23:08 Türkmen halk yrymlary -13: Otparazlyk dini bilen baglanyşykly yrymlar | |
OTPARAZLYK DINI BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ýaş çaga aglap goýar ýerde goýmasa, ot ýakyp, oduň közüniň üstüne duz sepip, pat edip patylansoň, çagany oduň üstün¬den eýläk-beýläk bökdürmeli. * * * Uly adamlar kesellänlerinde hem käbir ýerlerde otdan bökdürýärler ýa-da oduň daşyndan aýlaýarlar. * * * Oda tüýkürseň, diliňe ýara çykarmyş ýa-da köp basyrganarsyň. * * * Ösüp oturan agajy otlamak günä. * * * Eger-de şaman ody ýakyljak bolsa, onda ýedi öýden bir-birden çöp ýygnamaly. * * * Mal öldürilende damak gany dökülen ýerde (malyň damagy çalnan ýer) hökmany suratda ot ýakmaly. Çünki türkmen halky «Ot astynda bela galmaz» diýen nakyla uýýandyr. Şu maksat bilen hem ot ýakylýar. * * * Täze jaýa göçülip barlanda «Şu öýüň ojagynda mydam ot ýanyp dursun, öý bereketli bolsun, ody alawlap ýanyp dursun» diýlip, sadaka berilýär. Muňa «gazan sadaka» diýilýär. * * * Halk arasynda meret aýy agyr aý hasaplanylypdyr, şol aýda ys çykarylypdyr. Uly «Şaman oduny» ýakar ekenler. Şol oduň üstünden üç gezek eýläk-beýläk böküp, günälerini dökýän hasaplapdyrlar. * * * Adamynyň bedeniniň bir ýerinden mör-möjek çaksa, derrew şol ýere ot basylýar. * * * Täze gelin edinilende «Göz-dilden gorap saklasyn» diýlip, yrym edilip, ýüzärlik tütedilýär. Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |