08:16 Alyma amal ýaraşar | |
ALYMA AMAL ÝARAŞAR
Edebi makalalar
Hudaýa şükür, türkmeniň ata-baba ýurdy Garaşsyz bolaly bäri geçmiş taryhymyza, dini edebiýatymyza, folklor mirasymyzyň ähli görnüşlerine arkaýyn ýüzlenip bilýäris. Olary öwrenýäris, many-maňzyny susup almaga çalyşýarys. Görüp otursak, uzak ýyllaryň dowamynda çetleşdirilip gelnen geçmişimiz, dini eserlerimiz durşy bilen edep hazynasy eken.Ol eserlerde durmuşuň ähli babatlary barada söhbet açylýar. Garaşsyzlyk döwründe çap edilen şeýle dini mazmunly dessanlaryň biri hem «Müň sowal ýa-da Melike-Danyşment» dessany. Bu dessanda Melike danyşmende (alyma) müň sowal berýär, ol hem jogap berýär. Şol sowallaryň biri alymlar barada. Sowal-jogap şeýle: Melike: «Alymlara näme ýagşy?» Danyşment: «Amal, zuht we takwa ýagşydyr. Amaly ýok alym miwesi ýok agaja meňzeşdir». Hawa, bu hakykat, amaly ýok alym miwesiz agaja meňzeş. Amal etmek näme? Zuht näme? Takwalyk näme? Bilýän zatlaryňy iliňe=günüňe bagyş etmek, ile ýetirmek, bilýäniňi dine özüňde saklamazlyk. Dünýäniň aýşy-eşretlerine özüňi aldyrman, özüňi bilime, ylyma bagyşlamak, diňe zähmet çekmek. Şu zatlary edip bilmedik alym alymlar toparyndan däldir. Alym bilýän zadyny iline-gününe bagyş etmeli.Ylym bir daragt bolsa, şahalary alymlardyr, öz bilýänini iline-gününe bagyşlap oturan alymlar agajyň miwäni köp getirip, agramyny göterip bilmän oturan şahalary kimindir. Olaryň başy aşakdyr, belent adamkärçiligiň eýesidir, pes-pällidir, kiçigöwünlidir. «Agaç barly bolsa, başy pes bolýandyr». Şu gürrüňleri edip, ýagşylykda ýatlajak bolýan alymymyz akademik B.A.Garryýew şeýle pespäl alymlaryň hilindendi, miwelerini göterip bilmän oturan agajyň şahasy kimindi, örän öndürijilikli işlärdi, wagtyny bisarpa tutmazdy. Muňa göz ýetirjek bolsak, 1987-nji ýylda «Ylym» neşirýatynyň çapdan çykaran alym hakyndaky görkezijisi bilen tanyşaýmaly. Ýaşuly alymyň çeken zähmetiniň hemmesini bir ýere toplamak kyn bolan bolsa-da, Baýmuhammet Atalyýewiçiň toplan, halkyna ýetiren, terjime eden, syn ýazan işleriniň, ýolbaşçylyk eden kandidatlyk we doktorlyk işleriniň umumy sanawynyň 622-ä ýetenligi onuň şeýle öndürijilikli zähmet çekenligine, Biribaryň özüne bagyş eden 67 ýyl ömrüni bisarpa tutman, «gijeleriniň ýaryny gündize goşup» halkyna hyzmat edenligine göz ýetirer. Alymyň ömrüni we döredijiligini öwrenjek, doly göz öňüne getirjek bolsaň, bu çekilen zähmetiň barysy bilen tanyşmaly. Ýaşuly alymyň döredijiligi köptaraply.Bu näme diýdigimiz? Alymlar iki hili bolýar. Bir topar alymlar diňe öz ugrundan işlemegi halaýarlar, «Men dilçi» ýa-da «Men edebiýatçy» diýmegi gowy görerler, başga ugurlar bilen işleri ýokdur. Bir topar alymlar welin, ylmyň her ugurlaryndan öz bilýänlerini halka ýetirmäge howlugýandyrlar. Şu hili alymlaryň «beýle zatdan meniň başym çykmaz» diýen ýerini eşitmek mümkin däldir. B.A.Garryýew hem ikinji topar alymlardandy. Oňa bir sowal bilen ýüzlenip, haýsy ugurdan bolsa-da, jogap almadyk wagtyň bolmazdy. Hormatly mugallym, ajaýyp alym, belent terbiýeçimiz Taňrytagalanyň adamzada bagyş eden «bäş günlük» ýalançy dünýäsinde özüne berlen ömri manyly ulanmaga, özünden soň yzynda bir zat galdyrmaga, dünýäden «gury gelip boş gitmezlige» çalyşdy. Halk paýhasy «Älem içre adam gezmez, at gezer» diýip seslenýär. Ähli bilýänlerini halkyna bagyş eden, alymdan edilýän talaplary artygy bilen ödän, amally alym Baýmuhammet aganyň ady diňe Türkmenistanda däl, eýsem beýleki ýurtlaryň hem ençemesinde mähir bilen ýatlanyp ýör, ýatlanyp ýör. Muňa onuň tutanýerli zähmeti sebäp boldy.Ol ylym älemindeöçmejek yz galdyrdy. Yslam dini hem ylma, alymlara uly baha berýär. Alym Allatagalanyň halan adamlaryndan hasaplanýar. Muhammet pygamberiň hadyslarynda «Bir gije ylym bilen meşgullanmaklyk bir aý oraza tutan, üç aý namaz okan ýalydyr» diýlip aýdylýar.Bu, elbetde, amal edýän alymlar hakyndadyr. Halkda ýenede bir pähim bar: «Adam gowusy alym bor, amal etmese, zalym bor». Baýmuhammet aga hem özüniň manyly ýaşan ömründe amal etmekligi özüne borç edinip, halkymyzyň tükeniksiz genji-hazynasy bolan ýatdan aýdylýan halk döredijilik eserlerini hem-de klassyky edebiýatymyzyň nusgalaryny ilkinji gezek halka ýetiren az sanly alymlardandy. Türkmen okyjylary Azadynyň, Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Zynharynyň, Kätibiniň, Aşykynyň, Şabendäniň, Magrupynyň, Talybynyň, Misgingylyjyň, Keminäniň, Mätäjiniň, Mollanepesiň, Balgyzylyň we beýlekileriň eserleri bilen ilkinji tanyşdyranlygy, olary halka ýetirenligi üçin görnükli alymy uly hormat duýgusy bilen ýatlaýarlar, ýatlamaga hem borçludyrlar. Çünki bu zehinli alym, zähmetden gorkmaýan ajaýyp adam özüniň ähli bilýänlerini öz halkyna eçildi. Eger-de şular ýaly ýiti zehinli, irginsiz zähmet çekmeklige ukyby bolan adamlar bolmadyk bolsa, onda bize arap elipbiýinde ýazylan geçmiş edebiýatymyz bilen tanyşmak örän kyn bolardy. Rus dilini suwara bilýän Baýmuhammet Garryýew rus edebiýatynyň baýlyklaryny türkmen okyjysyna, türkmeniň milli baýlyklaryny bolsa rus okyjysyna ýetirmäge howlugyp, bu ugurda-da ep-esli iş etmäge ýetişdi. Ol Gogolyň «Soroçin ýarmarkasy» eserini türkmen diline geçiripdi. Soňra bolsa ägirt uly ähmiýeti bolan meşhur «Görogly» eposynyň ylmy tekstini rus diline geçiripdi. Ol öz halkyny dünýä medeniýetiniň genji-hazynalary bilen tanyşdyrmaga, öz halkynyň milli baýlyklaryny hem dünýä arenasyna çykarmak islegi bilen joşardy. Elbetde, ukusyz geçýän gijeler biderek geçmeýärdi, dürli temadaky ylmy işler halka ýetirilýärdi. Hemme zat gülalla güllükdi. Ol 1950-nji ýyllara çenli poeziýa äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragy barada ep-esli iş etmäge ýetişdi. 1947-48-nji ýyllarda Magtymgula bagyşlanan iki tomluk işi taýýarlaýar. Magtymguly temasy alymyň esasy temalaryndan biri, ol bu temadan ylmy makalalaryň 60-dan gowragyny ýazmagyň hötdesinden gelipdi.Şowlulyk şol ýyllarda alymyň hemrasy bolupdy. 1951-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzalygyna saýlandy. Emma... Göz boldumy, dil boldumy, ylym älemindäki döredijiligi gülläp ösüp, şaýola düşüp gidipbarýan B.Garryýewiň ömürýoluna birden badak atyldy oturyberdi. Muňa dünýäde iň seýrek duş gelýän ajaýyp türkmen eposy «Gorkut Ata» sebäp boldy. Elbetde, uniwersitetiň şol wagtky dosenti Mäti Kösäýewiň çapa taýýarlan bu täsin eserine redaktor bolmaklyga döwtalap alym derrew razylaşdy. Çünki bu ajaýyp eser ony hem jadylapdy. Galyberse-de, ol hemme täsinlikleriň halkyna ýetirilmeginiň tarapdarydy. Bu gymmatly edebi eser üçin B.Garryýewiň, M.Kösäýewiň, O.Abdalowyň başyna düşen görgülerden türkmen okyjylary habarlydyr. Mugallymyň ýanýoldaşy, merhum Jeren daýzanyň beren gürrüňleri diňläniň inini üýşendirýärdi. Ýarygijäniň ümsümliginde, hamyla gelniň ýüregini ýaryp, öýi akan-dökän edip, türkmen gadymyýetiniň ýaňyny biziň döwrümize ýetiren milli mirasynyň sahypalaryny ýanyp duran oda oklaýardylar. Göýäki, türkmeniň gadymyýetinden ar alýan ýalydylar. Ýokarky agzalan edebiýatçylar bu gymmatly eser üçin başlaryny orta goýmaly bolupdylar. B.Garryýew hem ömrüniň üç ýylyny uzak Sibirde sürgünlikde geçirmeli bolupdy. Elbetde, çydamly, takdyra ten berip ýören alym bu görgüleri kysmatyndan gördi, ejizlemedi. Özüniň gürrüň bermegine görä, ol uzak Sibirde öz lukmanlyk käri bilen meşgullandy, gör, näçe näsagy aýak üstüne galdyrdy, olaryň alkyşyna mynasyp boldy. Ol alkyşlar ýerine düşdi. Şonda Baýmuhammet Atalyýewiç «Alkyş alsaň mydam işiň oň bolýanlygyna» göz ýetirdi. Uzak Sibirde bary-ýogy üç ýyl işlemeli boldy. Ýigrimi bäş ýyl nire, üç ýyl nire?! Hak alyma Alla nazaryny saldy, Moskwadaky bile «çorba sowadyşan» alymlary kömege geldiler. «Gorkut ata» eseriniň hiç hili ganly eser däldigini, Baýmuhammet Garryýewiň günäsizdigini subut etdiler.Şeýlelikde, 1956-njy ýylda heläkçilige uçranlar aklanyldy. Hemmeler Watana dolandylar, emma Baýmuhammet Atalyýewiç, şol wagtky ýolbaşçylardan göwni galansoň, göni Moskwa gitdi, çagalaryny ýanyna çagyrdy. Moskwada lukmanlyk kärinde işe başlady. Soňra ony alymlar A.M.Gorkiý adyndaky Dünýä edebiýaty institutyna uly ylmy işgärlige işe çagyrýarlar, ol şo ýerde işläp başlaýar. Şol ýerde işlän ýyllarynda Baýmuhammet Atalyýewi özüniň ähli ukybyny «Görogly»eposyny öwrenmäge, ony dünýä tanatmaga bagyşlady. «Görogly» eposy türkmen folklorynyň altyn hazynasynyň belli eserlerinden biridi, ony dünýä tanatmak hem Baýmuhammet Garryýew ýaly alymlaryň zähmetine baglydy. Ol irmän-arman zähmet çekip, «Türki halklarda Görogly hakyndaky epiki rowaýatlar» diýen ylmy işini taýýarlady. Ol türki halklaryň arasyna ýaýran Görogly hakdaky rowaýatlary, söhbetleri deňeşdirip, ylmy derňew geçirdi. Alymyň bu işi Baýmuhammet Garryýew ildeşleriniň haýyşy bilen öz iline göçüp gaýdansoň, 1968-nji ýylda Moskwada neşir edildi. Baýmuhammet Atalyýewiç 1964-nji ýylda maşgalasy bilen dogduk mekanyna dolandy hem-de Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory wezipesinde işläp başlady, ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlara sapak berdi. B.A.Garryýew ömrüniň bir minudynam bisarpa tutman, ylma bagyşlan adam. Onuň ägirt uly zähmetiniň netijesi alym ýogalandan soň, 1983-nji ýylda Moskwada neşir edildi. Ol iş «Görogly» eposynyň ylmy tekstiniň türkmençe we rusça (bilelikde) neşiridir. Rus dilini suwara bilýän B.A.Garryýewiň maksady türkmen «Göroglysyny» rus diliniň üsti bilen dünýä ýaýratmakdy. Merhum akademik maksadyna ýetdem.Bu eser türkmeniň şan-şöhratyny dünýä belli etdi. B.A.Garryýewleriň maşgalasy alymlar maşgalasy hökmünde dünýä möçberinde tanalýardy. Merhum fizik alym N.Garryýew, matematik A.Garryýew, filolog alymlar B.A.Garryýew we S.Garryýew— dört sany güýçli alymy ýetişdiren Ataly aga bilen Hüýrjemal ejäniň ruhlary bu günki gün Garaşsyz ýurdumyzda atlary hormat bilen tutulýan ogullarynyň abraýyna şatlanýandyrlar. Elbetde, Baýmuhammet aga diri bolan bolsa, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda ýetilen özbaşdaklyga, Bitaraplyga çaga ýaly begenerdi, öz ukybyny, gujuryny-gaýratyny ýurdumyzyň ylmyny ösdürmeklige sarp ederdi. Öz başyna gara günleriň düşmegine sebäp bolan «Gorkut Ata» eposynyň alnyna ak Gün dogduran Serdary tüýs ýürekden alkyşlardy. Şonuň üçin hem biz - mugallymyň okuwçylary bu günki gün Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine öz goşandymyzy goşsak, Baýmuhammet mugallymyň ruhy şat bolar. Gurbanjemal YLÝASOWA, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri. "Türkmenistan" gazeti, 02.03.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |