11:19 "Gorkut atada" türkmen däp-dessurlarynyñ çeper beýany | |
«GORKUT ATADA» TÜRKMEN DÄP-DESSURYNYŇ ÇEPER BEÝANY
Edebi makalalar
XX asyryň ahyrynda türkmen halkynyň durmuşynda ähli babatda uly özgerişler bolup, ol ylaýta-da hakyky bolşunda edebi mirasymyza ser salmakda mese-mälim aýan boldy. Islendik milli eserde halkyň medeniýeti, däp-dessury, ynançlary, milli häsiýetleri şöhlelenendir. Milli däp-dessura sarpa goýan eseriň bolsa ömri uzakdyr. Edebi mirasyň gadyryna aňryýany bilen düşünýän Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, 40-50-nji ýyllarda türkmen halkynyň «Gorkut ata», «Gül-Bilbil», «Ýusup-Ahmet» ýaly edebi mirasy babatda esasy ötegeçmelere ýol berildi. Şolary sapak edinen alymlarymyz ol eserler babatynda ekezlenip, hakyky öz sözlerini aýtmaga başladylar. Türki halklaryň köpüsiniň kemala gelmeginde uly ähmite eýe bolan oguzlaryň ýaşaýşynyň we durmuşynyň özboluşly kitaby «Gorkut atanyň» her boýunda diýen ýaly özbaşdak tema − mesele gozgalyp, Watany goramak, gara niýet bilen üstüne çozan duşmana berk gaýtawul bermek, il-günüň namysyny, maşgala namysyny goramak, milli däp-dessura sarpa goýmak ýaly meseleler örboýuna galýar. «Gorkut atanyň» hut häli-häzire çenli ýaşamagyny dowam etdirmeginiň sebäbi şondadyr. Her bir ynsanyň durmuşynda bolşy ýaly, türkmenlerde hem jemgyýetiň özeni bolup durýan iki ýaş ynsanyň birleşmesi bilen amala aşyrylýan maşgala gurmak meselesi iň bir zeruryýetçilikleriň biri bolup durýar. Ýetişen ýaş ýetginjegiň ene-atasy uly höwes, müň arzuwdyr niýet bilen onuň taýynyň gözlegine çykýar. Ýigide taý boljak gyzyň ozaly bilen aslyny yzarlap, göwnemakul tapylansoň, gudaçylyga barylýar. Gudaçylyga däp boýunça islendik adam iberilmeýär. Ozaly bilen müňýyllyklaryň dowamynda türkmen durmuşynda, däp-dessurynda mäkäm ornaşan, sözi geçýän, pähim-paýhasly, il içinde hormatlanýan adam ýa-da şol öýlenýän ýigidiň ýakyn hossarlary bilen bilelikde maslahatlaşylyp, geňeş toý berlip gudaçylyga barylýar. Şu däp «Gorkut atanyň» «Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýuny beýan eder» atly üçünji babynda has-da ynandyryjy beýan edilýär. Baýbüre beg ogly Beýregi öýlendirmekçi bolanda Baýbijan begiň gyzy Banu Çiçegi almak üçin il ýaşulusy Gorkut atany iberýärler. Şu däp häli-häzire çenli hem ýörgünlidir. Gudaçylyga ilkinji barlanda köpi gören, paýhasly adamy ýollaýarlar. Ene-ata ogluny öýerensoň iň esasy zeruryýetçilikleriň biri bolan perzent hakynda, onuň önelgesi hakda inçeden umyt edip, diň salyp ýörýär. Ol Adam Ata we How eneden dowam edip gelýän däbe eýerip, ynsan durmuşynyň dowamydygyna aňryýany bilen düşünip, ilkinji nobatda beýik Taňrydan nesil dileýär. Soňra ene-ata perzentli bolansoň oňa mynasyp, gowudan-gowy at dakmak hakda pikir edýär. Bu däp «Gorkut atada» has-da täsirli, üns bererlikdir. Ene-ata çaga dünýä inensoň ogul ýa gyzdygyna parh goýman, oglana häsiýetli bolan mertlik, gaýratlylyk, giden ýerinden getiren, ar-namysly, gyz üçin bolsa, görmegeý, akylly-başly, eli hünärli, edim-gylymly häsiýetli mahsus atlary goýmagyň arzuwynda. Özem bellemeli zat, gadymy oguz türkmen däp-dessurlarynda dünýä inen perzende birbada at goýmakda howlugylmandyr. Dünýä inen oglanyň on-on bäş ýaşyna ýetip, bir edermenlik görkezmegi hökmany bolupdyr. Şu ýerde köp manyly «Dogmadyk oglana at goýmak bolmaz» diýen türk nakylyny ýatlamak ýerliklidir. Bu däbi kitabyň «Derse han ogly Bugaç han boýuny beýan eder» diýlip atlandyrylan we «Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýuny beýan eder» atly boýlaryndan yzarlamak bolar. Onuň birinjisinde Bugaç han öküz bilen tutluşyp, adyna eýe bolsa, ikinjisinde Beýrek ok atyp, ençeme duşman goşunyny ýeňip, at alýar. «Gorkut ata» kitabynda türkmen däp-dessurynda mäkäm ornaşan maşgala gurmak meselesinde gudaçylyga barlanda, gyzyň hossarlary tarapyndan agyr salgyt, ýagny galyň salynýan däbi-de duş gelýär. Beýrek üçin söz aýdyjy baran Gorkut ata gyzyň agasy Däli Garçar: «Biň bugra getüriň, kim maýa görmemiş ola, biň dahy aýgyr getüriň, kim, hiç gysraga aşmamyş ola, biň dahy goýun görmemiş goç getüriň, biň-de guýruksyz-gulaksyz köpek getüriň, biň dahy büre getüriň maňa» diýýär. Şu ýerde aýratyn bellemeli zat, türkmen däbine mahsus bolan salynýan galyňyň ene-atasy tarapyndan bolman, golaý garyndaşlary tarapyndan ýerine ýetirilýändigi ünsüňi özüne çekýär. Çünki durmuşa çykýan gyz üçin galyň, salgyt salmak ene-ata uslyp däldigi milli däbimizden gelip çykýan aýratynlykdyr. Bu şeýle hem bolmaly. Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessuryndan habar berýän bu meşhur eserde toý bilen baglanyşykly ajaýyp pursatlaryň üstünden barýarsyň. Eseriň her boýunda duşmandan üstün çykylanda ýaşlaryň durmuş toýlarynda bagşy aýtdyrmak, gopuz, tüýdük çalmak ýaly däpleriň beýany edil şu günki günde dowam edip duran ýaly halda göz öňünde janlanýar. Boýlaryň ählisinde diýen ýaly wakalaryň soňunda çeper söz ussady hökmünde çykyş edýän Gorkut ata aýdym-saz bilen wakany jemleýär. Şeýle-de toýda milli oýunlaryň aglabasy ýatlanylýar. Meselem, göreş tutdurmak, altyn gabak atdyrmak we ş.m. Göreş tutmak, pälwanlaryň güýç synanyşygy biziň şu günki günlerimizde hem azda-kände dowam edýär. Ýöne, bu däp ünsden düşürilmese gowy. Türkmen däp-dessuryna mahsus bolan aýratynlyklardan biri bolan begençli wakany buşlamak, ýagny söýünjilemek, buşluk haky almak ýaly pursatlar hem ünsüňi özüne çekýär. Bu däp meşhur eserde beýan edilişi ýaly, on alty ýyllap duşman gabawynda bolan Beýregiň boşap, gaýdyp gelenini, magşuk gyzy Çiçegiň onuň ene-atasyna buşlaýan pursatynyň beýanynda has-da täsirlidir. «On alty ýyllyk hesretiň, ogluň Beýrek geldi ahyr. Gaýyn ata, gaýyn ene, muştulyk, maňa, ne werersiz!» diýdi. Geçmiş türkmen durmuşynda aw awlamak, şikara çykmak ýaly däpleri hem bu kitapdan yzarlamak mümkin. Ynsan durmuşynda hemişe toý, şatlyk-şagalaň bolup durmaýar. Toý bar ýerinde ýas hem, kynçylykly, gamly pursatlar hem bolýar. Ol tebigatyň kanunyna laýyklykda dowam edýär. Toý däbinde, baýramçylyk, dabaraly günlerde gyzyl-ala geýinýän adamlar gamly günlerde diňe bir ruhy taýdan gamlanman, oňa laýyklykda lybasyny hem üýtgedýär. Gyzyl-ala reňkli bezemen egin-başlaryny gara lybas bilen çalşyrýarlar. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu urp-adatlarymyz «Gorkut atada» has-da täsirli beýan edilýär. Onuň «Baýbüre beg ogly Bamsy Beýrek boýuny beýan eder» atly boýunda öýlenjek bolup duran Beýregiň üstüne duşman goşunlary çozup, ony ýigitleri bilen tussag edýärler. Bu habary eşiden Beýregiň ene-atasynyň, garyndaşlarynyň şol wagtky ahwalynyň beýany örän gynandyryjy berilýär. «Beýregiň babasy gaba saryk göterüb ýere çaldy. Dartdy ýakasyn ýyrtdy. Ogul-ogul diýiban bögürdi, zarlyk kyldy. Ak burçakly enesi buldur-buldur aglady, gözüniň ýaşyn dökdi... Gyz-gelini kas-kas gülmez oldy. Gyzyl hyna ak eline ýakmaz oldy. Ýedi gyz gardaşy ak çykardylar, gara donlar geýdiler». Mahlasy, milli däp-dessur islendik jemgyýetçilik gurluşynda üýgewsiz ýaşamagyny dowam etdirýär. Geçmişde aw awlamak ynsan durmuşynda ozaly bilen durmuşy, gün-güzeranyny dolandyrmak üçin zerur bolupdyr. Ilkidurmuş jemgyýetçiligi zamanynda, soň-soňlar hem guş, keýik, sugun awlamak bilen maşgalany dolandyrypdyrlar. Şol bir wagtyň özünde ol özüni oňarýanlaryň, şadyr begleriň boş wagtlarynda şikara çykyp, wagtlaryny sonarly, çeşmeli, awlakly ýerlerde geçirmegiň, dynç almagyň bir görnüşi hökmünde güýmenjesi bolupdyr. Eseriň «Gazan beg ogly Oruz begiň tussag oldugy boýuny beýan eder» atly dördünji boýunda Salyr Gazan soluna, sagyna bakyp gülýär-de garşysynda oturan ogly Oruza bakyp aglaýar. Oruz sebäbini soranda, Gazan: «Garşym ala bakdygymda seni gördüm, On alty ýaş ýaşladyň, Bir gün ola, düşem, ölem, sen galasen, Ýaý çekmedüň, ok atmadyň. Ýarynky gün zaman dönüp, men ölüp, sen galyjak, A täji-tagtym saňa wermezler, diýip soňumy aňdym, agladym, ogul» − diýende Oruz: «A beg baba, Deweçe boýumyş seni, köşekçe akylyň ýok. Depeçe boýumyş sen, daryça beýniň ýok. Hünärli ogul atadanmy görer, ögrener, Ýogsa atalar oguldanmy ögrener. Haçan sen meni alyb kapyr serhedine çykardyň, Gylyç çalyp, baş kesdiň. Men senden ne gördüm, ne ögrendim» diýýär. Gazan beg gülýär-de oglunyň jogabyndan hoşal bolup: «A begler, Oruz hub söýledi, sakyz iýdi... Men bu oglany alaýyn, awa gideýin... Ok atdygym ýerleri, gylyç çalyp, baş kesdigim ýerleri göstereýim» diýip, ogluny nökerleri bilen ýanyna alyp awa-şikara gidýär. Kitapda gatnaşýan gelin-gyzlaryň geýinýän eşiginde hem millilik bar. Gyzyl reňk türkmen halkynyň däbinde, ylaýta-da gelin-gyzlaryň eşiginde ýörgünlidir. Bu edepnama kitabynda gyzlar hemişe diýen ýaly gyzyl reňkli eşikde suratlandyrylýar. Hatda gyzy bolany däp boýunça gyzyl otagda oturdýarlar. Gyzyl reňkli, gyrmyzy köýnek geýmeklik türkmen zenanlaryna mahsusdyr. Ony biz «Gyrmyzy köýnek geýen ýarym, men seni görmäge geldim», «Gyrmyzy» halk aýdymlarynyň, «Garaja oglan» dessanyndan «Akdyr onuň bilekleri, gyrmyzydyr ýaňaklary» ýa-da «Gyzyl-ala jüpbe bilen» ýaly bentleriň mysalynda sözümizi dowam etdirip bileris. Türkmenleriň milli guwanjy, buýsanjy bolan haly önüminiň hem ýerligi gyzyldyr. Türkmen halkynyň durmuşyny süňňüne berk ornaşdyran bu täsin eserde miras düşmeklik, mal-mülk, ýeňiş gazanan goç ýigitlere ülke paýlamak ýaly däpleriň hem belli bir derejede beýanyna göz ýetirmek bolýar. Şeýle hem ýaş oglanjyklaryň ürç edip oýnaýan aşyk oýnamak ýaly däpleri hem ýatlanylýar. Mahlasy «Gorkut ata» türkmenleriň ruhy medeniýetiniň, onuň dünýägaraýşynyň çeşmesi hökmünde edebi mirasymyzyň naýbaşy eseridir. Çünki ol belent watançylyk hem milli ruhda ýazylandyr. Amangül DURDYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |