15:07 Yhlasy bilen ykrar edilen | |
YHLASY BILEN YKRAR EDILEN
Edebi makalalar
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dürli ýerlerinde ylmy saparlarda bolmagymyz biziň dürli kärdäki, dürli ýaşlardaky söze, saza, gymmatly halk hazynasyna sarpa goýýan ajaýyp adamlar bilen duşuşmagymyza sebäp bolýar. Olaryň arasynda alymlaryň zähmetine çäksiz hormat goýýanlary kän gabat gelýär. Şeýlelikde, halkyň wekilleri bilen alymlaryň arasynda ýygjam gatnaşyklar başlanýar. Şeýle ýakyn aragatnaşykda bolmak miýesser edenleriň biri-de bagşy, žurnalist, taryhçy, şeýle hem belent adamkärçilikli ynsan Halykberdi Gurbansähedow. Ylmy saparda bolup halk hazynasyny toplap ýörşümize bizi Halykberdi aga bilen tanyşdyrdylar. Halk hazynasyna yhlas bilen çemeleşýän ýaşuly bize köp gymmatly maglumatlary toplamaga ýardam berdi. Onuň ýatkeşligi bizi haýran galdyrdy. Ol bize ençeme halk aýdymlarynyň döreýiş taryhy baradaky rowaýatlary hem aýdyp berdi, biz hem ýazyp aldyk. 2010-njy ýylda türkmen halkynyň saýrak bilbili Mollanepesiň 200 ýyllyk ýubileý dabarasyna bagyşlap, onuň döredijilik ýoluny goşgulary, olar baradaky dörän rowaýatlar arkaly yzarlap döreden „Yşk mülküniň şasy“ atly aýdymly hem söhbetli ýazgysyny sowgat berdi. Nusgawy şahyryň döredijiliginiň öwrenilmegine mynasyp goşandyny goşdy. Häzir biziň ýazgylarymyz, berlen sowgat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda gymmatly baýlyk hökmünde saklanylýar. Ýaşuly gürrüň berende, tutuş kalby bilen berlip, yhlasyny siňdirip, gürrüňi edilýän aýdymy hem aýdyp berýärdi. Mahlasy, gürrüň aýdym-saz sungaty, halkyň döreden dürdäne folklor eserleri barada bolanda Halykberdi aga ýadamagy bilmeýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatdan ugran awtoulaglaryň Mary şäherine giräýen ýerinde ýerleşýän bag-bakjaly bürenip oturan Mülkbagşy obasy bagşy Halykberdi Gurbansähedowyň obasy, onuň göbek ganynyň daman, çagalyk ýyllarynyň geçen ýerleri. Ynsana ýaraşýan ýagşy gylyk-häsiýetleriň ählisini özünde jemlän, ýaşan ömründe il-ulusyň hyzmatynda bolup, ençeme çagajyklara aýdym-saz sungatynyň inçe tilsimlerini öwreden, il adamsy Halykberdi agamyz, şu ýyl, tüweleme, segsen ýaşady. "Heňňam uzyn, ömür az“ diýleni-dä. Ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyşlap, bu sungatyň öwrenilişine goşant goşmaga çalşan, bagşy-sazandalar hakda makaladyr ýatlamalaryň ençemesini ýazan Halykberdi agamyzyň özi hem nädip segsen ýaşanyny duýman galypdyr. Bu barada onuň özi degişme bilen gürrüň berip gülüşdirýär. Belki-de, ol mydama aýdym-saz bilen ýaşansoň, ömrüni aýdym-saza bagyşlansoň şeýledir. Onuň öýünde dutardyr gyjak goşa-goşadan saklanýar. Kiçigöwünli, pespälli Halykberdi aganyň öýi mydam märekeli. Aýdym-sazyň sesi ol sada türkmen maşgalasynyň ojagynda mydam ýaňlanyp durardy. Ýaşynyň birçenebaranlygyna garamazdan, häzirem şeýle. Dost-ýarlar geldigi dutarlar owazlanyp başlaýar. Nirede aýdym-saz ýaňlansa, şol ýerde birek-birege mähribanlyk, ýakymlylyk, asudalyk höküm sürýär. Halykberdi Gurbansähedowlaryň bagtly maşgalasy bar. Çagalarynyň köpüsi ýokary bilimli, olaryň arasynda aýdym-saza imrinýänlerem bar. Halykberdi Gurbansähedow 1933-nji ýylyň hupbatly günlerinde Mary etrabynyň Mülkbagşy obasynda dilli tüýdüge, gargy tüýdüge dil bitirip bilýän, aýdym-sazyň muşdagy Gurbansähet Amansähet oglunyň maşgalasynda dogulýar. Dürli sebäplere görä, ol orta mekdebi Tagtabazar etrabynda tamamlap, 1952-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetine (häzirki Magtymguly adyndaky) okuwa girýär. Ol geçmiş taryhymyzy öwrenmegi gowy görýärdi, milli mirasa söýgüsi uludy. Onuň aýdym-saz sungatyna söýgüsi hem çäksizdi. "Ýigide müň dürli hünär hem az“, ine, onuň ýörelgesi. "Ýörgün, ata-baba ýörigen ýola“ diýýär ahyry Magtymguly akyldar. "Taryhy bir öwreneli, aýdym-saza gapdaly bilen güýmenerin“ diýip içini gepleden Halykberdi taryhçy bolmagy ýüregine düwýär-de, taryh fakultetini saýlaýar. Gyzgalaňly pursatlary özünde jemlän uniwersitet ýyllary şatlyk-şagalaňa beslenip, ýylgyrym çaltlygynda geçip gitdi. Halykberdiniň işeňňirliginden, edepliliginden, belent adamkärçilik duýgularynyň ösenliginden bolsa gerek, bu ýyllar onuň üçin örän many-mazmunly geçdi. Özüniň esasy ugry bolan taryhdan daşlaşman, ürç edip, geçmişimizi öwrenýän ýaş ýigit iň işjeň talyplardan biri boldy. Baryp mekdep ýyllaryndan özüni jadyly aýdym-saz sungatyna bagyşlan Halykberdini arzuw-umytlary Türkmen döwlet uniwersitetiniň halk saz gurallary ansamblyna getirdi. Halk saz gurallary ansamblyna şol ýyllarda häzirki meşhur gyjakçy, Türkmenistanyň halk artisti Annageldi Jülgäýew ýolbaşçylyk edýärdi. Sungata höwesek ýigit meşhur sazandadan köp zat öwrendi. Ol günleri Halykberdi aga uly guwanç, şatlyk duýgusy bilen ýatlaýar. Onuň kalbyna käte-käte süýji ýatlamalar aralaşyp, şol talyplyk ýyllary barada höwes bilen joşup-joşup gürrüň berýär. Annageldi Jülgäýew Moskwa okuwa iberilensoň, Halykberdi Gurbansähedowa – talyba ansambla ýolbaşçylyk etmeklik ynanylýar. Ol şeýle bir yhlas bilen işleýär, özi hem türgenleşýär, ýaşlara-da öwredýär. Şol ýyllarda aýdym-saza bolan söýgüsi ony aýdym-saz sungatynyň ägirtleri Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Çary Täçmämmedow, Tugur Berdinyýazow, Ata Ablyýew, Çary Ödekow, Agamyrat Ýagmyrow dagy bilen köp-köp gezek duşuşdyrýar. Wagt tapyldygy ýaş ýigit şolaryň ýanlaryndady. Halykberdi Gurbansähedowyň belli bir halypasy bolmasa-da, ol ähli aýdym-saz muşdaklarynyň ýollaryny diýen ýaly ymykly öwrenipdir, şol ýyllarda ürç edilip diňlenilýän patefon, soňra magnitofon onuň hemrasy bolupdy. Ol ajaýyp aýdymlary diňläp, hemmesini kalbyna siňdirmäge çalşypdyr, siňdiripdirem. Muny halypa bagşynyň „sungat özüne yhlaslyny garbap alýar” diýen sözleri hem subut edýär. Onuň özi tükeniksiz yhlasy, erjelligi bilen sungata siňip gidipdir. Yhlasly halypa aýdym-saz ýolundan, halypalardan söz açanda, derrew senedini eline alýar-da: "Bu – Magtymguly Garlynyň ýoly, bu bolsa – Sahy Jepbaryň ýoly” diýip, düşündirişler bilen gürrüň bermäge başlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjysy Gahryman Prezidentimiz aýdym-saz sungatynyň örän uly ähmiýete eýedigini ýygy-ýygydan nygtamak bilen, geçmişden kök alyp gaýdan, şu günki günlerimizde hem dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ünsi çekýär.Şägirtleriň halypalaryň ýoluny ösdürmelidigini, olaryň öňünde uly borç durýandygyny aýratyn belleýär. Türkmen aýdym-saz sungatyyň ägirt halypalary bilen tirkeşmek, duz-emek bolmak, olardan öwrenmek bagtyna miýesser bolan Halykberdi halypa hem öz bilýänlerini ýaş nesillere öwretmekde ep-esli işler etdi. Ol – şu günler hem öň hatardaky halypa. Ýatlamalar kän. 1955-nji ýylda, uniwersitetiň talyby döwründe irginsiz zähmet çekmegi netijesinde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Moskwada geçirilen ongünlügine gatnaşmaga hukuk gazanypdy. 1957-nji ýylda hem Moskwa şäherinde geçirilen VI bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşyp, onuň laureaty bolupdy. Halykberdi bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistan hökümetiniň Hormat hatlarynyň üçüsine, ençeme diplomlara, dürli guramalaryň minnetdarlyk hatlaryna mynasyp bolupdy. Tutanýerli zähmeti, erjelligi, ýagşy gylyk-häsiýetleri bilen özüni tanadan Halykberdi Gurbansähedow 1957-nji ýylda uniwersiteti tamamlaýar, ýaş hünärmen uly aladalar bilen gurşalýar. Aýdym-saz ugrundan ukyplylygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Mary welaýatynyň döredijilik öýüne direktor wezipesine bellenilen ýaş ýigit şol ýere işe ugradylýar. Ol şol ýerde Han Akyýew, Amansaçly Annaýew, Oraz Bagybekow, Ödenyýaz Nobatow, Paşşaguly Girmanow, Sähetmyrat Welmyradow we başga-da birnäçe ezber bagşy-sazandalar bilen işleşdi. Olardan öwrendi, bilelikde ýaşlara öwretdiler. Mahlasy, Halykberdi Gurbansähedow aýdym-saz bilen ýaşady, aýdym-saz bilen dem aldy. Aýdym-saza ömrüni bagyşlan bagşynyň "Hemraýym“, "Ýedi manzar“, "Gözelim“, "Ak eşekli“, "Ýaşylbaş“ ýaly aýdymlary ýazgy edilip, türkmen radiosynyň altyn hazynasynda goýuldy. Halypa bagşy žurnalistikada hem öndümli işledi. Ol – yhlas bilen ýazylyp halka ýetirilen ençeme makalalaryň, ajaýyp ýatlamalaryň awtory. Ol şu günlerem tutanýerlilik bilen işlemegini dowam etdirýär. Türkmen radiosynda, metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş edýär. Henizem hatarda bolup, Ýurt baştutanymyz, Gahryman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyşlar aýdyp, döredijilikli işläp ýören Halykberdi agamyzyň – hormatly halypanyň, pespälli, kiçi göwünli, şahandaz ýaşulynyň 75 ýaşynyň toý dabarasy Mary welaýatynyň Murgap etrap bagşylar öýi tarapyndan ýörite bellenilip geçilipdi. Bu ýyl, Türkmeniň Altyn asyrynyň on üçünji ýylynda bolsa bagşynyň 80 ýaş toýy tutulýar, çünki halypanyň hatyrasy uly. Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Milli lideriniň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünliklere, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmişimizi, milli aýdym-saz mirasymyzy öwrenmekde alnyp barylýan işlere güýjüniň ýetdiginden goşant goşýan Halykberdi Gurbansähedow entekler hem alnyp barylýan beýik işlere goşant goşmak islegi bilen joşýar. Onuň ýazan makaladyr ýatlamalarynyň käbirleri-de bir ýere jemlenip taýýarlanylan bu ýygyndy milli medeniýetimiziň esasy şahalaryndan biri bolan aýdym-saz sungatynyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Muny okanlar beýik sungatyň ussatlary, olaryň durmuşynda gabat gelen gyzykly pursatlar barada köp zatlar öwrenip bilerler. Goý, sungatyň janköýeri Halykberdi agamyza hem hormatly Prezidentimiziň ilini-gününi ýetiren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rahat dynç alyp, aýdym-sazyň içinde uzak ýaşamak miýesser etsin! Amangül DURDYÝEWA, Gurbanjemal YLÝASOWA, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |