde pulum barka, okuwa gerek-ýarak zatlary öňünden taýýarlap goýaýmasam, soň ýetişdirmez – diýip jogap beripdir. ■ Ogrularyň Ependini aldaýyşlary Günlerde bir gün Ependiniň eşegi ölüpdir. Aýaly: – Biz eşeksiz mydar edip bilmeris, me, saňa altmyş teňňe, bar, bazardan eşek satyn al – diýipdir. Ependi bazara baryp, bir eşek satyn alypdyr. Ol satyn alan eşeginiň nogtasyndan tutup, yzyna garaman, alyp gelýän eken. Iki sany ogry muny görüpdir. Olaryň biri onuň nogtasyny sypyryp, öz kellesine geýdiripdir-de, Ependiniň yzyna düşüberipdir. Beýleki ogry bolsa eşegi yzyna dolap, bazara satmaga alyp gidipdir. Ýolda Ependi birden yzyna dolanyp seretse, eşek diýip alyp gelýäni adammyş. Muny gören Ependi aňk-taňk bolupdyr. Soňra ol özüni dürsäp: – Bu nä geň zat? A-how, sen kim? – diýip sorapdyr. Ogry burnuny çekip, sortduryp durupdyr-da, boýnuny sallan bolup şeýle diýipdir: – Bir gün men ýaramaz iş edip, enemiň göw¬ nüne degdim welin, ol maňa «Hernä Hudaýym, eşege dönesiň, eşege dönen!» diýip, gargyş etdi. Şondan dem salym geçmänkä-de, men birden eşege öwrüldim duruberdim. Soň meni bazara saldylar, siz hem hyrydar bolduňyz, ine, bolan zat. Indi siziň şepagatyňyz bilen men ýene öňküligime öwrüldim, adam boldum – diýip jogap beripdir. Onda Ependi: – Eger Alla seniň günäňi öten bolsa, sen menden hem azat. Emma indiden beýläk eneň gargyşyna galaýmagyn! – diýip, maslahat berip, ony boşadyp goýberipdir. Ertesi Ependi ýene eşek satyn almaga bazara barypdyr. «Amatlyrak eşek gabat geläýmezmikä?» diýip, bazara göz aýlapdyr. Görse, öňki eşek satyn alan jellabynyň elinde düýnki alan eşegi ýüzüni sortduryp durmuş. Ependi başyny ýaýkap, eşegiň ýanyna barypdyr. Onuň gulagyna agzyny tutup: – Heý, peläket, sen meniň maslahatymy alman, ýene eneň gargyşyna galypsyň-ow! – diýip, çawuş çakypdyr. ■ Gutulygyndan bäri tanaýan Bir gün Ependiniň goňşusynyň golçasy ogurlanypdyr. Golça eýesi ony biriniň elinde görüpdir. Ol ogryny kaza eltip, Ependini hem şaýatlyga çagyrypdyr. Kazy Ependiden: – Sen şu golçanyň goňşyňkydygyny nädip subut etjek? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Ol itiň aňsady. Bu golçany men gaty irden bäri tanaýan. Ol ilki başda bir kiçijik gutudy. Soň ol eýesiniň elinde ulalyp, golçalyga ýetdi. Men ony şol kiçijik gutulygyndan bäri tanaýaryn – diýip, gepini gögertjek bolupdyr. ■ Daşdan labyzly ses Bir gün Ependi bogazyna sygdygyndan azan aýdypdyr-da, aýak aldygyna ylgap gidenmiş. Ondan sebäbini soranlarynda: – Meniň sesim daşdan gaty labyzly eşidilýärmiş. Şony daşrakdan diňlejek bolýaryn – diýipdir. ■ Öküz öz günäsini bilýändir Ependiniň ekinine bir öküz giripdir. Ependi ullakan taýak alyp, öküze topulypdyr. Emma öküz taýak çaldyrman, gaçyp gidipdir. Aradan bir hepde geçipdir. Günleriň birinde Ependi şol öküzi bir daýhanyň araba goşup barýandygyny görüpdir. Ol sen-men ýok, elindäki hasasy bilen öküzi ýençmäge başlapdyr. Daýhan: – A-how, bu näme etdigiň, meniň öküzim bilen näme işiň bar? – diýip gaharlanypdyr. Ependi bolsa oňa: – Darykma, garry, darykma! Näme üçin urulýandygyny öküziň özi gaty oňat bilýändir – diýipdir. ■ Men heniz ýaş bilbil Bir gün Ependi biriniň bagyna giripdir-de, agajyň üstüne çykyp, erik iýmäge başlapdyr. Bagyň eýesi gelip: – Ýeri ho-ow, bu agajyň üstünde näme işläp otyrsyň? – diýip sorapdyr. Ependi bolsa: – Men bilbil, agajyň üstüne çykyp saýraýaryn – diýip jogap beripdir. Bagyň eýesi: – Ýagşy, o zeýilli bolsa, hany, saýra, eşideli! – diýipdir. Ependi saýrap başlapdyr. Bagyň eýesi ýylgyryp: – Heý, bilbilem şeýle saýrarmy? – diýipdir. Onda Ependi: – Men heniz ýaş, tejribesiz bilbil, bar saýrap bilşim şu – diýipdir. ■ Naguzybilläh diýerdiler Bir gün Teýmirleň: – Ependi, Beni Apbasly halypalaryň hemmesiniň öz lakamlarynyň bardygyny sen bilýänsiň. Olaryň biriniň Töwekgelbilläh lakamy bolsa, biriniň Muhasybilläh, beýlekileriniňem şuňa meňzeş lakamlary bolupdyr. Ýeri, men hem Beni Apbaslylardan bolan bolaýsam, meniň lakamym näme bolardy? – diýip, Ependiden sorapdyr. Onda Ependi: – Eý, beýik hökümdarym, sen muňa berk ynanaý! Eger şolardan bolaýsaň, saňa hökman Naguzybilläh diýerdiler – diýip jogap beripdir. ■ Ependiniň eşegini seýisleýşi Bir gün Ependi gämi ýamaýjylaryň ýanyna gelipdir. Ependi olaryň ýanynda ýanyp duran ody görüp: – Bular gämä näme edýärler? – diýip so¬rapdyr. Oňa: – Gara şepbik gaýnadyp, gäminiň jaýryklaryna çalýarlar, şonda gämi çalt ýö-reýär – diýip düşündiripdirler. Ependi öýü¬ne dolanyp gelipdir-de, eşeginiň aýagyny daňyp, ot ýakypdyr. Bir kesindini gyzdyryp, eşegiň aýagyna basypdyr. Eşek tanapyny üzüp, hyzzynlap, zym uçan ýaly bolupdyr. Onda Ependi: – Be, aýdanlarynyň jany bar eken-ow! Bu haramzadanyň bolşuny gör, heniz aýagyna gara şepbik çalynmanka, gözden uçup gitdi – diýip, eşegiň yzyndan eli şepbikli ylgapdyr. ■ Tozany şonda görersiň Günlerde bir gün Ependi öz şägirdi Imat bilen möjek awlamaga gidipdir. Imat möjek çagasyny tutmakçy bolup möjegiň sürenine giripdir. Şol wagt süreniň daşynda köw urup ýören ene möjek hem onuň yzy bilen kürsäp urupdyr. Ependi çaltlyk bilen mö¬jegiň guýrugyndan ýapyşypdyr. Möjek guduzlan ýaly bolup, ikiýana urnup, hiç zatdan habarsyz Imadyň üstüne gum sowrup baş¬lapdyr. Imat: – Sen näme tozadyp, gum peşeleýärsiň, how? – diýip, Ependä gygyrypdyr. Ependi oňa: – Sen ýöne möjegiň guýrugynyň elimden sypmanyny diläber. Sypaýdygy, ana, şonda görersiň tozany – diýip jogap beripdir. ■ Ependi we ussa Ependi jaý saldyrmak üçin ussa çagyrypdyr. Ussa: – Ine, bu ýerde otag, bu ýerde eýwan, bu ýerde hem ýerzemin bolar – diýip, jaý ýeri ölçäp başlapdyr. Şeýdip Ependi bilen ikisi garabaşyna gaý bolşup ýörkäler, ussa birden ýel çykaraýypdyr. Ependi şol bada: – Edil şu taýdan hem hajathana salmak gerek – diýipdir. ■ Ýeke aýakly gaz Bir gün Ependi gaz gowrup, Teýmirleňe alyp barýan eken. Ýolda ajygypdyr-da, bir gyra çekilip, gazyň bir buduny lak-luk ataýypdyr. Ependi patyşanyň huzuryna baryp, edep bilen gazy gowşurypdyr. Gazyň ýeke aýakdygyna birden Teýmirleňiň gözi düşýär. Teýmirleň Ependä: – Eý, Ependi, getiren gazyň bir aýagy ýok-la? – diýipdir. Ependi: – Tagsyr, biziň ilde gazlar ýeke aýakly bolýar. Eger ynanmasaň, ho-ol çeşmäniň başyndaky gazlara seredip göräýiň! – diýipdir. Hakykatdan hem, çeşmäniň başyndaky güneşläp duran gazlar ýeke aýaklaryna galyp, başlaryny aşak salyp, irkilişip duran ekenler. Patyşa bu gazlara uzak wagtlap syn edipdir. Şol wagt birden surnaý sesi ýaňlanypdyr. Sazandalar gümmürdedip, deprek kakyp başlapdyrlar. Surnaýdyr depregiň sesinden ýaňa ýer-gök lerzana gelip, uly gopgun turupdyr. Irkilişip duran gazlar hem ürküp, ikiýana oýmudaklaşyp, gaçyp başlapdyrlar. Teýmirleň Ependini ýanyna çagy¬ryp: – Sözüň ýalana çykdy. Seret, gazlaryň aýagy näçe eken? – diýipdir. – Eý, tagsyr, ýaňky gopgun turanda ukuda däldigiňe şükür et, eger ukuda ýatyrkaň, gopgun turan bolsa, iki aýag-a däl, ýene iki aýagy kireýine alyp, dört aýak bolup gaçmaly bolardyň – diýipdir. ■ Dat, owlak bilen meniň günüme! Bir gün Ependi ýarygijeler aýaly bilen gümür-ýamyr edip ýatyrka, aýak sesi eşidilipdir. Ol sesini-üýnüni çykarman, diň salyp oturypdyr. Şol wagt duldaky daňylgy duran owlak çekiräpdir. Şonuň yzysüre hem ogrularyň hümürdisi eşidilipdir. Olar: «Bu gije çolpymyza ilen zat bolmady. Gowusy, geliň, indi Ependiniň öýüni ýaraýalyň. Häzir uklap ýatyrka, özün-ä öldüreliň, owlagyny bolsa soýup iýeliň, aýaly bilen goş-golamyny bolsa alyp gideliň – diýşip, maslahat edipdirler. Muny eşiden Epen¬di gaty-gaty üsgürinjiräp, ardynjyrap, uly gopgun turuzypdyr. Ogrular dyr-pytrak bolupdyrlar. Ol gidensoň aýaly: – Gorkunjyňdan ýaňa ýöne garry göhert ýaly bagyryberdiň -ow, Ependi! – diýip degşipdir. Onda Ependi: – Saňa näme aýt? Dat, owlak bilen meniň günüme? – diýip jogap beripdir. ■ Ependi bilen Teýmirleň Teýmirleň Ependiniň ýaşaýan şäherini basyp alanda, onuň ýiti akylly hem gürrüňçi adamdygyny eşidipdir. Günlerde bir gün Ependini öz ýanyna çagyrypdyr. Ependi Teýmirleňiň ýanyna barypdyr. Görse, Teýmirleň ýumşak düşekçäniň üstünde gabarylyp, sagat aýagyny uzyn salyp oturan eken. Ependi içerik girende, ol kemterisinden gobsunmandyram. Diňe hormat-hatyra üçin oňa öz oturan düşeginden yşarat bilen ýer görkezipdir. Teýmirleňiň bu bolşuny Ependi juda ýokuş görüpdir. Her niçigem bolsa, ol syr bildirmändir, özüne görkezilen ýere baryp ynjalykly oturypdyr. Ara dymyşlyk düşüpdir. Az-kem wagt geçensoň, Ependi hem samsyklyga salan bolup, aýagyny düşekden bir tarapa uzadyp oturypdyr. Ependiniň bu bolşy patyşa ýaramandyr. Teýmirleň: «Men-ä bir aýagym maýyp bolansoň, şeýdip otyryn. Onsoň hem men nähili oturamda näme? Men patyşa ahyryn. Bu adamda maňa gürrüň berlişi ýaly, paýhas enteg-ä bildirip baranok. Bu bir tüýs haýwan-la. Ýa-da bu-da onuň bir oýnumyka? Allajanlarym, ol näme syzdyrjak bolýarka?» diýip, içini gepledipdir. Ahyry ol Ependiniň howuny bas¬jak bolup: – Asyl sen eşekden gaty bir daşlaşman ekeniň-ow! – diýipdir. Ependi söz alyp galman: – Hawa, oň bilen aramyz iki-üç garyşdan daş däl – diýip, Teýmirleň bilen öz arasyny garyşlapdyr. Teýmirleň muňa ýarylaýjak bolupdyr. Emma birbada saklanypdyr. Özüni dana hem parasatly görkezjek bolup geplemän oturypdyr. Ependi bolsa ünsem bermändir. Şu arada saçak ýazylyp, nahar çekilipdir. Olar nahar iýmäge oturypdyrlar. Birden Teý¬mirleň dogry Ependiniň ýüzüne garşy asgyryp goýberenmiş. Ependi hem oýunlyga salyp: – Patyşahym, adamyň ýüzüne asgyrmak gabahat dälmi näme? – diýipdir. Teýmirleň bu sowala biperwaýlyk bilen: – Biz taraplarda bu bir aýyp görlüp durulýan zat hem däl – diýip jogap beripdir. Nahardan bolnup, şerbete geçilipdir. Şol wagt Ependi batly ýel çykaryp goýberipdir. Teýmirleň gazap bilen Ependiniň ýüzüne seredip: – Bu nähili edepsizlik? Heý, utanmaýarmyň? – diýipdir. Onda Ependi: – Eý, tagsyr, darykmaň! Biziň töwereklerimizde bu bir uly aýyp hem hasaplanylyp durlanok – diýip jogap beripdir. ■ Adyny hem sorap durmadym Günlerde bir gün Ependi aýaly bilen aýrylyşjak bolup, kazyhana barypdyr. Kazy: – Aýalyň öz adyny hem-de atasynyň adyny ýazyp getiriň – diýip buýrupdyr. Kätipler muny Ependiden sorapdyrlar. Ependi bolsa: – Bilemok – diýip jogap beripdir. Kazy Ependiniň öýlenen ýylyna belet bolansoň: – Aýalyň bilen pylança ýyl ýaşap, şu çaka çenli hem onuň adyny bileňokmy? – di¬ýip sorapdyr. Onda Ependi: – Ýaşaşanym hak, ýöne men ikibaşdan aýrylyşjak bolamsoň, onuň adyny hem sorap durmadym – diýip jogap beripdir. ■ Münen ýabym çepbekeý eken Ependi kerwene çatylyp, bir ýana gitmekçi bolupdyr. Ertir ir bilen hemme adamlar howlukmaç atlanypdyr. Ependä-de bir ýaby getirip beripdirler. Ol sag aýagyny üzeňňä basyp, ýabynyň üstüne bat bilen towsupdyr welin, tersleýin atlanyp oturyberipdir. Ýanyn¬daky adamlar: – Haý, Ependi, sen atyňa tersleýin atlanan ýaly-la. Ol nämäň alamaty? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Atlanyşym-a dogry welin, ýöne maňa duşan ýaby çepbekeý eken – diýip jogap berenmiş. ■ Ol kaza degişli Iki goňşy daş çykyp otyrkalar, köçe bilen bir it gelip, olaryň öýleriniň gabat deňlerinde tezekläp gidipdir. Olaryň biri beýlekisine: – Bu seniň öýüňe ýakyn, sen süpür! – diýipdir. Beýlekisi bolsa: – Ýok, seniň öýüňe ýakyn, sen süpürmeli – diýip dawalaşypdyr. Olaryň arasyndaky dawa ulalyp, ahyry bir ujy kaza ýetipdir. Şol wagt kazyhanada Ependi hem bar eken. Kazy Ependini oýnajak bolup: – Ependi, hany, bularyň dawasyny açyp ber! – diýipdir. Şonda Ependi dawagärlere ýüzlenip: – Köçe hemme kişä ortalyk. Oňa eýemsiremäge siziň hiç biriňiziň hem hakyňyz ýok. Ol diňe kaza degişlidir. Şonuň üçin köçäniň aladasy kazynyňky bolmaly – diýip, dawany çöp döwlen ýaly çözüp beripdir. ■ Meniň özüm kimkäm? Bir gün Ependi kerwene dakylyşyp, uzak ýola gitmekçi bolupdyr. Ol özüniň ýitip gitmezligi üçin guşagyna kiçijik suw kädini daňypdyr. Şeýdip ol uzak ýol ýöräpdir. Bir düşelgede bir masgarabaz Ependiniň guşagyndaky kädini bildirmän alyp, öz guşagyna daňypdyr. Ependi ertir ir bilen seredip görse, gabat öňünde guşagyna suw kädi daňylgy bir adam duranmyş. Ol aňk-taňk bolup, böwrüne diň salyp: – Allajanlarym, şol adam-a men welin, meniň özüm kimkäm?! – diýip geň galypdyr. ■ Haý, ýeteweriň! Bir gün Ependi gaty ajygypdyr. Ol öňüne gelen gyzgyn çorbadan bada-bat bir çemçäni dolduryp içipdir. Gyzgyn çorba onuň içine gor guýlan ýaly edipdir. Ependi şundan bagyryp ýerinden turupdyr-da, köçä bakan ylgapdyr. Ol ulili bilen: – Haý, adamlar, tutaweriň! Ýeteweriň-de, söndüreweriň, içden otlandyrlar-la, how! – diýip gygyrýarmyş. ■ Daşymyň dolagy il-gün Ependi keseki bir ýurtda ýaşaýan eken. Bir gün ir bilen bir arabaçynyň öz iline ugrajagyny eşidipdir. Ol ýatan ýerinden hasyr-husur turup, eşigini geýinmän, ýarym-ýalaňaç halda araba baka düwdenekläýipdir. Ependi bir hormatly adam bolansoň, hiç kim oňa «Edýäniň näme?» diýmändir. Araba oba ýakynlaşypdyr. Arabakeş bir adamyny Ependiniň gelýänini buşlamak üçin oba çapar iberipdir. Uludan-kiçä ähli halaýyk Ependiniň öňünden çykypdyr. Görseler, Ependi ýarym-ýalaňaç haldamyş. Olar geň galyşyp: – Ýeri, Ependi, bu nä boluş? – diýip so¬rapdyrlar. Ependi alaň-açyklygyny şol wagt duýupdyr. Emma syr bermän: – Daşymyň dolagynyň il-gündügine keseki ýurtda mazaly göz ýetirdim. Şonuň üçin hem öz ilime geýnüwli gelmegi özüme uslyp bilmedim – diýipdir. ■ Ýeri, saňa näme? Bir adam Ependä: – Şu gün pylanylaryň çakylygy bar – diýipdir. Ependi: – Ýeri, bolsa bolupdyr-da, maňa näme? – diýipdir. Ol adam: – Şoňa seni hem myhmançylyga çagyrypdyrlar – diýip, oňa düşündirjek bolupdyr. Ependi bolsa: – Çagyrsalar, meni çagyrýarlar. Ýeri, saňa näme? – diýipdir. ■ Näsagyň oýny Bir gün Ependi näsaglapdyr. Goňşy aýallar ony soramaga gelipdirler. Görseler, Ependi birneme bäri bakan eken. Aýallaryň biri oýun edip: – Ependi, Alla seniň ömrüňi uzakdan bersin! Ýöne birden bolmasy bir iş bolup, Allanyň buýrugyny berjaý edäýseň, yzyňdan näme diýip aglaşsakkak? – diýip sorapdyr. Ependi: – «Wah, biçäre, aýallar bilen oýnaşyp, göwün solpusyndan çykyp bilmän, armanlyja gitdi» diýip aglaýyň – diýipdir. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |