19:55 Ependili degişmeler -7 | |
Surat: "Hoja Nasreddin we Ezraýyl" kinofilminden / "Özbekfilm", 2004 ý. ■ Dört adam sygarmy? Ependi bir dul aýal alypdyr. Olar gije ýatanlarynda aýaly öňki ärini öwüp baş¬lap¬dyr. Ependi bolsa öňki aýalyny öwüpdir. Ahyrynda Ependiniň gahary gelip, aýalyny depip, sekiden aşak ýykypdyr. Aýalynyň gapyrgalary döwlüpdir. Aýaly kaza arz edipdir. Kazy Ependiden sorag edipdir. Onda Ependi: – Dört adamyň bir sekä sygjak gümany barmy? Şonuň üçin hem aýalym sygyşman ýere gaçdy – diýipdir. Kazy: – Dört adam kim? – diýip sorapdyr. Ependi: – Dört adam diýenim: men, meniň öňki aýalym, şu aýal we onuň öňki äri – diýip jogap beripdir. ■ Ependiniň eşegini gözleýşi Bir gün Ependiniň eşegi ýitipdir. Ol eşegini gözleýärkä, gözüne urlan ýaly aýdyma zowladýarmyş. Oňa: – Eşegini ýitiren adam bokurdagyny ýyrtara getirip, aýdym aýtman, gaýtam, aglaýarmyka diýýärdik welin, seniňki tersine-ow! – diýipdirler. Onda Ependi: – «Şu dagyň aňyrsynda eşegim barmyka» diýip, heniz hem az-kem umyt edýärin. Eger şo taýdan hem tapylmasa, meniň nähili uwlaýandygymy şonda görersiňiz – diýip jogap beripdir. ■ Jaýyndan çen tutsaň Bir gün Ependi şäheriň köçelerinde gezip ýörkä, ýaňy salnan ullakan bir jaýa gözi düşüpdir. Ol muňa haýran galyp, seretmäge durupdyr. Ependi bu jaýyň beýikdigine we owadanlygyna geň galypdyr. Bu jaýyň gapysynda duran hyzmatkärleriň biri: – Näme, sen muňa geň galyp seredýärsiň? – diýip sorapdyr. Ependi oňa: – Alla janym, «Bu nämekä?» diýip, oýlanyp durun – diýipdir. Hyzmarkärler Ependiniň üst-başyna seredip, geýimleriniň sal-saldygyny, durkunyň-görküniň horaşajadygyny görüp, «Aý, bu bir küşülje adam-la» diýip, pikir edip¬dirler-de, oňa degip başlapdyrlar. – Munuň nämedigini bilmeýän bolsaň, bu-ýä degirmen – diýipdirler. Onda Ependi samsyklyga salyp: – Be, jaýyndan çen tutsaň-a, bu degir¬me¬niň öňünde duran haýwanlar hem meniň eşegimiň kowmundan boljag-ow, onda? – diýip, hyzmatkärleriň özlerine tarap barmagyny çommaldypdyr. ■ Kellesi-hä meniň eşegimiň kellesi Bir gezek Ependiniň eşeginiň bezegli nog¬tasyny ogurlapdyrlar. Ol eşeginiň gulagyndan tutup, öýüne getiripdir. Birnäçe gün geçensoň, ol nogtasyny bir daýaw Müsür eşeginiň kellesinde görüpdir. Ependi geň galyp, eşegi başdanaýak synlapdyr-da: – Beh, kellesi-hä meniň eşegimiň kellesi welin, munuň göwresi ýaman üýtgäpdir-le – diýipdir. ■ Ependiniň bergisini üzüşi Bir gün Ependi penjireden köçä seredip otyrka, öz algydaryny görüpdir. Ol indi ýoňsuz wagt bäri bu adama bergisini üzüp bilmän ýören eken. Ependi onuň öz öýüne tarap gelýänini görüp, aýalyna öňden öwredip goýan bahanasyny ýatladypdyr-da: – Keýwany, sen meniň diýşim ýaly, edip oňa aýt, belki, biz onuň günde-günaşa pisi¬ni aşyryp gelip durmasyndan dynaýmazmykak? – diýipdir-de, özi hem oňa görünmejek bolup, gizlenipdir. Emma ol uzak çydam edip oturyp bilmän, bularyň gürrüňlerini diňlemekçi bolup, gapynyň ýanyna gelipdir. Şu ikarada algydar habarlaşmak üçin gapa gelipdir. Ependiniň aýaly gapyny açyp: – Size näme gerek? – diýipdir. Algydar öz ýanyndan «Meni şunça wagtyň içinde sesimden tanarça bolandyr-la» diýip oýlanypdyr-da, Ependiniň aýalyna ýüzlenip, gaty ses bilen: – Men indi şol öňki iş bilen üçülenji gezek gelýän. Sizde asyl ynsap diýlen zatdan nam-nyşan ýok eken. Sen hany, ol ärsumagyňy bärik çagyr, meniň oňa birki agyz aýtjak-diýjek zadym bar – diýip, gatyrganyp başlapdyr. Emma Ependiniň aýaly hoşamaýlyga tutup, özüne öwredilişi ýaly söze başlapdyr: – Wah, ol häzir öýde ýok. Eger bir zat aýtmaly bolsa, siz maňa aýdyň, men oňa gelende gylyny gymyldatmanjyk ýetiräýerin. Wiý, siz asyl şol biziň bergidarymyz ýaly-la! Dog¬ru¬syny aýtsam, siziň ondan ýaňa zeýrenjiňiziň jany bar. Ýöne, arman saňa berer ýaly hiç pul tapyp bilemzok. Siz darykmaň, biz az-azdan elimize düşenjesini indiden beýläk hut, siziň üçin jemläp başlajak. Me¬niň adamym ynha, şu ýerden, edil gapyň agzynda bir çetili agaç ekmäge hyýallanýar. Ine, şol agaçlar ýetişerem welin, gapymyzyň agzyndan geçmäge öwrenenje goýunlar biri-birine süýkenişip, gysylyşyp geçerler. Olar näçe köp süýkendikleriçe, ýüň übtügi hem çetä şonça köp işilip galar. Biziň gapydaky çetili agaçlara ilişip galan ýüňleri ile azaryny ýetirmän ýygnarys, egreris, egren ýüňümizden keçe edip, bazara çykaryp satarys. Şeýde-şeýde bergimizi tutuşlygyna üzeris. Seniň bizden ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn, henize çenli kişiň hakyny iýen ýerimiz ýokdur – diýip jogap beripdir. Algydar bulardan bu gezegem pul alyp bilmejegini aňypdyr. Ýöne, ol bularyň özüne bermeli karzyny üzjek boluşlaryny eşidip, biygtyýar gülmäge başlapdyr. Ependi bu gülkä çydam edip bilmän, aýalynyň ýeňsesinden kellesini görkezip: – Haý, zaňňar, jübüň agraldy welin, gülkiň ýer ýarýar-ow! – diýip ýaňsylapdyr. ■ Eşegiň üstünde bolmanyma şükür Bir gün Ependi eşegini ýitiripdir. Ol hem eşegini gözleýärmiş, hem Hudaýa şükür edýärmiş. – Sen näme beýle yzyny üzmän şükür edýärsiň? – diýip soranlarynda ol: – Eşegiň üstünde bolmanyma şükür edýän, eger onuň üstünde bolaýan bolsam, men hem ýitip giderdim – diýipdir. ■ Ýaşlygymy ýatladym Ependi bir baýramçylyk güni şähere çykypdyr. Ýaş-ýeleňleriň oýnap-gülüp, göwün açyşlaryna syn edipdir. Şol wagt bir ýigit Ependiniň başyndan sellesini sypyryp alypdyr hem-de ýaý berip oturan ýaşlaryň arasyna oklapdyr. Ependi sellesini tutjak bolup, ondan-oňa selpäp daljygypdyr. Emma hernäçe jan etse-de, alyp bilmändir. Ependiniň bolşuna ýigitler gyzyl-gyran gülşüpdirler. Ependi olara: – Oglanlar, indi besdir, sellämi beriň, men gaýtjak – diýip ýalbarypdyr. Olar muňa has-da gaty gülşüp, kese ýykylypdyrlar. Ependiniň zeýrenişi asla gulaklaryna-da ilmändir. Ependi uzynly gün dursa-da, sellesini alyp bilmejegini duýupdyr. Ýolda barýarka, oňa iň gowy görýän dostlarynyň biri gabat gelip: – Ependi, kelleýalaňaç nireden gelýärsiň? Hany, selläň nirede? – diýip sorapdyr. Ependi: – Men ýaşlygymy ýatlap, çagajyklar bilen oýnap, kelläm gyzdy – diýipdir. ■ Çykaran harjymy kimden almaly? Bir gün Ependi bir topar bedene tutupdyr. Olary gowrupdyr-da, agzyny ýapyp, myhman çagyrmaga gidipdir. Ependi çykan badyna dostlarynyň biri gelip, gowrulan bedeneleri alypdyr-da, olaryň ýerine janly bedene salyp goýupdyr. Dostlary ýygnanyşypdyrlar. Ependi bolsa uly dabara bilen gazany orta goýupdyr. Gapak açylan badyna bedeneler pasyrdap uçup gidipdirler. Ependi geň galyp: – Eý, gudraty güýçli Taňrym, eýjejik guşlara jan bereniň-ä gowy zat welin, çykaran harjymy kimden almalydygymy-da aýdaýsaň! – diýipdir. ■ Sen meniň halymy sora! Ependi talyp wagtynda bir oba hüşür-zekat ýygnamaga gidipdir. Ol metjitde wagyz-nesihat aýdyp otyrka, Isa pygamber hakyndaky gürrüňi hem oňa goşup, «Ol dördünji gat asmanda bolýar» diýipdir. Ependi metjitden çykanda bir kempir onuň ýanyna gelip: – Men seniň wagyz-nesihatyň bir ýerine gyzyklandym. Sen «Isa dördünji gat asmanda bolýar» diýdiň. Geregim, ol ýerde ol näme iýip, näme içip oňýarka? – diýip so¬rap¬dyr. Ependi gaharlanyp: – Päheý, akyly çaşan kempir. Ynha, meniň siziň obaňyza gelelim bäri bir aý boldy. Sen sorajak bolsaň, görgüli Ependiniň näme iýip, näme içip oňýanyny sora! Seniň bolsa dördünji gat asmanda mydama toý-tomaşada, merhemetde ýaşaýan beýik weliniň iýip-içenini soramak ýadyňa düşýär – diýipdir. ■ Ependi hem agzy daňylgy golça Bir adam Ependä agzy daňylgy golça beripdir-de: – Men gelýänçäm, şuny aýap sakla! – diýipdir. Ependi ep-esli güne çenli saklap, ahyry bir gün golçanyň içinde näme bardygyny bilmegi ýüregine düwüpdir. Ol öz-özü¬ne „«Alla janlarym, munuň içinde näme bo¬lup biler?» diýip, golçanyň daňysyny çözüp ugrapdyr. Görse, oňa bal guýlan eken. Baly görüp Ependiniň agzy suwarypdyr. Ol bala barmagyny batyryp dadyp görüpdir welin, agzyna ýaraýypdyr. Agzy tagam tapan Ependiniň häli-şindi şoňa tarap barmagy uzap durupdyr. Ependi bally golça bilen gaty daryşandygyny diňe ony teýim-takyr edip arassalandan soň duýup galypdyr. Şondan birnäçe gün geçensoň, golçanyň eýesi dolanyp gelipdir. Ol Ependiden golçany gaýtaryp bermegini sorapdyr. Ependi ap-arkaýyn, hiç zatdan habarsyz bolan bolup, golçany eýesine beripdir. Emma golça eýesi ony gaty ýeňil görüpdir-de, onuň agzyny açypdyr. Görse, golçanyň içi takyrap ýatyrmyş. Ol Ependiden: – Ependi, hany, bal nirede? – diýip so¬rapdyr. Onda Ependi: – Näme-näme bolandygyna birin-birin gürrüň bermez ýaly, iň gowusy şony menden sorama – diýen bolýarmyş. ■ Ependi deňňenä goşulýar Günleriň bir güni Ependi öz dostlary bilen göwün açmaga çykypdyr. Olar bol suwly, baglarynda ir-iýmiş bişip oturan, öleňleri ýere-göge görk berýän, garaz, behişdi ýatladyp duran oba barypdyrlar. Ýigitler hezil edip dynç alypdyrlar. Ýanlary bilen geti¬ren zatlarynyň hemmesini işdämenlik bilen iýip gutarypdyrlar. Öýe gaýtmak wagty gelipdir. Emma bu gözel öleňlikden hiç kimiň gaýdasy gelmändir. Şeýdip olar ýene-de birnäçe gün şol ýerde galmagy ýüreklerine düwüpdirler. Olaryň her haýsy deňňene üçin bir zat orta goýmagy maslahat edipdirler. Biri buglama bilen gutap meniň boýnuma diýipdir. Ikinjisi derisine dykylyp bişirilen guzy etini getirmegi boýun alypdyr. Üçünjisi bolsa, üzüm ýapraga dolanyp bişirilen dolama, peýnir, onsoň hem pyrtykal, alma, armyt ýaly gök-sök getirmegi boýun alypdyr. Oturanlar «Ependi näme diýerkä» diýip garaşypdyrlar. Ependi dogrusyndan gelip: – A-how, adamlar! Siziň şu deňňenäňiz üç aýlap dowam edäýse-de, menem şony taşlap gitsem, Alladan, pygamberden we ähli periş¬delerden geljek gargyşy öz üstüme alýaryn – diýipdir. ■ Bolsadyň ysy Bir gün Ependiniň çorba iýesi gelipdir. Ol: – Wah, şu wagt narpyz atylanja çorba bolaýsa, hezil edip iýerdim – diýip «bolsady ekipdir». Birdenkä gapy açylypdyr. Goňşy aýalyň ogly eli okaraly girip: – Meniň ejem syrkaw. Birazajyk çorba beräýiň-dä! – diýipdir. Ependi muny eşidip: – Wah, biçäre, eýýäm bolsadynyň ysyny alan eken-ow! – diýipdir. ■ Sežde etmesinler Bir gün Ependi şähere barýarka, ýolda ker¬wensaraýda düşläpdir. Ol saraýmany çagy¬ryp: – A-how, dost, bu jaýa atylan pürsleriň aram-aram gorkunç şatylamasy bar-la. Sen ussa çagyryp, agaçlaryňa bir seretdir – diýipdir. Saraýman gülüp: – Näme, pürsleri ahmal görýärmiň? Bitakat bolma, jaý örän mäkäm gurlandyr. Ýykylasy ýok. Jaý köne-de bolsa, pürsi berkdir. Ependi, sen bir parasatly adam. Dünýädäki ähli mahlugyň Hudaýa hamdy-sena aýdýandygyny bilýänsiň ahyryn. Pürsleriň hem hamdy-sena aýdýan wagtlary şatylaýmajygy bardyr – diýipdir. Ependi saraýmanyň gepe düşmez pekgeligini görensoň: – Wah, onyň dogry-la. «Ýöne olar hamdy-sena kellesi gyzyp, sežde etmek üçin aşak egiläýerlermikä» diýip gorkýan – diýipdir. ■ Dünýäniň ini-boýy näçe arçyn? Bir gün Ependi köçeden geçip barýarka, ony ýolda duranlar saklap: – Ependi, sen bir alym adam, biziň jedelimizi çözüp ber, dünýäniň ini-boýy näçe arçyn? – diýip sorapdyrlar. Şol wagt köçeden bir merhumy jaýlamak üçin mazarystanlyga alyp barýan ekenler. Ependi tabytda ýatan merhuma goluny uzadyp: – Siziň bu soragyňyza ho-ol tabytda ýatan bende doly jogap berer, ol ýap-ýaňy dünýäniň eýlesini-beýlesini ölçäp bolupdyr, baryň, şondan soraň! – diýipdir. ■ Çykyň, indi ýeke-ýekeden Bir gün Ependi ýerzemine girip, bir zat gözläp ýörkä, tekjede duran içi soganly irigöz elek kellesine gaçypdyr. Onuň essi aýylyp, gözi garaňkyrapdyr. Gahary gelen Ependi bat bilen elegi depipdir. Ol diwardan gaýdyp geläge-de, dyzyna patylap degipdir. Ependi gazaba münüp, elegi aýlap-aýlap, ýere pylçap urupdyr. Batly urlan elek ýer bilen Ependiniň maňlaýy aralykda gatnaw edip duranmyş. Yzly-yzyna degen urga çydamadyk Ependi öýüne bakan düňk ýasapdyr-da, ullakan pyçak alyp gelip: – A-how, elekler, çykyň indi gaýratyňyz bolsa, ýeke-ýekeden! – diýipdir. ■ Kim güýçli? – Allatagalanyň gudratynyň güýçlüdigine sen näme aýdarsyň?! – diýip, bir gün Ependiden sorapdyrlar. Onda Ependi: – Men özümi bilelim bäri-hä hemişe Allanyň diýeni bolýar. Eger Allanyň elinde güýç ýok bolsa, käte meniň hem diýenim bolsa bolardy – diýipdir. ■ Karzdaryň saýyp ýörme Bir gün Ependi köle balyk tutmaga gidipdir. Ol bäş-on sany balyjak tutup bilipdir. Ahyrda balyk tutmakdan ýadap, ýüregi takat bermän, öýüne gaýtmakçy bolupdyr. Şol aralykda oglanlar Ependiniň ýeňsesinden ogryn gelip, bir-birden onuň barja balyklaryny daşap gutarypdyrlar. Ependi balykly sebedini göterip, öýüne ugrajak bolýar welin, görse, sebetde bir balyk hem ýokmuş. Ependi köle ýüzlenip: – Ine, seret, boş gelip, boş gidýärin. Erteki gün meni karzdaryň saýyp ýörme! Al, ynha, şuny hem sen alaý! – diýip, gaharyna sebedini hem kölüň içine zyňyp goýberipdir. ■ Ependiniň keçjallygy Ependi çaga wagtynda atasy näme diýse-de, gulak asman, öz göwnüne ýakanyny edip ýörüpdir. Atasy oňa diýenini etdirjek bolup, ähli zady tersine aýdyp başlapdyr. Ine, bir gün olar degirmenden gaýdyp gelýärkäler, köprüden geçmeli bolupdyrlar. Emma köprüniň üstünden eşek geçer ýaly däl eken. Atasy: – Oglum, men köprüden geçjek welin, ýöne sen bir eşegi güzerden süräýmegin! – diýipdir. Ependi keçjallyk edip, eşegi güzerden geçirmekçi bolupdyr. Suwy ortalaberende, atasy unly haltanyň bir gapdala agyp barýanyny görüpdir. Ol: – Oglum, halta menden taýa aganok, suwa-da gaçjak bolanok. Sen ýüküň beýle tarapyna süýşmän otur! – diýipdir. Ependi: – Ata, men indi uly adam ahyryn! Şu mahala çenli mydama seniň aýdanyň tersine etdim. Emma indi, edil şu sapardan başlap, näme diýseň, aýdyşyň ýaly etjek – diýipdir. Şeýdip, ol gozganman oturypdyr welin, halta bilen bilelikde güwläp suwa gaýdypdyr. ■ Ependiniň eşek satyşy Bir gün Ependi eşegini satmak üçin ony jellaba tabşyrypdyr. Bir hyrydar eşegiň ýaşyny biljek bolup, onuň dişini görmekçi bolupdyr. Eşek ol adamyň elini hatyladyp dişläpdir. Hyrydar gargynyp gidipdir. Az salymdan ýene bir hyrydar peýda bolupdyr. Ol eşegiň guýrugyndan tutup görmekçi bolupdyr. Eşek onuň hem döşi kessir ýeke patyny beripdir. Ikinji hyrydar hem döşüni tutup, gargynyp gidipdir. Jellap Ependiniň ýanyna baryp: – Ependi, şu eşegiňi alan tapylar öýdemok. Onyň-a alnyndan geleni hatyladyp, ardyndan geleni patyladyp dur – diýipdir. Onda Ependi: – A-ho-ow inim, men-ä şony satmak üçinem getirmändim. Şu eşekden ýaňa görýän günümi «ilem bilsin» diýip getiräýdim – diýipdir. ■ Kimiň ýaşy uly? Ependi oglanka biri ondan: – Kimiň ýaşy uly, seniňkimi ýa doganyňky? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Öten ýyl-a ejem doganymyň menden bir ýaş uludygyny aýdypdy. Şonuň üçünem bu ýyl biz ýaşyt bolýarys – diýip jogap beripdir. ■ Sadaka barlygy çyn bolaýmasyn?! Bir gün Ependi aýaly bilen otyrka, bälçiräp: – Men şu gün obamyzyň ähli adamsyny aldajak — diýende, aýaly: „ — Aldap bilmersiň – diýipdir. Şonda Ependi tamyň üstüne çykyp: – Haý, jemagat, obanyň ýokary başynda hudaýýoly bardyr-la, ho-ow! Biriň galman, baraweriň-le, ho-ow! – diýip, bokurdagyna sygdygyndan gygyrmaga durupdyr. Ähli adam onuň gepine ynanyp, aýdylan tarapa ugrapdyr. Töwerekde diňe Ependi bilen aýaly galypdyr. Uly iliň syrylyp gi¬de¬nini gören Ependi: – A-how, keýwany, hany gabyňy al-da, öňe düş! Sadaka barlygy çyn bolaýmasyn – diýip, özi hem şol tarapa eňipdir. ■ Ependiniň mazarystanlykda bit gözleýşi Bir gün Ependi mazarystanlykda köýnegini çykaryp, bitini çöplemäge oturypdyr. Şol wagt birden güýçli ýel turupdyr-da, onuň köýnegini galgadyp alyp gidipdir. Ependi hem köýneginiň yzyndan ýykan-sürşän bolup ylgapdyr. Edil şol halatda niredendir bir ýerden bir topar atly peýda bolupdyr. Olar bir çuw-ýalaňaç adamyň mazarystanlygyň içinde daşdan-daşa böküp, galgap ýören-digini görüpdirler. Bu tomaşadan atlylaryň özleri-de gorkupdyr. Olaryň atlary-da ürküp, horguryşyp, ýoldan çykypdyr. Soň olar birneme aýňalyp, özlerini basga goýan adama temmi bermekçi bolup, onuň üstüne eňipdirler. Atlylar Ependiniň yzyndan ýetip: – Eý, tentek, mazarystanlygyň içinde bo¬lup ýörşüň nähili? – diýip gygyrypdyr. Onda Ependi: – Ýigitler, men merhum. Ýalançy dünýäni ömürbaky taşladym. Bu ýere bolsa, täret kylmaga çykdym. Günüme goýsaňyz, ýene öz ma¬zaryma girjek. Bu dünýäňiz bilen şärik zadym ýok – diýip jogap beripdir. Muny eşi¬den atlylaryň ýüregine dowul düşüp, patyrdyny berip gaçypdyrlar. Ependi hem atlylardan sag-aman sypanyna begenip, ýene-de köýneginiň yzyndan ylgap gidipdir. ■ Ependi gysganç dostuny amana getirýär Bir gün Ependi dosty bilen bile süzme satyn alypdyrlar. Ýaňy iýmäge başlanlarynda, dosty süzmäniň ortasyndan çyzyk çekip: – Men öz tarapyma şeker sepjek – diýipdir. Ependi: – A-how, onyň-a gelşigi bolmaz. Meniňem süýji zat iýesim gelýär. Sepjek bolsaň, bar ýerine sep, bileje iýeli – diýipdir. Dosty: – Meniň şekerim az. Onsoň hem saňa şeker bergim ýok – diýipdir. Muňa Ependiniň gahary gelipdir. Elini horjunyna sokup, bir çüýşe çigit ýagyny çykarypdyr-da, süzmäniň üstüne eňterip başlapdyr. Dosty: – Päheý, duraweri, zalywat! Heý-de, süzmäniň üstüne ýag guýlarmy? – diýip gygyryp¬dyr. Onda Ependi: – Saňa näme? Men öz paýyma ýag guýjak, gum guýjak, seniň nä işiň? Senem öz paýyňa halan zadyňy guý! – diýipdir. Dosty: – A-how, guýsaň-da, gury-guragrak zat guý, suwuk zat bar ýere akar ahyryn – diýende, Epen¬di: – Ýeri, ýeri, ýaňrama-da, şekeri ortasyna dök! – diýipdir. ■ Ependi jaý salynýar Ependi özi üçin jaý salmakçy bolupdyr. Onyňka dostlary ýygnanypdyrlar-da, nähili jaý gurmalydygy barada her haýsy bir tüýsli maslahat beripdir. Her kim özüniňkini gögertjek bolupdyr. Käbir gyzma bolsa: – Eger sen meniň aýdyşym ýaly salmasaň, onda men güýç bilen diýenimi etdirerin – di¬ýip azgyrylypdyr. Ependi jedelleşmekden iripdir. Dostlarynyň göwnüni ýykmajak bolup, hemmesiniň aýdanyny edipdir. Jaý tama meňzemän, bir geň-enaýy üç burç zat bolup çykypdyr. Gurluşyk gutaran badyna Ependi jaýy görmek üçin dostlaryny çagyrypdyr. Ol: – Ýeri, göwnüňizden turdymy? – diýip so¬rapdyr. Olar: – Ýok, biz-ä halamadyk – diýip jogap be¬rip¬dirler. Onda Ependi: – Beh, o näme beýle? Bar zat diňe siziň aýdyşyňyz ýaly edildi ahyryn. Bolýa-da, indi bir azar bermäň. Jaýy öz bilşim ýaly-da bir salyp göreýin – diýipdir. ■ Suwly ýaýla Ependi ilkinji gezek öz ýurdundan başga bir şähere düşende giň ýaýlany we köli görüp, geň galypdyr-da: – Be, görüň-le, bu nähili mal bakar ýaly oňat ýaýla eken. Muňa bütin obanyň sürüsini sürüp getirseňem ýerleşjek. O-ho, muny gör-le, asyl muňa suw hem guýup goýaýypdyrlar – diýipdir. ■ Ependiniň maslahaty Bir adam Ependä: «Tamyma gün düşenok» diýip şikaýat edipdir. Ependi: – Töwereginde gün düşýän ýeri barmy? – diýip sorapdyr. Ol adamdan «Hawa» sözüni eşiden badyna Ependi: – Tamyňy şo taýa göçür – diýipdir. ■ Kim huşsuz? Günlerde bir gün kazy Ependini myhmançylyga çagyrypdyr. Ol aşpezine üstüne injir sepilen süýji nahar taýýarlamagy buýrupdyr. Nahar çekilipdir, emma injirli nahardan habar-hatyr bolmandyr. Ýassy namazy okalandan soň, kazy Ependä: – Gurhandan Allany ýatlap, hizb oka, ruhumyzy bir şatlandyraly – diýipdir. Ependi «Bismilla!» diýip, «Wettiýni, wezzeýtuni» süresini okap başlapdyr. Kazy oturan ýerinden: – Bu okanlaryň içinde «tiýn» gelmedi-le, sen näme ýadyňdan çykardyňmy? – diýipdir. Ependi bolsa: – Kimiň näme ýadyndan çykaranyny özüň gowy bilýänsiň-le – diýipdir. Ependiniň sözüni oturanlar goldapdyrlar. Şeýdip, Ependi injirli naharyň orta äberilmegini gazanypdyr. ■ Bizde üzümi güýz iýýärler Ependiniň öýüne bir dosty myhmançylyga gelipdir. Ependi ony iýdirip-içiripdir. Onuň bile tä ýassyna çenli gürleşip oturypdyr. Ýatar wagty bolanda myhman: – Biz tarapda ýatyljak bolnanda mydama üzüm iýilýär – diýipdir. Onda Ependi: – Be, bizde beýle däl, bu taýlarda üzümi diňe güýz iýýärler – diýipdir. ■ Huma derek howuz bolsa näderdimkäm? Günlerde bir gün Ependiniň ýeke özi hammamda ýuwnup oturan eken. Başga adamyň ýokdugyna gözi ýeten Ependi suw saklanýan how¬za kellesini sokup, aýdyma gygyryp başlan. Onuň öz sesine gaty göwni ýetipdir. Ependi hammamdan gaýdyşyn patyşanyň ýanyna sowlup, özüniň örän gowy sesiniň bardygyny aýdypdyr. Oňa: – Hany, onda birki nama gaçyr – diýipdirler. Ependi içi suwly hum getirmegi talap edipdir. Ol kellesini huma sokup, aýdyma gygyran. Bu çirkin sese gahary gelen patyşa getirilen humy başaşak agdaryp, tä suwy gutarýança, Ependini gamçy bilen ýençmegi buýrupdyr. Her gezek gamçy degende Ependi: „«Hudaýa şükür» diýip gygyrýarmyş. Sebäbini soranlarynda: – Wah, huma derek howuz soramanyma şükür edýän – diýipdir. ■ Howluganym üçin Ependi bir öýde toý bolýanlygyny bilip, bir kagyzy epläp, bukjanyň içine salypdyr-da, göni toý bolýan ýere eňipdir. Ondan: – Ýeri, näme habar? – diýip soranlarynda. Ol: – Men toý eýesine hat getirdim – diýip jogap beripdir. Ependi haty öýüň eýesine berip, saçagyň başyna geçip, howlukmaç nahar iýmäge başlapdyr. Öý eýesi: – Bu kagyza hiç zat ýazylmandyr ahyryn? Boş-la bu?! – diýipdir. Onda Ependi: – Howlukmaç bolamsoň, hiç zat ýazyp ýetişmedim – diýipdir. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |