07:37 Guýmagursak alym | |
Akademik B.A.Garryýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna
Edebi makalalar
GUÝMAGURSAK ALYM TSSR YA-nyň hakyky çleni, filologiýa ylymlarynyň doktory, TSSR-iň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, professor B.A.Garryýew hakynda oýlananyňda guýmagursak, dogabitdi zehin diýen köne türkmen sözüni ýatlanyňy duýman galýarsyň. Çünki ylmyň ähli ugurlaryndan baş çykarýan, giň gözetimli, tutuş bir ensiklopediýa ýaly alymyň hakyky «hakdan içen» diýilýänlerdendigini aňlatmaga söz ýetenok. Alym hem hil-hil bolýar. Bir topar alym diňe öz ugrundan işlemegi halaýar, başga ugurlar bilen işi ýokdur. Bir topar alym welin, ylmyň ähli ugurlaryndan öz bilýänlerini halka ýetirmäge howlugýandyr. Beýle alymlaryň «beýle zatdan meniň başym çykmaz» diýen ýerini eşitmek mümkin däl. B.A.Garryýew hem ikinji topar alymlardandy. Oňa bir sowal bilen ýüzlenip, eger ol haýsy ugurdan bolsa-da, sowalyň jogapsyz galan ýeri bolmazdy. Ol her bir ugurdan baş çykarmaga çalşardy, jan edip işlärdi, özünden soň nähilidir bir yz galdyrmaga çalşardy. Ol özüniň tutan belent maksadyna ýetdem. Ol ylymlar dünýäsinde öçmejek yz galdyrdy. Ol türkmen halkynyň genji-hazynasy, ýatdan aýdylýan halk döredijiligi hem-de klassyky edebiýatyň nusgalary bilen ilkinji gezek tanyşdyrmagy başaran az sanly alymlaryň hatarynda durýar. Türkmen okyjylary Azadynyň, Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Zynharynyň, Kätibiniň, Aşykynyň, Şabendäniň, Magrupynyň, Talybynyň, Misgingylyjyň, Keminäniň, Mätäjiniň, Mollanepesiň, Balgyzylyň we beýlekileriň eserleri bilen ilkinji tanyşdyranlygy, olary halka ýetirenligi üçin görnükli alymy uly hormat duýgusy bilen ýatlaýarlar. Çünki bu zehinli alym, zähmetden gorkmaýan ajaýyp adam özüniň ähli bilýänlerini öz halkyna eçilipdi. Bir topar türkmen dessanynyň, ýagny «Asly-Kerem», «Hüýrlukga-Hemra», «Gül-Bilbil», «Seýpelmelek-Medhaljemal», «Melike-Dilaram», «Ýusup-Ahmet», «Nejeboglan», «Raý-Çyni», «Jeňnama» ýaly köp sanly dessanyň, nakyllaryň, matallaryň, monjugatdylaryň, hüwdüleriň iň ilkinji wariantlarynyň türkmen okyjylaryna gowuşmagynda merhum professor, uly mugallym B.A.Garryýewiň çäksiz hyzmaty bolupdy. Ol ähli gujuryny, ukybyny, ukusyz geçiren gijelerini, umuman alanyňda bütin ömrüni öz halkyny geçmiş medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga, ony dünýä arenasyna çykarmaga sarp edipdi. Onuň şahyrlar hakda ýazan çeper makalalary türkmen okyjylaryna türkmen edebiýatynyň taryhy bilen tanyşmaga doly mümkinçilik berýär. B.Garryýew güýçli alymlar A.N.Samoýlowiçiň we A.P.Poseluýewskiniň ýoly bilen gidip, A.M.Gorkiniň «Söz sungatynyň başlangyjy folklordadyr» diýen sözlerinden ugur alyp, şolary toplap, halka ýetiren eserlerini ylmy taýdan analizlemäge, içgin öwrenmäge, degerli ylmy netijeler çykarmaga ömrüni bagş etdi. Baýmuhammet Garryýew oba mekdebini, soňra bolsa 1929-njy ýylda rus mekdebini gutarandan soň özüniň zähmet ýoluna terjimeçilikden başlaýar. Şol bir wagtyň özünde dürli ýerlerde türkmen dili boýunça sapak berýär. Onuň döredijiliginiň, biografiýasynyň iň bir täsin ýeri, onuň bir wagtyň özünde bir topar işe ýetişip bilenligidir. Ol 1938-nji ýylda Aşgabat pedagogiki institutynyň dil we edebiýat fakultetini tamamlaýar. 1938-1940-njy ýyllarda SSSR YA-nyň Turkmenistan filialynyň Taryh, dil we edebiýat institutynda kiçi ylmy işgär bolup işleýär. Şol bir wagtyň özünde 1939-njy ýylda Aşgabat pedagogiki institutynyň taryh fakultetini hem gutarýar. Şol institutyň aspiranty wagtynda (1939-1942 ý.) geografiýa fakultetini hem gutarýar. B.Garryýew 1942-nji ýylda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol bu işleriniň daşyndan 1945-nji ýylda Türkmen döwlet medisina institutyny hem gutarýar. Şol ýyldan 1951-nji ýyla çenli TSSR YA-nyň taryh, dil we edebiýat institutynyň direktory wezipesini ýerine ýetirýär hem-de «Magtymguly we onuň çeper dili» diýen doktorlyk dissertasiýasynyň üstünde işleýär. 1948-nji ýylda doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Şol ýyllarda alymyň alyp barýan uly işleri döwlet we partiýa tarapyndan ykrar edilýär. Ol 1949-njy ýylda Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni, medallar bilen sylaglanýar. 1949-njy ýylda partiýa hataryna kabul edilýär. 1951-nji ýylda TSSR YA-nyň habarçy-çlenligine saýlanylýar. Uly alym B.Garryýew beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmäge 60-dan gowrak ylmy makalany, birnäçe ylmy kitaby, doktorlyk dissertasiýasyny bagyşlady. Emma bu-da oňa az görünýärdi. Ol ömrüniň ahyryna çenli Magtymgulyny öwrenmegini, onuň döredižiligini propagandirlemegini goýmady. Magtymgula «Söz meýdanynyň oragyny öpüp giden» diýlişi ýaly, Baýmuhammet Garryýewiň hem edebiýat ylmynda öwrenmedik ugry ýok diýen ýaly, ol aýratyn hem Magtymgulynyň döredijiliginiň öwrenilmegine ähli ukybyny sarp etdi. Görnükli alym ellinji ýyllarda TSSR YA-nyň Taryh, dil we edebiýaty institutynyň direktory bolup işlän wagtlarynda köp gowy işler ýola goýuldy, kadrlar ýetişdirmäge üns berlip başlandy. Elbetde, şol ýyllarda sähel kemçilik tapylsa, işi bulaşdyrjak, çoçgara çolaşdyrjak bolup duran adamlar ýok däldi. Şol wagtlar merhum professor Mäti Kösäýew türkmen halkynyň gahrymançylykly eposy bolan «Gorkut atany» çapa taýýarlap, türkmen okyjysyna hödürlemekçi bolýardy. B.A.Garryýew hem ony redaktirleýärdi, okuw kitaplarynda bu eserden bölekler çap edilipdi. Emma 1951-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda TKP MK-nyň şol wagtky sekretarynyň «Türkmen halkyna ýat bolan» «Gorkut ata eposy» atly makalasynyň «Turkmenskaýa iskra» gazetinde çap edilmegi edebiýaty öwrenmekde uly işler alyp baran Mäti Kösäýewiň hem-de B.A.Garryýewiň işlerini sanly salymda püçege çykarypdy. Olara pantürkist, buržuaz milletçisi diýen ýarlyk ýelmendi. Bu töhmeti ýatlanda, merhum alymyň ýüzi soň-soňlar hem çytylýardy, gözleri gahar-gazap bilen uçganaklaýardy. Hut şol töhmet zerarly tutulmazyndan 1,5-2 ýyl ozal onuň partiýa bileti hem alnypdy. 1952-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan 23-nji oktýabryna geçilen gijede B. Garryýew tutulyp äkidilýär. Hem-de onuň işi Harby tribunala tabşyrylýar. 1953-nji ýylyň 11-13-nji martynda ýapyk sudda onuň işine garalýar hem-de halka garşy bolan reaksion eseri propagandirleýji hökmünde aýyplanyp, 25 ýyllap zähmet düzediş-işlerinde işlemäge höküm edilýär. Şeýlelikde, ol 1956-njy ýyla çenli reabilitirlenýänçä, Irkutsk oblastynda, soňra Mordwa ASSR-nde öz tussaglyk möwritini geçirýär. Şol ýyllarda ülkäniň alymlary tarapyndan B.Garryýewiň döredijiligi hem-de «Gorkut ata» eposy dolulygyna öwrenildi we onuň günäsizligi subut edildi. Şondan soň ol boşadyldy. Partiýa bileti hem-de sylaglary gaýtarylyp berildi. Ol 1956-njy ýylyň ýazyndan Moskwada ýaşap başlady, onuň dogduk mekanyna aýagyny ätmäge bogny ysmaýardy. Ol çagalaryny hem getirip Moskwada wraç bolup işläp başlaýar. Soňpa bolsa SSSR YA-nyň A.M.Gorkiý adyndaky Dünýä edebiýaty institutynda starşiý ylmy işgär bolup işe geçýär. Moskwada işlän ýyllarynda B.Garryýew gündogar edebiýatynyň, folklorynyň altyn hazynasyny dolulykda öwrenmäge, dürli türki halklaryň döredijiligini deňeşdirip öwrenmäge girişdi. Türki dillerde ýazylan ýadygärlikleriň özara baglanyşygyny öwrenip başlaýar. Şol ýyllaryň öndürijilikli, tutanerli zähmeti netijesinde ol köp sanly makalalar hem-de «Türki halklarda Görogly hakyndaky epiki rowaýatlar» diýen tutumly ylmy işini ýazyp gutarýar. «Göroglynyň» ylmy tekstiniň Garryýewiň terjimesi bilen «SSSR halklarynyň eposy» seriýasynda rus diline geçirilmegi alymyň agramly zähmetiniň diňe bir bölejigidir. Ol ildeşleriniň çagyryp durmagy bilen 1964-nji ýylda Turkmenistana gaýdyp geldi hem-de TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyna ýolbaşçylyk etdi. 1965-nji ýylda ony TSSR YA-nyň hakyky çlenligine saýladylar. Ol şu ýyllarda görnükli alymlar W.A.Gordlewskiý, W.M.Jirmunskiý, A.N.Kononow, şeýle hem daşary ýurtly alymlar, türkologlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklap durdy. Alym ýaş ylmy kadrlary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berdi. Ol 1968-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş nesle türkmen halk döredijiliginden sapak beripdi. Ol ylmy ýolbaşçy opponent, konsultant hökmünde 120-den hem gowrak alymy ylmy ugra gönükdiren adamdy. Ylmy işleriň, makalalaryň, çapa taýýarlanylan tekstleriň 200-den gowragynyň awtorydyr. Ol mekdepler, wuzlar üçin gollanmalaryň, hrestomatiýalaryň, programmalaryň, okuw kitaplarynyň hem ençemesini taýýarlapdy. Sözümiziň soňunda türkmen halky üçin uly işleri bitiren alymyň adynyň ebedileşdirilmegini arzuw edýäris. Gurbanjemal YLÝASOWA, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. "Sowet Türkmenistany" gazeti, 21.12.1989. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |