00:07 Akademik B.Garryýewiň epos-dessanlary öwrenmekde bitiren hyzmatlary | |
AKADEMIK B.GARRYÝEWIÑ EPOS-DESSANLARY ÖWRENMEKDE BITIREN HYZMATLARY
Edebi makalalar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: – Türkmenleriň dürli döwürlerde jemgyýetçilik syýasy, medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar dessançy bagşylarymyzyň kämil sungatynyň üsti bilen biziň döwrümize gelip ýetipdir. Olaryň aýdymlary we sazlary halkymyza egsilmez güýç-gaýrat we synmaz erk beripdir(1.15s.). Ata-babalarymyz özlerine paýhasly pederlerinden miras galan folkloryň dürli nusgalary bilen birlikde uly göwrümli eposdyr dessanlary hem hakydalarynda saklap, öz bilýänlerini ogullaryna, agtyklaryna aýdyp berip, olara dessan aýdyjy bagşylary, şeýle hem, dessanlardan aýdylýan tirme aýdymlaryny diňlemegi öwredipdirler, olar hem öz gezeklerinde nesil dowamatlaryna geçiripdirler. Şeýlelikde, ata-babalarymyz türkmen ruhuna täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarynda eşrepi ýaly saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler. Dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolan “Görogly” eposynyň hem-de beýleki çeper dessanlaryň biziň döwrümize gelip ýetmeginde bagşylaryň bitiren hyzmaty aýratyn bellenilmelidir.Dessandyr eposlar, esasan, bagşylaryň dilinden ýazylyp alnypdyr. Şu ýerde “Görogly” eposynyň 12 şahasynyň ilkinji gezek meşhur Pälwan bagşydan ýazylyp alnyp, şol esasda halka ýetirilenligini ýatlamaklyk ýerliklidir. Halk köpçüligi zähmet argynlygyndan soň bir ýere üýşüp, agzybirlik bilen bagşylary diňlemegi, ýomak atyşmagy, şorta sözler aýdyşmagy gowy görüpdirler. Elbetde, toý-tomaşalarda bagşy-ozanlary diňlemeklik halk arasynda has ýörgünli bolupdyr. Ýaşulylaryň aýtmaklaryna görä, bagşysyz, sazanda-göýendesiz durmuşyň lezzeti ýok ýaly bolup görnüpdir. Mahlasy, türkmenler sazanda-bagşysyz ýaşaýşy göz öňüne-de getirip bilmandirler.Ýazylyp alnan bu gymmatly miras ХХ asyryň 25-30-njy ýyllaryndaöwrenilip, halka ýetirilip başlanyldy.Olary halka ýetirmek üçin hem alymlar gerekdi. Emma Türkmenistanda ol ýyllarda entek alymlar ýetişmändi diýen ýaly. 1930-1940-njy ýyllarda Türkmenistanda ýaşaýan rus alymlary bilen birlikdeAhmet Ahundow Gürgenli, Mäti Kösäýew,Baýmuhammet Garryýew dagylar, ýazyjy Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow ýaly halk döredijiligine gyzyklanýanlar öňe saýlanyp başladylar. Olar aňzakly-jöwzaly günlerde-de kyn görmän, halkyň arasyna aýlanyp, folklor baýlyklaryny ýygnamak bilen meşgullandylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, türkmen ylmynyň özgerişleri, ösüşleri başdan geçirýän zamanasynda, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza aýawly çemeleşmäge ugrukdyrýan döwründetürkmen ylmyny ösdürmeklige goşant goşan alymlaryň, edebiýat we sungat işgärleriniň atlary hormat bilen ýatlanylmaga mynasypdyr. Olar türkmen ylmynyň, ylaýta-da, folklorçylygyň gözbaşynda durup, uly işleri durmuşa geçirdiler. Türkmen halkynyň döreden ruhy gymmatlyklaryny halka ýetirdiler. Bagşylarynyň saza goşup, ýatdan aýdyp, halka hezil berip, ХХ asyra ýetiren eposlaryny, dessanlarynyhalkdan ýazyp alyp, kitap görnüşinde halka ýetirmek ol ýyllarda zerur meseleleriň birine öwrüldi. Ata Gowşudow ilkinjileriň biri bolup,1941-nji ýylda “Görogly” eposyny halka ýetirdi. Şol pajygaly kyrkynjy ýyllarda Aşgabatda ýerleşen Mugallymçylyk institutyny tamamlan ýaş alym, geljekki akademik Baýmuhammet Garryýew filologiýa ylmynyň dürli ugurlarynda ilkinjileriň biri bolup,uly hyzmatlar görkezip başlady. Onuň taýýarlygygüýçlidi. Kakasy Ataly aganyň yhlasy bilen kiçiliginden şäherde okap, rus dilini suwara öwrenipdi. Dünýä alymlarynyň ylmy işlerini okap öwrenýärdi. Ol ylma, milli mirasa teşnedi, köneden, ýagny arap elipbiýinden sowatly ýaş alym “Alyma amal ýaraşar” diýen ýörelgeden ugur alyp, ähli bilýänlerini halka ýetiresi gelip, yhlas edip işleýärdi.Özüniň okap bilýän kitaplaryny halk köpçüliginiň hem okamagyny isleýärdi. Emma ol baý mirasyň köp bölegi arap harpyndady, ýa-da halk hakydasyndan susup almalydy. Onuň üçin bagşylardan öwrenmelidi, halkdan ýazyp almalydy. Mahlasy, tutanýerli zähmet gerekdi.Ýaş alym bu işleriň hötdesinden gelýärdi. Ol öz öňünde belent maksatlar goýup, bir wagtyň özünde bäş ugurdaiş alyp barýar. 1. Türkmen halkynyň milli guwanjyna öwrülen akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenip, dünýä ýaýmaklyga yhlas siňdirýär. 2. Parasatly türkmen halkynyň döreden çeper gymmatlygy bolan folklor eserlerini toplamak we neşir edip, kämil görnüşlere getirip, ýene-de halkyň özüne gaýtaryp bermek üçin yhlas edip başlaýar. 3. Türkmen halkynyň pederlerinden ýadygärlik galan gymmatly ruhy hazyna bolan “Görogly” eposyny türkmen halkyna hem-de dünýä halklaryna ýetirmek islegi bilen joşup, ol barada ylmy iş ýazmak üçin gijelerini gündize goşup, erjellik bilen zähmet çekýär. Elbetde, alymyň “Görogly” eposy babatda alyp baran işleri, esasan, soňky ýyllarda has giňişleýin häsiýete eýe boldy. 4. Şu üç ugurda alyp baran işlerini terjimeçilik sungatynyň üsti bilen dünýä halklaryna ýetirmekligi maksat edinip, terjimeçilik bilen meşgullanyp başlaýar. 5.Şol ýyllarda uly işler alyp baran alym ýoldaşlarynyň, bile işleşýän işgärleriniň ylmy işlerini rejelemek(redaktirlemek) işlerini hem alyp barýardy. Şonuň bilen bir wagtda,altynjy ugra-da baş goşdy, ýagny ylmy kämilligini artdyrmak üçin dissertasiýa ýazmaklyga-da girişdi.Bu işiň hem abraý bilen hötdesinden geldi, uly alymlaryň ýokary bahasyna mynasyp bolan kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalaryny beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlady. Onuň köp ugurly ylmy döredijiliginiň esasy ugurlarynyň biri hem folklorçylyk. Eposdyr dessanlar bolsa folklorçylyk ugrunyň esasy şahalarydyr. Geliň, Baýmuhammet Garryýewiň bu ugurda eden işlerine gysgaça ser salalyň! Ol halk köpçüliginiň uzak asyrlaryň dowamynda döredip, timarlap, sünnäläp ХХ asyra ýetiren folklor dürdänelerini kitap görnüşinde halkyň özüne ýetirmek üçin uly zähmet çeken görnükli alym. B.Garryýew awtorly dessanlaryň hem-de halky dessanlaryň ençemesini, köne ýazuwdan latyn, soňra täze kiril elipbiýine geçirip, eýýäm kyrkynjy ýyllarda halka ýetirmegiň hötdesinden geldi.”Asly–Kerem”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Melike Dilaram” ýaly köp sanly folklor dessanlaryny, ‘Gül–Bilbil” (Şabende) “Seýpelmelek–Methaljemal”, ‘Ýusup–Ahmet”, ‘Aly beg–Baly beg” (Magrupy),“Gül–Senuber” (Şeýdaýy), “Raý–Çini” (Ýusup Hoja Baky ogly) we başga-da ençeme awtorly dessanlar gönüden-göniýaş alym B. Garryýew tarapyndan halka ýetirildi. Bu dessanlaryň barysy hem alym tarapyndan sözbaşy hem düşündirişler bilen üpjün edilipdir. 1940-njy ýylda alymyň edebiýatçy alym N. Aşyrow bilen bilelikde taýýarlamagynda Mollanepesiň “Zöhre we Tahyr” dessany düşündirişleri, sözbaşysy bilen halka ýetirildi. 1941-nji ýylda alym “Hüýrlukga-Hemra” dessanyny çapa taýýarlap, sözbaşy ýazypdyr.“Hüýrlukga-Hemra” alymyň folklor dessanlaryna degişli ilkinji işi, 1943-nji ýylda B. Garryýewiň taýýarlamagynda “Asly-Kerem”, ýagny onuň ikinji taýýarlan folklor dessany halka ýetirildi. Ol eýýäm dessan öwreniji alym hökmünde tanalyp, ajaýyp dessanlary halka ýetirip, halkyň alkyşyna mynasyp boldy. Şol ýylyň özünde Şabendäniň “Hojamberdi”, Şeýdaýynyň “Gül-Senuber” dessanlary alymyň ýazan sözbaşysy bilen ilata gowuşdy.Dessanlar barada alymyň ýazan makalalary hem sanardan kän.Olardan birnäçesini ýatlalyň: “Melike Dilaram” dessany” (“Sow. edebiýaty, 1943, №2, häzirki “Garagum”), Magrupynyň “Seýpelmelek-Methaljemal” dessany hakda” (“Sow. edebiýaty, 1943, №8, häzirki “Garagum”). “Raý Çyni” (“Sow. edebiýaty, 1943, №9, häzirki “Garagum”) we b. Şol döwürlerden başlap, ýaş alymyň eposdyr dessanlara gyzyklanmasy, olary halka çalt ýetirmek islegi has artyp başlady. Umuman, geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynda çap edilen gazetdir žurnallaryň sahyparyny agtarsaň, Baýmuhammet Garryýewiň adyna ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Alym hemmeler tanyş bolar ýaly bu dessanlar barada ilki žurnalda makala çap edýärdi, soňra bolsa kitaby neşire taýýarlaýardy, ýa-da başga alymlar tarapyndan taýýarlanan dessanlara sözbaşy ýazýardy, redaktirleýärdi, haýsydyr bir alym bilen bilelikde çapa taýýarlan kitaplary hem sanardan kän. Bu işler juda zähmetsöýer bolaýmasaň, her kime başartjak işler däldi. Alym daşary ýurtlaryň arhiwlerinde bolup, türkmen halkyna degişli bolan gymmatly maglumatlary hem öz halkyna ýetirmäge howlugýardy. B. Garryýew “Görogly”, “Gorkut ata” eposlarynyň halka ýetirilmeginde hem ýadaman-ýaltanman zähmet çeken belli alym. Şu ýerde şol wagtky alnyp barylýan ideologiýanyň täsirinde iki sany uly alymyň – Mäti Kösäýewiň we Baýmuhammet Garryýewiň halka ýetirmekçi bolan “Gorkut ata” eposy “ganly eser” hasaplanylyp, bularyň başyna agyr günleriň düşürilmegine sebäp bolanlygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Akademik Baýmuhammet Garryýew “Görogly” eposynyňilki türkmen halkyna ýetirilmegine goşant goşan, soňra bolsa uly göwrümli eposyň ylmy tekstini taýýarlap, rus diline terjime edip, eseri dünýä arenasyna ýaýradan, ylma tüýs ýürekden berlen görnükli alym.Alymyň “Görogly” baradaky uly zähmeti– “Göroglynyň” ylmy teksti hem-de rus diline terjimesi 1983-nji ýylda, özi aramyzdan gidenden soňra Moskwada neşir edildi. Şondan bäri hem epos başga halklaryň dillerine terjime edilse-de, şol neşir esas bolup hyzmat edýär. Görnükli alymyň “Türki dilli halklarda Görogly hakyndaky hekaýatlar” atly ylmy işi hem 1968-nji ýylda Moskwada çap edilip, “Görogly” hakyndaky ylmy işleriň arasynda iň esasylaryndan biridir. Şu günki günde hem dünýä alymlary şu işden peýdalanýarlar.Alym her bir makalasynda, ýazan sözbaşylarynda bu ajaýyp eserden daşlaşyp bilenok. Muňa alymyň işleri bilen tanşylanda, doly göz ýetirmek bolýar. Baýmuhammet Garryýewiň “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynda 1973-nji ýylyň 4-nji sanynda çap edilen “Halk döredijiligi hakynda käbir bellikler” atly makalasy bu babatda iňňän ähmiýetlidir. Makalada eposdyr dessanlar we beýleki žanrlardaky eserler dogrusynda söhbet açylýar. Ol bu makalada folklor sungatyna uly baha berip: “Meseläniň gyzykly ýeri, folkloryň iň sagdyn setirleri, paýhasa baý nusgalary adama estetik lezzet hem asylly terbiýe berýär, dilini, sözüni baýlaşdyrýar, çeperçilik, gözellik baradaky düşünjäni ösdürýär, gözýetimiňi giňeldýär. Folkloryň ýazuw edebiýatyndan öň dörändigi we oňa “hamyrmaýa” hökmünde hyzmat edýändigi köpimize mälim bolsa gerek”diýip belleýär[111 s.] Folkloryň dürli žanrlary hakda pikirlerini beýan edenden soňra, alym “Görogly” eposy hem dessanlar baradaky gürrüňe geçýär. Folklorçy alymlaryň bu eposyň haçan we haýsy ýerde ýüze çykanlygy, gahrymanlarynyň durmuşda hakyky ýaşanmy ýa-da toslanyp tapylanmy, olaryň kime garşy göreşendikleri, eposyň başga halklaryň arasyna nähili ýol bilen ýaýranlygy dogrusynda gürrüň etmekleriniň zerurdygyny nygtaýar. Soňra özüniň “Türki dilli halklarda Görogly hakdaky hekaýatlar” atly işini taryhy resminamalara esaslanyp, arhiwlerde oturyp işlänligi, wakalaryň ХVI asyrda Eýran patyşasy Şaapbasyň Türkiýe hökümdaryMyrat III bilen bolan söweşleri, şonda Görogly atly arkasy dutarly batyr, edermen göreşijiniň gatnaşanlygy hakdaky maglumatlaryň üstünden baranlygy barada ýazýar. Folklory düýpli öwrenmegiň zerurlykdygyny öwran-öwran gaýtalaýar. Alymyň bu pikir ýöretmeleri häzirki günde hem folklorçylygyň ösdürilmeginde iňňän ähmiýetlidir. Görnükli alym Baýmuhammet Garryýew dessanlar hakdaky pikirlerini ençeme makalalarynda dowam etdirýär, gaýta-gaýta şol pikire dolanýar-da, “Halk döredijiligi hakynda käbir bellikler”atly makalasynda şeýle netije çykarýar: “Dessanlarda wakalaryň dürli ýurtlarda ýaýbaňlanmagy ol halklar bilen gadym döwürlerden medeni, dostlukly aragatnaşygyň bolandygyny tassyklaýar” diýen pikiri öňe sürýär[111s.].Soňra pikirini dowam etdirip, “Dessanlaryň asyl çeşmeleriniň, ideýa-mazmunynyň, çeperçiliginiň, kompozisiýasynyň birmeňzeş bolmaýşy ýaly, olaryň dörän wagtlary-da bir däldir. Mysal üçin, “Hüýrlukga-Hemra” dessany has irräk ýüze çykyp, onuň özeni III-VII asyrlar içinde höküm süren sasanidler dinastiýasynyň uly wekili Hysrawyň (531-579) döwri bilen belli bir derejede ilteşiklidir. Emma beýleki folklor dessanlarynyň aglabasy ХIV-ХVI asyrlaryň wakalary bilen baglanyşykly bolup, olar şol döwürde, ýa az-kem gijräk düzülendir” diýip belleýär [112 s.]. Alym “Saýatly –Hemra”, “Şasenem-Garyp”, “Nejep oglan” dessanlarynda başga şäherleriň adynyň tutulmagyny türkmenleriň dürli ýerlerde ýaşanlygy bilen düşündirýär. Hatda Töwriz şäheriniň ХIV-ХV asyrlarda Garagoýunly we Akgoýunly patyşalaryň paýtagty bolandygyny ýatlaýar. “Türkmenleriň dessan düzmek, dessan aýtmak däbi gojaman döwürlere baş urýar, Dessanlaryň birenteginiň türkmen topragynda emele gelip, soňra goňşy ýurtlara geçendigini ХIХ asyryň hem ХХ asyryň atly-abraýly alymlary aç-açan aýdýarlar. Mysal üçin, ХIХ asyr wenger alymy Ignan Kunoş türki dillerdäki dessanlary diňläp görüp, şeýle diýýär: “Bu halk eserleri aslyýetinde türlkmenleriň gahrymançylyk eposydyr. Olar (şol dessanlar) türki dilli ilaty bolan Eýrana, ýa başga ýurtlara geçip, sünni ýa şyga (şaýy) reňkine boýalypdyr... Şeýlelikde, türkmenleriň halk romanlary (dessanlary) azerbaýjanlylara, anadoly (osman) türklerine geçipdir”[112 s.] (Ignan Kunoş. Türki halk romanlary (dessanlary) Kiçi Aziýada. “Wenger habarlary” 1893, t. ХIII, 315 s., nemes dilinde).B. Garryýew tarapyndan mysal alnan sözlerinde wenger alymy dessanlary türkmen romanlary atlandyrýar, hakykatdan-da, türkmen eposlarydyr dessanlary, halk ertekileri türkmen durmuşyny suratlandyrýan romanlardyr, powestdir, hekaýalardyr.Bagşylaryň şygyrlary aýdym edip aýtmagy bolsa saza-söze uly sarpa goýýan türkmen halkyna häsiýetli aýratynlykdyr. Akademik B. Garryýew wenger alymy Kunoşyň bu kesgitlemesini A.N. Samoýlowiçiň hem goldandygyny aýratyn hygtaýar (Самойлович А.Н. Очерки по истории туркменской литературыт.1., М. – Л., 1929, 167 s.). Zehinli alymyň dessanlar we olaryň halklaryň arasyna ýaýraýşy hakdaky pikirleri bu günki günde-de ähmiýetini ýitirenok. Soňky döwürlerde alnyp barlan işler, alymyň pikirleriniň dogrudygyny tassyklady. “Şasenem-Garyp” dessany türkmençe neşir edilip, halka ýetirileninden soňra, Türkmenistanda ýaşaýan rus milletiniň wekillerine-de ýetirmek maksady bilen, rus diline terjime edilýär we B. Garryýew tarapyndan sözbaşy ýazylýar. Dessanyň sözbaşysynda rus okyjylaryna diňe “Şasenem-Garyp” dessany barada däl-de, eýsem, türkmen halkynyň döreden çeper gymmatlyklarynyň ählisi hakda gürrüň beresi gelýän alym ilki “Gorkut ata”, “Görogly” eposlary, soň beýleki dessanlar hakda gymmatly maglumatlar berýär.”Gorkut ata” hakda ýatlanynda, bu eseriň türkmen ahlagyny, däp-dessurlaryny suratlandyrýan gymmatly eserdigini belleýär. “Görogly”eposyny bolsa uly buýsanç bilen “Halk döredijiliginiň täji” diýip atlandyrýar. Alymyň “Görogly” eposy hakda ýazan işleri barada gysga makalanyň çäginde gürrüň etmek mümkin däl. Şonuň üçin-de, onuň dessanlar baradaky söhbetleri bilen sözümizi dowam etmekçi. Ol “Halkyň döreden dürdäneleri üstünden ýüzýyllyklaryň geçenligine garamazdan, özüniň ölmez-ýitmezligi bilen ýaşap gelýär” diýip bellemek bilen, ”Gorkut ata”, “Seýit Battal Gazy”, “Asly-Kerem” ýaly folklor eserleri hakda hem ýatlaýar [4 s.]. Onuň esasy maksady başga halklaryň wekillerini türkmen halkynyň milli mirasy bilen tanyşdyrmak, rus diliniň üsti bilen dünýä ýüzüne ýaýmak bolupdyr. Şol sözbaşyny okap, şoňa göz ýetirmek bolýar. Ol sözbaşyda “Şasenem-Garyp” dessany hakda gürrüňe başlamazdan ozal “Asly-Kerem” dessanynyň söýgi temasyndan ýazylyp, milletçilik duýgularynyň eserde berlişi, dessanyň bagşylaryň dilinde ýaňlanyşy hakdaky söhbetlerinden soňra, “Hüýrlukga-Hemra” hem “Melike Dilaram” dessanyndaky gapma-garşylyklar hakda ýatlaýar. Ýeri gelende ýatlasak, alym “Melike Dilaram” dessanyny 1946-njy ýylda neşir etdirýär, “Melike Dilaram folklor dessany”diýen sözbaşyda dessan dogrusynda gyzykly söhbet açýar. Ol şeýle ýazýar: “Melike Dilaram” dessany türkmenler arasynda meşhur bolan bir eserdir.“Melike Dilaramyň sýužeti folklordan alnyp, soňra häzir ady belli bolmadyk bir türkmen şahyry tarapyndan ýaňadan işlenipdir. Eseriň birnäçe asyr mundan öň döräni üçin, onuň dilinde birnäçe arhaizmler (könelişen sözler, G.Y.), arap-pars sözleri we köne sözlem formalary ulanylyp, dessury stilde, ýagny klassyky stilde düzülipdir ( 3 s.). B. Garryýew gyzyň keşbindäki asgyn hem üstün taraplaryny görkezýär, şeýle hem, eseriň paş edijilik häsiýetine eýe bolan bir eserdigini aýratyn nygtap geçýär. Esere tankydy göz bilen garap, kemçilikli taraplaryna düşünip okamalydygy baradaky pikirlerini hem okyjylara ýetirýär. Bu sözbaşyda ýaş alymyň türkmen halkynyň paýhasly pederleriniň akyl hazynasynyň önümi bolan çeper gymmatlyklarynyň barysy hakda gürrüň bermek islegi bilen joşýandygyny duýmak bolýar. Ýöne gysga sözbaşyda olaryň barysy barada aýdyp geçmek mümkin däl, emma alym gysgaça bolsa-da, olaryň käbirleri hakda agzap geçmegi öz öňünde maksat edinip goýan bolara çemeli.Biziň döwrümize gelip ýeten köp nusgalaryň arasynda eposdyr dessanlar uly orun eýeleýändigini nygtap,alym şol dessanlaryň biriniň hemiki ýaş juwan Şasenem bilen Garybyň söýgüsine bagyşlanandygyny ýatlap, ol eser hakdaky söhbete başlaýar. Hakykatdan-da, halk arasynda meşhurlyga eýe bolup, halk hakydasynyň, halk ýadynyň kömegi, esasan-da bagşylaryň hyzmaty arkaly häzirki döwre gelip ýeten „Şasenem-Garyp” dessany türkmen ruhunyň hakyky aýdymçysydyr. Bu dessany okap, diňläp, biz hakyky türkmen ruhuna, gaýduwsyzlygyna, ruhubelentligine belet bolýarys, şeýle hem, hiç bir kynçylykdan gaýtmaýan, merdemsi, söýgä wepaly, sözünde berk durýan, öz sözüniň hakyky eýesi bolan gahrymanlara duş gelýäris. Olar hiç kimden ýüz görmeýärler, gorkmaýarlar, çekinmeýärler, diňe beýik Biribardan çekinýärler. Eseriň gahrymanlary öz söýgüsiniň erkinligi ugrunda gaýduwsyzlyk bilen göreşýärler. Öz öňlerinde maksat goýup, ruhubelentlik bilen öz bagtlaryny tapýarlar. Gaýduwsyzlygy we ruhubelentligi ýaran edinen gahrymanlar öz maksatlaryna ýetmek üçin ähli ukyplary bilen göreşýärler. Eseriň baş gahrymanlary Şasenem bilen Garyba erjellik, tutanýerlilik maksatlaryna ýetmäge goldaw berýär. Elbetde, olar köp kynçylyklara gabat gelýärler. Emma kynçylyksyz durmuş her kime ýetdirip duranok. Durmuş göreşsiz bolmaýar. Kynçylyk bilen gazanylan durmuşyň lezzeti hem üýtgeşik bolýar. Bu dessan baradaky pikirlerini alym rus okyjylaryna ýetirýär. Ol dessanyň anonimdigini, ýagny awtorynyň ýokdugyny ýörite belläp, onuň döreýşini, wakalaryny ХVII- ХVIII asyrlara aralaşdyrýar. Ol “Şasenem-Garybyň” dil aýratynlyklarynyň Magrupynyň, Mollanepesiň we başga husgawy şahyrlaryň şygyrlary bilen ýakyndygyny ýörite belläp geçýär. Şaapbasyň (1587-1628) ýyllarda patyşalyk eden taryhy şahsdygy baradaky pikiri orta atýar, dessandaky agzalýan ýer-ýurt atlarynyň Daşoguz welaýatyndadygy aýratyn nygtaýar. Şol wagtlarda Akgoýunly, Garagoýunly türkmenleriniň Azerbaýjanda höküm sürendikleri, aralykda gatnaşyk bolandygyny delillendirýär. Dogrudan-da, her bir halky eseriň esasynda hem haýsydyr bir taryhy wakalar ýatýar, eser döränden soň kem-kemden halkyň dilinde timarlanýar, halkyň hyýalkeşligi bilen çeperleşýär.bu ajaýyp eserde boýdan-başa aşyk-magşuklaryň biri-birine ýetmek üçin gören hupbatlary, horluklary, ahyrynda hem özleriniň gaýduwsyzlyklary, ruhubelentlikleri bilen biri-birine gowşuşlary aýdyň beýanyny tapýar. Bu dessanyň, hut, şu günki günde hem ýaşlary terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Dessandaky hereket edýän gahrymanlaryň keşpleri şu günki türkmen ýaşlaryna nusgalykdyr. Dessanda adamzada Alla tarapyn bagyş edilen şirin dil, asal zyban gahrymanlara kömege gelýär. Olar şirin zybanyň üsti bilen dile gelen köňül nagyşlaryny beýan edýärler. Söz olaryň ýardamçysy, aşyklar köňül dertlerini söz arkaly egisýärler. Çeperlikde, akgynlylykda, şirinlikde dessandaky setirlere, şygyr bentlerine taý geljek sözleri tapmak kyn. Goşgulardan mysallara ýüzlenmek bilen sözümizi subut etmek mümkin: Akja gelin, gamsyz başym, Gamhana boldy neýläýin? Bir söý bilen aşna ýarym, Bigana boldy neýläýin?[33s.] Şasenemiň Akja ýüzlenip aýdýan bu şygrynyň mysalynda biz dessanyň şygyrlarynyň örän çeperdigine göz ýetirýäris. Şygyrlaryň hemmesi durşy bilen aýdym, aýdyma öwrülen, ol şygyrlary ýöne okamak mümkin däl, öz-özi owazlanyp barýar. Goşgular täsirliligi bilen baryp gös-göni adamynyň aňyna täsir edýär, çeperligi bilen özüne çekýär, söz aýdyma öwrülende terbiýeçilik täsiri has güýçlenýär. Şonuň üçin-de, dessandaky goşgular durşy bilen bagşylaryň diline geçip, uzak asyrlaryň dowamynda ýaňlanyp gelipdir. Bu dessan türkmeniň ruhy baýlygynyň çürbaşy. Türkmen halky bagşy-ozanlarynyň gadryny bilen halk. Dessandaky gahrymanlaryň gaýduwsyzlygy, wepalylygy, garadangaýtmazlygy, kynçylykdan gorkmazlygy dessan bilen tanyş bolan adamlary hem ruhubelentlige atarýar.Elbetde, gysga makalanyň çäginde akademik Baýmuhammet Garryýewiň epos-dessanlary öwrenmekde bitiren işleri barada gürrüň bermek mümkin däl. Ýöne Baýmuhammet Garryýewiň ägirt uly zähmetine Beýik Garaşsyzlyk zamanasynda hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde uly baha berlendigini nygtamak weli zerurdyr.1993-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň goly bilen akademik B.A.Garryýewe Türkmen edebiýatyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin “Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi” diýlen at berilýär we 2008-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda heýkelleri goýuljak şahsyýetleriň sanawyny kesgitlemek we goýuljak heýkelleri seçip almak boýunça döwlet toparyny döretmek hakynda” çykaran 9437-nji Kararyna laýyklykda görnükli alymyň ady beýik şahsyýetleriň sanawyna goşulýar. Diýmek, ýagşylar unudylmaýar, “Iş bitirseň, il tanar” diýleni-dä. ■ Peýdalanylan edebiýat: 1. Berdimuhamedow G. Medeniýet halkyň kalbydyr. A.: TDNG. 2014. 2. Garryýew B. Sowet edebiýaty. 1943, №8 3. Garryýew B. “Şasenem-Garyp” sözbaşy(rus dilinde). A.: 1945 4. Garryýew B. Halk döredijiligi hakynda käbir bellikler (makala)Sowet edebiýaty ž. 1973 №4. 5. Şasenem-Garyp. A. “Türkmenistan” neşirýaty. 1979. Gurbanjemal YLÝASOWA, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty,TYA-nyň Milli golýazmalar instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |