TÜRKMEN TERJIMEÇILIK MEKDEBI: ILKINJILER HAKYNDA
Ilkinji zähmet ýoluna terjimeçilikden, şol bir wagtyň özünde hem mugallymçylykdan başlap, tanymal alym bolup ýetişen Baýmuhammet Garryýew 1914- nji ýylda Ahal welaýatynyň Aşgabat (häzirki Ruhabat) etrabynyň Gökje obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Onuň kakasy Ataly aga aýaly Hüýrjemal bilen öz ýaşaýan jaýlarynda obadaky ilkinji mekdebi açyp, çagalary okadypdyr. Atalynyň mekdebinde okap başlanlaryň biri hem onuň öz ogly Baýmuhammetdi. Baýmuhammet oba mekdebini tamamlandan soň, kakasy ony şäherdäki rus mekdebine ýerleşdirýär, rus milletinden bolan dostlarynyň öýünde ýaşadýar. Bu bolsa geljekki uly alymyň rus dilini suwara öwrenmegine sebäp bolýar.
Baýmuhammet Garryýew 15 ýaşynda eýýäm terjimeçilik we mugallymçylyk işine başlaýar. Yaş ýigdekçe dili ökde bilýänligi bilen derrew göze ilýär. Oňa ýygy- ýygydan terjime işlerini tabşyrýarlar. Bu bolsa onuň terjimeçilik işine gitdigiçe ezberleşmegine getirýär.
B.Garryýew daşary ýurtly okyjylary türkmen halkynyň milli ruhy baýlyklary bilen tanyşdyrmakda, şeýle hem dürli dillerdäki eserleri türkmen okyjylaryna ýetirmekde uly işler bitirdi. Ol N.W.Gogolyň «Soroçin ýarmarkasy» eserini, «Çio-Çio-san» operasynyň librettosyny ussatlyk bilen türkmen diline terjime etdi. Türkmen halkynyň gymmatly ruhy baýlygy bilen dünýä halklaryny tanyşdyrmak hem alymyň alyp baran esasy işleriniň biridir. 1941-1944-nji ýyllarda ol halk şahyry Durdy Gylyjyň, Ata Salyhyň, G. Seýitliýewiň we nusgawy şahyrymyz Keminäniň goşgularyny rus diline terjime etdi. Magtymguly ussadyň şygyrlary bilen jadylanan alym 1975-nji ýylda Magtymgulynyň ýygyndysyny hem rus diline terjime etdi. Soňra bu ýygyndynyň dolulygyna fransuz dilinde-de neşir edilmegi onuň şowly çykandygyna güwä geçýär. Alym ýogalandan soň, 1983-nji ýylda onuň neşire taýýarlan Magtymgulynyň bir jildi Moskwada çapdan çykdy. Bu kitap şahyryň şygyrlarynyň dürli halklaryň dillerinde terjime edilip çykmagyna yzygiderli goşant goşup gelipdir, ýagny Magtymgulynyň rus diline terjime edilen şygyrlary şahyryň eserleri beýleki dürli dillere terjime edilende esas bolup hyzmat edipdir. Mahlasy, uly alym beýik şahyr Magtymgulydan hiç wagt daşlaşmandyr.
«Raduga» (1982) ady bilen neşir edilen ýygynda jemlenen, türkmen nusgawy şahyrlarynyň saýlanan goşgulary B.Garryýewiň terjime etmeginde rus okyjylaryna ýetirilýär. Bu ýygyndydaky goşgularyň terjimesini okap göreniňde, alymyň poeziýanyň inçe tilsimlerine çuňňur düşünendigine haýran galýarsyň. Mollanepesiň «Gözleriň» şygryndan bir bendi okap göreliň! Baýmuhammet Garryýewiň rusça terjimesinde ol: «Ой, душенька, сердце мое опалили твои глаза, я солгал! — меня огнем исцелили твои глаза» şekilinde berlip, ony goşgynyň asyl nusgasy bilen deňeşdirip göreniňde, terjimäniň örän çeper çykandygyna göz ýetirýärsiň. Magtymgulynyň «Ýagmyr ýagdyr, soltanym!» diýen goşgusynyň adynyň «Дождя, дождя, мой султан!» diýlip şeýle çeper berilmegi alymyň çeken irginsiz zähmetinden habar berýär.
Bu uly alymyň tagallasy bilen rus okyjylaryna ýeten kitaplaryň ýene-de biri «Туркменские пословицы и поговорки» (1980) kitabydyr. Bu kitaba ýerleşdirilen türkmen nakyllaryny we atalar sözlerini ol ähli yhlasyny siňdirip, sözleriň uzdan uzuny saýlap rus diline terjime edipdir. Kitaba 2000 sany türkmen nakylydyr atalar sözi girizilipdir. Türkmen halkynyň dürdäne paýhasyndan dörän nakyllar kitabyny alym «Ganatly paýhaslar» («Крылатая мудрость») diýen ylmy sözbaşy bilen bezäp, türkmen paýhasyny dünýä ýaýmagyň hötdesinden gelipdir. B.Garryýewiň taýýarlaýjylardan biri bolan «Туркменский юмор» kitaby hem iki gezek — 1967- nji we 1978-nji ýyllarda rus dilinde neşir edildi.
Alym göroglyşynaslaryň biri hökmünde hem ylym dünýäsinde bellidir. Onuň soňky agramly ylmy işi «Эпические сказания о Кёр-оглы у тюркоязычных народов» (1968) ady bilen Moskwada rus dilinde neşir edildi. Şol neşir hem 2007-nji ýylda Ankarada türk diline terjime edildi. Bu bolsa alymyň zähmetine dünýä halklarynyň hem uly hormat goýýandyklaryndan habar berýär.
B.A.Garryýew tarapyndan «Göroglynyň» ylmy tekstiniň we teijimesiniň taýýarlanylmagy, onuň rusça terjimesiniň hem özi tarapyndan ýerine ýetirilmegi alymyň köpýyllyk tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Ol kitap alym ýogalandan soň, 1983-nji ýylda Moskwada neşir edilip, halka hödürlenildi. Bu bolsa rus okyjysynyň türkmen Göroglusy bilen tanyşmagyna mümkinçilik döretdi. «Görogly» şadessanyny öz ene dillerinde okaýandyklary üçin dünýä halklarynyň ençemesi akademik Garryýewe minnetdardyr. Çünki alymyň terjimesindäki «Görogly» rus dilinden ýene-de ençeme dillere geçirildi. Onuň käbir şahalary iňlis, polýak dillerine terjime edildi. Häzirki döwürde başga dillere-de terjime şu nusga esasynda ýerine ýetirilýär. Halypa alym döredijiliginiň gülläp ösýän wagtynda, özüniň azap siňdirip taýýarlan «Göroglusynyň», «Magtymgulusynyň» rus dilinde neşir edilendigini görmän, 1981-nji ýylyň 1-nji aprelinde aramyzdan gitdi.
B.Garryýew dünýä ýüzünde zehinli türkolog hökmünde tanaldy. Onuň abraýy şol wagtky SSSR-iň çäklerinden daşyna ýaýrap gitdi.
Baýmuhammet Garryýew 52 ýyllap dürli ugurlarda tutanýerli zähmet çekip, türkmen halkyna ak ýürekden hyzmat etdi. Onuň zähmet ýoluny yzarlanyňda, «Bir adam şunça işleriň nädip hötdesinden geldikä?!» diýip haýran galýarsyň. Onuň pedagogik institutyň dil-edebiýat, geografiýa, taryh bölümlerini hem-de lukmançylyk institutyny tamamlandygy hem muňa mysal bolup biler. Ol ýaşlykdan gijeki hem gaýybana okuwlarda okap, bir wagtyň özünde bimäçe ugurdan hünärmen bolýar. Onda-da nähili derejedäki hünärmen, muny onuň manyly durmuş we zähmet ýoly subut edýär.
Baýmuhammet Garryýew uly alymlar W.A.Gordlewskiniň, Y.E.Bertelsiň ýolbaşçylygynda türkmen şygryýetiniň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenipdir. Az salymyň içinde alymyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy makalalary, monografiýalary yzly-yzyna çap edilip başlanýar. Bu işler Magtymguly Pyragyny türkmen okyjylaryna tanatmakda uly ähmiýete eýe bolan gymmatly işlerdir. Alym şeýle gymmatly işleriň sanyny ýyl geçdigiçe artdyrypdyr. «Magtymguly watançylyk hakynda», «Magtymgulynyň dili hakynda», «Magtymgulynyň syýahatlary», «Magtymguly we onuň watançylygy», «Magtymgulynyň golýazmalarynyň çeşmeleri», «Magtymguly magaryfçy hökmünde», «Beýik halk şahyry Magtymguly Pyragy», «Magtymguly hakda halk rowaýatlary», «Magtymgulynyň täze eserleri we halk rowaýatlary» ýaly ençeme makalalar türkmen okyjysyny Magtymgulynyň döredijiligi bilen ylmy nukdaýnazardan tanyşdyrypdyr. Soňra onuň «Magtymguly we onuň watançylygy» atly monografiýasy Magtymgulyny öwreniş ylmynyň sanawyna goşulýar. «Magtymguly XVIII asyr türkmen edebiýatynyň korifeýi» atly monografiýasyny alym 1947-nji ýylda tamamlaýar. 1948-nji ýylda bolsa iki jiltden ybarat «Magtymguly we onuň çeper dili» diýen düýpli işini taýýarlap, şu mowzukdan doktorlyk derejesine eýe bolýar. Şol ýyllarda B.A.Garryýew Magtymgulynyň eserleriniň tankydy tekstini hem taýýarlaýar. Gündogary öwreniji meşhur alym Ý.E.Bertels bu işe uly baha berýär. B.A.Garryýew Magtymguly baradaky makalalaryň sanyny gitdigiçe köpeldýär, çünki ussadyň şygyrlary alymy jadylapdy. Görnükli alymlar W.A.Gordlewskiý B.Garryýewiň Magtymgula bagyşlanan işlerini «Uly monografiýa» diýip atlandyran bolsa. N.K.Dmitriýew oňa «Magtymguly hakdaky doly ensiklopediýa» diýip baha beripdir. Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Zynharynyň, Kätibiniň, Aşykynyň, Şabendäniň, Magrupynyň, Şeýdaýynyň, Gaýybynyň, Misgingylyjyň, Mätäjiniň şygyrlarynyň türkmen okyjylaryna gowuşmagynda hem B.Garryýewiň hyzmatynyň çäksizdigini bellemek gerek. Ol türkmen dessanlarynyň hem ençemesini çapa taýýarlap, olaryň halka ýetmeginde uly işler bitirýär. Abdysetdar Kazynyň «Jeňnama» eserini hem halka ýetirýär.
Hormatly mugallymyň okuwçylarynyň, ýetişdiren şägirtleriniň diňe Türkmenistanda däl, doganlyk halklaryň arasynda-da kän bolandygyny ýatlamalydyrys. Olaryň arasynda özbek, garagalpak, başgyrt, gürji, gazak, tatar, täjik doganlarymyz bar.
Uly alym Baýmuhammet Garryýewiň hem-de onuň doganlary — filologiýa ylymlarynyň doktory Seýit Garryýewiň, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, iňňän uly açyşlaryň awtory Nury Garryýewiň, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Aba Garryýewiň atlary bilen hem türkmen halky ýakyndan tanyşdyr.
Alymyň tutanýerli zähmetine mynasyp baha berlip, ol beýik Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde (1993 ý.) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik işgärlerine, ylym adamlaryna uly sarpa goýýar. Merhumlaryň adyny ebedileşdirmek hakda alada edýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle adamlaryň atlarynyň halkyň aňynda müdimilik galmalydygyndan ugur alyp, dürli ýerlerde olaryň heýkellerini oturtmak barada ýörite karar çykardy. Türkmenistanyň ylmynyň ösüşine uly goşant goşan, ilkinjileriň biri B.A.Garryýewiň işine hem ýokary baha berlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 29-njy ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan medeni-dynç alyş toplumlarynda, şeýle hem geljekde ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda heýkelleri goýuljak şahsyýetleriň sanawyna onuň hem ady girizildi. Bu bolsa, elbetde, alyma goýulýan uly sarpadyr.
Gurbanjemal YLÝASOWA,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.
"Dünýä edebiýaty" žurnaly, № 4, 2012 г.
* * *
ADY DAKYLAÝSA
Türkmen ylmynyň medeniýetiniň ösüşi aýry-aýry adamlaryň atlary bilen baglanyşykly. Şeýle adamlaryň biri TSSR YA-nyň akademigi, respublikamyzyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewdir.
Akademik B.A.Garryýew türkmen ylmynyň kerwenbaşylarynyň biri. Türkmen filologiýasynyň ösüşi onuň ady bilen berk baglanyşykly. Tutuş ömrüni türkmen halkynyň edebi mirasyny, halk döredijiligini, dil bilimini öwrenmäge bagyşlan alym Soýuzymyzda uly gündogarşynas hökmünde tanalýar.
B.A.Garryýew türkmen edebiýatyny, folkloryny Soýuzymyzda we daşary ýurtlarda propagandirlemäge hem önjeýli goşant goşdy. Onuň Moskwanyň «Наука» neşirýatynda çap edilen «Türki dilli halklaryň Görogly hakdaky epiki hekaýatlary» diýen monografiýasy sowet eposşynaslygynyň altyn fonduna girdi. Ýene-de şol neşirýatda rus we türkmen dillerinde çap edilen «Görogly» eposynyň akademiki neşiri halkyň genji-hazynasynyň taryhynda uly waka öwrüldi. Onuň ylmy zähmetleri doganlyk respublikalarda we daşary ýurtlarda neşir edildi. B.A.Gyrryýewiň taýýarlan teksti esasynda Magtymgulynyň şygyrlary, türkmen halk nakyllary, «Totynyň hekaýatlary» birnäçe gezek rus dilinde neşir edildi. Onuň taýýarlan Magtymgulynyň saýlanan goşgularynyň ýygyndysy Parižde fransuz dilinde ÝUNESKO-nyň neşirinde çykýar (terjimeçisi dünýä belli gündogarşynaslar L.Bazen bilen P.Baratow). Bu bolsa türkmen alymynyň hormatlanmaga, ömrüniň we döredijiliginiň ýokary okuw jaýlarynda öwrenilmäge mynasypdygyny ykrar edýär.
Söhbetini edýän alymymyz okuw kitaplarynyň ençemesiniň awtorydyr. Ol uly pedagoglaryň biridi, «Halk magaryfynyň otliçnigi». Onuň ýolbaşçylygynda ýa-da konsultasiýa bermeginde, opponent bolmagynda ýüz ýigrimiden gowrak alym ylymlaryň doktory ýa-da kandidaty diýen ylmy derejäni aldy. Uly alym gysga ömründe är işini bitirip gitdi. Emma biz türkmen ylmynyň uly sütünleriniň biriniň öňunde bergilidigimizi duýýarys. Türkmen halkynyň arasynda «Ölüsini sylamadyk—dirisini sylamaz» diýen pähim bar. B.A.Garryýewiň adyny köçelere, instituta dakmak hakda metbugatda, radio-telewideniýede birnäçe gezek aýdyldy. Emma muňa gulak gabardan tapylmady. Şeýle uly alyma hormat goýulmazlygy bizi biynjalyk edýär. Aşgabatdaky bir köçä, TDDEI-na şeýle hem alymyň dogduk obasyndaky köçä we mekdebe B.A.Garryýewiň ady dakylsa, M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde akademigiň adyna stipendiýa döredilse gowy bolardy.
_______________________
Şirinjemal GELDIÝEWA, ýazyjy alym.
_______________________
Amanbaý MYRADOW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
______________________
Myrat ÇARYÝEW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
______________________
Şamuhammet GANDYMOW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
____________________
(Hatyň aşagynda jemi elli dört adamynyň goly bar.)
___________________
"Edebiýat we sungat" gazeti, 1991 ý.
Edebi makalalar