10:02 Edebi mirasyñ muşdagy | |
EDEBI MIRASYÑ MUŞDAGY
Edebi makalalar
Ýaňy-ýakynda gazet sahypasynda hormatly alym, akademik B.A.Garryýewiň Türkmenistanyň Magtymguly baýragyna hödürlenenligini habar berýän informasiýany okap begenjimiň çägi bolmady. «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Ýogsam ylym meýdanyndaky ägirtleriň biri Garryýew bu baýraga birwagtlar mynasypdy. Çünki onuň ähli manyly ýaşalan ömri öz halkynyň milli mirasyny öwrenmeklige bagyşlandy. Ol özüniň ýiti zehini, gujur-gaýraty, irmezek-armazaklygy bilen türkmeni dünýä ýüzüne tanatmagy başardy. Olaryň alymlar maşgalasy hakynda daşary ýurtlarda hem bilýärdiler. Olar barada gyzykly makalalar bilen çykyş edýärdiler. Mahlasy, alymyň ady diňe Türkmenistana däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlaryna has öňräkden bellidi. Uly alymyň Magtymguly baýragyna birwagtlar mynasyp bolanlygynyň ýene-de bir esasy sebäbi bar. Ol uly Magtymgulyşynaslardandy. Ol beýik Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmeklige 60-dan gowrak ylmy makalany, birnäçe ylmy kitaby, doktorlyk dissertasiýasyny bagyşlady. Onuň Magtymguly barada eden işleri güýçli alymlaryň, gündogary öwrenijileriň uly bahasyna mynasyp boldy. Ol özüniň gujur-gaýratyny Magtymgulyny öwrenmeklige bagyşlady. Ol ömrüniň ahyryna çenli Magtymgulynyň döredijiligi barada iş alyp barmagyny, ony halk arasynda propagandirlemegini goýmady. Magtymguly temasy alymy uly ile tanatdy, abraýyny arşa göterdi. Ol 1947-nji ýylda «Magtymguly — XVIII asyr türkmen edebiýatynyň korifeýi» atly monografiýasyny, soňra 1948-nji ýylda bolsa «Magtymguly we onuň çeper dili» diýen iki tomluk düýpli işi taýýarlaýar. Şu iş hem onuň doktorlyk dissertasiýasynyň düýp özeni boldy. Görşümiz ýaly, Garryýew Magtymgulynyň poeziýasyny dünýä halklaryna, öz halkyna tanatmakda uly işleri bitirenlerden biridir. Garryýewiň tagallasy bilen Magtymgulynyň poeziýasy dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşuldy. Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Gökje obasynda önüp-ösen Baýmuhammet özüniň ýiti zehini, işeňňirligi bilen hemmeleri haýran galdyrdy. Onuň tebigy talantlylygy onuň ylmyň dürli ugurlaryna baş goşmagyna sebäp boldy. Ol türkmen dili we edebiýaty fakultetini, yzýany bilen taryh fakultetini, soňra geografiýa fakultetini gutarmagy-da başardy. Ylymlar akademiýasynyň Türkmen filialynyň sektor müdiri bolup işläp ýören ýyllarynda kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, şol bir wagtyň özünde medisina institutyny-da tamamlamagy hem onuň erjelligine, tutanýerliligine, armazaklygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Baýmuhammet Garryýew durmuş ummanyna gadam basanyndan ähli ünsüni halk döredijiligine gönükdirdi. Obada ýeke-täk diýen ýaly sowatly aýal, arap hem pars dillerini hem bilýän Hürjemal ejeden köp-köp ertekidir şorta sözleri, mataldyr nakyllary öwrendi we olary müdimilik ýatda saklady. Bular bolsa oňa soň-soňlar uly folklorçy bolmaklyga ýardam berdi. Baýmuhammet Atalyýewiç köp kadrlary ýetişdirdi, birtopar ýaşlary durmuş ummanyna atardy. Ol ylmy ýolbaşçy, opponent hökmünde 120-den gowrak adamyny ylym älemine ataran beýik mugallym. Men hem onuň köp sanly okuwçylaryndan biri. Onuň agrasdan epeý, emma çaga ýaly sada keşbi hiç göz öňümden gidenok. Aslynda güýçlüler sada bolýarlar. Hormatly mugallym hakdaky ýatlamalary serimde aýlap otyryn. Ilki gezek ony 1968-nji ýylyň başynda şol wagtky Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň direktory wagtynda onuň kabinetinde görmek miýesser bolupdy. Men 1967-nji ýylyň soňky aýynda aspirantura kabul edilenimde ol zähmet rugsadynda ekeni. Rugsatdan gaýdyp gelenden soň, men onuň kabinetine bardym, salamlaşdym, özümiň kimligimi aýtdym. Ol daşyndan gaty haýbatly görünýärdi. Ol meniň çekinýänligimi gördi-de: «Oturyň» diýdi. Men oturdym, birden agras keşpli adam «Nädip aspirantura girip bildiň?» — diýdi-de mylaýym ýylgyrdy. Menem çekinjeňlik bilen, ýöne pertpert «Bäşlik aldym, girdim» diýdim. Ol «Tüweleme, saýlan temaň dagy barmy?» diýip sorady. Menem «Ýok, ýoldaş mugallym, saýlan temam ýok, eger özüňiz bir gowy tema saýlap berseňiz, men şony işlemekçi» diýdim. Şonda ol: «şeýle bir tema bar, gowy tema, ýöne bir hili gelşiksizräk zatda, agy, halk döredijiliginiň bir žanry. Men agylardan makala ýazanymda ejem pahyr «işlejek bolsaň, şondan başga zat tapmadyňmy?» diýip käýinipdi. Ýöne biz ol temany has sypaýylaşdyrarys weli bolar duruberer, «Türkmen halk döredijiliginde maşgala däp-dessur poeziýasy», oňa agam girer, toý aýdymam» diýip, mylakatlylyk bilen ýüzüme seretdi. Men bolsa «Bolýa, ýöne siziň özüňiz şol tema ýolbaşçylyk hem edäýseňiz» diýdim. Ol razylyk berdi. Şol wagt onuň aspirantlary kän ekeni. Men hem şolaryň hataryna goşuldym. Bir gezek Baý Atalyýewiç (onuň ady şeýle tutulýardy) Daşkente bir doktorlyk dissertasiýasy goralanda opponentlige çagyrylypdyr. Şol wagt Käbe Borjakowa hem Daşkentde ylmy komandirowkada ekeni. Ýaş aspirant gyz Baý Atalyýewiçiň özbek doganlarymyzyň arasyndaky abraýyna haýranlar galypdyr. Dissertasiýa goralýan ýere özbekler «Türkmenistandan Baýmuhammet Atalyýewiç geldi» diýip, Käbäni hem äkidipdirler. Käbe Baýmuhammet Atalyýewiç bilen öňden tanyş däl eke¬ni. Ol zalda oturan ekeni. Dissertasiýa şowly goralypdyr. Şol ýerde Käbe bilen özara gürrüňinde «Sen Ylýasowany tanaýaňmy, eger tanaýan bolsaň, şoňa aýt, dissertasiýa diýen zat öz-özünden ýazylanok, ol meň bilen ara saklasyn, maslahatlaşsyn, ol näme «alma biş, agzyma düş» etjek bolýarmyka? diýipdir. Şondan soň tiz wagtda men uniwersitete bardym, mugallymy tapdym, salamlaşdym. «Mugallym, men birhili sizden çekinip, gelip bilmän ýörün, özüm birneme işledim» diýdim. Ol agras ýylgyrdy-da, «Näme üçin çekinmeli, kandidatlyk dissertasiýa öz-özünden bolaýanok, siz meň perzentlerim ýaly, göni öýe barybermeli, Jeren daýzaňyz bilen tanşarsyňyz, islän wagtyň baryber, gapymyz açykdyr» diýdi-de arkama kakdy. Olar bilen aramyz daş däldi. Soň tizlikde ýygnan materiallarymy hem alyp, göni öýlerine bardym. Jeren daýza şeýle mähriban eken, onuň mehrem, nurana keşbi hiç göz öňümden gidenok. Ol meni şeýle mähribanlyk bilen garşylady, men ondan köp zatlar öwrendim. Sada oba gyzy Jeren mugallym bilen ýaşan ýyllarynda edil professor ýaly bar za¬dy öwrenen eken, onuň durmuşyň ähli taraplary babatda düşünjesi giňdi, ol mydama öwrederdi. Mugallym ýazyp elten zatlarymy iňňän talabedijilik bilen okardy, ýazyp-bozup kän düzediş girizmezdi, oturyp, iki sagatlap leksiýa beren ýaly düşündirerdi, şeýt-beýt diýerdi, käýinerdi. Onuň iň bir degnaly sözlerem, «be-e, bizde ylym berişlerini, iň ökde gutaran okuwçylar siz bolsaňyz, beýlekiler nähilikä?» diýip käýinjirärdi. Onsoňam hiç zat bolmadyk ýaly, «Jeren, hany Gurbanjemala Moskwadaky daçamyzyň almalaryndan sal» diýerdi ýa-da özi howlyň içine dökülişip ýatan eriklere göz aýlardy-da «äkit bu eriklerdenem diýerdi. Çaga ýaly kiçi göwünlidi, sadady, Tirebazlyk diýen zatdan örän daşdady. Dogrymy aýtsam, biziň nirelidigimizi hem bilmezdi. Ýöne bir gezek «Ejem geldi» diýenimde, «nirede ýaşaýarlar» diýip sorapdy, «Jereniň ýanyna ejeňi hem getir» diýipdi. Soň ejem bilen baranymda, mähirli gürleşip köp oturypdy. Ol garra garry ýaly, çaga çaga ýaly, ula uly ýaly sarpa goýardy. Howlyň içinde Jeren daýzanyň ekýän gülleri görk berip oturardy, her baranymda çagalaryň ellerine Jeren daýzanyň güllerinden çemen bogup berişi ýadymda. Mahlasy, aspirantlaryna perzentleri ýaly garardylar, her baranymda başga aspirantlaryny hem görerdim. Käte kynçylyk çekenimde, maslahat salsam, «Pygamyň ýanyna baryp haýyş edäý, kömek berer» diýerdi, aýdyşy ýaly, şol wagtlarky akademiýanyň prezidenti Pygam Azymowiç biz ýaly ýaşlara gaty köp kömek edipdi. Şular ýaly hormatly ýaşulularyň kömegi bilen hem biz şu derejä ýetdik. Türkmeniň milli mirasynyň muşdagy, uly alym Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew ülkämiziň uly baýragyna mynasyp bolsa, elbetde, onuň bitiren hyzmatyna adalatly baha berildigi bolardy. Gurbanjemal YLÝASOWA, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. "Ahal durmuşy" gazeti, 14.04.1993 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |