08:22 Akademik Baýmuhammet Garryýew - görnükli magtymgulyşynas | |
AKADEMIK BAÝMUHAMMET GARRYÝEW GÖRNÜKLI MAGTYMGULYŞYNAS
Edebi makalalar
Özüniň altmyş ýedi ýaşynyň tutuş elli iki ýylyny türkmen ylmyny ösdürmeklige, dünýä ýaýmaklyga bagyşlan akademik Baýmuhammet Garryýewiň ylmy döredijiligi bilen tanşylanda, onuň iň ilkinji Magtymgulyny öwrenjileriň biridigine göz ýetirmek bolýar. Ol özüniň ilkinji ylmy işleriniň köpüsini Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmeklige bagyşlady. Onda- da nä öwrenmek, alym onuň umman kimin döredijiligini düýpli öwrenip, ençeme makalalaryny, aýratyn kitaplary dana şahyra bagyşlady. Söz sungatynyň taýsyz ussady Magtymguly Pyragynyň durşy bilen paýhasa öwrülen setirleri, baryp-ha, geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynda ýaş alymy jadylapdy. Muňa alymyň Magtymgula bagyşlap ýazan altmyş töweregi makalasy hem-de ylmy monografiýalary şaýatlyk edýär. Alym soň-soňlaram Magtymgulydan daşlaşmady. 1942-nji ýylda Moskwada M.B.Lomonosow adyndaky uniwersitetde Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Şol pajygaly 1941-nji ýyllardan başlap, Magtymgulyny öwrenmek alymyň baş temasy boldy. Onuň Magtymguly akyldara bagyşlap ýazan ilkinji makalalarynyň biri “Magtymguly hakynda täze materiýallar” atlandyrylypdy. Şondan soňra makalalaryň “höwri” gitdigiçe köpelmek bilen boldy. Dana Magtymgulynyň döredijiligi hak eýesine gowşupdy. Şygryýet äleminiň ägirdi Pyragynyň umman kimin hazyna bolan baý döredijiligi barada ýazylan makalalaryň diňe sanawuny sanap geçmek üçin hem ençeme sahypalar gerek. Olaryň käbirlerini ýatlalyň, temalar hem dürli-dürli: “Magtymgulynyň täze eserleri we halk rowaýatlary”, “Magtymguly hakynda halk rowaýatlary”, “Beýik halk şahyry Magtymguly Pyragy”, ”Magtymgulynyň syýahatlary”, ”Magtymguly magaryfçy hökmünde”, “Magtymguly we onuň watançylygy”, “Magtymgulynyň dili hakynda”, “Magtymguly watançylyk hakynda”. Bularyň sanyny näçe artdyrsaň artdyrybermeli. Ýaş alym Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek maksady bilen gijelerini gündize goşup işläp, täze-täze makalalar tapgyryny ýazyp, soňra has düýpli ylmy işlere girişdi. Akademik B.A.Gordlewskiniň, Ý. E.Bertelsiň gönüden-göni ýolbaşçylyk edip, degerli maslahat bermekleri bilen has tutumly işlere başlady. Ozal “Magtymguly we onuň watançylygy” atly monografiýany taýýarlan alym 1947- nji ýylda “Magtymguly XVIII asyr türkmen edebiýatynyň korifeýi “ atly monografiýany taýýarlaýar. Yzysüre 1948-nji ýylda bolsa “Magtymguly we onuň çeper dili” atly iki tomluk işini tamamlap, şu temasy boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Bary-ýogy 6-7 ýylyň içinde aryf şahyr Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmeklikde şeýle uly işleri ýerine ýetirmek juda zähmetsöýer bolup, gijeleriň ýaryny gündize goşaýmasaň başartjak zat däl. Baýmuhammet Garryýewiň tutanýerli zähmetine uly baha beren N.K.Dmitriýew, A,P.Poseluýewskiý, B.A.Gordlewskiý Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde alymyň bu işiniň uly ahmiýete eýedigini, dünýä edebiýatyna-da uly goşant bolup biljekdigini bellediler. Baýmuhammet Garryýew Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmeklige ähli ünsini gönükdirdi, tä ömrüniň ahyryna çenli bu tema onuň zähmetiniň esasy bölegini eýeledi. “Magtymguly Pyragy”,”Magtymguly we bagşylar”, “Magtymgulynyň dile bolan garaýşy”, “Magtymguly, döwri, terjimehely”, “Magtymguly we Nowaýy”, “Magtymguly we epos-dessanlar”, “Magtymguly Watan hakynda”,”Magtymguly metbugatda”,”Maggtymgulynyň dana sözleri”, “Magtymgulynyň Germaniýada çap edilen diwany”,”Magtymgulynyň Londonda saklanýan diwany hakynda” we başgalar. Sanasaň sogaby bar. Alymyň Magtymguly baradaky tutumly işlerinde şahyryň ömür ýoly, paýhas siňen döredijilik dünýäsi giňişleýin açylyp görkezilýär, onuň ýaşan döwri, “Jemşdiň jamyna” deňelen ( Ýe.E.Bertels.) şygyrlar älemi aýdyňlygy bilen okyjylaryň göz öňünde janlanýar. Baýmuhammet Garryýew işlerinde Magtymguly Pyragy barada iş eden alymlaryň işlerine hem dogry baha berýär. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň halk döredijiligi bilen baglanşygy hakda jaýdar pikirler aýdýar. Magtymgulynyň döredijiligi bilen jadylanan alym tä aramyzdan gidýänçä, şahyryň döredijiliginden daşlaşmady. Ylmyň beýleki ugurlaryndan hem iş alyp barsa-da, akyldaryň paýhasa eýlenen şygyrlaryny diňe türkmen halkyna däl-de, eýsem, dünýä halklaryna-da ýetirmek islegi bilen joşýardy. Alym şu maksat bilen hem gözleglerini dowam etdirdi. Rus dilini suwara bilýän, 15 ýaşyndan terjimeçilik bilen meşgullanan alym Magtymgulynyň şygyrlarynyň terjimelerini bir ýere toplap, kitaplar çykartdy. Ilki bilen Türkmenistanly rus milletiniň wekilleri üçin 1974- nji ýylda, soňra rus okyjylarynyň hem Magtymgulynyň döredijiligine teşneligi göz öňünde tutulyp, ýygyndy 1979-njy ýylda ikinji gezek hem gaýtadan neşir edildi. Alym mundan soň Magtymgulyny dünýä tanatmak islegi bilen Magtymgulynyň şygyrlarynyň rusça terjimesiniň ( terjimeçiler A.Tarkowskiý, M.Tarlowskiý, Ýu.Gordiýenko, Ýu.Neýtman we b) üstüni has köpeltdi, sözbaşy bilen üpjün etdi. Mahlasy, rus okyjylary üçin ajaýyp kitaby neşire taýýarlady. Ýone ol kitap halypa alym aradan çykandan soňra, 1983-nji ýylda Moskwada çap edildi. Biz Magtymguly Pyragy barada dürli ýurtlarda çykan ýygyndylardaky ýazgylar, onuň goşgularynyň çykan ýerleri hakyndaky maglumatlar üçin Baýmuhammet Garryýewe minnetdar bolmalydyrys. Bu zähmetsöýer alym dürli ýurtlaryň arhiwlerinde işläp, Magtymguly Pyragyny dünýä ilkinji gezek tanadan syýahatçylar, alymlar hakyndaky maglumatlary, olaryň eden işleri baradaky ýazgylary ilkinjileriň biri bolup türkmen okyjylaryna ýetirdi. Akademik Baýmuhammet Garryýewiň Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde bitiren hyzmatlary çäksizdir. Hatda alymyň özi hem Magtymgulynyň goşgularynyň ençemesini rus diline geçiripdir. Şahyryň “Ýagmyr ýagdyr, soltanym!” goşgusynyň terjimesini “Дождя, дождя, мой султан!” diýip, şeýle çeper atlandyrmagy onuň ussat terjimeçiliginden habar berýär. Beýle yhlas siňdirilip terjime edilen şygyrlar alymyň tutanýerli zähmetiniň diňe bir ülüşidir. Biz şu günki günde B.Garryýewiñ Magtymgulynyň şygyrlaryny çapa taýýarlap, neşir etdiren ýygyndylarynyň sözbaşylarynda gymmatly maglumatlary tapyp bileris. 1842-nji ýylda ilkinji gezek ruslaryň gullugynda işläp ýören polýak alymy Aleksandr Hodzko -Boreýkonyň Londanda neşir etdiren Magtymgulynyň terjimehaly hem-de üç goşgusy hakda-da, 1862-nji ýylda I.I.Bereziniň Kazanda neşir etdiren şygyrlary barada-da, 1911-nji ýylda N.P.Ostroumow, 1872-nji ýylda F.Bakulin tarapyndan çap edilen goşgulary dogrusynda-da akademik Baýmuhammet Garryýewiň uly zähmet siňdirip ýazan ýazgylaryndan bilýäris. Ol bu zatlary bir ýere toplamak üçin ýadawsyz zähmet çekdi. Akademik B. Garryýewiň şägirdi alym Öwlüýäguly Ylýasowyň ýatlamasynda ýaşuly alymyň Sankt-Petrburgdaky arhiwde nirede nähili ýazgylaryň saklanýandygyny ýüzugra telefon üsti bilen aýdanda, arhiwiň işgärleriniň bu alymyň şeýle ýatkeşligine geň galandyklary barada ýatlanylýar. Ýadamagy-ýaltanmagy bilmän gije-gündiz zähmet çekip, aryf şahyr Magtymguly Pyragyny halkyna hem dünýä ýüzüne tanadan B.Garryýewiň şu üstümizdäki ýylda, Beýik Pyragynyň 290 ýyllygy bellenilýän ýylda 100 ýaşy dolmalydy. Ýagşylar hiç wagt unudylýan däldir. Beýik Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda (1993) alym Magtymguly adyndaky baýragyň eýesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda “Türkmenistanyň paýtagynda we welaýatlarynda heýkelleri goýuljak şahsyýetleriň sanawyny kesgitlemek we goýuljak heýkelleri seçip almak boýunça döwlet toparyny döretmek hakynda” kabul eden Kararyna laýyklykda heýkelleri goýuljak beýik şahsyýetleriň sanawynda akademik B.A.Garryýewiň hem ady bar. Bu bolsa ýagşylaryň unudylmaýandygynyň anyk şaýadydyr. Gurbanjemal YLÝASOWA, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, TYA-nyň Milli golýazmalar instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |