23:25 Ependili degişmeler -8 | |
P
Degişmeler
Surat: "Hoja Nasreddiniñ gaýdyp gelmegi" kinofilminden / SSSR, 1989 ý. ■ Ependi tirýegiň güýjüni synaýar Ependi «tirýek keýp berýär» diýip eşidipdir. Ol bu keýpi barlamak üçin attaryň dükanyndan tirýek satyn alypdyr. Tirýekden az-kem atyp, hammama gidipdir. Hammamda otyrka, ol şeýle pikir öwrüpdir: «Ine, saňa ýalan gep. Keýp nirede, beýleki nirede. Iň bärkisi başyňam aýlanok. Ýa meni attar aldaýdymyka? Gel, onuň ýanyna baryp, any¬gyna ýeteýin». Ol hammamdan çuw-ýalaňaç ýagdaýda çykyp, attaryň ýanyna gelip: – A-how, seniň bu tirýegiň keýp berenok-la! – diýip sorapdyr. Onda attar: – Keýp bermese bermeýän bolmagy-da ah¬mal. Ýöne, ol seni ýaňy eneden dogan ýaly-ha edipdir – diýip jogap beripdir. ■ Seždäniň sebäbi Bir gün Ependi bagyndan öýüne barýarka, birden ýer titräpdir. Ol derrew eşeginden düşüp, sežde etmäge durupdyr. Dostlary onuň näme üçin sežde edýändigini sorapdyrlar. Ependi bolsa: – Ýeriň bu sarsgyny bilen biziň külbämiz kül-peýekun bolandyr. Öýdekäm titrän bolsa, ol meniň myžžygymy çykarardy. Juda bolmanda bir ýerime kesek gaçyp, o dünýä ugrardym, ýa-da telbe bolardym. Ine, seždäň sebäbi şu – diýipdir. ■ Ependiniň sadalygy Ependi jübüsini şetdalydan doldurypdyr-da, öňünden çykan dostlaryna jübüsini görkezip: – Kim meniň jübimde näme bardygyny bilse, men oňa ullakan şetdaly berjek – diýipdir. Oňa: – Seniň jübiňdäki şetdaly – diýipdirler. Ependi geň galyp: – Muny size haýsy päleket aýtdy? – diýipdir. ■ Ýaradanyň parzyny bermän, bendesinden karz dileýärsiň?! Ependi zeýtun iýmişini satýar eken. Onuň öýüne bir aýal gelipdir-de, iýmişiň bahasyny sorapdyr. Emma bahasyny ýokary görüp, söwdalaşmaga başlapdyr. Ependi: – Eşidýärmiň, bu bir hälki gögele ýa-da zaýa zeýtun miwesi däl. Ol hakyt bişen sapa¬gyndan düşen hem-de yhlas bilen taýýarlanan iýmişdir. Eger ynanmasaň, dadyp gör. Şonda gowudygyny bilersiň. Beýle süýji iýmişi ömrüňde-de dadyp gören dälsiň. Ol agzyňda eräp gitmese, maňa aýt. Mundan çykýan ýagam iň bir gowy ýagdyr. Muny agzyna alan adam dilini dişlemese ýagşy. Alyň, da¬dyp görüň, noş bolsun – diýipdir. Ol aýal: – Sen meni tanamaly. Men şu öýüň aňyrsyndaky köçede ýaşaýaryn. Siziň öýňüziň ýanyndaky bagyň eýesiniň aýalydyryn. Meniň ärim bilen siziň araňyz gowudy. Şonuň üçinem sen maňa ynam edýän bolsaň, iýmişiňden nesúe ber – diýipdir. Ependi: – Päheý, onuň işi haýyr-la. Seniň göwnüň näme islese, şol bolar – diýipdir. Şondan öň «Bir dadyp gör» diýip, oňa zeýtun iýmişinden uzadypdyr. Emma ol aýal: – Üç ýyl mundan ozal oraza wagtynda syrkawladym. Şonda ýedi günläp oraza tutup bil¬medim. Häzir bolsa gyşyň gysga gün¬le¬rinde men şonuň kazasyny dolup ýörün – diýip, iýmişi datmakdan boýun gaçyrypdyr. Ol bu sözi agzyndan gaçyran badyna Ependi: – Gyzym, sen zeýtun iýmişini nesýe almakçy bolýarsyň. Ýaradanyň parzyny berjaý etmän, ony birnäçe ýyllap ýadyndan çykaran adam, bendesine bermeli karzyny-ha ýadyna-da salmaz – diýip, oňa zeýtuny nesýe bermändir. ■ Kellesini alyp gitsin! Ependi özüne il ýüzüne ýasama hormat goýýan bir atlyrak adamyň irginsiz çakylygyna çydaman, bir gün onuňka myhmançylyga ugrapdyr. Myhman ýerine ýetiberende, öý eýesiniň penjireden jyklap duranyny görüpdir. Öý eýesi Ependiniň gelýänini görüp, derrew gizlenipdir. Ependi gapa baryp: – Eger zähmet bolmasa, öý eýesini çagyryň. Men onuňka görme-görşe geldim – diýipdir. Gapynyň aňyrsyndan: – Hojaýyn ýaňja çykyp gitdi. Ol siziň geleniňizi biläýse, öýde bolmanyna gaty gynanar – diýen ses çykypdyr. Ependiniň gahary gelip: – Aýby ýok. Ýöne siz oňa aýdyň. Indikide öýden çykanda penjireden jyklap, görene göz bolup durmaz ýaly, kellesinem ýany bilen alyp gitsin. Ýogsam, çagyrylanlaryň biri sögermi, nädermi? – diýipdir. ■ Möjegi gyssama! Günlerde bir gün Ependi daga odun ýyg¬maga gidipdir. Odun baryny ýygyp gaýtmakçy bolanda, daňan ýerinden eşegini tapmandyr. Görse, eşegini bir möjek öldürip, etini çekeläp duran. Şol wagt bir tarapdan bir adam çykyp, uly galmagal edip, ol möjegiň söbügine düşen. Möjegem ýapyýokary zymdyrylyp ugrapdyr. Muny synlap duran Ependi: – A-ho-ow, ýagşy ýigit, möjegi beýle gyssamaweri! Dok möjek ýapyýokary ylgap, daljygaýmasyn! – diýip gygyranmyş. ■ Bazar bolmazdy Bir gün Ependi bazaryň köçelerinden geçip barşyna gaty sesi bilen: – Haý, halaýyk, düýä ganat berilmänine şükür ediň-le ho-ow! – diýip gygyrypdyr. Onda bir adam: – Eger düýä ganat berläýende näme bolardy? – diýip sorapdyr. Ependi: – Bazar bolmazdy, gaty köp harapçylyk bolardy – diýipdir. – O nähili harapçylyk? Bazar näme üçin bolmazdy? – Äl, bolsa-da tüntaw ekeniň-ow, inim. Eger düýä ganat biten bolsa, ol uçmaly bo¬larmydy? – Bolardy. – Ol haýsymyzyň tamymyzyň üstüne gonsa, tamymyz ýykylarmydy? – Ýykylardy. Ýöne onuň bazara näme dahyly bar? – Aý, akmak, her gün işiň tam ýykyp, tam salyp ýörmeli bolsa, bazara kimiň eli degjek? ■ Ependiniň hyrydary aldaýşy Şäherde üzüm nahalynyň bahasy gaty arzan eken. Bu arzançylyk bada-bat alyjylara ýetipdir. Alyjylaryň biri Ependiniň ýanyna gelip, nahalyň bahasyny entek hem aşak düşürmäge kömek etmegini sorapdyr. Ependi muny eşidip, nahal satýanyň ýanyna baryp bir zatlar hümi-sümi edipdir. Netijäniň näme bolandygyny bilmek üçin hyrydar gelen badyna Ependi: – Baryny aýdyşyň ýaly edendirin. Ýöne, birneme hysyrdy boldy. Nahal eýesiniň başyny-gözüni aýlandyryn. Garaz, seniň ga¬raşyşyňdan hem beter yhlas etdim. Bulary diňe seniň hatyraň üçin etdim. Neneň, bo¬lupmy? – diýen. Hyrydar begenjinden ýaňa towsaklamaga başlapdyr. Şol ýerde Ependi: – Öz bähbidimem unudan däldirin. Gaty görüp dagy edäýmegin – diýipdir. Ol adam: – Aýdýanyň näme, heý-de bir gaty görerinmi? – diýipdir. Haýsy, akmak öz bähbidini unudar. Hany aýt, nämejikler etdiň? – Nahallar mugta barabar bolansoň, baryny özüm satyn alaýdym. ■ Öňünden görlen çäre Ependi jaý salnanda: – Düşeme tagtalary üçege kak, üçek tagtalaryny-da düşemä kak – diýip, ussa tabşyrypdyr. Ussa munuň sebäbini sorapdyr welin, Epen¬di: – Men basym öýlenjek – diýip jogap beripdir. – Ýeri, öýleneňde näme? – diýip, ussa geňirgenipdir. Onda Ependi: – Adam öýlenenden soň öýdäki zatlaryň barynyň agdar-düňder bolýanyndan seniň habaryň ýokmy? Men, ine, öňünden şonuň aladasyny edip ýörün – diýipdir. ■ Biz ulumsy däldiris! Ependi bir gürrüňçilikde özüniň keramatlydygy bilen öwnüpdir. Oturanlar: – Biz seniň keramatyň baryny näbileli? – diýipdirler. Ependi: – Ynha, men haýsy daşy ýa-da agajy çagyrybildigim besdir, derrew ýanyma geler – diýipdir. Muny eşidenler: – Bolýar, onda, hany şu garşyňda ösüp oturan agajy ýanyňa çagyr – diýipdirler. Ependi aýratyn bir owaz bilen: – Eý, sen, nazarkerde agaç, meniň ýanyma gel! – diýip gygyrypdyr. Emma Ependi agajyň ýapragynyň-da gymyldamaýandygyny görüp, gahar edip, oňa tarap ýönelipdir. Ependä: – Hany, agajy getirip, aýagyňa ýykyldyrjakdyň-la – diýenlerinde ol: – Aý, biz-ä, çagyranymyzda gelmese, üstüne özümiz baraýýas, ulumsylyk edip duramzok – diýipdir. ■ Ependi kaza we täjire nähili jogap beripdir Günlerde bir gün baş kazy, täjir hem Ependi üçüsiniň başy jemlenipdir. Kazy dagy hem bir gep tapyp, Ependini ýanajak bolup: – «Köp geplän-köp ýalňyşar» diýen nakyl bar. Ýeri, Ependi, wagyz-nesihat edeniňde seniň hem ýalňyşan wagtlaryň bolupmydy? – diýipdir. Ependi oýlanyp durman: – Hawa, tagsyr, bir gezek Gurhandan aýat okamda: «Kazylaryň ikisi-de otda» diýmegiň deregine: «Kazy otda» diýäýipdirin. Soňky gezek has uly ýalňyşlyk goýberdim: «„Ýalançynyň jaýy dowzahda» diýmegiň deregine: «Täjirleriň jaýy dowzahda» diýipdirin. Täjir: «Degme» diýdim-ä» diýen manyda kaza seredipdir. Ýene-de kazy: – Bize seniň hötdäňden gelme ýok. Sen isleseň weli, dana bolup bilýäň. Bir görseň hem „şeýtana sapak beren mekir ýa-da gözi gyzyl öküz ýaly baryp ýatan göhert hem samsyk – diýipdir. Onda Ependi kaza dikanlap seredip: – Ýok, tagsyr, beýle däl. Birinji aýdanyň heňe gelmänem duranok. Ýöne, mekir diýeniň ynandyryjy däl. Mekirlik üçin baş kazy bolmak gerek. Onsoň hem şu täjiriňki ýaly malym-pulum bolmasa, nädip samsyklyk edeýin? – diýipdir. ■ Kerkiniň gyýny Ependi çaga wagtlarynda beýleki oglanjyklar bilen harabaçylykda oýnaýan eken. Ýoldaşlaryndan biri bir jüp ädik tapypdyr. Oglanlar onuň eýlesine-beýlesine se¬ret¬mäge başlapdyrlar. Emma onuň nämedigini bilip bilmändirler. Olar ädigi Ependä görkezipdirler. Ol sähelçe-de säginmän: – Päheý, sizem-ä, şuny bilmän näme, kerkiniň gyýnydyr bu – diýipdir. ■ Ependi oýanyp, äýnek dileýär Gijäniň bir wagty Ependi uly basga galyp aýalyny oýarypdyr-da: – Hany, heleý, tizräk bol-da, äýnegimi äber – diýipdir. Aýaly äýnegini äberip, oňa näme bolanyny sorapdyr. Ependi: – Düýşümde örän geň-enaýy zatlar görünýär welin, käbirini äýneksiz seljerip bilemok – diýipdir. ■ Ependiniň gyzyna beren öwüdi Bir gün Ependi gyzyny durmuşa çykarypdyr. Atbaşçy ugrap, eýýäm arany açan eken. Ependi olaryň yzyndan kowup başlaýar. Birhaýukdan soň demi-demine sygman sojap, olaryň yzyndan ýetipdir. Gelniň daşyny gabap oturan aýallary eýläk-beýläk itişdirip, gyzynyň alkymyna süsdürilip barypdyr. Töwerek-daşyndakylaryň hemmesi geň galyp seredip duran ekenler. Ependi bolsa gyzyna: – Gyzym, tikin tikeniňde iňňä sapak sapaňsoň, ujuny düwmekligi ýadyňdan çykaraýmagyn. Ujuny düwmeseň, ol derrew iňňeden sypar. Eliňdäki iňňe bolsa, boş galar – diýip öwüt beripdir. ■ Ependi näme üçin puly gowy görýär? Bir gysganç adam Ependiden: – Sen puly gowy görýäňmi? – diýip so¬rapdyr. Ependi hem: – Hawa, gowy görýän, sebäbi pul adamyny her bir ynsapsyz bahyla mätäç bolmakdan halas edýär – diýip jogap beripdir. ■ Ependiniň bag ekişi Ependi öz bagynda gündizlerine agaç ekip, gijelerine bolsa, eken nahallaryny sogrup, öýüne alyp gaýdýar eken. Ondan: – Ýeri, Ependi, bu näme etdigiň? – diýip sorapdyrlar. Ependi: – Bilip bolmaz, näwagt-näzamana. Ýadyňa-oýuňa gelmeýän zatlar bolup dur. Şonuň üçin «Garybyň maly gözüniň alnynda» – diýleni dogrudyr – diýip jogap beripdir. ■ Gadyr-gymmatyny oňat biler Ependiden näme dileseler, dilenen zady şol gün bermän, ertesi gün berýär eken. Onuň näme üçin beýle edýändigini soranlarynda Ependi: «Berýän zadymyň gadyr-gym¬matyny oňat bilsinler» diýip şeýle edýärin – diýip jogap beripdir. ■ Samsyk ogry Ependi gijäniň bir wagty tamyň üstüne münen ogrynyň aýak sesine oýanypdyr. Ependi ogry eşider ýaly edip aýalyna: – Öten agşam men öýe gelenimde gapymy näçe kaksam hem sen eşitmediň. Onsoň üçege çykyp şu dogany okadym-da, aýyň şuglasyndan asylyşyp, jaýyň içine girdim – di¬ýipdir. Ogry otýakara gulagyny tutup, Ependiniň okan dogasyny sözme-söz ýat tutup, ony çalasynlyk bilen okapdyr, soňra eli bilen aýyň şuglasyndan ýapyşan şekilli hereket edip, ýuwaşlyk bilen aşak düşmekçi bolupdyr. Emma ol otýakardan güwläp aşak gaýdypdyr. Ependi zähresi ýarylan ogrynyň ýanyna atylyp barypdyr-da, onuň kekirdeginden ebşitläp tutup: – Keýwany, çaltrak çyra getir. Men ogry tutdum – diýip gygyrypdyr. Ogry ejizläp: – Gyssanma, rehim et! Seniň dogaň şeýle gudratly eken, şeýle paňkelle bolanym sebäpli, aňsatlyk bilen seniň eliňden sypyp bilmerin – diýipdir. ■ Utanjyma bukuldym Günlerde bir gün Ependiniň öýüne ogry giripdir. Ogry öýüň içini elek elän ýaly edipdir, emma ogurlap alar ýaly hiç zat tap¬mandyr. «Belki, şu sandygyň içinde bir zat bardyr» diýip, ogry pikir edipdir. Ol sandygyň içini açyp görse, onuň içinde Ependi oturanmyş. – Sen asyl bu ýerdemiň? – diýip, zähresi ýarylara gelen ogry ondan sorapdyr. – Hawa, öýmüzde ogurlara hiç zadyň ýokdugyna utanjyma sandyga giräýdim – diýip, Ependi jogap beripdir. ■ Jahyl wagtyň hem alyp barýan galaň ýokdy Günlerde bir gün Ependi ata münmekçi bolupdyr. At juda daýaw bolansoň, ol näçe jan etse-de, münüp bilmändir. – Wah, garrylyk köseýär-dä! – diýip Ependi dillenipdir. Soňra töweregine göz aýlap, hiç kimiň ýokdugyny anyklanyndan soň öz-özüne: – Aý, jahyl wagtyň hem alyp barýan galaň ýokdy-la! – diýip, aýdanynyň üstüni ýetirip¬dir. ■ Goý, olaryň özleri göçsün! Bir sebäp bilen birnäçe adam Ependiniň üstünden kaza arz edipdirler. Kazy Ependini çagyryp: – Käbir adamlar seni halanok. Sen nirä-de bolsa bir ýere göçmeli bolarsyň – diýip¬dir. – Ýok, men olary halamok. Goý, olaryň özleri nirä göçesleri gelse, göçäýsinler. Olar köplük, baran ýerlerinde oba bolup oturyp biljekler. Men bolsa ýeke, garrapdyryn. Indiden soň men nirä göçeýin! – diýip, Ependi jogap beripdir. ■ Ependiniň ýaý atyşy Ýaz aýlarynda Teýmirleň öz esgerlerini meýdana çykaryp, olara ýaý atmakda türgen¬leşik geçirmekligi buýruk beripdir. Ol Ependini hem ýany bilen alyp gidipdir. Ýolda barýarkalar, Ependi: – Wah, ýaş wagtlarym meniň neneňsi ok atandygymy siz gören bolsadyňyz? – diýip öwnüpdir. – Eger siz ýaş wagtyňyz oňat atan bolsaňyz, şu wagt hem siziň okuňyz nyşanadan sowa geçmez – diýip, Teýmirleň Ependä ýaý bilen üç sany peýkam beripdir. Ependi ýerliksiz öwnendigi üçin özüne gargan hem bolsa, peýkamlary alyp nyşanadan atmakdan başga çykalga galmandyr. Ol «Eger nyşanany urup bilmesem, Teýmirleň biderek öwnenimi inime siňdirmese gerek. Näme etmeli!» diýip, içinden pikir öwrüpdir. Onsoň Ependi hilä baş urmaly bolupdyr. – Duşmanlaryň goşun başlygy şeýle atardy – diýip ilkinji oky atypdyr, peýkam nyşana degmändir. Teýmirleň ýerine düşen degişmä ýylgyryp¬ dyr. – Şäher häkimi hem beýle atardy – diýip, Ependi ikinji oky atypdyr. Peýkam ýene-de nyşanadan sowa geçipdir. Teýmirleň gaşyny çytypdyr. Ependi aljyraňňylyga düşüp, üçünji oky atanda degişme sözleri aýtmagy hem ýadyndan çykarypdyr. Üçünji peýkam säwlikde nyşana degipdir. Ependi ýeňillik bilen uludan dem alypdyr-da: – Tagsyr, Ependi bolsa şunuň ýaly atardy – diýipdir. ■ Çydamly janawar Ependi gyşyň örküjinde özüniň gallasynyň azalyp ýörenini duýupdyr. Onsoň ol: «Eger eşegiň iýmini birneme kemeldäýsem neneňsi bolarka?» diýip, oňa öňki berýän iýminden az-owlak kem beripdir. Görse, eşegi ozalkysy ýaly dikgirdäp ýör. Aradan ep-esli wagt geçensoň, ol ýene-de onuň iýmini kemeldipdir. Eşek ýene-de öňki katdyny saklapdyr. Muny gören Ependi onuň arpasyny azaldyp, ýarpa getiripdir. Dogrusy, eşek janawar şonda bir ýuwaşan ýaly bolupdyr. Emma Ependi onuň bolşuny iýminiň kemelendigine ýormandyr. Kem-kemden Ependiniň gözi öwrenişip, eşegiň şol öňki guratlygydyr öýdüpdir. Bir aý töweregi wagt geçensoň, ýarpyny-da doly bermän, ony ýene-de kemeldip başlapdyr. Eşek sortduryp ugrapdyr. Soňabaka uzak wagtlap ýatmany çykarypdyr. Ahyryn saman iýmekden hem galypdyr. Şol döwürlerde Ependi oňa ýekeje goşawuç arpa berýän eken. Bir gün irden Ependi ýataga barsa, eşegi ölüp ýatyrmyş. Ependi muny görüp: – Wah, wah-ýeý, janawar, oraza tutmagy ýaňy öwredip barýardym welin, arman ölüm ara sokuldy-da – diýip gynanypdyr. ■ Hakyky suwy dadyp gör Bir gün Ependi deňziň kenarynda gezip ýörkä suwsap, şor suwdan birazrak dadypdyr. Şor suwdan suwsuzlygy ganmag-a beýle-de dursun, gaýta öňküden hem beter bokurdagy gurap, ýüregi bulanyp ugrapdyr. Ol birazajyk öňe gidip, süýji suw tapypdyr. Ependi ondan mazaly ganypdyr. Soň goşawujyny dolduryp, getirip deňze döküpdir we deňze ýüzlenip: – Ner kimin agzyňdan ak köpük saçyp, çyrpynyp durma-da, me, hakyky suwuň nähili bolýandygyny dadyp gör! – diýenmiş. ■ Ädikçiniň hataryndan Bir gün Ependini toýa çagyrypdyrlar. Ol täze köwşüni geýip toýa barypdyr. Gapynyň agzynda onda-munda dagaşyp ýatan köwüşleri görüpdir, emma ol köwüşlere hiç kim esewan bolmaýar eken. Ependi köwşüni çykaryp, ýaglyga düwüpdir-de, goltugyna salypdyr. Otagyň içinde myhman kän eken. Onsoň Ependä hem oturmak üçin ýer görkezilipdir. Ependi goltugyndaky düwünçegi hem aýyrman, halynyň üstüne çöküpdir. Gapdalynda oturan adam: – Goltugyňyzdaky seýrek duş gelýän kitap bolsa gerek? – diýip sorapdyr. – Elbetde, şol – diýip Ependi dillenipdir. – Eger gizlin bolmasa aýdyň, onyňyz nähili kitap, ylmyň haýsy ugrundan? – Aý, söwda ugrundan-laý... – O-ho-ow, siz ony seýrek kitaplar satylýan ýerden aldyňyzmy? Ependi: – Ýok. Men ony ädikçileriň hataryndan satyn aldym – diýip jogap beripdir. ■ Ependi we aýy Günlerde bir gün Ependi dagyň içi bilen barýarka, äpet bir aýy görüpdir. Ependi şol bada agaçlyga tarap gidipdir-de, bir beýik armyt agajyna dyrmaşyp çykypdyr. Aýy gelip agajyň aşagynda ýatypdyr. Ependi ep-esli wagt garaşypdyr, emma aýy gitmändir. Ahyry aýy arkaýynlyk bilen armyt iýmek üçin agajyň aşaky şahalaryna münüpdir. Aý aýdyň bolany sebäpli aýynyň armytlary alyp agzyna dykýandygyny Ependi synlap oturypdyr. Aýy öte bişen armytlary göz-läp, ýokaryk dyrmaşdygyça, Ependi ondan gaçyp, agajyň çür başyna çykypdyr. Ependiniň kalbyna howsala aralaşypdyr. Şondan soň edil gyzzyrma tutýan ýaly galpyldap başlapdyr. Ol: «Meniň başymda gorkunç ölüm bar» diýip, sandyr-sandyr edýän eken. Aýy bolsa garabaşyna gaý bolup, aýyň ýagtysyna öte bişen armydy saýlaýar eken. Ine, birden ol bir armydy Ependiniň edil alkymyna eltip synlapdyr. Ependi armyt özüne hödür edilýändir öýdüp: – Tagsyr, taňryýalkasyn! Men armyt iý¬ýän däldirin – diýip, gorkudan ýaňa zörledipdir. Aýy bu jynssyz sesi eşidip, nämäniň-nämedigine düşünmän, oturan şahasyny om¬rup, arkanlyga tarap aşak gaýdypdyr. Epen¬di bir seretse, aýy ýere ýazylyp ýatyrmyş. Şonda-da ýere seretmäge onuň bogny ysman¬dyr. Ertesi irden seretse, aýynyň heniz hem şol bir ýatyşymyş. Ependi ony ölendir hasap edipdir. Her halda ätiýajy elden bermän, agaçdan sallanyp, aýagynyň burny bilen ony yralap görüpdir. Dogrudan hem, onuň ölendigine gözi ýetensoň, pyçagyny çykaryp, «Bismilla!» diýip, ony soýmaga başlapdyr. Şähere tarap bazara barýan daýhanlar onuň bir iş bilen meşgul bolup duranyny görüp, Ependiniň beýle äpet aýyny öldürip bilşine geň galyşyp: – Baý-ba-ýow! Beýle aýynyň penjesine düşäýseň, süňňüňi saklap bolmaz – diýşip¬dirler. Ependi bolsa, göýä diýersiň, üýtgeşik bir zat bolmadyk ýaly: – Aý, bu ýerlerde aýylar köpelipdir. Olary öldürmeseň, armytlaryň hemmesini iýip, adamlara zat goýjak däl – diýip, parhsyz äheňde gürläpdir. Soňra bolsa mekirlik bilen ýylgyrypdyr. ■ Üzüm çybygy Ependi üzüm çybyklaryny oturdyp ýören eken. Muny gören dostlarynyň biri: – Olar haçan ýetişer, haçan hasyl berer? Seniň özüň-ä olardan bu golaýda üzüm dadyp bilmersiň? – diýipdir. Onda Ependi: – Rast aýtdyň! Ekenlerinden-ä iýdik, indi adamlar ekenlerimizdenem iýsinler-dä – diýip jogap beripdir. ■ Kyrk sowala bir jogap Günlerde bir gün şähere ady belli jedelçi pelsepeçi gelipdir. Ol: – Siziň şäheriňizde iň alym adam kim? – diýip, adamlardan sorapdyr. Oňa Ependini görkezipdirler. Pelsepeçi oňa: – Ependi, meniň saňa kyrk sowalym bar. Sen bir sözde şolaryň hemmesine jogap bermeli hem-de meniň düşünmeýän zatlarymy düşündirmeli – diýipdir. Ependi biparhlyk bilen: – Beýle bolsa aýdyberiň – diýip, onuň berýän soraglaryny üns berip diňläpdir-de: – Bilemok – diýip jogap beripdir. Şeýdip ol garşydaşyndan üstün çykypdyr. ■ Ependiniň hasap ýöredişi Teýmirleň şäher häkiminiň hasabat işini derňän wagtynda bahana arap, ony salgyt pullaryny iýmekde aýyplapdyr. Teýmirleň onuň hasap depderini ýyrtym-ýyrtym edip, olary zorluk bilen şäher häkimine iýdiripdir. Soňra ol Ependini çagyryp, oňa salgyt ýygnamak işi bilen meşgul bolmagy buýrupdyr. Älem hökümdarynyň buýrugyna garşy bol¬mak, öz boýnuňa özüň syrtmak atan ýalydy. Onsoň Ependi täze wezipede işläp başlapdyr. Aradan bir aý geçensoň, Teýmirleň Ependini ýanyna çagyryp, salgyt hasabyny talap edipdir. Ependi hasap depderiniň deregine, ýüzüne san bary ýazylan çöregi oňa uzadyp¬dyr. Teýmirleň gaharly ýylgyryp: – Bu näme etdigiň? – diýip, ondan sorapdyr. – Eý, hökümdar! Siziň sadyk guluňyz hasaby çöregiň ýüzüne ýazyp ýöredäýipdir, sebäbi siziň sadyk guluňyzyň aşgazany gurat bolmany üçin, diňe şular ýaly zatlary özleşdirip bilýär – diýip, Ependi mysapyrlyk bilen jogap beripdir. ■ Ine, seniň daýyň ýaşaýan ýeri Günlerde bir gün Ependi öýlerine gelende, öýünde bir nätanyş adamynyň oturanyny görüpdir. – Sen kim bolarsyň? – diýip, Ependi sorapdyr. – Men Hudaýyň ýegeni – diýip, ol jogap beripdir. Ependi emaý bilen onuň goltugyn¬dan tutupdyr-da, ony metjide alyp gelip: – Eger sen Hudaýyň ýegeni bolsaň, onda, ine, şu seniň daýyň ýaşaýan jaýy – diýip, ony taşlap gidipdir. ■ Ölendigini özi habar berdi Günlerde bir gün Ependi bir zatdan gaty gorkup ýykylan eken. Şonda ölendirin öýdüpdir. Ol şol ýatyşyna uzak wagtlap turmandyr. Emma ony galdyran adam bol¬mandyr. Wagtyň geçmegi bilen Ependi gaty ajygypdyr. Onsoň ol öýüne gelip nirede we neneňsilik bilen ölendigi barada aýalyna gürrüň beripdir. Garnyny doýransoň, ýene-de şol öňki ýerine gelip, edil öňküsi ýaly hem ýatypdyr. Aýaly ses edip, saçlaryny ýolup: – Ärim ekin meýdanynda tarpa-taýyn jan beripdir – diýip, goňşy-golamlaryna habar beripdir. Gaýgy-gama gark bolan goňşy aýal¬lar: – Näme bolup ölüpdir. Onuň ölenini kim habar berdi? – diýip soranlarynda: – Wah, betbagt Ependiniň ýanynda kim bo¬lar öýdýäňiz? Onuň özi gelip habar berip gitdi – diýip, aýaly jogap beripdir. Ol şu sözleri aýdansoň, ählisi Ependiniň «ölen» ýerine eňipdir. ■ Ol aýdan zadyny edýändir Bir gün Ependi şähere barypdyr. Ol ýerde hem bir şäherli bilen tanyş bolupdyr. Şäherli: – Ependi, sen meniň göwnümden turduň. Ýör, gideli, oturarys, gürrüň ederis, men saňa duz-çörek hödür ederin – diýip, ony öýüne äkidipdir. Olar gidipdirler. Öý eýesi saçak ýazyp, edil aýdyşy ýaly, Ependiniň öňünde bir döwüm çörek bilen bir çümmük duz goýupdyr. Şol wagt bir gedaý gapa gelip, sadaka bermeklerini sorapdyr. Husyt öý eýesi äpişgeden kellesini çykaryp: – Hany, jähennem bol, şu ýerden, «jähennem bol» diýilýär. Eger çykaýsam, böwrüňi garaldaryn – diýipdir. Ependi hem oňa penjireden: – Eý, bende! Sen muňa beýleki adamlar ýalydyr öýtme. Ol oýun edýän däldir. Öz sözüniň üstünde durýandyr. Ol aýdýan zadyny edýändir – diýip gygyrypdyr. ■ Atasyz molla Bir gün oba mollasy Ependä: – Ependi, sizem ataňyzyň ruhuny ýatlap, janly öldürip, hudaýýoly berseňiz oňat bolardy – diýen. Onda Ependi: – Molla aga, ilki özüňiz bir ataňyzy ýatlap, sadaka berseňiz, soňra bizem senden görelde alardyk – diýipdir. Onda molla: – Ependi, sen-ä akmak ekeniň, näme meniň molladygymy bilmeýäňmi? – diýipdir. ■ Oraza günleri Oraza tutulýan günleri Ependi açlygyna çydaman, gündiziň günortany saçagyň başy¬na geçip, nahar edinipdir. Muny goňşusy görüp: – Ýeri, molla Ependi, näme Hudaýy äsgermezlik edýärsiň, o dünýäde jogap bermeli borsuň – diýipdir. Muňa Ependiniň gahary gelip: – Kimmişin o dünýäde jogap berjek, o dünýäde jogap bermeli bolsa, ilki sen bermeli. Sen gündizine on sagat oraza tutýan bolsaň, men gijesine on dört sagat tutýaryn – diýip jogap beripdir. ■ Adym Hudaýguly welin... Günlerde bir gün Ependi Buharanyň bazarynda aýlanyp ýörkä, emiriň ýasawullary: – Sen kim bolarsyň? Özüň-ä bu jelagaýlaryň adamy däl ýaly? – diýip sorapdyrlar. Ependi hem: – Men – Hudaý – diýip jogap beripdir. Ýasawullar: – Häý, dinden çykan päleket, sendenem bir Hudaý bormy? – diýip, urup-urup usurgadypdyrlar, soňra-da süýräp, emiriň köşgüne eltipdirler. Emir ondan: – Eý, dinden çykan, Hudaýyň adyna ysnat getirýän senmi? – diýip sorapdyr. Ependi: – Tagsyr, meniň adym Hudaýgulydyr. Emma siziň ýasawullaryňyz adymyň birinji ýarymyny – «Hudaýy» aýdyp, «gulusyny» diýmäge ýetişmänkäm, urup ýykdylar – diýip, şikaýat edipdir. Emir gahar-gazaba münüp, Ependini alyp gelen nökerleriň hersine kyrk dürre urmagy buýrupdyr. ■ Orazam bozular-da... Ependi mekdepde okaýarka, gaty ýakymsyz eken. Bir gün ol ýakymsyzlyk edip, beýleki oglanlaryň okamagyna päsgel berýän eken. Oraza aýynyň bir güni mollasy Ependä: – Ependi, garagolluk etme, bolmasa taýak iýersiň – diýipdir. Onda Ependi: – Molla aga, taýak iýsem, orazam bozular-da – diýipdir. ■ Tapawudy ýok Ependi kazyçylyk edýärkä, bir sopy onuň ýanyna gelip, arz edipdir. – Pylan metjidiň sopusy geçen gije gelip, metjidimizden namazlyklary ogurlap, öz metjidinde goýupdyr. Ependi: – Metjidiň ikisem Hudaýyň öýüdir, on¬soň namazlyklar haýsy ýerde bolanda-da tapawudy ýok – diýipdir. ■ Molla galmazdy Bir gün Ependi ýol bilen gidip barýarka, öňünden bir topar çaga bilen bir molla çykypdyr. Ependi molladan: – Çagalary nirä alyp barýaň? – diýip sorapdyr. Onda molla: – Çagalara Hudaýdan ygal dilegini et¬dir¬jek, Hudaý çaganyň dilegini eşitgiç bolýandyr – diýen. – Eger çagaň dilegini Hudaý diňleýän bolsa, bu wagta çenli ýeriň ýüzünde bir molla-da galmazdy – diýip, Ependi gidiberipdir. ■ Laýa goşjak Ependi saman ogurlamaga baranda, sakçy onuň ogurlygynyň üstüne gelip: – Aý, Ependi, munuň gowy däl – diýende, Ependi: – Aý, zeleli ýok, men muny laýa goşjak ahyryn! – diýip jogap beripdir. ■ Özüm gaýdyberdim Bir gün Ependi biriniň bagyna üzüm ogurlamaga baranda, eýesi ony görüp: – Eý, Ependi, bu işiň saňa gelşenok – diýende, ol: – Aý, başga-da iberere adam tapmamsoň, özüm gaýdyberdim – diýip jogap beripdir. ■ Arkaýyn bolaý Bergä batan bir adam Ependiniň ýanynda: – Şu bergilerimi üzüp bilsem, onsoň Ezraýyl janymy alsa-da owarram – diýen. Epen¬di: – Sen bergileriňden dynýançaň, Ezraýyl garrap, seň janyňy almaga ýarasam ýok-la, ondan ýaňa arkaýyn bolaý — diýip oňa göwünlik beripdir. ■ Ependi we ogry Ependi bir gün bazara baranda jübüsindäki puluny ogurladaýypdyr. Töweregine garanjaklasa, bir adam aýagaldygyna gaçyp barýar eken. Ependi onuň söbügine münýär. Gündiziň güni ele düşjegine gözi ýetensoň, ogry Murgap derýasyna özüni urup, aňyrsyna ýüzüp geçipdir. Ependi ýüzüp bilmänsoň, bialaç, bärki kenarda durmaly bolupdyr. Ogry pul eýesiniň derýadan geçip bilmejegine gözi ýetensoň, o kenarda arkaýyn oturyp, pu¬ly sanamaga başlapdyr. Ependi durup bilmän: – Eý, halypa, pul-a aldyň welin, sany¬beri dogrumy? – diýip gygyrypdyr. ■ Wah, aňňyrmadygyna gynanýan Günlerde bir gün Ependiniň eşegi ölenmiş. Ol muňa gaty gynanyp aglanmyş. Dostlary Ependä: – Ependi, ölen bir eşek bolsun, onuň üçin hapa bolma. Jemlenip ýene-de birini satyn alyp bereris – diýenmişler. Onda Ependi: – Wah, dostlar, men eşegiň ölenine gynanamok. Onuň ömründe otdan doýup, uzyn sesine aňňyrmadygyna gynanýan – diýenmiş. ■ Kim akmak? Bir gün Ependi eşegini satmaga bazara eltip jellaba tabşyrypdyr. Jellap eşegi bazarda gezdirmäge başlan. Ol: – Ýorga eşek aljagyň gel how, üsti rahat, ýola düşende üstünde çaý içip oturmaly, özem ulygyz ýaly, ýuwaş, ýaş, sagdyn... – diýip ta¬ryplamaga durupdyr. Hyrydarlar üsti-üs¬tü¬ne gelip: «Kim ýokary?» baha goýjak diý¬şip, eşegiň bahasyny ýokary göterip başlanlar. Ependi jellabyň eşegini taryplaýşyny hem-de hyrydarlaryň basa-bas bolşuny gö¬rüp: – Be-ýeý, eşegim şeýle taýsyz oguşýan. Gel, muny ile ýetirmän, özüm satyn alaýyn-la – diýip oýlanypdyr. Ol hyrydarlaryň be¬ren bahasyndan hem ýokary diläpdir. Şunluk bilen eşek ahyry Ependiniň elinde galmaly bolan. Ependi eşegiň bahasyny jellaba sanap beripdir-de, eşegi alyp gaýdan. Ol bazarda bolan wakanyň barysyny agşam çaýyň başynda aýalyna gürrüň berip¬dir. Aýaly Ependiniň gürrüňini diňläp: – Wiý, hakydam gursun, şu gün menem bir geňsi zadyň üstünden bardym. Öýümiziň gapdalyndan gaýmak satýan geçip barýan eken. Men ony görenimden sakladym-da, bärik çagyrdym. Ol maňa gaýmak çekip berende, men bildirmän, ýuwaşlyk bilen tereziniň üstünde öz bilezigini goýdum-da, gaýmakly käsäni alyp, öýe bakan düwdenekläýdim – diýipdir. Ependi munuň gürrüňini diňläpdir-de: – Alla ikimize kuwwat bersin! Men daşardan, senem içerden, garaz, ikimiz iki ýerden şeýdip, öýümizi bir düzedeli – diýipdir. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |