15:41 Ependili degişmeler -11 | |
Surat: "Hoja Nasreddin" multifilminden / "Özbekfilm", 1982 ý. ■ Ejeňden gutulmanyň aladasyny edýän Ependiniň gyzy bir iş üçin ýerzemine giripdir. Ol kakasynyň çelekleriň arasyn-da gizlenip ýatanyny görüpdir-de: – Ýeri, kaka, bu ýerde näme işleýärsiň? – di¬ýip sorapdyr. Onda Ependi: – Ejeňden gutulmagyň alajyny edýän gyzym! Şu taýa giräýmesem, ýagty-ýalançyda maňa gün ýok – diýipdir. ■ Ördek çorbasy Günleriň birinde Ependiniň kölde ýüzüp ýören bir topar ördege gözi düşýär. Ol ördekleri tutjak bolup, kölüň gyrasyna barandan, olar uçup gidipdirler. Ependi hiç zat bolmadyk ýaly kölüň gyrasynda oturyp, çöregini suwa batyryp iýmäge başlapdyr. Bu wakany synlap duranlaryň biri: – Ependi, işdäň açyk bolsun! Ýeri, näme iýýärsiň? – diýip sorapdyr. Ependi bolsa: – Ördek çorbasyny – diýip jogap beripdir. ■:-DEpendiniň oglunyň akyly Günlerde bir gün Ependi: – Badamjan näme? – diýip, oglundan so¬rap¬dyr. Ogly: – Heniz gözi açylmadyk kiçijik bedene – diýip jogap beripdir. Ependi begenjinden dylym-dylym edip: – Muňa şuny öwreden adam ýok. Ol muny öz akyly bilen tapdy – diýip, hondan bärsi bolup çişipdir. ■ Akylyň bolsa köle ylga! Bir gün Ependi eşegini çygly ýandakdan mas ýükläpdir. «Ýandak çygyragam bolsa, gury ýaly ýanýarmyş» diýip eşiden Ependi barlap görmek üçin ýandagy otlapdyr. Ody üflemäge başlapdyr. Ot tutaşyp al-asmana göterilipdir. Eşegiň zähresi ýarylan ýaly bolup, ökjäni göteripdir. Ol hem aňňyryp, hem tezekläp uly basga galypdyr. Ependi bol¬sa sozanguýruk bolup, onuň yzyndan eňipdir. Emma eşegiň yzyndan ýetip bilmejegini, ýetäýende-de golaýyna baryp bilmejegini aňyp, bogazyna sygdygyndan: – Haý, haýwan, aňrujy akylyň bolsa, köle ylga! – diýip gygyrypdyr. ■ Ody özüňe bas – ötmese kesekä Bir gün Ependi Teýmirleňiň ýanynda otyrka, bir mes esgeri alyp gelipdirler. Teýmirleň oňa üç ýüz taýak urmagy buýrupdyr. Ependi bu hökümi eşiden badyna batly gülüp goýberipdir. Teýmirleň oňa gaharla¬nyp: – Ýene iki ýüz taýak urmaly – diýip höküm edipdir. Ependi öňküden hem gaty gülüpdir. Muňa Teýmirleň has hem ot alypdyr. – Oňa sekiz müň taýak urmaly – diýip gygyrypdyr. Gülkiden ýaňa damarlary taýak ýaly gatan Ependi iki eli bilen içini tutup, ikiýana urunýarmyş. Teýmirleň gaharyna bäs gelebilmän: – Eý, kapyr, başyňda degirmen ýaly selläň bar, ýene sen meniň şerigat boýunça ber¬jek jezamyň üstünden gülýärsiň. Onda-da dünýäni sarsdyran beýik hökümdaryň gözüniň alnynda ýaňsylap gülýärsiň. Eger sen ýene-de gülkiňi dowam etdirseň, menden oňlulyk tamasyny etme! – diýip, haýbat atypdyr. Ependi bolsa oňa şeýle jogap beripdir: – Tagsyr, elbetde, sen hakly. Derejäň ulu¬dygyna, mertebäň beýikdigine düşünýän. Ýöne, men saňa haýran galýan. Ýa-ha hiç san bileňok, ýa-da sen biz ýaly et bilen süňkden ýasalan adam däl. Belki, seniň bedeniň hem öz adyň ýaly Teýmirleňdir. Sen garaýan şerigatyň hakynda hiç zat bileňok, ýa bilseňem bilmezlige salýarsyň. Eýsem, şerigatyň buýurýan segsen taýagy bilen seniň höküm eden sekiz müň taýagyň ýer bilen gök ýaly dälmi? Höküm etmek aňsat, emma iş şeýle jezany çekmekde. Çykarýan hökümiňi ýerine ýetirip boljakmy ýa bolmajakmy, adamyň bedeni mu¬ňa çydajakmy, sen öňünden şu barada az-kem oýlan ahyryn! Ody özüňe bas, ötmese-kesekä – diýipdir. ■ Ependi we dähri Teýmirleň Akşäherde bolanda, şähere bir dähri gelipdir. Ol: – Meniň birnäçe soragym bar. Welaýatyňyzda güýçli alymlaryňyz bolsa, ýygnanyşsaňyz, bäsleşip görsek – diýipdir. Teýmirleň şäheriň tanymal alymlaryny ýygnap: – Bize köpbilmiş alym gelipdir. Tebigat we hasap ugurlary boýunça siziň bilen ýaryşmak isleýär. Ol gezende alym, bütin ýer ýüzüne gezelenje çykypdyr. Eger siz onuň bilen bäsleşip biljek ähli ylymdan başy çykýan bir adam tapaýmasaňyz, ol bizi uly ile masgara eder – diýipdir. Şäheriň ýaşululary maslahat edipdirler. Olar özlerinde okuwly alymyň ýokdugyny tas boýun alan ekenler. Ýene-de: – Ýok, bu bolup biljek zat däl. Hökman bir çykalga tapmak gerek – diýen netijä gelip¬dirler. Emma muňa hem örän köp wagt gerek, onsoňam alym tapaýsagam, jemagatyň öňünde öz abraýymyz döküler – diýipdirler. Ahyrda «Däliden dogry habar», geliň, öz alymymyz Ependiniň pikirini soralyň. Belki, şol bir maslahat tapyp, bu diledüşmez gelmişekden üstün çykar» diýen masla¬ha¬ta gelipdirler. Bu teklibi ähli kişi goldapdyr. Olar Ependini çagyryp, ýagdaýy düşündiripdirler. Ependi: – Bolubilýär, çagyryň ony. Eger men onuň sowallaryny çöp döwen ýaly edip, howuny basaýsam-a, oňa ýetesi zat ýok. Eger, başarman ýöwselläbersem, «Bu bir entäp ýören diwana, mejlise-de özi gelip giräýipdir» di¬ýip, meni turzup goýbererseňiz-de, başga bir alymy getirersiňiz – diýipdir. Birden oňuna bolup, ýeňäýsem, onda sylagymy ýetirersiňiz. Patyşanyň serpaýy muňa girmeýär – diýipdir. Ýaşulular: – Onuň gürrüňini etme. Şu beladan sypdyrsaň bolýar, serpaýyň bireýýäm taýyn edilip goýuldy – diýipdirler. Bellenen güni şäheriň uly meýdanynda çadyrlar gurlupdyr. Teýmirleň hem özüniň altyn-zer çaýylan geýminde, wezir-wekilleri we hyzmatkärleri bilen gelip oturypdyr. Şundan soň gezende alym hem gelip, Teýmirleňe tagzym edip, şanyň ýanynda oturypdyr. Her kim ýerli-ýerine geçensoň, Epen¬dä garaşypdyrlar. Ahyrda başy äpet selleli Ependi hem gelipdir. Onuň egninde holparyp duran çäkmeni hem bar eken. Yzynda bolsa Imat hebeşi bilen talyplary bar eken. Ependini patyşanyň sag tarapynda oturdypdyrlar. Bäsdeşler şerbet içip, demlerini dürsäpdirler. Soňra ol gezende orta çykypdyr-da, ulumsylyk bilen tegelek çyzyk çyzypdyr-da, Ependiden jogap talap edip, onuň ýüzüne seredipdir. Ependi hem ýerin¬den turupdyr-da, dähriniň çyzan çyzygynyň ortasyndan dogry çyzyk çekip, tegelegi deň ikä bölüpdir-de, dähriniň ýüzüne çiňňerilipdir. Soňra bolsa, beýleligine-de bir çyzyk geçirip, tegelegi dörde bölüpdir. «Üç bölegi meniňki» diýýän ýaly edip taýagy üç gezek özüne tarap galgadypdyr. Galan bir böleginiň üstüne bolsa taýagyny dürtüp, gezendä tarap itiberýän ýaly edipdir-de, onuň ýüzüne çiňňerilipdir. Gezende Ependiniň bu meseläni çözüşinden kem tapman, yşarat bilen özüniň razylygyny duýdurypdyr. Şondan soň syýahatçy barmaklaryny dürterip çykan çigillem ýaly edip, çugdamlap, iki elini biri-birine golaýlaşdyrypdyr. Soňra bolsa barmaklaryny birnäçe gezek ýoka¬ry galdyrypdyr. Emma munuň tersine, Ependi eliniň aýalaryny aşak tutup, bar¬mak¬laryny sallapdyr. Dähri ýene ylalaşypdyr. Iň ahyrda gezende barmaklary bilen haýwan ýörişini şekillendirip, garnynyň üstünden ýöredipdir. Ependi bolsa, jübüsinden ýumurtga çykarypdyr. Ony görkezip howada galgadypdyr-da, uçmak alamatyny edipdir. Gezende baş atyp, bu jogaby-da makullapdyr. Ol ýerinden turup, Ependä hormat bilen tagzym edipdir. Onuň elinden öpüpdir. Patyşany hem onuň derejeli adamlaryny bu şäherde «zamananyň tanymal adamsynyň» ýaşa¬ýandygy bilen gutlapdyr. Mejlise gatnaşan adamlar bu beladan sypanlaryna gaty şatlanypdyrlar. Bu mas¬garaçylykdan dyndaran Ependini uly şow¬hun bilen gutlapdyrlar. Ähli kişi ätiýaç üçin ýanlaryna göteren pullaryny oňa bagyş edipdirler. Teýmirleň bolsa oňa şahana serpaý ýapypdyr. Hemmeler dargan badyna patyşa hem onuň ýakyn adamlary gezendäni gyra çekip, dilmaç arkaly şeýle diýipdirler: – Siziň yşaratyňyzyň we ümüňiziň ýekejesine-de düşünip bilmedik. Siz oňa näme sorag berdiňiz? Ependiniň jogaby näme boldy? Siz ony makulladyňyzmy? Gezende: – Dünýäniň ýaradylyşy barada ýunan alymlary bilen ýehudy alymlarynyň arasynda çapraz pikirler bar. Bu barada siziň musulman illeriňiziň pikiri maňa mälim däldi. Şonuň üçin hakykaty bilesim geldi-de, ýeriň şar şekillidigini çyzyp görkezdim. Ependi muny tassyklamakdan daşary öz ilkinji çyzan çyzygy bilen ýeri demirgazyk hem günorta ýarym şarlaryna bölüp ber¬di. Şondan soň ol ýene-de dikligine bir çyzyk geçirmek arkaly ýer togalagyny dörde böldi, üç bölegini öz tarapyna alyp, ýer şarynyň dörtden üç böleginiň suwdugyny tassyklady. Maňa tarap bir bölegini iteriberip bolsa, onuň dörtden bir böleginiň gury ýerdigini aýtmak isledi. Şeýlelik bilen, ýer üstüniň howa ýagdaýyny hem syzdyryp goý-berdi. Şundan soň men ýeriň gurluşyny we ýaşaýşyň syrlaryny anyklamak üçin ösümlikleri, çeşmeleri, magdanlary göz öňünde tutup, barmaklarymy ýokaryk galdyr¬dym. Munuň tersine Ependi barmaklaryny aşak sallady. Şeýdibem, alymlaryň soňky derňew¬le¬rine görä, bu ýagdaýlaryň hemmesiniň Gün ýagtylygynyň hem-de başga bir gudratlaryň täsir etmegi arkaly asmandan ýagýan ýagşyň keramaty bilen bolýandygyny dogry düşün¬dirip, ýaşaýşyň syrlaryny doly aňlatdy. Iň soňky gezek men özümi görkezdim. Bar¬mak¬larym bilen haýwanlaryň ýöreýşini görkezip, garnymyň üstünden ýöredip: «„Biz, yns-jynslar neneňsi köpelýärler?» – diýip soradym. Elbetde men janly-jemendäniň ýaşaýşy barada aýdyň aýdan däldirin-dä, ol has açyk hem-de düşnükli gürrüň etdi. Ol jübüsinden ýumurtga çykaryp galgatdy. Şeýdibem, perrendeleriň mysalynda adam we haýwanlaryň döreýşiniň örän syrlydygyny aňlatdy. Eýsem, guşuň ýa-da ýumurtganyň haýsysynyň öň dörändigini kim bilýär? Diýmek, bu jedel henizem gidip otyr. Şunlukda men siziň alymlaryňyzyň ýer we asmanyň gurluşy baradaky ylmy babatda welilik derejesine ýetendigini aňladym. Siz tebigat ylymlarynyň şeýle tanymal adamsy bilen ýurtdaş bolandygyňyza guwa¬nyp bilersiňiz – diýipdir. Dährini hormat we sylaglar bilen ýola salypdyrlar. Ähli jemende Ependiniň daşyna egrilipdir. Dährä beren soraglaryny oňa-da gaýtalapdyrlar. Ependi: – Päheý, aýdyp-aýtmaz ýaly bu ýerde hiç zat ýok-la. Onyňyz bir keselbent hem açgöz adam eken. Açlykdan ýaňa ölüp ataýypdyr şu taýa. Siz ony alym diýen bolup, meni gury azara goýupsyňyz. Görşüňiz ýaly, men gelen badyma ol: «Ah, şu wagt şunuň ýaly bir tegelek gutap bolsady» diýip, tegelek çyzdy. Men bolsam adamçylyk bilen gutaby ikä böldüm. Görsem, ol öýkeli görünýär. Onsoň men ony dörde böldüm. Üç bölegini özüme alyp, bir bölegini oňa goýdum. Onsundan hem dynyp barýan ýaly duýup: «Bolýa-da, maňa şu-da besdir» diýip, kaýyllyk bilen başyny atdy. Şondan soň ol: «Hä, palawam beräýseler, biz ony ine şeýdip, bileje iýerdik» diýip, eli bilen düşündirdi. Men bolsam: „«Hawa, üstüne duzjagaz seperdik, pissejik, kişmişjagaz goşardyk» – diýip, pikirini tassykladym. Şeýlelik bilen, biz bu meseläni hem çözdük. Şondan soň ol garnyny görkezip, uzakdan gelendigini hem-de köp wagtdan bäri süýji tagam iýip görmändigini aňlatdy. Men bolsam, özümiň ondan hem bäşbeter açdygymy, açlykdan guşuň ýelegindenem beter ýeňländigimi aýtdym. Men ertir bilen turamda aýalym maňa ýumurtga berdi. Şony iýip ýetişmänkäm, siz çagyrdyňyz. Şonuň üçinem «ony jübime saldym» – diýip, çykaryp görkezdim. Ine, bar bolany şu, wessalam – diýipdir. Oturanlar: – Men näme diýýän, dutarym näme diýýär edipsiziň-ow, Ependi! – diýipdirler. ■ Dowzahda seniň ýeriň taýyn Bir gün mejlisde o dünýä hakynda, magşar günündäki howpdyr hatarlar barada gürrüň edilipdir. Oturanlaryň hemmesi gaýgyly oýa batypdyr. Ependiniň ýanynda oturan Teýmirleň hem uludan demini alyp: – Men eden etmişlerim üçin Hudaýyň öňünde nähili jogap okarkam? Meniň jaýym nirede taýýarlanarka? Behişdiň nygmatly ýerindemi, ýa otly dowzahda? – diýip pikirlenipdir. Ependi: – Päheý, senem-ä patyşahym! Asyl senem bular ýaly zatlar barada oýlanýarmydyň? Beý¬le boş zatlar üçin mübärek ýüzüňizi çytyp oturmaly dälsiňiz. Seniň Çingiz han tohumyndan bolan Hulagu gylykly ýurtbasardygyňy hemmeler bilýär ahyryn. Janyň çykybildigi, derrew dowzaha düşersiň. Enşalla, ynha özüňe meňzeş Nemrut, Şetdat, Pyrgawun, Isgender, Çingiz han ýaly patyşalar bilen birlikde labyrdap duran otdan tagtyň üstünde oturyp, ýene-de şalyk sürersiňiz – diýipdir. ■ Ependiniň ogry goňşusyndan ar alşy Ependiniň bir oýunçy guzusy bar eken. Ependi ony gaty gowy görüp, her dürli iýmler bilen naharlaýar eken. Guzy tokly çykyp, gaty semräpdir. Guýrugy elek ýaly bolupdyr. Ependiniň açgöz goňşulary muňa göz gyzdyryp, haçan duşsalar: – Ependi, geliň, şu toklyny soýup iýeliň – diýip, azar berýän ekenler. Ependi: – Köşeklerim, azar bermäň, ol meniň bar guwanjymdyr. Siziň azaryňyz maňa artykmaç degýär, ynanaýyň! – diýip, pugta aýdypdyr. Ependiniň özüne galsa, bu toklyny pyçaga dözmejekdigine olaryň gözleri ýetip¬dir. Bir gün onuň dul-degşir goňşusy toklyny gürüm-jürüm edipdir. Ependiden bidin guzyny iýipdirler. Ependi guzyny kimiň alandygyny, kimleriň iýendigini daş gulakdan eşidipdir. Emma sesini çykarmandyr. Ep-esli wagt geçensoň, oňa guzusyny ogurlanyň geçisini ele salmak miýesser bolupdyr. Ependi hem ony soýup ýygnapdyr-da, hiç zat bilmediksirän bolup geziberipdir. Goňşusy hem çem gelen ýerinde: – Wah, meniň geçijigim, topaz ýaljakdy, gaty ullakandy, boýy meniň boýumça bardy, çöpüri pamyk ýalydy – diýip, saýrap ýörenmiş. Ozal görmedik adamlar ol aýratyn bir tohum maldyr öýdüpdirler. Mahlasy, onuň gepine güp ynanyp barýarmyşlar. Ependi bu sözleri eşidip durmaga halys çydamandyr. Bir gün Ependiniň öýüne adam bary ýygnanypdyr. Goňşusy ýene-de pursat tapyp, öňki heňine başlapdyr: – Geçi dagam däldi. Edil düýe ýalydy, çöpüri dagy alty gadak çykardy – diýipdir. Az-kem oturyp, ol ýene özüniň şar gara geçisini öwüp başlapdyr: – Arman, ýitäýdi-dä, gunduz ýaly akja geçidi, çöpüri ýüpekdenem ýumşakdy... – diýen¬den, Ependi durup bilmändir-de, ogluna ýüzlenip: – Meniň-ä halys ýüregime düşdi, bar ýerzeminden onuň geçisiniň derisini getir! Bizi düýe ogurlana dönderdi. Belki, derini görüp uýalar. Bizem bolgusyz gürrüňlerden dynarys – diýipdir. ■ Halanyň üçin aldym Bir gün Ependi eşekli barýarkalar, birden eşegi kürtdürip durupdyr-da, ýolda ýatan tezegi ysgamaga başlapdyr. Ependi hasyr-husur eşekden düşüpdir-de, tezegi torba salypdyr. Agşam ony iým torba salyp, eşegiň kellesine geýdiripdir. Eşek kesirlik bilen kellesini silkäp, torbany taşlajak bolupdyr. Ependi muny görüp eşegine: – Indikiň näme diýsene. Ony men saňa halanyň üçin aldym ahyryn – diýipdir. ■ Ependi ölüm halynda Ependi ölüm halynda ýatyrka aýalyna: – Hany, gelin baý, iň gowy geýimleriňi geýin. Saçyňy zadyňy daraşdyr-da, ýylman. Başardygyňça bezenip, gurjak ýaly bolup, ýanyma gel – diýip, hykgyldap başlapdyr. Aýaly: – Bolup ýatyşyňdan habaryň barmy? Meniň bezenmek ýadyma düşenok. Häzir ýanyňdan bir ädimem aýrylyp bilmen. Bu günki gün bezenip meni näme, şeýle haýasyzdyr öýdýäňmi? – diýipdir. Onda Ependi: – Bolaweri, mähribanym, seniň ýadyňa oýun düşýär. Men janda-pyçak bolup ýaty¬ryn. Meniň maksadym başga zatda. Ölüm taýak atyma geldi, keýwany. Ezraýyl töweregim¬de pelesaň kakýar. Eger onuň gözi tawus ýaly ýalpyldap duran gözele düşäýse, meni unu¬dyp, şonuň ýanyna gider. Özüm Ezraýyl bolsam-a, edäýjegim şu. Düşnüklimi indi? – diýipdir. ■ Sen toýdan geleniňde-de şu bolşuň... Bir gün Ependi gaty ýadap, öýüne gelipdir. Onuň kellesi agyryp, şatlap dur eken. Hezzet-hormat etmekden geçen, gaýtam aýaly ýene-de öňküsi ýaly gaşyny çytyp gamaşyp otyrmyş. Ependi: – Ýeri-how, keýwany, ýüzüň edil turşan hamyra dönüpdir-le! Il-ä seniň üçin gijesini gündiz edip, iki egninden gum sowurýar, sen bolsaň söwdasy oňmadyk täjir ýaly, dommarlyp otyrsyň – diýipdir. Onda aýaly: – Waý-ýeý, bolşuň nähili? Meniň joramyň çagasy üýtgäpdir. «Men şoňa görüneýin» diýip gitdim, ynha-da, gelip oturşym. Bilesiň gelse, dommarlyp oturşymyň sebäbi şu – diýipdir. Ependi bolsa: – Aý, toýdan geleniňde-de ýüzüň şu bolşundan üýtgän wagty ýok-la – diýipdir. ■ Kimiň içiniň ýanjakdygy belli Ependi dostunyň öýüne myhman bolupdyr. Dosty onuň öňünde bal bilen gaýmak goýupdyr. Ol çörek bilen gaýmagy derrew iýip gutarypdyr-da, şapyladyp bal ýalamaga başlapdyr. Dosty: – Baly çöreksiz iýseň, içiňi ýakar – diýipdir. Ependi bolsa: – Kimiň içiniň ýanjakdygyny özüm gowy bilýän – diýip, haýdap bal ýalamagyny dowam etdiripdir. ■ Ependi çagalaryň dawasyny açýar Bir gün çagalar derýanyň kenarynda aýakla¬ryny suwa sokup otyr ekenler. Olaryň biri: – Waý, hany meniň aýaklarym? «Bu duran-a seniňki. Olam onuňky. Aýagymyzy suwa sokmalyň» diýip, men size näçe sapar aýtdym. Ana, indi garym-gatym boldy – diýip gygyrypdyr. Olaryň galmagaly barha güýjäp¬dir. Şol wagt olaryň duşundan Ependi geçip barýan eken. Ol çagalaryň gowurdysyny eşidip: – Duraweriň, çagalar! Häzir men siziň her haýsyňyzyň aýagyňyzy özüňize gaýtaryp bereýin. Kim bu başagaýlygy başlan bolsa, şoňa-da jeza bererin – diýipdir. Ependi şeýle diýipdir-de, elindäki çybygy bilen ekabyrragynyň biriniň injigine çalypdyr welin, çagalaryň hemmesi sar uçan ýaly güsürdäp ýokary galypdyr. ■ Ukymy aldym Bir gezek Ependi bir obanyň ymamynyňka myhman bolupdyr. Öý eýesi Ependiden: – Ýatasyň gelýärmi, içesiň? – diýip sorapdyr. Ependi ymamyň iýmek hakynda agzamany üçin: – Men şu ýere gelmänkäm, çeşmäniň boýun¬da kemsiz ukymy aldym – diýipdir. ■ Oňa-da zat düşenok Ependi bir gün köçe bilen barýarka, atyň nalyny tapypdyr. Onsoň ol öýüne gelip, bolsady ekip başlapdyr. Ilki bilen athana edinmek gerek, yzyndan at almaly, soňra bolsa atbakar tutunmak gerek. Şu pikirler bilen ol howlusyny ýüp bilen ölçeşdirip, eýlesine-beýlesine gazyk kakyp başlapdyr. Uzyn gije bolsa, „ «Jaý salmaly, jul almaly, atbakar tutmaly, saman gerek, iým alma¬ly» diýip, çirim etmän, gezmeläp çykypdyr. Aýaly: – Näme üçin ýatmaýarsyň? – diýende: – Atyň nalyny tapdym. Indi at almak pikirini edýän – diýipdir. Onda aýaly: – Haý, işigaýdanyň biri. Nal tapanyň bilen işiň oňaýýarmy? Galan zatlaryny näme, meni satyp aljakmy? – diýipdir. Ependi oňa: – Onuň hem pikirini etdim. Oňa-da zat düşenok eken, keýwany – diýip jogap beripdir. ■ Ikiňizden biriňize hökman don bolar Ependiniň iki gyzy bir günde atasy öýüne gezelenje gelipdir. Olaryň biri: – Ärim gowaça ekdi. Eger ýagyn bolup, ekin gowy bitse, maňa «don alyp berjek» diýip, wada berdi – diýipdir. Ependiniň beýleki gyzy hem: – Ärim bugdaý ekdi, orup gallasyny ýyg¬naýança, ýagyş ýagmasa, maňa bir don alyp bermäge söz berdi – diýipdir. Ependi bir salym pikir edensoň: – Ikiňizden biriňize hökman don bolar – diýipdir. ■ Kim biwagt hammama gitse………... Ependi agşam namazynyň öň ýanynda täret kyljak bolup, öýüne gelipdir. Ol metjide wagtynda ýetişjek bolup dyrjaşypdyr. Emma aýaly bir eýýämden bäri ýuwunmadyk Ependini hammama ugradypdyr. Aýaly ony ýola salyp: – Habardar bol, gijä galaýmagyn! Özüň bilýäň, aýal doganym şu gün durmuşa çykýar. Sen hem ol toýda onuň atasynyň ornunda beýemçilik etmelisiň. Eger gijä galsaň, gelen myhmanlary mähetdel edersiň, bu bolsa biziň adymyza, abraýymyza gelişjek zat däl – diýip, pugta tabşyrypdyr. Ependi hammamda çalasynlyk bilen ýuwnup, öýe gaýtmaga alňasapdyr. Emma oňa daşarda ýagyş ýagýandygyny aýdypdyrlar. Ependi penjireden seredip görse, daş-töwerekde hiç zat görünmeýän eken. Eger ýagşyň içinde gitse, ile çykýan abraýly eşikleriniň bary öl-myžžyk boljak. Ýagyş diňýänçä garaşsa-da, aýalynyň demine düşjek. Şonuň üçin Ependi eşiklerini derrew düwünçege düwüpdir-de, goltugyna gysyp, ýalaňaçlygyna öýe bakan düwdenekläberipdir. Ýagyş Ependini süllümbaý ezipdir. Ol şapadaňlap barşyna öýüne ýetenini hem duýmandyr. Öýüň gapysynda bolsa çagyrylan adamlar ýygnanyşyp, Ependä garaşyp duran ekenler. Ependiniň bolup gelşini geň gören adamlar: – A-how, Ependi, bu näme boldugy? Aždarha gördüňmi, şir gördüňmi, nämeden gaçyp, bas¬ga düşüp gelýäň? – diýip gygyryşypdyrlar. Ependi bolsa: – Kimde-kim aýalynyň gepine gidip biwagt hammama gitse, ot ýaly gyzgyn suwdan soň buz ýaly suwa girmeli bolar eken – diýip jogap berenmiş. ■ Öýüň porsusy ýatyşan bolsa Günlerde bir gün Ependiniň aýaly: – Mydama öýde porsap ýatyrsyň. Senem il ýaly iç-daş çykarlar. Dagy bahana tapmasaň, oba-şähere aýlanyp gelerler – diýip igenipdir. Ependi geýimlerini geýip, çykyp gidipdir. Şol gidişine bäş günläp gara bermändir. Ahyry bir tanşyna duşup: – Jan inim, gaýrat et-de, biziň öýmüzden habar tut. Gelnejeňe «Öýüň porsusy ýatyşan bolsa, Ependiniň öýe dolanaýmak hyýaly bar» diýip aýdyp ber – diýenmiş. ■ Çäkmeniň içinde özümem bardym Bir gün Ependi öýünden çykanda, oňa goňşusy gabat gelipdir. Ol: – Wah, Ependi siz maňa ünji bolduňyz-ow, ertir ir bilen siziň öýüňiz tarapda bir hili galmagal-gopgun turdy-la. Ol nämäniň galmagalydy? – diýip sorapdyr. Ependi ýüzüni sallap: – Ol galmagal-a keýwany ikimiziňkidi. Aýalym bilen sene-mene edişdik welin, onuň gahary geldi. Ol gaharyna bäs gelebilmän, meniň çäkmenime bir suňşurdy welin, çäk¬menim uly galmagal turzup, basgançakdan aşak gaýtdy, wessalam! – diýipdir. Goňşusy geň galmak bilen: – Ependi, seniň diýýäniň näme? Heý, çäkmenden hem bir şeýle ses çykarmy? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Be, goňşy, asyl ýakamy goýbermediň-ow! Çäkmeniň içinde meniň özümem bardym ahyryn – diýipdir. ■ Ependi hem derwüş eşikli Teýmirleň Teýmirleň kiçi Aziýany basyp alanda, Akşäherde mongollar ýaşaýan eken. Olaryň zalymlyklaryndan şäher boşapdyr. Şäher halky gorkudan ýaňa obalara siňipdir. Ependi hem aýalyny we ogluny eşege mündürip, aýak ýetmejek oba gidipdir. Bir gün gaçakçylar suw atylyp duran çeşmäniň başyna ýygnanypdyrlar. Olar mon¬gol¬laryň wagşylyklary hakynda gürrüň açyp¬dyrlar. Gürrüňe Ependi hem goşulypdyr. Ol mongollara o dünýäde erbet jeza beriljekdigi hakda, patyşalaryň gazabyndan-da beter bela duçar boljakdyklary barada adamlara gürrüň beripdir. Şol wagt uzyn boýly, bugdaý reňkli bir eýmenç derwüş munuň aýdan sözlerini dykgat bilen diňläp duran eken. Onuň gözleri içiňden geçip barýarmyş. Burny tüňňi, ýüzi süýnmek, sakgaly bolsa köseleç eken. Ol birden top atylan ýaly: – Ependi, seniň mysal getiren Gurhan aýat¬laryň we hadyslaryň dogry. Emma «Hudaýyň gazap gamasy», «Hudaýyň adyllygynyň mysaly» diýen sözleriň magşar güni sorag-jogaba durjak adamlar hakda däldir. Belki, seniň ýaly damarlaryna hapa gan goşulan, merdi-merdanalygy ýiten, mahlasy, ejiz hem nalajedeýin, bolgusyz gep bilen il-güni bimazalyga salyp ýören adamjyklar hakynda aýdylandyr – diýipdir. Derwüşiň gorkunç sesi kesgir gama sanjylan ýaly degipdir. Dym-dyrslyk aralaşypdyr. Käbirleri garantga ýaly bolup duran derwüşe gorkuly seredipdir. Ependi derwüşiň depesinden dabanyna çenli dykgat bilen synlap, aňk-taňk bolupdyr. Birden özüni dürsäp: – Derwüş baba, haýsy taýpadan bolarsyňyz? – diýip sorapdyr. Derwüş bolsa, şol gorkunç sesi bilen: – Men Mawerennahryň hökümdary. Maňa Teýmirleň diýerler – diýipdir. Bu sözi eşiden Ependi halys aljyrapdyr. Soňra: – Ýeri, oglum, seniň hanlygyň nirä gitdi? – diýip sorapdyr. Derwüşden: «Heniz hem şol hanlygymda» diýen sözi eşidip, Ependi hasyr-husur oturanlara seredip: – Doganlar, basymrak boluň, jynaza ýygnanyň! – diýipdir. ■ Men neneň götereýin? Ependi açlyk ýyly bir gurply oba düşüpdir. Şol obanyň ýele ýanynda bir beýik dag barmyşyn. Ol dag ilerden-gaýradan öwüsýän salkyn şemalyň öňüni tutýan eken. Şol sebäpli tomus aýlarynda bu obanyň howasy gaty petiş bolýan eken. Ependi ilata ýüzlenip: – Eger isleseňiz, men bu dagy ýerinden gozgaýyn – diýipdir. Oba adamlary begenip: – Hä, şeýdäýseňiz-ä, biz siziň sylagyňyzy ýetirerdik – diýip, ýerli-ýerden gygyryşypdyrlar. Ependi: – Gepleşdik onda. Edil ýene bir ýyldan şu dagy ýok diýip hasap edäýiň. Ýöne şoňa çenli meni örän süýji naharlar bilen bakmaly bolarsyňyz. Munuň ýaly işe güýç-kuwwat gerekdir – diýipdir. Oba ilaty razy bolupdyr. Ependini ýylboýy göle bakan ýaly bakyp, top ýaly edipdirler. Wadaly gün gelende Ependi: – Obanyň işe ýarar ýalysy şol daga ýygnansyn. Her kim öz ýany bilen urgan alyp barsyn – diýipdir. Ilat ýygnanansoň, Ependi hem gelipdir. Ol urganlary sepläp, dagyň daşyna aýlamagy buýrupdyr. Soňra bolsa az-kem egilip: – Hany, dagy göteriň-de, meniň arkama goýuň! – diýipdir. Adamlar: – A-how, sen bir öz akylyňdamy? Heý, dagy hem göterip, arka goýup bolarmy? – diýipdirler. Ependi bolsa: – Eýsem, müň adam bolup göterip bilmedik zadyňyzy meniň göterip-götermejegime siziň akylyňyz çatanokmy? – diýip jogap beripdir. ■ Tüýdügi pul beren çalar Bir gün Ependi bazara gidende, goňşy-golamlaryň çagalary onuň töweregini gallap: – Maňa tüýdük getirip ber-de, maňa tüýdük getirip ber – diýşip, ala wagyrdy bolşupdyrlar. Ependi bolsa hemmesine: – Ýagşy, oglum ýagşy – diýip, hoş söz berýärmiş. Oglanlaryň arasynda diňe birisi: – Ependi aga, şujagaz puly al-da, maňa tüýdük getirip ber – diýipdir. Ependi oňa: – «Oglum, seniň tüýdük çalaýmagyň ahmal» diýipdir. Çagalar agşamara Ependiniň ýolu¬ny saklap, oňa garaşyp durupdyrlar. Onuň bazardan gelýänini görüp, daşyna üýşüpdirler. – Ependi aga, hany bize getiren tüýdügiňiz? – diýşip, çagalar onuň daşynda pyrlanýarmyşlar. Ependi bolsa pul beren oglanjyga bir tüýdügi uzadypdyr-da: – Tüýdügi pul beren çalar, köşekler! – diýipdir. ■ Ependi bazarda Bir gün Ependi bir iş üçin şäher bazaryna barypdyr. Bir ýüň balagy on bäş teňňä söwdalaşypdyr. Ol balagy dolaşdyryp, puluny bermekçi bolanda, aýagyndaky balagy¬nyň onçakly sarsyz däldigine gözi düşüpdir. Onuň pikiri bada-bat üýtgäpdir. Balagynyň ýerine bir ýeňiljek jüpbe almaga göwnüni bölüpdir. Ependi dükança: – Men balak almakçydym welin, hyýalymy üýtgetdim. Munuň ýerine maňa bäş teňňelik jüpbe ber – diýipdir. Dükançy oňa laýyk jüpbe beripdir. Ependi jüpbäni goltugyna gysyp gidiberipdir. Dükançy onuň yzyndan: – A-how, sen pul bermän gitdiň-le! – diýip gygyrypdyr. Ependi: – Men balagymy almadym-a – diýipdir. Dükançy: – A-how, sen balak üçinem pul bereňok ahyryn – diýip janygypdyr. Onda Ependi geň galan bolup: – Bu akmaga serediň-ä! Balagy almasam, men oňa näme üçin pul bereýin? – diýip gidiberipdir. ■ Üzümi az iýseňizem, köp iýseňizem tagamy bir Ependi eşegine iki sebet üzüm ýükläp, şähere ugrapdyr. Şäherde onuň daşyna çagajyklar üýşüp: – Ependi aga, üzüm beräý-dä! – diýşip, onuň yzyndan galmandyrlar. Ependi üýşüp duran çagalara gözüni aýlap: «Eger bularyň hemmesini doýurjak bolsam-a, onda üzümim¬den zat galmaz» – diýip pikir edipdir. Şon¬dan soň ol çagalaryň her haýsyna hoşanyň jüp üzümli tiljagazlaryny berip çykypdyr. Çagalar: – Ependi aga, bar berjegiň şujagazmy? – diýşip, uly gopgun turzupdyrlar. Ependi bolsa: – Çagalar, gulak salyň, şu sebetlerdäki üzümleriň hemmesiniň tagamy bir. Şonuň üçin az iýeniňiz, köp iýeniňiz bilen agzyňyzyň tagamyny üýtgetjek gümanyňyz ýok – diýip jogap beripdir. ■ Ependiniň dostunyň öýkeleýşi Üç dost ýygnanyp, ýeke çemçede gezekleşip, süýt içmäge başlapdyrlar. Olaryň biri öz gezeginde artyk içýärmiş. Onsoň Ependi bilen ýene bir dosty göz gypyşyp, süýde çörek dogramaga başlapdyrlar. Üçünjisi bolsa, bulara üns bermän, dogralan çöreklerden symyşlaberipdir. Ahyrda Ependiniň gahary gelip: «Ýa, Jepbar!» diýägeden, onuň çemçesini elinden alyp, maňlaýyna ýelmäpdir. Ýoldaşy gökdaş bolup ýatyberipdir. Ependi: – Al, saňa gerek bolsa, çörek dogranok, çemçäni sypdyranok, indem çemçe bilen sähel urlanyna öýkelän bolýar – diýipdir. ■ Ependiniň «sahylygy» Dostlarynyň biri Ependiden: – Biraz möhlet bilen pul beräýseň? – diýip karz sorapdyr. Ependi: – Möhleti näçe diýseň bereýin welin, pul dileme! – diýipdir. ■ Ýogsam täze köwşüm zaýa bolardy Günlerde bir gün Ependi aýakýalaňaç ýer sürüpdir. Onuň aýaklaryna tiken çümüp, kesek gyýyp, sypjyryk-sypjyryk bolupdyr. Ol aýak¬laryny ýuwupdyr. Aýaklaryny arassalap, esgi bilen daňypdyr. Soňra bolsa: – Täze alan köwşümiň aýagymda bolmanyna şükür. Ýogsam olam aýagym ýaly zaýa bolardy – diýipdir. ■ Ukym gaçdy, şony gözleýän Günlerde bir gün Ependi ýarygijeler il ýatyp, it uklansoň, köçä çykyp, gezip ýören eken. Oňa şähere aýlanyp ýören häkim gabat gelip: – Ýeri-how, ýarygijeler köçeden näme gözleýärsiň? – diýipdir. Ependi: – Ukym gaçdy, şony gözleýän – diýip jogap beripdir. ■ Hudaýyň rehmetini basgylamajak bolýan Ependi bir ýagyşly gün öýünde köçä seredip oturan eken. Ol goňşusynyň ýagşa ezilmejek bolup, gaty-gaty ýöräp barýanyny görüpdir. Ependi onuň beýle howlukmaçlygynyň sebäbini sorapdyr. Goňşusy Hudaýyň rehmetine ezilmejek bolup ylgaýandygyny aýdanda Ependi: – Haý, haý, haý! Hudaýyň rehmetinden gaç¬mak, eýsem kada-kowahada sygýan zatmydyr? – diýipdir. Ependiniň sözi birneme täsir eden bu biçäre haýaljakdan ädimläp öýüne gidipdir. Ependi gözlerini güldürip, onuň yzyndan tä öýlerine barýança seredip durupdyr. Goňşusy pahyr Ependiniň sözlerinden çekinip, ýagşa süllümbaý ezilip, öýüne barypdyr. Soň bir tozanly gün goňşusy aýnadan seredip otyrka, Ependiniň geçip barýanyna gözi düşüpdir. Ýagyş ýaňy iki-ýeke şitdi-pitdi edip ugrapmy-ugramanmy, Ependi jüpbesiniň syýyny başyna bürenip, öýüne bakan ýazzyny beräýipdir. Ol duşuna geliberende goňşusy: – A-how, Ependi, eýsem-de bolsa, Hudaýyň rehmetinden gaçmak kada-kowahada sygýan zatmydyr? – diýip gygyrypdyr. Ependi säginmän: – Goňşy, men Hudaýyň ýere düşýän rehmetlerini basgylamajak bolup haýdaýaryn – diýip jogap beripdir. ■ Birahat iýlen nahar Bir gün Ependi ertir irden öýden çykyp barýarka, aýalyna: – Gelin baý, agşam nahara bir palaw bişirip goý, bir garnymyzy ýazaly – diýipdir. Ependi ikindinara ýadap, öýüne gaýdyp gelipdir. Aýakgabyny zadyny çykaryp, elini-ýüzüni ýuwupdyr. Açlygyndan ýaňa içi, «eljuk» diýýärmiş. Ol derrew saçagyň başyna geçipdir. Aýalynyň bir tabak palaw, bir käse süzme, gök sogan getirip goýanyny görüp: – Haý, berekella! – diýipdir. Ol penjesini yzly-yzyna palawa urup, açgözlülik bilen iýmäge başlapdyr. Onuň keýpi kökelipdir. Nahar arasynda aýalyna degip, gülküsi al-asmana çykypdyr. Edil şol wagt ýaňy-ýakynlarda kakasy ölüp ýetim galan oglan gelipdir. Ol boýunjygyny sallap: – Ata, bize basymrajyk baryp gaýdyň. Seni ejem çagyrýar. Biziň senden başga ýüz tutara kimimiz bar? – diýipdir. Iliň agyrysyna gyýlyp, horlugyna dözmän ýören Ependi howul-hara geýnip, goňşy aýalyňka ugrapdyr. Esli salymdan ýüzüni çytyp, gaşyny burup gaýdyp gelipdir. Aýaly ýene-de saçagy täzeläpdir. Emma Ependi ýü¬züni hem galdyrmandyr. Aýaly çydaman, näme bolanyny sorapdyr. Ependi: – Aýdyp oturmak nämä gerek? Kyrk ýaşan är-heleý bolup, ömrümizde bir gezek hezil edip palaw iýjek bolduk. Onda-da goňşymyzyň eşegi guýrugy jonnuk kürre guzlap, bir ýanymyzdan çykdy-laý – diýipdir. ■ Näme üçin tersine seredýärsiň? Günlerde bir gün Ependi ýoldaşy bilen kölüň duşundan geçip barýan eken. Ýoldaşy balyklaryň suwdan ýokary çykýandyklaryny görüp: – Ol balyklara seret! – diýip, Ependä ýüzlenipdir. Emma Ependi beýlesine sere¬dip¬dir. Ýoldaşy: – Men saňa balyklara seret diýýän ahy¬ryn, näme üçin tersiňe seredýärsiň? – diýipdir. Ependi bolsa: – Näme igenýärsiň-aýt! Balyk köl tarapda diýip aýdaýarlar ahyryn! – diýipdir. ■ Ependi ugursyz dawany çözýär Bir täjir ýat ýeriň kerwensaraýynda düşläpdir. Saraýman oňa bir towuk, iki ýumurtga hem çörek beripdir. Onuň ýabysynyň öňüne bolsa bir gujak ot döküpdir. Täjir ertesi ýol şaýyny tutup durka saraýmana: – Gaýdyp gelişinim hasaplaşarys – diýipdir. Şol söz bilenem ol ugrapdyr. Üç aý geçensoň, täjir ýene-de şol kerwensaraýa gelip düşüpdir. Saraýman oňa ýene-de bir towuk, iki ýumurtga, ýabysyna bolsa bede beripdir. Şol günüň ertesi täjir saraýmana: – Hojaýyn, men saňa näçe bermeli? – diýipdir. Saraýman: – Ynsap bilen aýdamda, biziň hasabymyz birneme çylşyrymlyrak. Emma sen söwdalaşyp durmasaň, onda biz aňsatlyk bilen ylalaşarys. Sen maňa on tümen ber, wessalam, iş tamam. Alla ýaryň bolsun, senden başga aljak zadym ýok. Emma bilip bolmaz, ýene ýoluň düşüp, şu jelagaýlardan geçseň, bilip goý, şu kerwensaraýyň gapysy seniň üçin açykdyr – diýipdir. Puluň gadyryny hem ony gazanmagyň güzapdygyny bilýän täjir bu söze geň galyp: – A-how, hojaýyn, akylyňdan azaşan bolaýma! Sen-how, edil ýaman algyly ýaly-la. Ýa başga niýetiň bar bolsa onyňy aýt. Iki towuk, dört ýumurtga üçin on tümen, bu näme boldugy? – diýip gygyrypdyr. Saraýman oňa: – «Biziň hasabymyz birneme uzyn bolar» diýip, men saňa ozal aýtdym-a. Ynha, men saňa düşündireýin, hemmesi edil eliň aýasyndaky ýaly, aýdyň bolar. Maňa gahar et¬megiň ýerliksizdigine özüňem ap-aňsat düşünersiň. Eger siziň şol üç aý mundan ozal iýen towugyňyz günde bir ýumurtgadan guzlan bolsady, munuň özi, şunça bolardy. Eger şol ýumurtgalary basyran bolsam, şunça-şunça jüýje dünýä inerdi. Olar ýetişip towuk bolardylar hem-de guzlamaga başlardylar. Indi gaýdyşyn geleniňdäki iýeniňi-de munuň üstüne goşaly. Eger şondan bäri üç ýyl geçenmiş diýsek, onda ummasyz towuk-jüýje sürüsi emele gelýär gerek? Ondan ýüz müň gyran gazanmagyň mümkin boljakdygyny sen özüň hem ýagşy bilýärsiň. Emma men uzak hasap edip oturmadym, on tümene razy bolaýdym. Şeýlelikde men özümiň maýamy-da dikläp bilmeýärin. Sen şol towuklary, ýumurtgalary iýmek bilen towuklaryň köpelmegine böwet bolduň. Ynha, munuň özi şunça pul bolýar – diýip jogap beripdir. Olaryň jedeli uzaga çekipdir. Iş kaza baryp ýetipdir. Saraýman özüniňkä ýat, diwana hem akmak bir adamyň gelendigini, eger dil düwüşse, ondan lomaý pul ýonup boljakdygyny kaza syzdyrypdyr. Dawagärleriň ikisi hem ýagdaýy düşündirenden soň kazy tä¬jirden: – Sen towuklaryň hem ýumurtgalaryň bahasy hakynda hojaýyn bilen gepleşipmidiň? – diýip sorapdyr. Täjir: – Iýlen zatlar uly bahaly zat däldi. Şonuň üçin «Towukdyr ýumurtgalaryň bahalaryny gepleşip durmak gerekdir» diýip, kelläme-de gelmändir – diýip jogap beripdir. Kazy: – Sen gaýdyşyn iýeniňde-de bahasyny gepleşmediňmi? – diýipdir. Täjir: – Ýok – diýip jogap beripdir. Kazy: – Gaýdyp geljek möhletini aýdyp gidipmidiň? – diýip sorapdyr. Täjir ýene-de «Ýok» diýipdir. Şol wagt kazy: – Eger möhlet bellenmedik bolsa, seniň pikiriňçe, iki towukdan we dört ýumurtgadan müň towuk bilen müň ýumurtga çykyp biler¬mi? – diýip gygyrypdyr. Täjir: – Elbetde çykyp biler – diýip ykrar edipdir. Täjir hernäçe närazylyk bildirse-de, onuň sözi ýol almandyr. On tümen tölemeli edilip höküm edilende, halys aljyrap, almalydyr öýdüp, synyny tutupdyr. Kazyhanada oturan adamlardan biriniň oňa rehimi inip, onuň Ependiniň ýanyna barmagyny maslahat beripdir. Täjir Ependiniň ýanyna baryp, işiň bolşuny bolşy ýaly gürrüň beripdir. Kazylyk düzgünini gowy bilýän Ependä üç gün¬den soň işe täzeden garalmagyny gazanmak başardypdyr. Emma işe garaljak gün Ependi kazyhana geler ýerde gelmändir. Ahyrda onuň yzyndan adam iberip, kazyhana çagyrypdyrlar. Ependi kazyhana gelipdir. Ependä gahary gelen kazy: – Sen näme üçin wagtynda gelmediň, hormatly adamlary özüňe garaşyp oturmagy mejbur etdiň? – diýip gygyrypdyr. Ependi hiç darykman: – Galmagal nämä gerek, kazym? Edil gaýtjak bolup durkam, ýoldaşym geldi. Men ony kabul etdim. Ol ýönekeý bugdaý ekjek bolýandygyny aýtdy. Men ammaryma gitdim-de, her haýsy düýäň dişi ýaly bugdaýdan iki halta doldurdym. Soňra ýarma edip üwedim-de, yzyndan hem bişirdim. Etjek alajym ýok. Şeýtmesem, ýoldaşym iň ýönekeý, hyrawadan ýygnanan garabaşly bugdaýy ekjek eken. Elbetde, ýaramaz bugdaýyň hasylam erbet bolardy, onuň hem ýarpysyny ýoldaşym alsa, ep-esli bölegi gowy tohum satyn almaga gi¬derdi, galanjasy-da hüşüre ýetäýse boldugy, şeýlelik bilen, biziň hemme işimiziň ýele sowruldygy bolardy. Zeleli ýok, gyşyna ýarma-palawy seýregräk iýäýerin, onuň ýerine gelen ýyl ýagşy hasyl alaryn. Men häzir takmynan ullakan iki halta, her haýsy nohut ýaly ýarma tohumy saýlap, gowrup goýdum. Men ine, şonuň üçin gijä galdym – diýipdir. Garşydaşynyň asgyn tarapyny «tapan» kazy märekä ýüzlenip: – Sizem eşitdiňizmi: Bu adam bişen bug¬daý ekmekçi bolýar. Heý, bişen bugdaý hem gögerermi? Munuň ýaly zady gören-eşiden adam barmy? – diýipdir. Ependi: – Eýsem, gowrulan towuk bilen bişen ýumurtgadan abyrsyz towuk-jüýje sürüsi emele gelende, näme üçin gowrulan bugdaý gögermezmiş?! – diýipdir. Şeýlelik bilen, Ependi kazyny utandyrypdyr. Kazynyň çykaran karary ýatyrylypdyr. Kazyhanadaky adamlaryň hemmesi Ependiniň hünärine haýran galypdyrlar. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |