15:00 Halypa hormaty | |
HALYPA HORMATY
Edebi makalalar
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow beýik şahsyýetleriň ýadygärlik heýkellerini oturtmak baradaky Permana gol çekdi. Şonda men şol hormata mynasyp bolup biljek şahsyýetleriň arasynda özüniň manyly ömrüni türkmen ylmyny ösdürmäge bagyşlan akademik Baýmuhammet Garryýewiň heýkeliniň hem özüne mynasyp orny eýelese, örän ýerlikli boljakdygy hakda oýlandym. Halypa barada oýlananymda, ýaşlygyndan mugallymçylyk kärine baş goşan, ençeme ynsanlaryň mugallymy bolmak bagtyna eýe bolan, guýmagursak alym, ylym ylmynda uly yz goýan akademik Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew ýadyma düşýär. Adamyň dürli ýaşlarda hem mugallymy, halypasy bolýar. Mugallymyň özüni alyp barşy, zähmet çekiş ukyby ähli tarapdan şägirdine görelde bolup hyzmat edýär. Baýmuhammet Garryýew hormatly mugallymym, uly halypamdy. Elbetde, onuň okuwçylary örän kän, ýa mekdepde okadandyr, ýa ýokary okuw mekdebinde ýa-da aspiranturada okan aspirantlara ýolbaşçy bolandyr. Ol uzak bolmadyk manyly ömründe köp kadrlary ýetişdirdi, ençeme ýaşlary durmuş ummanyna atardy. Ol aspirantlara, doktorantlara ýolbaşçylyk edip, olardan 120 töweregini taýýarlady. Halypa alym mugallym hökmünde köpleriň kalbynyň töründe orun aldy. Onuň okuwçylary alymy uly hormat bilen ýatlaýarlar. Men hem onuň köpsanly aspirantlarynyň biri bolmak bagtyna eýe boldum. Onuň agrasdan boldumly, emmaçaga ýaly sada keşbi hiç ýadymdan çykanok. Aslyýetinde hakyky şägirdiň halypasyny ýatdan çykarmaga haky ýokdur, çünki ol uly durmuş ummanyna atardy ahyry.Men aspirantura okuwa girenimde uly alym, akademik Baýmuhammet Garryýewiç hormatly ýolbaşçym bolupdy. Geliň, ilkinji zähmet ýoluna mugallymçylykdan başlan Baýmuhammet Garryýewiň ömür ýoluna ser salyp göreliň. Ol 1914-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gökje obasynda daýhan maşgalasynda eneden doguldy. Onuň kakasy Ataly aga ýanýoldaşy Hüýrjemal bilen obada ilkinji mekdebi açyp, çagalary okatmaga başlapdy. Atalynyň mekdebinde ilkinji okap başlanlaryň biri hem onuň öz ogly Baýmuhammetdi. Baýmuhammet oba mekdebini tamamlap, şäherdäki rus mekdebinde okaýar, 15 ýaşynda eýýäm mugallymçylyk işine başlaýar. Ol 52 ýyllap tutanýerli zähmet çekip, türkmen halkyna hyzmat edýär. Onuň zähmet ýoluny yzarlanyňda «Bary-ýogy 50 ýyldan gowrak zähmet ýolunda şunça işleriň nädip hötdesinden geldikä?» diýen sorag ýüze çykýar. Onuň gutaran okuw jaýlary hakda agzalsa, dil-edebiýat, geografiýa, taryh fakultetleri hem-de medinstituty tamamlandygy ýörite bellenilmäge mynasypdyr. Ylma şeýle ýürekden berlen adam bolaýmasa, bu iş başarardan has kyn. Emma Baýmuhammet mugallym uly işleri bitirmäge ýetişipdir. Onuň durmuş ýoluny yzarlanyňda, örän bilesigelijilik bilen geçmiş edebiýatymyzyň, folklorymyzyň jümmüşine aralaşandygyna, halkymyzyň medeni mirasyny halka ýetirmäge alňasandygyna göz ýetirýärsiň. Ol 1942-nji ýylda Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky uniwersitetinde kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar hem ilkinjileriň hatarynda alymlyk derejesine eýe bolýar. Soňra ol onuň ylmy ukybyna ýokary baha beren uly alymlar W.A.Gordlewskiniň, Ýa.Ýe.Bertelsiň ýolbaşçylygynda türkmen şygryýetiniň ägirdi Magtymguly-Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenmäge girişdi. Alymyň Magtymguly-Pyraga bagyşlanan ylmy makalalary, monografiýalary yzly-yzynaçap edilip başlanylýar. Bu işler Magtymguly ussady türkmen okyjylaryna tanatmakda uly ähmiýete eýe boldy. Ol işleriň sanawy gitdigiçe artýar. «Magtymgulynyň dili hakynda», «Magtymgulynyň syýahatlary», «Magtymguly we onuň watançylygy», «Magtymgulynyň golýazmalarynyň çeşmeleri», «Beýik halk şahyry Magtymguly-Pyragy», «Magtymguly hakda halk rowaýatlary» ýaly ençeme makalalary türkmen okyjysyna Magtymgulynyň döredijiligi bilen ylmy nukdaýnazardan tanyşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýe boldy. Ondan soňra «Magtymgulynyň watançylygy» atly monografiýa Magtymgulyny öwreniş ylmynyň sanawyna goşuldy. Ol halka Magtymgulynyň döredijiligini elýeterli etmek bilen çäklenmän, onuň döredijiligini has düýpli öwrenip, magtymgulyşynas hökmünde özüni tanatdy. Ol «Magtymguly XVIII asyr türkmen edebiýatynyň korifeýi» atly monografiýasyny 1947-nji ýylda tamamlaýar.1949-njy ýylda bolsa iki tomdan ybarat «Magtymguly we onuň çeper dili» diýen düýpli işini taýýarlaýar. Şu temadan hem doktorlyk dessertasiýasyny goraýar. Ol ylmy işlerinde Magtymgulynyň ýaşan döwri, türkmen folklorynyň Magtymgulynyň döredijiligine ýetiren täsiri, Magtymgulynyň döredijiliginiň uly terbiýeçilik ähmiýeti, onuň eserleriniň çeper dili barada giňişleýin söhbet açdy. Magtymgulynyň çeper keşbini, türkmen edebi diliniň düýbüni tutmakda bitiren hyzmatlaryny açyp görkezip, türkmen okyjysyna bu ajaýyp şahyry, türkmeniň gözüniň guwanjy Magtymgulyny tanatdy. Şeýlelikde, şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly-Pyragynyň bütin dünýä ýüzünde tanalmagynda alymyň uly paýy bardyr. Ol Magtymgulynyň eserleriniň tankydy tekstini hem taýýarlaýar. Gündogary öwreniji alym Ý.Ýe.Bertels bu işe ýokary baha berip, «Dünýä edebiýatyna bahasyna ýetip bolmajak goşantdyr» diýýär. Baýmuhammet Garryýew Magtymguly baradaky makalalarynyň sanyny gitdigiçe köpeldýär. Çünki ussadyň şygyrlary alymy jadylapdy. Ýene-de yzly-yzyna makalalar. Olaryň arasynda «Magtymguly we bagşylar», «Magtymgulynyň Germaniýada çap edilen diwany», «Magtymgulynyň Londonda saklanýan diwany hakynda» ýaly ylmy işler bar. Meşhur alym Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekligi dowamly alyp barýar. Ol şahyryň şygyrlarynyň dürli halklaryň dilinde çapdan çykmagyna hem yzygiderli ýardam edýär. Mahlasy, ol beýik şahyrdan hiç wagt daşlaşmaýar. Alym 1975-nji ýylda Fransiýada çykan Magtymgulynyň ýygyndysyna hem sözbaşy ýazýar, onuň düzüjisi hem akademik Garryýewdi.Alym ýogalandan soň, 1983-nji ýylda hem Garryýew tarapyndan neşire taýýarlanylan Magtymgulynyň bir tomlugy çapdan çykýar. Baýmuhammet Atalyýewiç türkmen şygryýetiniň ussady Magtymguly-Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan 60- dan gowrak işiň awtorydyr. Akademik Garryýewiň gönüden- göni gatnaşmagynda Magtymguly-Pyragynyň döredijiligi dünýä arenasyna ýaýradv.Alymyň bu zähmeti Beýik Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda öz miwesini berdi.Hormatly mugallymyň zähmeti 1993-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly baýragyna mynasyp boldy. Türkmeniň beýleki nusgawy şahyrlary Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Zynharynyň, Kätibiniň, Aşykynyň, Şabendäniň, Talybynyň, Misgingylyjyň, Mätäjiniň şygyrlarynyň türkmen okyjylaryna gowuşmagynda hem Garryýewiň hyzmatlarynyň çäksizdigini bellemek gerek. Çapa taýýarlan dessanlarynyň birnäçesini ýatlamaklyk hem onuň tutanýerli zähmetinden habar berýär. Alym «Asly— Kerem», «Huýrlukga—Hemra», «Gül—Bilbil», «Seýpelmelek— Methaljemal», «Ýusup—Ahmet», «Alybeg we Balybeg», «Gül— Senuber», «Melike—Dilaram», «Nejeboglan» we ş.m. dessanlary köne ýazuwdan täze ýazuwa geçirip, sözbaşy ýazyp, gadymy mirasymyzyň nusgalary barada gyzykly gürrüň berip, türkmen okyjylary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly iş etdi. Türkmen halkyny gymmatly geçmiş ruhy mirasy bilen tanyşdyrdy. Uly alym Baýmuhammet Atalyýewiçiň hem-de onuň doganlary - filologiýa ylymlarynyň doktory Seýit Garryýewiň, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nury Garryýewiň, pedagogik ylymlarynyň kandidaty Aba Garryýewiň atlary türkmen halkyna ýakyndan tanyşdyr. Baýmuhammet Garryýew barada söhbet açylanda, onuň okuwçylarynyň diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, ähli türki dilli halklaryň arasynda-da kändigini ýatlasymyz gelýär. Olaryň arasynda özbek, garagalpak, başgyrt, gazak, tatar we beýleki köp halklaryň wekilleri bar. Baýmuhammet Garryýew uly işleri bitiren alym. Türkmen halky «Alyma amal ýaraşar», «Adam gowusy alymdyr, amal etmese zalymdyr» diýen nakyllary ýönelige döretmändir ahbetin! «Müň sowal ýa-da Melike -Danyşment» diýen dessanda şeýle sowal-jogap bar: «Melike: - Alymlara näme ýaraşar? Danyşment: - Amal, zuht we takwa ýagşydyr, amaly ýok alym miwesi ýok agaja meňzeşdir». Hawa, bu hakykat, amaly ýok alym miwesi ýok daragta meňzeşdir. Amal etmek näme?Zuht näme?Takwalyk näme?Bilýän zatlaryňy iliňe-günüňe bagyş etmek, bilýäniňi özüňde saklamazlyk, ukyňy ýitirip, dünýädäki ähli eşretleri ýadyňdan çykaryp, zähmet çekmek. Ylym bir daragt bolsa, şahalary alymlardyr. Öz bilýänini il-gününe bagyşlap oturan alymlar agajyň miwäni köp getirip, miwelerini göterip bilmän oturan şahalary kimindir. Olaryň başy aşakdyr, belent adamkärçiligiň eýesidir, pespällidir, kiçigöwünlidir. «Agaç barly bolsa, başy pes bolýandyr». Halypa baradaky şu ýatlamany okanlar alymyň wagtyny bisarpa tutman, örän öndürijilikli işländigine, miweleriniň bollugyndan şahalaryny göterip bilmän oturan daragty ýada salýandygyna, özüniň guymagursak zehinine amal edip, hakyky alym bolup, halkyna hyzmat edendigine göz ýetirendirler. Alymyň döredijilik zähmeti bilen has ýakyndan tanyşmak isleýänler 1987-nji ýylda «Ylym» neşirýatynyň çapdan çykaran alym hakyndaky görkezijisi bilen tanyş bolaýmaly. Bu iş bilen içgin tanşanlar hormatly alymyň toplan, halkyna ýetiren, terjime eden, syn ýazan işleriniň, ýolbaşçylyk eden doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalarynyň umumy sanawynyň 622-ä ýetendigine, Biribaryň özüne bagyş eden 67 ýyl ömrüni halal zähmete bagyş edendigine, «gijeleriniň ýaryny gündize goşup» halkyna hyzmat edendigine göz ýetirerler. Gurbanjemal YLÝASOWA, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty. "Edebiýat we sungat" gazeti, 14.03.2008 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |