19:10 Keýmir serdar baradaky gymmatly maglumatlar | |
KEÝMIR SERDAR BARADAKY GYMMATLY MAGLUMATLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baý hazynasynda işledigiňçe işlemek höwesi döreýär. Bu hazynada saklanylýan bukjalarda geçen asyrlaryň wakalary, mähriban türkmen halkymyzyň şanly-şöhratly taryhy başdan geçirmeleri, özbaşdaklyk, bitaraplyk baradaky arzuwlary hakynda gymmatly maglumatlar bar. Olarda halkymyzyň ýaşaýyş durmuşy, ýerine ýetiren däp-dessurlary, adata öwrülen ahlak ýörelgeleri, uýan yrym-ynançlary aýdyň beýanyny tapypdyr. Şeýle hem, bu bukjalarda halk arasynda belli bolan şahsyýetler baradaky maglumatlar ýerleşdirilipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň medeni mirasymyzy öwrenmekde, ile ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän zamanasynda milli mirasymyza goýulýan sarpa gitdigiçe artýar. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň folklor bölüminde işlän mirasgär Baýram Welbaýramow tarapyndan 1970-nji ýyllarda halk arasyndan toplanylan maglumatlaryň belli bir bölegi 1125-nji bukjada saklanýar. Keşde çekilen ýaly owadan hat bilen ýazylan dürli ýazgylaryň içinde türkmen halkynyň rahat ýaşamagy üçin uly alada eden, parahatlyk ugrunda göreşiji, il ogly Keýmir serdar hakyndaky maglumatlar ünsümizi özüne çekdi. Olaryň içinde Gökdepe etrabynyň şol wagtky Telman kolhozynyň düýe çopany Çary Weliýewiň Keýmir serdar barada beren maglumatlary has hem täsirli. Çary Weliýew Gökdepeden 100 km. daşlykda ýerleşen Ýekeguýy diýen ýerde düýe bakýan ekeni. Ýazgylar ýazylan wagtynda, ýagny 1968-nji ýylda obada gürrüňçi hasaplanylýan 64 ýaşly bu ýaşuly 20 ýyl düýe çopany bolup zähmet çekýän ekeni. Ine, onuň Keýmir serdar hakda beren maglumatlary: Keýmir serdar gala salyp, bir ýerde düýpli ornaşmak üçin ýanyna bir topar nökerlerini toplap, Ahala – Gökdepäniň göni gaýrasyna gum etegindäki Atmaýran düzlüginiň ileri ýakasyndaky urpagyň ýanyna gelýär. Ol ýerleriň barysy gurply adamlaryň mülküne girýän ekeni. Keýmir öz peýlän ýerine gelip düşleýär. Emma giden mülki eýeläp oturan baý ýer bermejekdigini aýdýar. Olar ekmeseler hem, ýerleri eýeläp goýan ekenler. Paýhasly Keýmir serdar ahyry ençeme wagta çeken özara gürrüňçilikden soň gala salmaga ýer alýar. Keýmir serdar şeýle akylly eken, Magtymguly ussadyň “Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde” diýen paýhasly sözlerinden ugur alar ekeni. Ol ýer alanda örän oýlanyşykly hereket edip, Atmaýran düzlüginiň kybla çetinden alýar, şol töwerekdäki akja urpagy hem eýeleýär. Akja urpagyň gaýra gyrasyndan, urpagy penalap gala salýarlar. Gala örän oýlanyşykly salnypdyr. Keýmiriň galasyny uzakdan hem, ýakyndan hem görüp bolmaýan eken. Sebäbi galanyň öňüni urpak tutan ekeni. Keýmir dagy galany salanlarynda söwütden ýasalan çanaklary laýdan dolduryp, kerpiç guýupdyrlar. Ýaşulynyň gürrüň bermegine görä, soň-soňlar hem ol ýerlerden çanakda guýlan kerpiçler çykar durar ekeni. Ol bular barada ata-babalaryndan kän eşidipdir. Akja urpagyň gündogar gaýra gyralarynda küýze döwükleri, daş bölekleri dargaşar ýatar ekeni. “Küýze bölekleri has ir döwürlerden galan bolaýmasa” diýip, ýaşuly mirasgäre gürrüň beripdir. Bulary bilmek häzirki döwürde iňňän gyzykly, çünki galalaryň taryhy – halkyň taryhy. Şol ýyllarda galanyň töwereginden ýol geçipdir. Ýazgylara görä, mirasgär baryp galany gowy synlap, anyk maglumatlary depderçesine belläpdir. Ine, ol maglumatlar: “Galanyň gapdalyndaky ýerlerde ak ekin, bugdaý meýdanlary ýaýylyp ýatan ekeni. Keýmir gala bolsa haraba bolup duranmyş. “Galanyň diňe kybla burçy hem günorta-gündogar burçy 2-2,5 metr ýerden galyp otyr. Galanyň başga ýerleri 1-1,5 metr ýokary galyp, dörtburç halka bolup otyr. Keýmir galanyň gündogar diwarynyň uzynlygy 102 metr töweregi, günorta diwarynyň uzynlygy 100 metr, günbatar diwarynyň uzynlygy bolsa 97 metr töweregi. Demirgazyk diwary bolsa 80 metr töweregi. Diwaryň ähli ýeriniň ini 2 metr, kä ýerleri bolsa 3 metr, hatda 4 metre ýetýän ýerleri hem bar”. [1125 b.]. Elbetde, bular ýarym asyr mundan öň ýazylan maglumatlar. Mirasgär galany ähli ýerlerini synlap, ýene-de şeýle maglumatlary ýazypdyr. “Galanyň dört töwereginiň diwarlarynyň iç tarapyna ýag dökülen ýaly ýagjymak. Galanyň 4-5 m. günbatar tarapynda ownuk beýiklikler bar. Olaryň käbirlerine edil ýag dökülen ýaly, ähtimal, olar jaý ýerleri bolandyr. Galanyň 25 metr demirgazygynda takyr ýer bolmasa-da, kak gazylypdyr. Ol ýere biz baranymyzda, 4-8 bedre ýaly suw üýşüpdir! Ol wagtlar aprel aýlarydy. Akja urpak bilen galanyň arasy 100 metr çemesi, ýöne arasy çöketlik. Elbetde, bu täsin gala geçmişiň gymmatly ýadygärligi”. Mirasgär soňra Keýmir galanyň Erez gala adynyň hem bardygy hakda ýatlaýar. 80 ýaşly ýaşuly Annanepes agadan bu barada soranlygyny ýazýar. “Annanepes aga Keýmir gala Erez gala hem diýilýändigini gaýta-gaýta nygtady. Ol şeýle düşündirdi: ....beýik ýere, ýörite beýgeldilen ýere, beýik diňlere, beýik sekilere çykyp, töwerek-daşlaryna sereder ekenler. Gökdepäniň ilersinde gädik-gädik bolup, düýäň örküjini ýatladyp, şahalanyp duran dag ýaly beýiklige Erek, Erekdag diýlip aýdylar ekeni. Şeýlelikde, beýik ýerde erezläp oturan Keýmir gala, Erezgala ady galypdyr. Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, Keýmir gala Erezgala hem diýler ekeni. Şol ýyllarda Erezgala diýen at bilen çakyr hem taýýarlanylypdyr. Çüýşäniň ýüzünde Erek dagyň suraty bardyr.” Keýmir serdaryň asly-gelip çykyşy, nebereleri hakdaky maglumatlar hem gyzyklylygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Düýe çopany Çary aga Keýmir serdar hakda şeýle gürrüň beripdir: “Çary aga Keýmiriň teke türkmenleriniň gyzyllar diýen tiresinden bolandygyny aýtdy. Ol häzir hem gyzyllaryň Aşgabat etrabynyň Akdaşaýak obasynyň üçden birini tutup oturandygyny gürrüň berdi. Akdaşaýakly ýaşulular “Keýmir serdar biziň aslymyz”, “babamyz” diýýändirler. Onuň asly, hakykatdan hem, akdaşaýakly, galany bolsa gelip Gökdepäniň gaýrasyndan salypdyr. Ömrüniň köp bölegini salan galasynda ýaşap geçirenligi hakda gürrüň berdiler” diýip, mirasgär Baýram Welbaýramow ýazgylaryny dowam etdirýär. Keýmire kör lakamynyň galmagy hakda hem golýazmalarda iki dürli pikir gabat gelýär. Şu bukjada gabat gelen ýazgy öňki maglumatlardan üýtgeşik. Ine, ol maglumat: “Bir gezek Keýmiriň ýaş wagtlary olaryň obasyna ýagy çozupdyr. Keýmir ýaş hem bolsa ýaga garşy söweşe goşulypdyr. Şonda duşmanyň naýzasy Keýmiriň çep gözüne çümüpdir. Olar şonda duşmany ýeňip, kowup çykarypdyrlar. Şol uruşda Keýmir kör bolýar.” Ozaldan bar bolan maglumatda bolsa (865, 731 bukjalar) Keýmir kiçi çaga wagtynda pyçak aljak bolup aglapdyr, ejesi “Beriň, şoňa pyçagy!” diýenmiş. Ol pyçak oýnap, gözüne çümdürenmiş. Elbetde, bu halk-da, dürli nusgalary dörediberýär. Ýöne, biziň pikirimizçe, 1125-nji bukjadaky maglumat has hakykata ýakyn, elbetde, obaň üstüne ýagy çozsa, ýetginjek ýigitler hem çetde galmasa gerek. 1651-nji bukjada “Türkmen taryhy boýunça oçerkler” ýerleşdirilipdir. Maglumatlar rus dilinde. Şeýle owadan hat bilen ýazylan bukjada taryhçylar üçin gymmatly maglumatlar ýeterlik. Dil we edebiýat instituty, 1937. Terjimesi H. Musrat diýlen ýazgy bar. Maglumatlar bilen tanşyp, şol ýyllarda rus dilinden şeýle sowatly adamlaryň bolandygyna haýran galýarsyň, ýazgylary ýazan bu taryhy maglumatlary 1935-nji ýylda ylmy-barlag institutynyň direktory Karpowyň maglumatlaryndan alandygyny ýatlaýar. Bukjada Keýmiriň öz obasynyň aksakgallary bilen hanlaryň ýanyna ýer dilemäge gitmegi maslahatlaşyşlary hakynda gürrüň berýän gymmatly maglumat hem bar. Şu ýerde esasy bellemeli zat Keýmiriň aýdan sözleri. Mirasgär bu maglumatlaryň Garry gökjeli Baýram Çakga oglundan hem köşüli Hally bagşydan (1937) eşidilendikleri barada maglumat berijileriň aýdandygyny nygtaýar. Keýmir serdar hanlaryň ýanyna ýer soramaga gidenlerinde, olar obany bölüp, her oba 5-10 öýlüden ýerleşdirip boljakdygyny aýdýarlar. Şonda giden ýaşulularyň arasynda bile giden Annaseýidiň ýaşlyk edip, gaharlanyşangygy sebäpli, olar yzlaryna gaýtmaly bolýarlar. Gelensoňlar, Keýmir ýokka ýene-de üýşüşýärler, öýkelerini ula ýazdyryp barýarlar. Paýhasly Keýmir serdar gelip, bu wakany eşidip, ýaşuly kethudalary öýüne çagyrýar. Maslahatda Keýmir parahatlyk, asudalyk ýoluny hödürleýär. Onuň tutýan ýoly asudalyk, parahatlyk, agzybirlik ýoly. Ol özüniň ugurtapyjylyk bilen gürleşjek bolandygyny, emma Annaseýidiň gyzmalyk edendigini, ýaşlyk edip maslahaty bozandygyny ýatlaýar. Keýmir örän adalatly serdardy. Ol “Bolmanda-da her kim öz ulanyp oturan ýerinden bölüp bermegi kyn görer ahyry. Olar bizi gadyrly garşyladylar, dileg bilen baran adam birneme geçirimli bolmaly ahyry” diýýär. Indi ökünjiň giçdigini aýdyp, indi diňe geljegimiz hakda pikir etmeli” diýen paýhasly pikiri orta atýar. Adan serdar hem “Seňki dogry, aga!” diýýär. Keýmir dowam edip “Häzir örän agzybir hereket etmeli. Siziň ýaşaýan ýerleriňizi hiç kim bilmesin. Her kim öz kellesi bilen işlese, bir agza bakmasa, örän kyn bolar” diýýär. Keýmir serdar bu maslahatda ylalaşykly ýaşamak üçin berjaý etmeli şertleri hem ýatladýar: “Çöldäki çopanlaryň, ýola ugran kerwenleriň, göçmek üçin ýer gözläp çykan adamlaryň örän sak bolmalydygyny aýdýar. Öňlerinden çykan ýat adamlara ýakynda oba bardygyny aýtmaly däl, ýol görkezmeli däl, kim bilipdir olaryň nähili adamlardygyny kerwen suw almaga ugranda, suw alandan soňra guýulary tagta, agaç bölekleri bilen basyryp, soňra dyza gelýänçä gömmeli, üstünden mal geçirmeli, suw bardygyny, töwerekde oba bardygyny bildirmeli däl. Göçülen ýerlerde yzçy goýup, yzyny barlaşdyrmaly. Gömlen guýuly ýerlere her öýden aýran ýygnap, aýran döküşdirmeli, göçüp gidilendigini hiç kime aýtmaly däl. Ine, meniň hödürläp biljek pikirim. Diňleýjilerden Hany Garaja sorag berýär: – Keýmir aga, gowy pikirler aýtdyň weli, ýöne şulardan bize näme peýda geljek. Keýmir: – Duşman kerweniň gelen ýoluny yzarlap, oba çozmagy mümkin, häzir bolmaly-da, dökülen aýran köp wagtlap ýere siňmeýär, olar “Ýakynda oba bar ekeni” diýip, gözläp başlarlar, bar suwlary gutarar, olar ýere dökülen aýrany ýalamaga mejbur bolarlar, haldan düşüp, obany tapyp bilmezler. Özüňiz üçin bolsa bu mekirlik örän gowy bolar. Yzyňyza dolanyp gelmekçi bolsaňyz, aýranyň dökülen ýerleri boýunça öňki ýerleriňizi taparsyňyz, aýran dökülen ýerler agarar durar. Siz şol alamatlara seredip, öz köne guýuňyzy taparsyňyz. Dökülen aýranyň peýdasy şondadyr, eger-de agzybirlik bilen ýaşamasaňyz, heriňiz bir ýere düşersiňiz.” Dogrudan-da, şygryýet äleminiň taýsyz ussady Pyragynyň aýdyşy ýaly, “Agyr döwletler aýrylar, bir agza bakmaýan ärden”. Ine, Keýmir il aladasy bilen ýaşan şeýle serdardy. Keýmir akyl-paýhas bilen iş görmegi başaran, sözleri, söz oýnatmalaryny ýerlikjli ulanyp, gerek ýerinde söz bilen üstün çykyp bilen serdardy. Elbetde, ol ýyllarda halkyň başly-barat, göçüp-gonup ýaşan ýyllarynda Keýmir serdar ýaly akylly-paýhasly, halka ýol görkezip bilýän, ugurtapyjy, garadangaýtmaz adamlar zerurdy. Keýmir serdar şeýle adamdy, her bir kynçylykly pursatlardan baş çykaryp bilýärdi. Bir gün Keýmiriň öýüne 1-2 sany han myhmançylyga gelipdir. Olar “Näçe goşunyň bar, görkez!” diýipdirler. Keýmir ýigitlerini tozana garyşdyryp, tozan turuzyp, atlylaryny yzly-yzyna geçirip başlapdyr. Ýigitlerine eşiklerini çalşyryp, yzly-yzyna geçip durmaklygy buýrupdyr. Şeýdip goşunyny örän köp ýaly görkezipdir. Bu hem Keýmiriň ýerlikli ulanan hillerinden biri. Keýmiriň ýene-de bir ýerlikli hillerinden biri “Kyrk müň öýli türkmen” atly rowaýatda şeýle ýüze çykarylýar. Nedir şa Keýmire ýüzlenip: – Näçe öýliň bar bolsa, hasabyny alyp gel! – diýenmiş. Keýmir tapan gurtlaryny ýygnap, düýä ýükläp, şanyň ýanyna gidipdir. Şa: – Keýmir, bularyň näme?! – diýip soraýar. Keýmir: – Aý, şahym, sanabam durmadym, her öýden bir gurt alyp gaýdyberdim – diýipdir. Gurtlary sanap görseler, 40000 ekeni. Şondan hem “Kyrk müň öýli türkmen” diýen söz düzümi galypdyr. (731 b. Bäşim Annamyradow, 1915 ý.d., Tejen etrabynyň Amaşagapan obasy). Bir gün Keýmir kör Büjnürde baranda hanyň gyzy Gülsüm: – Size gepe ökde diýýärler. Bir sany sowalym bar! – diýipdir. Keýmir kör: – Bolar, hany sowallaryňy eşideli! Gyz:. – Keçe, keçe, keçedir, keçe ýoldan geçedir, asmandaky ýyldyzlaryň bilgin sany niçedir?! Keýmir: Ok gadyryn atan biler, Ýaý gadyryn çeken biler, Asmandaky ýyldyz sanyn, Siz deý, arkan ýatan biler. Gyz: Ençe zat ent eýledi, Bir niçe pent eýledi, Ýigrimi dört sany ýyly Dört aýa bent eýledi. Keýmir: Älemi zatda gördüm, Zady zulmatda gördüm, Seniň soran sözleriň Ýaňyja bir atda gördüm. Gyz: – Berekella, kör teke! (24 sany ýyly bir aýa bent eýlemek, 24 sany myh bilen atyň dört nalyny kakmak (312-nji b., 70 ýaşly Baýmyrat Welmyrat oglundan 1935-nji ýylda ýazylyp alnan”. Şu soňky rowaýaty professor Mäti Kösäýew 5750 e bukjada Keýmir serdar baradaky rowaýatlary, şorta sözleri toplanda şolaryň arasynda ýerleşdiripdir. Elbetde, gaýtadan toplanylyp, halka ýetirilse, Keýmir serdar hakdaky rowaýatlardyr, şorta sözler golýazmalar institutynyň baý hazynasynda köp gabat gelýär. Bular halk hakydasy arkaly şu günlere gelip ýeten taryhy wakalaryň çeper ýazgysy. Bu ýazgylar “Folklor” atlandyrylýan, hakyda ýazgylaryny bir ýere jemlän Beýik kitabyň dürdäne setirleri. Ol setirler örän kän, aňyrsy-bärsi görünmeýän ummany ýatladýar. Şular ýaly halkyň asudalygy, parahatlygy ugrunda göreş alyp baran taryhy şahsyýetler hakdaky maglumatlaryň hem öwrenilmegi gerek. Gurbanjemal YLÝASOWA, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |