14:39 Ependili degişmeler -5 | |
Surat: "Şadyýan gözler" ("Гляди веселей") kinofilminden / "Täjikfilm", 1983 ý. ■ Iň bir howply gedaý Günlerde bir gün Teýmirleň Ependini çagyryp: – Şäherimizde haýasyz, uýatsyz gedaýlar biçak köpelipdir. Olar bir adam görseler ýakasyndan tutup, zat alman goýberenoklar. Sen eliňe bir galam, kagyz alyp, gedaýlaryň atlaryny ýaz, soňra hemmesini şäherden çykaryp kowaly – diýip buýruk beripdir. Ependi eline galamdyr kagyz alyp birinji bilen Teýmirleňiň öz adyny ýazypdyr. Patyşa ony gören badyna gazap atyna münüpdir. Ependi: – Siz gaharlanmaň! Özüňiz maňa «Iň bir haýasyz, uýatsyz gedaýyň adyny ýaz» diýip, buýruk berdiňiz ahyryn» – diýipdir. Teýmirleň: – Men şalaryň şasy Teýmirleň, indi men gedaý, onda-da gedaýlaryň baryp ýatan haýasyzy boldummy?! – diýip, has hem gazaplanypdyr. Ependi bolsa: – Hawa şahym, beýleki gedaýlar howplu¬lyk¬da saňa taý bolup bilmezler. Gedaýlar halkdan bir zat aljak bolsalar, ýalbaryp-ýakaryp, dilenip alýarlar. Siz bolsaňyz zor bilen, gamçy-dürräniň güýjüne daýanyp alýarsyňyz – diýip, hakykaty aýtmakdan çekin¬mändir. ■ Kimiň ebti agypdyr? Teýmirleňiň Ependä ilkinji sapar duşuşy hakda şeýle gürrüň edýärler. Bir gün Teýmirleň ir bilen awa gidip barýarka, onuň öňünden Ependi çykypdyr. Epen¬diniň ýüzi betgelşik bolansoň, Teýmirleň «Ýola çykylanda şunuň ýaly ebti agyp durany görmek, adamy görgä-bela duçar edýändir. Indi meniň awum şowly bolmaz» di¬ýip, gaharlanypdyr we Ependini tussag edip, zyndana salmagy buýrupdyr. Teýmirleňiň eden yrymynyň tersine, ol gün onuň awy juda şowly bolupdyr. Gaýdyp gelen badyna Ependini boşadyp, ötünç sorapdyr. Öz tussaglygynyň sebäbine düşünen Ependi: – Eý, hökümdar! Siz meni ebtagan hasaplap tussag etdiňiz-de, awuňyz şowly bolup, yzyňyza dolandyňyz. Men bolsam, «Maşgalam üçin bir bölejik çörek puly» diýip, öýden çykypdym welin, ýüzüm ilki siziň ýüzüňize sataşdy-da, uzynly gün zyndanda oturmaly boldum. Häzir hem aç oturan bala-çagalarymyň ýanyna çöreksiz gaýtmaly. Indi kimiň betbagtlygyň nyşany bolup, ony ilki gören adamsynyň bagtsyzlyga duçar edýändigini özüňiz aýdyň?! – diýip, patyşa sowal beripdir. ■ Gyjygy gelýär Bir gün emir Teýmirleň Ependiniň gorkakdygyny ýa-da ýüreklidigini bilmek üçin jellatlara: – Ependini dardan asyň! – diýip buýrup¬dyr. Jellatlar Ependini alyp barýarkalar, Teýmirleň oňa ýüzlenip: – Hany, indi ahyrky sözüň, ýa wesýetiň bolsa, aýt! – diýipdir. Ependi: – Mende wesýet bolmaz. Ýöne, eý, hökümdar! Senden bir haýyşym bar, meni dardan asanlarynda bogazymdan däl-de, bilimden assynlar, sebäbi boýnumyň gyjygy gelýär – diýip, haýyş edipdir. ■ Howa maglumaty Ependi bilen Teýmirleň bir ýere gidip barýarkalar, howanyň ýüzüni duman büräpdir. Teýmirleň ýagyşa ezilmekden gorkup: – Ýagyş ýagarmy, ýa ýagmazmy? – diýip, Epen¬diden sorapdyr. Ependi özüniň howa barada ylymsyzdygyny aýdypdyr. Teýmirleň Ependä: – Bar. onda, ho-ol, çopandan sorap bil! – diýip buýruk beripdir. Çopan Ependiniň haýyşyny eşidensoň, gatyrynyň guýrugyny galdyryp, ep-esli pi¬kirlenipdir-de: – Bar-da, hojaýynyňa aýt, tizara bulut dagap, gök durlanar, ýagyş hem ýagmaz – di¬ýip¬dir. Olar ep-esli ýöränsoňlar, çagba ýagyp başlapdyr. Teýmirleň gaharlanyp, murtla¬ry¬ny çeýnäp: – Sen «Ýagyş ýagmaz» diýip aýtdyň ahyryn!? – diýip, Ependä gygyrypdyr. Ependi bolsa biperwaýlyk bilen: – Eý, uly hökümdar, howany bilýän alym-a çopan bolsa, howa maglumat abzaly-da gaty¬ryň guýrugy bolsa, hökümdaryň başyna gök¬den daş hem ýagar – diýip, onuň üstünden gü¬lüpdir. ■ Kim uly? Bir gün adamlar Teýmirleňiň uly patyşadygy hakda gürrüň edip oturan ekenler. Olar patyşanyň güýç-kuwwatlydygyny, pa¬ra¬satlydygyny öwüpdirler. Şäher häkimi hem: „ «Dünýä näçe hökümdar gelen bolsa, ola¬ryň arasynda has ulusy Emir Teýmirleň Körekenidir » – diýipdir. Adamlaryň arasynda oturan Ependi: – A-how, adamlar! Teýmirleňi şeýle götergiläp, arşa çykardyňyz–la, ol näçe uly bolsa-da, düýeden uly bolup biljek gümany ýok – diýipdir. ■ Akylsyzyň hasaby ýok Bir gün Teýmirleňiň uly wezipeli adam¬laryndan biri akylyndan azaşypdyr. Teýmirleň Ependini ýanyna çagyryp, köşkdäki akylsyzlaryň atlaryny ýazyp bermegini buýrupdyr. Ependi: – Gowusy men akylyny ýitirmediklerden ýazyp bereýin. Ýogsam akylsyzlaryň hetdi-hasaby ýokdur şahym, hemmesini ýazmaga miltim ýok – diýip, garşylyk görkezipdir. ■ Häkimiň sylagy Günlerde bir gün şäher häkimi Ependini masgara etmek üçin ýanyna çagyrypdyr we oňat goşgy ýazyp, ertir hemme şahyrlaryň üýşen wagtynda okap bermegini tabşyrypdyr. Ependi: – Men şahyr däl, goşgyny nähili düz¬megi düýşümde hem gören adam däl – diýip, hernäçe dady-perýat etse-de, häkim buýrugyny üýtgetmändir. Ependi uzynly gijäni uklaman, goşgy goşjak bolup synanyşsa-da, şahyrlyk oňa düýbünden başartmandyr. Ahyrda Ependi aňyna gelenini ýazypdyr. Ertesi şahyrlar häkimiň ýanyna gelip, hersi öz düzen goşgusyny okapdyr. Ahyrda Ependiniň gezegi ýetipdir. Ependi aljyraman, düzen goşgusyny gaty ses bilen okap¬dyr welin, adamlar ha-hahaýlaşyp gülşüpdirler. – Örän gowy, öz adyňa laýyk goşgy go¬şup¬syň – diýip, häkim kinaýaly gülüpdir-de, nökerlere ümläpdir. Nökerler eşek pa¬la¬ny¬ny getirip, Ependiniň öňünde goýupdyrlar. Ependi ol palanyň näme üçin geti¬ri¬le¬ni¬ni soranda, häkim: – Seniň düzen goşgyň bu ýerde okalan goş¬gularyň hemmesinden gowy, meniň göwnümden turdy. Ana, şoňa görä-de, saňa baýrak bermeli etdik – diýipdir. Ependi keýpini bozman: – Hawa, häkim aga, bu goşgynyň siziň mübärek göwnüňizden turanyna men ynanýan, eger meniň ol goşgym siziň ýatasuw ýaly porsan göwnüňi joşdurmasady, onda öz lybasyňy «baýrak» diýip, maňa sylag bermezdiň – diýip gygyraýypdyr. ■ Kazy bir tapmasyn Bir gün Ependi ýiten sygryny gözläp ýör¬kä: – Eý, Hudaýym! Meniň sygrymy kim tapsa-da, kazy bir tapmasyn – diýip, dileg edipdir. Adamlar: – Ependi aga, ony kim tapanda näme? Nä¬me üçin sen kazydan gorkýaň? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Eý, sowatsyz nadanlar! Siz bileňzok, men bu ýeriň hemme kada-kanunyny bilýän. Eger meniň sygrym kazynyň eline düşse, ony iýjek bolup, ýüz delil tapar. Eger garşylyk görkezsem, birnäçe teňňe pul ýa-da bir kem kyrk dürre jerime salar – diýip, olara düşündiripdir. ■ Howlukman iýmegem kyn däl Bir gün bir baý Ependini öýüne myhmançylyga çagyryp, ony mazaly hezzetläp naharlapdyr. Ependi iýip-içip bolansoň, gaýt¬makçy bolanda: – Ýakynlarda ýene bir gezek myhmançylyk eder ýaly, Hudaý döwletiňe döwlet goşsun! – diýip, töwir edipdir. Onda ol baý: – Eý, Ependi! Men seni indi myhmançylyga çagyrjak däl. Sen dünýäde süýji nahar datmadyk ýaş oglan ýaly, şeýle bir gyssanyp iýýäň, hatda elleriňi hem görmek mümkin däl – diýip igenipdir. Ependi göwnüne zat getirmän: – Ýene şunuň ýaly myhmançylyga çagyrsaň, howlukman iýmek hem kyn zat däl. Sen asla bu zatlar üçin keýpiňi bozma! – diýip, onuň sözüni kesipdir. ■ Düýş Ependiniň kazyçylyk edýän wagtynda bir açgöz söwdagär bir garyby ýany bilen getirip: – Kazy aga, şu adamyň maňa bergidardygyny men düýşümde gördüm. Häzir şol algymy talap etsem, ol «berjek däl» diýýär – diýip, arz edipdir. Ependi ol husydyň maksadyny aňypdyr we: – Şerigat kitaplarynda şonuň ýaly zatlar hakynda zat ýazylmanlygy üçin men bu ada¬ma zat diýip biljek däl. Gowusy, sen baryp gaýtadan ukla. Eger-de bu garybyň saňa ber¬gidardygyny ýene bir gezek düýşüňde gör¬seň, dessine ylgap meniň ýanyma gel, on¬dan soň men algyňy alyp bereýin – diýip, söw¬dagäri gelmez ýaly edipdir. ■ Baýguşy getirmäň! Bir gün Ependi keselläpdir. Onuň ýanyna gelen tebip: – Ependi, bir başa bir ölüm bar. Adamlaryň hemmesi-de Allatagalanyň emri bilen dogýar, Allatagalanyň emri bilen ölýär. Seniň bu keseliňden gutulma ýok. Şoňa görä-de, dogan-garyndaşlaryňy daşyňa ýygnap, wesýetiňi ediber – diýipdir. Ependi onuň maslahatyny eşidip, ähli ýakynlaryny ýanyna çagyrypdyr-da: – Meniň ýekeje bir wesýetim bar. Men ölsem-de, galsam-da haýsy iti meniň öýüme goýberseňiz goýberiň welin, bu «baýguşy» meniň golaýyma getirmäň – diýip haýyş edipdir. ■ Deň paýlaşyk Bir gün üç adam Ependiniň ýanyna gelip: – Ependi, üçümiziň dört sany gara pulumyz bar. Biz ony deň paýlaşyp bilemzok. Sen ony bize paýlap bersene! – diýip ha¬ýyş edipdirler. Ependi: – Ýa-ha üçüňize-de zat bermeli däl, ýa-da ol puly iki adama bermeli, ýa-da ýene iki sany gara pul tapynçaňyz garaşmaly, ýa-da gowusy, puluň birini maňa beriň-de, her biriňize-de des-deň bir pul ýetsin – diýip, maslahat beripdir. ■ Agzymy beklejek däl Oraza aýyna birnäçe gün galanda Ependi kazynyň ýanyna baryp: – Kazy aga, orazanyň haçan başlanýanlygyny nähili bilip bolýar? – diýip, sowal beripdir. Kazy bolsa: – Remezan aýy girende oraza başlanýar – diýip jogap beripdir. Ependi ýene-de: – Tagsyr, biz Remezan aýynyň gelenini nähili bileli? – diýende, kazy: – Täze dogan aýy gören badyňa agzyňy bekle! – diýip, maslahat beripdir. Ependi bolsa şondan soňra agzyny bek¬le¬mez¬lik üçin täze dogan aýy görmejek bolup, as¬mana seretmändir. Emma günlerde bir gün Remezan aýynyň aýagynda bir kölüň ýanyndan geçip barýarka, täze dogan aýyň şekilini kö¬lüň içinde göräýipdir. Ol: – He-ýeý, Remezan aýy, görnen bolýaňmy? Is¬le baryp derýa, deňze gir, bir görünme-de müň görün, onda-da men agzymy beklejek däl – diýip, gaharly aýdypdyr. ■ Ol günälimi näme? Bir gün Teýmirleňiň goşun serkerdeleri geçen günleri ýatlap, gürrüň edip oturan ekenler. Olardan biri: – Biz pylan şähere çozanymyzda, şä¬he¬riň bütin ilaty gaçyp gidipdi – diýipdir. Ýene biri gürrüňe başlap: – Biz pylan şähere çozup başlanymyzda müňdenem köp äpet uly pilimiz, pylança to¬pumyz bardy. Ol toplary atyp bir goh turuzdyk. Dünýä gümmür-gümmür boldy, hatda... – diýen badyna, olaryň ýanynda oturan oglan¬lar¬dan biri bimazaçylyk edipdir. Onda gürrüň berip oturan: – Eý, haramzada, bu bolşuň näme? – di¬ýip, oglanyň üstüne gygyrypdyr. Onda Epen¬di ol adama ýüzlenip: – Eý, gahryman! Siziň toplaryňyzyň gümmürdisinden gorkanyna ol günälimi näme? – diýip utandyrypdyr. ■ Nireden bildiň? Bir gün Ependi gawun ekilen ýeriniň ýanynda otyrka, onuň ýanyna üç adam gelipdir. Ependi olara: – Gawun iýiň we oglan-uşaklaryňyza alyp gidiň! – diýip, hödür edipdir. Ol gelenleriň ikisiniň hersi bir gawundan alan bolsa, beýlekisi üç gawun alyp ýola düşüpdir. Ependi onuň öňünde baş egip: – Hökümdaryň jany sag, ömri uzak bolsun, sen öz wezir-wekilleriň bilen meniň ekinime hoş geldiň! – diýipdir. Ol adam geň galyp: – Sen meniň hökümdardygymy nireden bil¬diň? – diýip soranda Ependi: – Açgözlügiňden bildim – diýip jogap beripdir. ■ Ependiniň işdämenligi Günlerde bir gün Teýmirleň keýpiniň kök wagtynda Ependä: – Men saňa sylag berjek bolýan, göwnüň nä¬me islese maňa aýt! – diýipdir. Ependi: – Eý, tagsyr, sag boluň. Siz maňa näme hödürleseňiz, meniň göwnümden turar – di¬ýip¬dir. Onda patyşa: – Bolýar, onda men agzap geçeýin, haýsyny halasaň aýdaý – diýip, Teýmirleň sanap baş¬lapdyr: – On tylla, at, süri goýun ýa-da oňat bir bag, isläniňi saýlap al! Ependi uzak pikirlenmän: – Eger siz rugsat berseňiz, on tyllany jübime salyp, ata müner-de, süri goýny baga baka haýdadaryn – diýipdir. Onda Teýmirleň gülüp: – Ependi, sen gaty işdämen ekeniň. Eger men saňa düýbünden zat bermesem, şonda näme bolar? – diýipdir. Ependi: – Hiç zat bolmaz. Onda siz tüýs Teýmirleňdigiňizi subut edersiňiz-dä – diýipdir. ■ Teýmirleňiň sowaly Teýmirleň özüniň parasatlydygyny subut etjek bolup Ependä: – Dünýäde önmedik, önmeýän we hiç haçan önmejek zat näme? – diýip, sowal beripdir. – Ol hyzmata götereniňizde, bize bellän aýlygyňyz – diýip, Ependi dessine jogap beripdir. ■ Üzr bedter ez günäh Teýmirleň bu sözüň manysyny Ependiden sorapdyr. Ependi: – Şahym, bu parsça bir nakyl, «Eden ötünji günäsinden-de beter» diýmekdir – diýip düşündiripdir. Teýmirleň ýene-de onuň manysyna düşünmändir. Ependi: – Şahym, mysal üçin bir adam birine ýamanlyk edip, soňra ol hereketiniň erbetligine düşünip, şol adamyň ýanyna gelip, gös-göni öz günäsini boýnuna alman, «Aý, pylan sebäpden şeýle boldy, meni bagyşla» diýer, emma ol görkezen sebäbinden ozalkydan hem beter gödeklige ýol berer – diýip, düşündirmekçi bolupdyr. Teýmirleň bu sözleri eşidip: – A-how, Ependi! Sen pelsepe aýtma-da, düşüner ýaly açyk geple! – diýipdir. Ependi onuň nadanlygyna geň galsa-da, hiç zat aýtmandyr we birden baryp Teýmirleňiň çep böwründen çümmükläpdir. Muňa Teý¬mirleňiň gahary gelip: – Sen akylyňy ýitirdiňmi? Bu bolşuň nähili? – diýende, Ependi gol gowşuryp: – Eý, beýik hökümdar, bagyşla, men seni öz aýalymmykaň öýdüpdirin – diýipdir. Teý¬mirleňiň gahary içine sygman: „– Jellat! – diýip gygyrypdyr. Ependi gülüp: – Ine, şahym, edilen ötünjiň edilen günäden beterdigine indi açyk düşündiň gerek?! – diýipdir. ■ Ýene ikisini jaýlaryn Bir gün Teýmirleň Ependä ýüzlenip: – Ependi, sen dogryňy aýt, hökümdar bolmak seniň hem göwnüňde barmy? – diýip sorapdyr. Ependi ol sözi eşiden badyna: – Hudaý saklasyn! Näme, meniň öz janyma haýpym gelenokmy? Men özümi bilelim bäri iki hökümdar wepat boldy. Hudaý halasa, ömrüm gutarynça, ýene ikisini jaýlaryn. Em¬ma entek hiç bir hökümdar Ependiniň aradan çykanyny gören däldir – diýipdir. ■ Şeýle bolsa uruş hem bolmaz Bir gün Teýmirleň urşa gitmekçi bolan pursatynda Ependini hem öz ýany bilen äkit¬mekçi bolup, oňa taýýarlanyp gelmegi emr edipdir. Ependi hem taýýarlanyp gelipdir. Teýmirleň görse, Ependi ýekeje-de oky bolmadyk bir köne ýaýy alyp gelipdir. Teýmirleň gaharlanyp: – Hany, seniň okuň? – diýip sorapdyr. Ependi: – Men oky özüme ýük edip göterer ýaly ham¬mal däl ahyry. Men duşmanyň atan oklaryny çöpläp alaryn – diýip, ony köşeşdirmekçi bolupdyr. Onda Teýmirleň: – Duşman ok atmasa nädersiň? – diýende, Ependi begenip: – Eger şeýle bolsa has hem gowy, onda uruş hem bolmaz – diýip jogap beripdir. ■ Bu gezek olaryňky hak Günlerde bir gün Teýmirleňiň wezir-we¬kil¬leri Ependini ýamanlap, «Ependiniň ag¬zyn¬dan porsy ys gelýär» diýip, onda ýigrenç duýgusyny döretjek bolupdyrlar. Şeýle gürrüň edip oturan pursatlarynda Ependiniň özi-de köşge geläýipdir. Onda Teýmirleň: – Ependi, geleniň gowy boldy. Bu adamlar «Ependiniň agzyndan porsy ys gelýär» diýip, saňa myjabat edýärler. Hany, bir ýakynyma gel, göreli! – diýip, aýdylanlaryň dogrudygyny özi barlamakçy bolupdyr. Ependi wezir-wekillere garap, bir bolşuny üýtgetmän, aram-asuda ýagdaýda Teýmirleňe ýüzlenipdir: – Eý, beýik hökümdar! Bu gezek olaryňky hak. Sebäbi, men şu çaka çenli bu adamlaryň edip ýören pyssy-pyjurlyklaryny görüp, hiç kime aýtman içimde gizlin sakladym. Häzir olar içime dolansoň, wejera bolup daşa çykmaly bolýar, ine, ol porsy ys şondandyr – diýip jogap beripdir. ■ Arçyn hem senden öwrenen eken Ependiniň bir-iki tanap ýeri bar eken. Her ýylda birnäçe batman hasyl alyp, maşgalasy bilen oňňut edýär eken. Günlerde bir gün täze bellenen arçyn Epen¬diniň alkymyndan alyp: – Sen ýüz batman hasyl alypsyň, şonuň salgydyny ber – diýip talap edipdir. Ependi alaçsyz galyp, Teýmirleňe arz edipdir we hakykaty aýdypdyr. Emma Teýmirleň Ependä: – Bir gulaç sakgalyň bolsa-da, ýalan söz¬le¬mekden utanmaýarmyň? – diýipdir. Ependi: – Hawa, sen bir owuç sakgalymy bir gulaç edeniňde, onda arçyn hem bäş batmany ýüz etmäge hakly-da?! – diýipdir. ■ Dyky Tomus aýlarynyň bir gününde Ependi uzakda bir obadan gelýärkä suwsap, gaty hor¬lanypdyr. Bir ýerden suw tapyp içmese, teşnelikden öljegine gözi ýetipdir. Ependi gel¬ýän ýol-ýodasyny taşlap, suw gözlemek bilen bolupdyr. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyrda bir çeşmäniň üstünden barypdyr. Ol biçak be¬ge¬n¬ipdir. Suw içmekçi bolanda, bir görse, kimdir biri çeşmäniň gözbaşyna gazyk ýaly edip bir agaç dykypdyr. Ependi howlugyp ol dykyny dartyp çekende, suw pürkülip, onuň ähli egin-eşigini, ýüz-gözüni ezipdir. Ependi gaharlanyp, ol agajy ozalky ýerine dykyp, «Hä, şeýle guduz açanyň üçin bokurdagyňa dyky dykan ekenler-dä» diýipdir. ■ Ependiniň çapyksuwarlygy Bir gün adamlar bir ýere üýşüp, oňat at we hünärine ökde çapyksuwarlar hakynda gürrüň edýär ekenler. Ependi hem şolaryň arasynda bar eken. Ependi özüni öwjek bolup: – Adamlar, men öten ýazda pylan obada bol¬dum. Ol ýerde bir adamyň bir mes aty bar eken. Ol aty kişmiş ýaly nygmatlar bilen bakypdyr. Bütin ýyl boýy münülmäni üçin ol at gyzypdyr. Garaz, obanyň iň gowy seýislerini, çapyksuwarlaryny golaýyna-da goýbermändir. Ine, onsoň men synlarymy ýygnap, bilime oradym-da, atyň ýanyna bar¬dym – diýip, ol aty nähili ýuwaşadyp münenini aýtmakçy bolanda, Ependiniň ata münmek islän ýerinde bolan bir adamyň hem bu oturlyşygyň bir çetinden gözüni petredip, özüne garap oturanyny görende, aljyraman: – Wah, doganlar, emma ol ata münmek maňa-da başartmady – diýip, armanly aýdypdyr. ■ Hudaýyň adamlary Günlerde bir gün Ependi maýda-çüýde sürüm-ekin işleri bilen güýmenip ýadansoň, çeş¬mäniň başynda oturyp, ýany bilen geti¬ren naharyny iýmäge başlapdyr. Edil şol mahal birnäçe adam peýda bolup, onuň saçagynyň başyna geçip, barja zadyny iýip gutarypdyrlar. Gaýtjak bolanlarynda Ependi olaryň kimdiklerini sorapdyr welin, olar: – Biz Hudaýyň adamlary – diýip jogap beripdirler. Olar giden badyna ýene-de bir topar atly gelip çeşmäniň bir gyrasynda düşläpdirler. Bir goýnuň damagyny çalyp gowurma, ke¬bap taýýarlap iýipdirler. Ependi olardan hem kimdiklerini so¬ran¬da, olar hem: – Biz şanyň adamlary – diýip jogap be¬rip¬dirler. Ependi ýüzüni asmana tarap aýlap: – Eger sen öz adamlaryňy şanyň ekleýşi ýaly ekläp bilmeýän bolsaň, onda näme üçin özü¬ňe „ Alla diýdirýäň!? – diýip zeýrenip¬dir. ■ Şeýtanyň höwürtgesi Günlerde bir gün Ependi sakgalyny syrypdyr. Tanyşlaryndan biri ony görüp: – Be-ýe, Ependi, näme üçin sen perişdeleriň höwürtgesini dargadyp, sakgalyňy syrdyň? – diýip, ýomak atypdyr. Ependi bolsa, keýpini-de bozman: – Wah, gadyrlym, men sakgalymda şu çaka çenli ýekeje-de perişde görmedim, ol hemişe, hut, seniň sakgalyň ýaly şeýtanyň höwürtgesidi – diýipdir. ■ Gepe düşünmeýäniňe haýran Bir gün Ependi uzak ýerden öz obasyna pyýa¬da barýarka, gaty ýadapdyr. Ol bir ýerde oturyp, çäresizlikden Hudaýdan müner ýaly bir eşek ýetirmegini dileg edipdir. Bu sözi gutaryp gutarmanka, kimdir biri böküp Epen¬diniň arkasyna hopba bolupdyr. Ependi Hudaýdan öýkeläp: «Altmyş ýyldan bäri maňa Hudaýlyk edip, bir gepime-de düşünmeýäniňe men-ä haýran» diýipdir. ■ Hudaý hemme zady bilýändir Ependiniň howlusynyň gapysyny ogurlapdyrlar. Ependi näçe gözlese-de, gapyny tapman, baryp metjidiň gapysyny goparyp, öz öýüne äkidipdir. Ýaşululardan biri: – Ependi bu bolşuň nähili? – diýip soranda, Ependi: – Siz «Hudaý hemme zady bilýändir» diýýärsiňiz. Diýmek, ol meniň gapymy ogurlan adamyň hem kimdigini bilýändir. Haçan ol meniň ogrymy maňa görkezse, metjidiň öýüniň gapysyny menden alsyn – diýip, çürt-kesik aýdypdyr. ■ Dil ýarman oturaýynmy? Ependiniň ýekeje düýesi bar eken. Bir gün ol düýesi keselläpdir. Adamlar düýäniň ol ke¬selden gutulmajakdygyny aýdypdyrlar. Epen¬di düýesiniň barybir öljegine gözi ýeten¬soň, ony gurbanlyga soýupdyr. Ependi ol wakany dilinden düşürmän, zol-zol gaýtalapdyr. Bir gün adamlar oňa ýüzlenip: – Ependi, sen halys ýürege düşdüň. Bir arryk, düýäni gurbanlygyňa soýansoň, ol hakda toýda-da, ýasda-da gürrüň açýaň, munyň bo¬la¬nok – diýipdirler. Ependi ol adamlaryň nadanlyklaryna haý¬ran galyp: – Hawa, men toýda-da, ýasda-da, köçede-de, bazarda-da aýtjak. Hudaýyň Ysmaýyl pygamberiň oglunyň deregine bir hor goçy gurban ibermegi barada ahun-işanlaryň aýtmaýan bir güni hem ýok. Şeýle äpet haýwany gurbanlyga soýamsoň, men näme, dil ýarman oturaýynmy? – diýip, olary utandyrypdyr. ■ Eşegiň guýrugy Bir derwüş adamlaryň kellesini aýlap, özüniň şeýle bir Hudaýa ýakyndygyny, her gije arşa çykýandygyny aýtmagy gowy görer ekeni. Ependi ol öwünjeňiň aldawyny aňyp: – Sen heý, bir dördünji göge çykyp gö¬rüp¬midiň? – diýip, onuň gepine ynanýan kişi bolup, sorapdyr. Onda ol derwüş buý¬sa¬nyp: – Bir däl-de, telim gezek – diýip jogap beripdir. Ependi: – Heý, sen dördünji göge çykanyňda, dodaklaryňa bir ýumşak zadyň degip duranyny duýduňmy? – diýip, gaýtadan soranda derwüş: „ «Hawa» – diýip tassyklapdyr. Onda Epen¬di ýylgyryp: – Biler bolsaň, ol degýän zat meniň eşegimiň guýrugy-da – diýip, derwüşiň üstünden gülüpdir. ■ Hudaý eşitmesin Bir gün Ependi ogly bilen gämä münüp, bir ýere gidipdir. Gidip barýarkalar, uly tu¬pan turupdyr. Gämi suwa batdym-batdym bo¬lup çaýkanypdyr. Birinji gezek deňiz ýolagçylygyna çykan Ependi özüniň deňizde gark bolup ölje¬gin¬den gorkup: – Eý, ähli zada erki ýetýän kadyr Alla, bu tupany ýatyr, bizi ölümden gutar. Men sag-aman öýe gaýdyp baranymdan soň, şu gäminiň bogaldagy ýaly bir uzyn şemi eltip met¬jit¬de ýakaryn – diýip wada beripdir. Bu sözleri eşiden ogly Ependä ýüzlenip: – Kaka, şeýle uly şemi nirden tapjak? – diýip soranda, Ependi elini oglunyň agzyna goýup, ýuwaşjadan: – Oglum, sesiňi çykarma, Hudaý eşider-de ýalan wada berenimi bilip, tupany ýatyrmaz. Biz sag-aman öýe baranymyzdan soň, wada¬dan dynmak aňsat – diýipdir. ■ Enşalla Bir gün Ependi maşgalasyna baýramçylyk sowgadyny almak üçin bazara baka ugrapdyr. Ýolda oňa bir adam duşup: – Ependi, ýol bolsun, nirä barýarsyň? – diýip sorapdyr. – Aý, oglan-uşak üçin baýramçylyk sow¬ga¬dyny almaga bazara barýaryn – diýip, Epen¬di jogap beripdir. Onda ol adam: – Ependi, «enşalla» diýerler! – diýip, akyl öwretmekçi bolupdyr. Onda Ependi: – Haý, haý, pulum jübümde, akylym ba¬şym¬da, bu ýerde „ «enşalla» nämä gerek!? – di¬ýip, sowlup gidiberipdir. Ependi bazara gelse jübüsindäki bar puluny ogurladyp, zat alyp bilmän, obasyna gaýdypdyr. Ýolda gelýärkä, ýene-de şol adam duşup: – Hany, Ependi bir zat aldyňmy? – diýende Ependi gaharlanyp: – Enşalla, ýok, barja pulumy alypdyrlar. Enşalla, saňa ilkinji sataşan ýerimde seniň aýaklaryň döwülsedi, diliň gurasady, enşalla – diýip, öz ugruna gidiberipdir. ■ Ýalançynyň jogaby Günlerde bir gün Ependi bir topar adam bilen gürrüň edip otyr eken. Oturlyşykda bir ýalançy adam hem bar eken. Ol ýalançy näçe ýaňrasa-da, hiç kimden gaýtawul bolmansoň, has-da gylawlanyp: – Meniň atam örän uly baýdy. Onuň biçak köp ýylkysy bardy. Biz şeýle bir ägirt athana saldyrdyk. Bir ýaby bogaz bolup baş¬landa, bir gapysyndan girse, tä beýleki gapysyndan çykýança gulunlaýardy – diýip ýaň¬rapdyr. Şonuň ýaly bolgusyz ýalan sözi eşidip ýüregine düşen Ependi çydap bilmän: – Hawa, bu ýigit dogry aýdýar. Ol athanany men hem görüpdüm. Meniň kakam ol ýerde seýis bolup işleýärdi. Kakamyň bir taýagy bardy welin, kakam ol uly ýylky sürüsiniň aýak tarapynda duranynda ol taýak bilen ýylkynyň başynda gidýän aty urup öwrüp bil¬ýärdi. Ýylky meýdanda otlap ýörkä, gögüň ýüzi tutulaýsa, «ýagyş ýagmasyn» diýip, ka¬kam ol taýak bilen gökdäki bulutlary urup dar¬gadýardy – diýipdir. Onda ol ýalançy Epen¬dä garap: – Seniň ataň ol taýagy nirede saklaýardy? – diýip soranda: – Seniň ataň athanasynda – diýip, Ependi jogap beripdir. ■ Ysytmanyň dermany Bir gün Ependiniň bir açgöz söwdagär goň¬şusynyň aýaly onuň ýanyna gelip: – Ependi aga, oglumyň kakasy üç günden bäri ysytma keseline duçar bolup, endam-ja¬ny edil ot ýaly ýanýar. Huşy başyndan gi¬dip¬dir. Hiç derlänok. Sen, belki, munuň emini-dermanyny bilýänsiň – diýip, ondan haraý isläpdir. Ependi biraz pikirlenenden soň: – Men seniň adamyň häsiýet-gylygyny ýagşy bilýärin. Oňa başga derman-däri gerek däl. Sen gözläp onuň puluny tap-da, gözüniň öňünde garyba ber. Bala-çagaňa zat al, garaz, näçe diýseň sow. Şonda adamyň edil gyzgyn hammama düşen ýaly şeýle bir derlär welin, dessine huşy başyna geler – diýip, maslahat beripdir. ■ Ependiniň açgözden ar alşy Ependi uzak ýerden öz obasyna gaýdyp gelýärkä, ýolda gaty ýadapdyr, iýmäge zady bolmandyr. Ol bir çeşmäniň başynda düşläp, birneme dynç almakçy bolupdyr. Şol wagt bir baý söwdagär hem atyndan düşüp, ol ýerde düşläpdir. Saçak ýazyp horjunyndan iýer-içer ýaly zatlary çykaryp, iýmäge başlapdyr. Ependiniň agzynyň suwy akyp, içi eljuk diýse-de, söwdagär oňa hiç zat hödür et-män¬dir. Ependiniň gahardan ýaňa içi ýanyp, ondan ar almagy ýüregine düwüp: – Eý, dost! – diýip, oňa gynanç bilen ýüz¬lenipdir. Soňra: – Men-ä seniň ýeriňde bolsam, bu ýerde eglenmän, gös-göni öýüme baka gaýdardym – diýipdir. Söwdagär: – Näme üçin? – diýen. – Wah, aýtmaga dilim baranok. Men şäherden gaýdamda, siziň pişigiňiz ölüpdi. Söwdagär: – O nähili? – diýende, Ependi: – Seniň aýalyň ýedisinde et-peti köp iýip kesellän eken – diýipdir. Söwdagär: – Meniň aýalym hem öldümikä? – diýip soranda, Ependi: – Ol biçäre öz oglunyň ölümine çydap bil¬män, öldi – diýipdir. Bu sözleri eşiden söwdagäriň gözleri hana¬syndan çykara gelip, endam-jany san¬dyrap, dili tutulypdyr, zordan: – Ogluma näme boldy? – diýipdir. Onda Ependi: – Ýer yrandy-da, tamyňyz ýykyldy, ogluň kesegiň aşagynda galyp öldi – diýipdir. Bu gürrüňleri eşiden söwdagär saçagyny-da unudyp, atyň üstüne böküp, ýüzugra gidipdir. Ependi bolsa saçagyň başyna geçip, hezil edip naharlanypdyr. ■ Hudaýyň buýrany bilen Bir gün çagalar özara dawalaşypdyrlar. Olaryň şärikli hozlary bar eken. Özleri ol hozlary paýlaşyp bilmänsoňlar, Ependä ýüzlenipdirler. Ependi olara: – Men bu hozlary Hudaýyň buýrany ýaly paýlaýynmy, ýa-da Ependiniň paýlaýşy ýaly? – diýip sorapdyr. Oglanlar: – Hudaýyň halany bilen paýlaň – diýip haýyş edipdirler. Onda Ependi birine on, birine ýüz, başga birine kyrk hoz beripdir. Birnäçesine bolsa düýbünden zat bermändir. Oglanlar beýle paýlaşykdan närazy bo¬lup¬dyr¬lar. Ependi: – Oglanlar, Hudaýyň aýdany bilen paýlasaň, ine, şeýle bolar. Baýlygy Hudaýyň nähili adalatsyz paýlaýanyny siz görýärsiňiz ahyryn. Emma: «Eger Ependiniň aýdany bilen paýlaň» diýen bolsaňyz, hemmäňize deň paý ýeterdi – diýip düşündiripdir. ■ Karz sorama! Bir gün hiç haçan öz bergisini üzmäge jan etmeýän bir adam Ependiniň ýanyna gelip: – Ependi, senden bir haýyşym bar!– diýipdir. Ependi oňa: – Bir haýyşyňy däl-de, onusyny ýerine ýeti¬reýin, emma menden karz soramasaň bolýar – diýip, karz soramaga geleniň agzyny açdyrmandyr. ■ Peýda Ependiniň garyndaşlaryndan biri my¬da¬ma karz alyp, yzyna gaýtaryp bermeýär eken. Ol bir gün Ependiniň ýanyna gelip: – Maňa elli teňňe karz ber. Men şol teň¬ňe bilen bir peýdaly söwda etjek. Şonda men dessine ýigrimi teňňe gazanaryn-da, on teňňesini saňa bererin. On teňňe-de maňa galar – diýipdir. Dogan-garyndaşlarynyň igenjinden gor¬kan Ependiniň „«ýok» diýmäge gaýraty çatman¬dyr. Elli teňňäni ýitirmegi bolsa akyl¬syz¬lyk hasap edipdir. Ol diňe on teňňäni oňa uzadyp: – Me, şu seniň peýdaň. Sen on teňňe ga¬zandyň, men bolsam kyrk – diýip, ony ýola salypdyr. ■ Gezegiňize süpüriň! Ependiniň gyzy ýetişen hem bolsa, öý işlerinde ejesine hiç kömek etmeýär eken. Ol örän ýalta bolupdyr. Bir gün Ependi bilen aýaly gyzlaryny utandyrmakçy bolup, dil düwşüpdirler. Är-aýalyň ikisi gyzlary öýe giren badyna sübsäni biri-biriniň elinden almaga synanyşyp: «Öýi men süpürjek-de, men süpürjek» diýşip, ala-galmagal edipdirler. Gyzlary bolsa hiç perwaý etmän: – Näme dawalaşýaňyz, gezekli-gezegiňize süpürseňiz bolmaýarmy? – diýip, gaýta olara akyl öwredipdir. ■ Garga Günlerde bir gün Ependi bir hor gargany tutup öýe getiripdir. Aýaly gargany näme üçin getirenini soranda: – «Garga üç ýüz ýyl ýaşaýandyr» diýip, adamlar aýdýarlar, men olaryň bu sözleriniň çyn ýa-da ýalandygyny barlamak üçin bu gar¬ga¬ny getirdim – diýip, Ependi jogap beripdir. Onda aýaly gülüp: – Näme, sen üç ýüz ýyl ýaşaryn öýdýärmiň? – diýende, Ependi aýalynyň akylynyň azdygyna gaharlanyp: – Senem-ä bir tentek ekeniň, näme «Garga üç ýüz ýyl ýaşaýar» diýen alym üç ýüz ýyl ýaşa¬dymyka? – diýip zeýrenipdir. ■ Sen näme üçin ýüzüňi öwürýäň? Günlerde bir gün Ependi bir tebip bilen mazarçylykdan geçip barýar eken. Tebip guburlary gören badyna ýüzüni eli bilen bir tarapa öwrüpdir. Muňa Ependi geň galyp: – Sen näme üçin ýüzüňi öwürýäň? – di¬ýip, soranda ol tebip: – Men bu mazarda ýatanlara bir gynanýan, bir gynanýan. Oňa görä-de, ýüregim awamaz ýaly gözüm görmesin diýip, ýüzümi öwürýän – diýip, Ependiniň duzly dilinden sypjak bolupdyr. Ependi bolsa gülüp: – Ýok, tebip han, sen düýbünden tersine aýd¬ýaň. Sen olaryň köpüsini öz „ «em-dermanlaryň» sebäpli gömeniňe utanyp, ýüzüňi öwürýäň ahyryn – diýip, gyjalat beripdir. ■ Diş agyrysy Bir gün Ependiniň dişi agyrypdyr. Ependi on-onbäş gün ili irizip «ah-wah» edip gezipdir. Bir gün dosty ony görüp: – Ependi, beýdip ýöreniňden, derdiň ala¬jy¬ny gözlärler. Birki dişi sogurtmak, näme kyn işmi? Ol dişler meniň agzymda bo¬lan bolsa, göz ýumup, açasy salymda sogurdardym – diýip, göwünlik bermekçi bolupdyr. Ependi hem: – Hawa, dost, ol dişler seniň agzyňda bol¬sa, men hem dessine sogurdardym, emma bagt¬syzlykdan olar seniň agzyňda däl-de, meniň agzymda – diýip düşündiripdir. ■ Peýnir Bir gün Ependi gaty ajygypdyr. Aýaly oňa hurşsuz çörek beripdir. Onda Ependi: – Keýwany, birazrak peýnir hem ber. Ol şeýle bir peýdaly, adamynyň işdäsini açýar, ganyny durlaýar we gözüni ýiteldýär – diýipdir. Aýaly gamlanyp, başyny aşak salypdyr we eşidiler eşidilmez çala ses bilen: – Bizde peýnir näme işlesin – diýip¬dir. Ependi bolsa keýpini bozman: – Hawa-da, bolmany gowy, peýnir dişi zaýalaýar, garny agyrdýar, gulagy ker edýär – diýip, aýalyna göwünlik beripdir. Onda aýaly: – Wah, Ependi, öň-ä eýle diýdiň, soň beýle diýýärsiň. Men munuň haýsyna ynanaýyn – diýip geň galanda, Ependi: – Wah, şu wagt peýnir bolaýsa, öňki aýdan sözüme, bolmasa-da, soňky aýdan sözüme ynan¬maly bor – diýip jogap beripdir. ■ Oňat derman Bir gün Ependi myhmançylykda bolup, çak¬syz köp nahar iýeni üçin garny agyrypdyr. Onsoň ol tebibe ýüz tutmaly bolupdyr. Tebip oňa: – Ependi, sen bir zat et-de, ýüregiňi bulandyr-da, iýeniňi gaýtar – diýýär. Ependi: – Dünýäde her hili hapa zatlary görsemem, meniň ýüregim bulanmaýar. Bu synag maňa gaty kyn düşer – diýipdir. Onda tebip jübüsinden bir aýna çykaryp: – Ependi, çaky sen ömrüňde ýekeje gezek hem aýna seretmeýän ýaly. Ine, şuny al-da, keş¬biňe seret, öz ebtiňe gözüň düşen badyna ýüregiň bulanar – diýipdir. ■ Meňzemese erbet Aýdyşlaryna görä, Ependi örän betgel¬şik bolupdyr. Şol zerarly hem ol hiç ha-çan aýna seretmändir. Bir gün hamyla aýaly örän üns bilen Ependiniň ýüzüne seredip, uludan dem alypdyr-da: – Bir tarapdan-a, çagamyzyň boljagyna be¬genýän welin, beýleki bir tarapdan, onuň saňa meňzejegi ýadyma düşende, öler ýaly bolýan – diýipdir. – Keýwany, çaga maňa meňzese, gowy-la, ýö¬ne meňzemese, gaty erbet bor, şonda sen öler ýaly bolarsyň – diýip, Ependi oňa hü¬ňür¬däpdir. ■ «Tersine bolar» diýip gorkýan Bir owadan dul aýal bolupdyr. Ol bir keý¬wa¬nyny Ependiniň ýanyna iberipdir we: «Epen¬di, sen örän akylly adam, men bolsam juda owadan. Eger sen meni alsaň, biziň örän gowy çagamyz bolar» – diýdiripdir. Ýüz keşbi örän gelşiksiz bolan Ependi birneme oýlanandan soň: – Elti, sen baryp ol aýala aýt, men ony alyp biljek däl. Sebäbi çagamyz gaty bagtsyz bolar. Owadanlykda maňa, akylsyzlykda oňa meňzese, ol biçäre çaga, gör, nähili bolar – diýip jogap beripdir. ■ Biziň ýerimiz behişt Günlerde bir gün bir işan metjitde wagyz eden wagtynda: «Kim bu dünýäde ähli azap-ezúete çydasa, ol o dünýäde behiştde bolar» diýipdir. Işanyň sözlerini eşidip, öýüne gelende, Ependi aýalyna: – Keýwany, biz hernäçe azap, horluk gör¬ýäs welin, gam iýme. Biz ikimizem o dünýäde behiştde bolarys. Sebäbi sen meniň myrtar keşbime garap çydaýaň, men hem her gün se¬niň gotur ýüzüňe seredip çydaýan. Hudaýa şükür etmekden başga işimiz ýok – diýipdir. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |