12:15 Ependili degişmeler -6 | |
Surat: "Şadyýan gözler" ("Гляди веселей") kinofilminden / "Täjikfilm", 1983 ý. ■ Ependi eşege okamagy öwredýär Bir adam Teýmirleňe bir daýaw eşek sowgat beripdir. Teýmirleň muňa gaty şatlanypdyr. Köşk ýaranjaňlary bolsa, «Dünýä döräp, munuň ýaly haýwan dörän däldir» diýşip, ol eşegi magtapdyrlar. Gezek Ependä ýetende: – Şu owadan haýwanda men ullakan ukyp görýärin. Eger şu eşegi okadyp bolsa, ol gaty sowatly bolarmyka öýdýän – diýipdir. Teýmirleň bu sözi eşidip: – Eger sen şu eşege şol sungaty öwredip bilseň, men seniň sylagyňy ýetirerin. Ýöne welin, habardar bol. Seniňki hem owalda biriniňki ýaly bolaýmasyn. Sagdynyň «Gülüstan» kitabynda bir masgarabaz barada bir rowaýat bar. Ol eşege adam dilini öwretjek bolanda, bir parasatly adam: «Sen ýabany haýwanlara geplemegi öwredip bilmersiň. Eger sen adam boljak bolsaň, olardan geplemezligi öwren» diýipdir. Ýagdaýyňa seret, eşege okamagy öwredip bilmeseň, men seni ýöne ile gülki edip goýmaryn. Saňa gaty uly temmi bererin – diýipdir. Ependi: – Siz huzurynyzda ýalan ýerden «bir zady ederin» diýip lap etmek, tüýs ketjallygy ýa-da akmaklygy aňladyp biler. Öz tanşyma kast eder ýaly, men akmak, ýa-da zynjyrlaýmaly däli däl ahyryn. Men size aýdýan zadymy örän ýagşy bilýän. Emma maňa üç aý möhlet bilen harjylyk üçin hem şunça pul berseňiz synanyşaýaryn. Galan zatlar bilen işiňiz bolmasyn – diýipdir. Bu işiň ahyrsoňunyň tomaşa bilen gutarjagy güman edilip, Ependiniň talaplary ýerine ýetirilipdir. Ependi üç aýlap ýagşy iýipdir, hem-de bir kitabyň sahypalarynyň arasyna kepek sepip, günde bir sahypany eşege ýaladypdyr. Şunlukda, köp gezek şeýle edensoň, eşegiň özi kitabyň sahypalaryny agdaryp, kepek ýalamaga endik edipdir. Möhlet gutarandan soň, Ependiniň görkezmegi bilen meýdanda mejlis gurlupdyr. Bellenen sagady ýetip gelende üsti altyn bilen kebşirlenen gaňňaly ajaýyp jully eşek görnüpdir. Ependi eşegiň nogtasyndan tutup, ony idip getiripdir. Ol töwerek-daşyna salam berip, kürsiniň üstünde goýlan kitaba bakan eşegi idip ugrapdyr. Eşek kitabyň ýanyna baryp, sen-men ýok, dili bilen onuň sahypalaryny agdaryp başlapdyr. Kitabyň belli bir ýerine ýetende, Ependä bakan öwrülip, aňňyrypdyr. Emir Teýmirleň Ependiden: – Bu näme etdigi? – diýip sorapdyr. Ependi bolsa: – Ol okap bolansoň, emire doga edýär – diýip jogap beripdir. Ol ýerdäkiler geň galypdyrlar. Emir Teýmirleň şatlanyp, Ependä köp sylag-serpaý beripdir. ■ Ependiniň ýola ugraýşy Günlerde bir gün Ependi münülip öwredilmedik eşege münüpdir. Eşek örän kesir eken. Ependi ony öz gitjek tarapyna hiç öwrüp bilmändir. Ondan: – Ependi, nirä barýarsyň? – diýip soranlarynda, ol: – Eşegim nirä äkitse, şoňa barýan – diýip jogap beripdir. ■ Wagtynda gaýdan ekeniň Zalym patyşa bir gün öz goşunynyň dü¬şen obalaryna gezelenje çykypdyr. Ol bir hepdeläp gezelenç edip, köşge dolanypdyr. Şol wagt onuň ýanyna Ependi salama baryp, şeýle diýipdir: – Neneň hökümdarym, göwün açyp bildi¬ňizmi? – Hawa, wagtymy örän hoş geçirdim. Baş güni obada tötänden ýangyn döredi, baý, tomaşa bol-dow. Heläk bolan hem tapyldy, biriniň gaýnenesi öldi, ol pahyr kösenip, dat-bidat etd-ä! Ýaş güni iki adamy bir guduz it ýardy. Adamlar hem «guduzlamasyn» diýip, olaryň endamyna köz ýaly gyzdyrylan demir basdylar. Olar edil öküz ýaly bögürdiler. Hoş güni sil geldi, birentek tamy ýumurdy. Her hili öý goşlary suw bilen akyp gitdi. Içi çagaly sallançaklar gaýyk ýaly bolup gaýyp suwda ýör. Sygyrlaryň, göleleriň, düýeleriň hemmesini diýen ýaly sil alyp gitdi. Biz oňa uzynly gün tomaşa etdik. Sogap güni biriniň gäwmişi boşady, adam baryny gyran-jyran etdi. Kimiň gözüni çykardy, kimiň garnyny silkdi. Şol garny silkileniň «öler howpy bar» diýýärdiler. Anna güni bolsa biri bir zat tapynypdyr-da, adamlara azar berdi. Meniň gaty gaharym geldi. Ol haramzada «ölüm jezasyny beriň» diýip buýurdym. Agşama çenli şonuň ugrun¬da süýrendim. Ruh güni bolsa tötänden bir tam ýykyldy. Aýal-erkek, çaga-çuga barysy aşagynda galyp öldi. Aýallaryň sesi obany tutdy. Men «Derrew ýykylan jaýyň döwük-ýenjiklerini eýläk-beýläk aýryşdy¬ryň» diýip buýurdym. Jaý palçykdan salnan eken. Dogrusy, jaýyň astynda galanlaryň mysalasy gaty eýmenç eken, açanymyza puşman etdik. Şunlukda, olar gözümiziň alnynda gaty ejir çekip heläk boldular. Dynç güni bolsa bir aýal garaly agajyndan asylypdyr. Mahlasy, bütin hepdäm alada bilen geçdi – diýipdir. Bu gürrüňden ýaňa ini dyglan, özünden gitmäge az galan Ependi görgüli sandyraýan sesi bilen: – Hudaýa şükür, basym yza gaýdan ekeniňiz? Ýene bir hepde galaýan bolsaňyz-a, bütin obany ýumurtga togalabermeli etjek ekeniňiz – diýipdir. ■ Ependiniň çörek dileýşi Günlerde bir gün Ependi bir ýere myhman bolupdyr. Ol uzak oturypdyr, emma öňüne gelen zat bolmandyr. Öý eýeleri öň nahar edi¬nen ekenler-de, olar Ependini hem dokdur öýdüpdirler. Şonuň üçinem oňa şerbet äberipdirler-de, soň hem süýji gürrüň edişip oturypdyrlar. Ýatar wagty bolansoň, öý eýesi oňa: «Sag-aman ýatyp-tur» diýip çykyp gidipdir. Ependi jaýyň içinde ýeke galypdyr. Ol bu çaka çenli has hem ajygypdyr. Ýerine geçip, şunça uklajak bolupdyr, emma açlygyndan ýaňa gözüne çiş kakylan ýalymyş. Içi halta bilen süpürilen ýaly bolan Ependi açlyga çydap bilmän, halys ýüregi akyp turupdyr-da, tamyň içinde aýlanyp başlapdyr. Emma diwara dyrmaşsa-da, mundan zat çykmajakdygyny duýan Ependi ahyry bolmandan soň, baryp beýleki jaýda ýatanlar bilen aralykdaky gapyny şakyrdadyp başlapdyr. Ýatanlar ondan: – Näme habar? Näme boldy? – diýşip, howsala düşüp, ylgaşyp gelipdirler. Ependi zarynlap diýen ýaly: – Siz maňa uly hormat edip, azara galyp, ýumşak düşek salyp berdiňiz. Emma men bir pukara adam, onuň ýaly ýumşak düşeklerde ýatyp öwrenişmämsoň, ukym gaçýar. Gowusy, ma¬ňa bir döwüm çörek berseňiz, başujumda goýup, süýji uka gitsem, sizi hem biynjalyk edip durmazdym – diýipdir. ■ Ependiniň Bagdada hat ýazyşy Bir gün Ependiniň dostlarynyň biri onuň ýanyna gelip: – Men Bagdatdaky dostuma hat ýollamakçy welin, hat ýazyp bersene? – diýipdir. Ependi oňa: – Aý, goýsana, walla, häzir Bagdada gitmäge wagtym ýok – diýipdir. Ependi bu sözleri aýdyp, öýden çykyp gidipdir. Ol adam geň galyp, Ependiniň yzyndan ylgapdyr. Onuň yzyndan ýetip: – A-how, Ependi, men saňa hat ýaz diýýän, «Bagdada git» diýemok ahyryn – diýip jibrinipdir. Onda Ependi: – Päheý, näme beýle düşünmezlige salan bolýaň. Men hat ýazsam, hökman yzyndan özüm gidip okap beräýmesem, ony özümden başga okap bilýän ýok ahyryn – diýip düşündiripdir. ■ Ependi gelinleriň dawasyny çözýär Ependi kazy wagtynda onuň huzuryna iki sany gelin gelipdir. Olaryň biri: – «Men şu aýala ýogyn at tanapyny işip ber» diýipdim. Emma ol meniň saçym ýaly inçeden inçe edip işmäge başlapdyr. Şeýle edeni üçin men onuň bilen şertimi bozjak. Goý, ol aýal meniň pulumy gaýdyp bersin! – diýipdir. Şu sözleri aýdyp durka, ol gelin ýüzüni näz bilen açyp, Ependä saçynyň örümlerini görkezip towlanjyrapdyr. Gelniň bu bolşundan Ependi utanyp, toba edipdir, Allany ýatlapdyr. Soňra beýleki gelne tarap ýüzüni öwrüp: – Ýeri, sen näme aýdarsyň? – diýip sorapdyr. Ol bolsa gahardan ýaňa sesini sandyradyp: – Biziň aramyzda ýogynlygy ynha, meniň barmagym ýaly inçejik geýim serip bolaýjak ýüp hakynda gürrüň bolupdy. Emma meniň bilegimiň ýogynlygyndaky ýaly ýüp işmek hakynda düýbünden gürrüň bolmandy – diýipdir. Şeýlelik bilen öz sözüniň hakdygyny subut etmekçi bolup, ol bir şahyryň: «Dellek Musa päkini alan badyna, onuň eliniň ak kümüş ýaly arassa bilegi ýalaňaçlandy» diýen sözlerini ýatlap, ak gar ýaly bilegini görkezipdir. Ependi alaçsyz onuň sözüni kesipdir. Ol gelinleriň ikisini-de başlaryndan tä aýaklaryna çenli ýiti synlapdyr hem ýylgyryp: – Gelinler, her niçigem bolsa, öz araňyzda gepleşiň-de, ylalaşyga geliň – diýipdir. Soň ýüp işjek gelne ýüzlenmek bilen sözüni dowam etdirip: – Sen birneme ýogynrak iş, emma welin, ýaňky edişiň ýaly etseň, birden Ependiňiziň-de ýüregi üzüläýmesin, – diýipdir. Muňa gelinler gülşüpdirler-de, gidiberipdirler. ■ Siz onuň gylygyny bileňzok Bir topar adam gezelenje çykypdyr. Olar iýip-içipdirler, soňra bolsa ellerini ýuwmaga kölüň gyrasyna barypdyrlar. Obanyň ymamy bolsa kölüň gyrasyna bara-barmana aýagy taýyp, suwa güwläp gaýdypdyr. Dumly-duşdan kömege gelen adamlar ymama elini uzadyp: – Eliňi ber! – diýip gygyrypdyrlar. Ymam hiç kime elini bermän, dyrmaşyp, özi çykjak bolupdyr. Ependi muny görüp: – Hany, aýrylyň bakaly. Siz onuň gylygyny bilýän dälsiňiz. Ol suwa gark bolar welin, siziň aýdanyňyzy etmez. Bu tohum millete zat bermäge endik eden däldir. Ine, oňa şeýle ýüzlenmelidir – diýipdir-de, oňa bakan aşak eglip: – Eý, ependim! Meniň elimi al! – diýipdir. Ol bu sözleri aýdan badyna: – Wah, doganjygym, Taňryýalkasyn – diýip, ellerini titredip, Ependiniň golundan tutupdyr. Ependi şeýdip ymamy kenara çykarypdyr. ■ Ependi we hammamçylar Bir gün Ependi hammama barypdyr. Hammamçylar oňa köne sürteç beripdirler. Dogrusy, onuň gelenine ähmiýet berenem bolmandyr. Ependi hem sesini çykarmandyr. Ýöne hammamdan çykanda, aýnanyň tekjesinde on teňňe goýup gidipdir. Hammamçylar muňa geň galypdyrlar, begenişipdirler. Bir hepdeden soň Ependi ýene şol hammama barypdyr. Hammamçylar bu gezek Ependä dumly-duşdan hyzmat edip başlapdyrlar. Oňa täze sürteç, ýüpek el süpürilýän beripdirler. Ependi ýene sesini çykarmandyr. Emma bu gezek hammamdan çykanda, şol tekjäniň üstünde ýekeje teňňe goýupdyr. Hammamçylar haýran galypdyrlar, gaharlanypdyrlar. Şeýle-de bolsa: – Ependi, munyňa nähili düşünmeli? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly hiç zat ýok. Bu günki beren teňňäm-ä geçen sapar üçin, geçen gezekki berenim hem şu günki hammam üçin – diýip, jogap berip gidiberipdir. ■ Sesi ertir çykar Günlerde bir gün Ependi öz şägirdi Imat bilen öýüne gelýär eken. Olar jaýyň töwereginde ogrularyň köwejekläp ýörendiklerini görüpdirler. Ependi özlerinden ogrularyň oňly zat tapmajakdyklaryna kemsiz gözüni ýetirip, sessiz-üýnsüz barýarmyş. Imat ogrularyň gapynyň agzyna baryp dümtünip duruşlaryny görüp, olaryň hyşy-wyşylaryny eşitjek bolup, diň salýarmyş. Hiç zat eşidilmänsoň, ahyry ol: – Ependi, olar näme işleýärlerkä? – diýip sorapdyr. Ependi: – Saz çalýarlar – diýipdir. Imat bolsa: – Onda näme üçin hiç bir ses eşidilenok? – diýip sorapdyr. Ependi: – Sesi ertir çykar – diýipdir. ■ Ependi we çörekçi Ependi iş üçin gidip barýarka, ýolda gaty ajygypdyr. Emma iýere zat almaga puly ýok eken. Şol barşyna bazarda gezip ýörkä çörek bişirilýän ýerde daş-töweregine ýakymly ysyny ýaýradyp, bugarýan täzeje çöregiň tamdyrdan çykarylyp durandygyna gözi düşüpdir. Ol bir çetde oturan çörekçä: – A-how, atam, bu çörekler seniňkimi? – diýip sorag beripdir. Çörekçi: – Hawa, meniňki! – diýip jogap berip¬dir. Ependi sesini öňküdenem batlandyryp: – Be, atam, şu giden çöregiň hemmesi seniňkimi! Ýeri, aýtsana, dogrudan hem, ynha, şu ýaýrap ýatan tegelejik, pamyk ýaly ýumşak, gyzgynjak çörekleriň hemmesi özüňkimi? – diýip soranmyş. Çörekçi: – Ýeri, näme beýle köp ýaňraýarsyň? Hawa, şularyň bary meniňki – diýipdir. Onda Ependi ýalynjaňlyk bilen: – Eýsem-de bolsa, atam, näme beýdip seredip otyrsyň? Eger özüňki bolsa, al-da, iýiber-dä – diýipdir. ■ Ependiniň aýalynyň hasaby Ependiniň öýleneli bäri bary-ýogy üç aý geçen eken. Bir gün aýaly Ependä: – Bir göbegene tapyp geläýseň – diýipdir. Ependi bir hili bolup: – «Çaga dokuz aýdan soň dogulýarmyka» diýýärdik welin, keýwany, bu näme boldugy? – diýipdir. Aýaly gaharlanyp: – Sen meni alalyň bäri üç aý geçdimi? Geçdi. Meniň saňa gelelim bäri üç aý geçdimi, geçdi. Çagany göwrämde göterip ýörenime-de üç aý. Ine, saňa dokuz aý – diýipdir. ■ Ependiniň sawçylygy Bir gün obanyň hany Ependini bir baýyň gyzyna sawçylyga iberipdir. Ol gidip bar¬ýarka, ýolda bir işan duş gelip: – Baýyň gyzyna meniň üçinem söz aýdyp ber – diýipdir. Ependi baýyň öýüne gelip, saglyk-amanlyk soraşanyndan soň, öý eýesi onuň habaryny alypdyr. Ependi: – Üç adam gyzyňyza hyrydar: biri han, biri işan, biri-de men – diýipdir. Baý gü¬lüp: – Ýeri, sen bularyň haýsysyny maslahat berýärsiň? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Özüň gör, baý aga! Hanyň ýagdaýyn-a özüň bilýäň, onuň bu dünýäde keýpi kök, emma o dünýäde ýüzi ýok. Işanyň iki dünýäsi-de abat. Men bolsam, iki jahan owarrasy – diýip jogap beripdir. – Onda bolsa gyz işanyňky – diýip, baý netijä gelipdir. ■ Dawa ýaş üstünde-hä däldir? Bir gün Ependiniň goňşusy hasyrdap gelip, demi-demine ýetmän: – Ependi goňşy, bir gaýrat et, öýde aýalym gaýnenesi bilen tersleşipdir-de, ikisi ýolma-towuk oýnaşýarlar. Olary bir ylalaşdyrmagyň çäresini tapaýmasaň, bolar ýaly däl. Oýlan-da bir alajyny tap, men-ä hiç başaryp bilýän däldirin – diýipdir. Ependi: – Tersleşik nämeden başlandy? Dawa olaryň ýaşlary üstünde-hä turan däldir-dä? – diýip sorapdyr. Onda goňşusy: – Ýok, ýaş üstünde-hä däl – diýipdir. Ependi: – Bar, eýle bolsa alada edip ýörme, öýüňe gaýdyber, olar eýýäm ýaraşandyrlar – diýipdir. ■ Ependiniň synja kylyşy Bir gün aýaly Ependä ýüzlenip: – Biziň synja kylýan kündügimiziň düýbi deşilipdir. Içinde suw duranok, nätsekkäk? – diýipdir. Onda Ependi: – Päheý, keýwany, şonuň dagy hem aladasyny eder oturarlarmy? Biz owal ilki meýdan edip, soň synja kylýan bolsak, indi kündüge suw guýan badymyza synja kylarys-da, soň meýdan edäýeris – diýip jogap beripdir. ■ Bulaşyk hasap Bir gün Ependi gök satylýan dükanyň du¬şun¬dan geçip barýan eken. Dükançy Ependini gören badyna algysy ýadyna düşüpdir. Ependi öňürtiläp: – Hany, depderiňe seret, meniň näçe ber¬gim bar? – diýip sorapdyr. Dükançy «Büý-ä bergisini üzjeg-ow» diýip, ýyrş-ýyrş edipdir. Ependi bolsa sypmagyň tärini gözleýärmiş. Dükançy hasaplap başlandan, Ependi hem bile hasaplamaga durupdyr. Bütin ýylboýy alnan zatlaryň bahasyndan ýene-de otuz bir teňňe berginiň galany anyklanypdyr. Depderiň beýle ýüzüne garasalar, ymamyň jemi ýigrimi alty teňňe bergisi bar eken. Ependi dükança: – Seret, ynha, meniň adyma otuz bir teňňe, ymamyň adyna-da ýigrimi alty teňňe bar eken. Bilýärmiň, näme? Ymam meniň ýegre dostum. Aramyzdan gyl geçýän däldir. Şonuň üçin onuňkynam hasaplaşaýyn. Oň bilen meniň aramda bary-ýogy bäş teňňe bar. Ojagaz bäş teňňäni hem häzir maňa berersiň welin, ikimiz bilen hem üzlüşdigiň bolar – diýipdir. Dükançy «Iki bergili bilen hem üzlüşdim» diýip şatlanypdyr. Ol uly höwes bilen bäş teňňäni Ependä uzadypdyr hem hoşlaşypdyr. Ependi gaýdansoň, dükançy uly iňkise gidipdir. Ýöne, bu bulaşyk hasaba hiç düşünip bilmändir. ■ Gidere ýeri bolmaz Ependi bir gün köçeden barýarka, bir adam onuň sellesini alyp gaçypdyr. Ependi sesini çykarman, gös-göni gaýralyga – mazarystanlyga tarap ýumlugaýypdyr. Ony gören adamlar: – Ýeri, Ependi, bu taýda näme iş edýärsiň? – diýip sorapdyrlar. Ependi olara: – Bir adam meniň sellämi alyp gaçdy. Men şoňa garaşýaryn – diýip jogap beripdir. Onda adamlar: – Selle alyp gaçanyň bu ýerde nä köri bar? Git, ony başga ýerden gözle – diýipdirler. Ependi bolsa: – A-ho-ow, doganlar, ony gözläp näme edeýin. Gidere ýeri bolmaz, ahyr onuň geljek ýeri şu taýydyr – diýipdir. ■ Gökje monjuk kimde bolsa Ependiniň iki aýaly bar eken. Ol aýallarynyň her haýsyna bir gökje monjuk beripdir-de, olara aýratynlykda: – Bu meniň seni gowy görýänligimiň nyşanydyr – diýip, ol monjugy günüsine görkezmezligi berk tabşyrypdyr. Emma günlerde bir gün olaryň ikisi-de Ependiniň üstüne dökülip başlapdyrlar. Olar: – Sen aýt, biziň haýsymyzy gowy görýärsiň, haýsymyzy has köp göwnüň küýseýär? – diýip gygyrypdyrlar. Ependi: – Gökje monjuk kimde bolsa, meniň göwnüm şondadyr – diýip jogap beripdir. Aýallary muny eşidip, hersi öz ýanyndan: – Diýmek, ärim meni has gowy görýän eken – diýip, oýlanypdyr hem hoş bolupdyr. Her kim özüni äriniň iň ýakyn göwündeşi hem syrdaşy hasaplapdyr. Ependi, şeýlelikde, aýallarynyň arasyny sazlap bilipdir. ■ Ependi we aýal ýigrenýän zalym Aýaly bimaza gezýän bir hökümdar aýal tohumyny ýigrenip başlapdyr. Ol bir ýerde «bilimli ýa alym bar» diýip, çala gulagyna degse, olary öz ýanyna çagyryp, bir zat, bir zatlar çawuş çakyp aýdýarmyş. Öz göwnüne ýaraýan ýa-da gussasyny egsip bilýän jogap alyp bilmese, olaryň kellesini kesmegi buýurýarmyş. «Ili şu beladan diňe Ependi halas edip biler» diýen umyt bilen ony şol zalymyň ýanyna ugradypdyrlar. Zalym Ependini öz ýanynda oturdyp: – Sen aýallymy, ýa-da sallah? – diýip, çawuş çakypdyr. – Meniň ýaşyma ýeten adam hem sallah bolarmy? – diýip, Ependi sözüni soňlap-soňlamanka, ol zalym: – Wah, bu-da öňküler ýaly eken. Munuň hem başyny kesiň! – diýipdir. Ependi derrew ýagdaýyň agyrdygyny duýup: – Hany, entek howlukma, tagsyr, öňürti bir bil! Belki, men birini taşlap, başga birini alandyryn. Ýa ol ölendir-de, ikilenç öýlenendirin. Ýa-da meniň bir aýalym bar eken-de, onuň üstüne ýene birnäçesini alandyryn. Belki-de, men aslynda ýalňyşyp öýlenendirin. Bu bir uçut, oňa diňe gaçanyňdan soň neneňsi çuňdugyny bilýärsiň. «Büdrän atyň başy kesilmez» diýlen nakyl bar ahyryn – diýipdir. Şeýlelikde Ependiniň degerli jogaby zalymyň gazabyny dep edipdir. ■ Özümiň bolmadyk wagtlarym-da boldy Günlerde bir gün mejlisde halwa bişirmek barada gürrüň bolupdyr. Ependi hem bu gürrüňe goşulyp: – Ynha, menem birnäçe ýyl bäri halwa bişirmekçi bolup jan edýän welin, henize bu güne çenli başa baranok – diýipdir. Oňa: – Ony bişirmek itiň aňsady ahyryn. Sen näme beýle kösenip ýörsüň? – diýenlerinde biçäre Ependi: – Meniň unum bolanda, ýagym bolmady, ýa-da ýag bolanda un tapylmady – diýip jogap beripdir. Oturanlar: – Päheý, şunça wagt geçip, sen olaryň başyny jemläp bilmediňmi? – diýip sorapdyrlar. Ependi: – Wah, boldy-la, ýöne olaryň başy jemlenende, özümiň bolmadyk wagtlarym boldy – diýipdir. ■ Bu neneňsi Hudaý boldugy? Ependä ýer sürmek üçin, bir jübüt öküz gerek bolupdyr. Oba adamlary „«Saňa öküz geregi çyn bolsa, Hudaýdan dile!» diýipdirler. Ependi dagyň etegine baryp, Hudaýa nalyş edipdir. Oba adamlarynyň biri öňürti gidip, dagda gizlenen eken. Ependi daga bakyp: – Ýa, Alla! – diýipdir. Ol gizlenen adam bolsa: – Hä-ä! – diýip seslenipdir. – Maňa bir jübüt öküz ber! – Bermen. –Öküz bermeseň, menden namaz, oraza tamasyny etme. Isleseň, janymy alaý! Ol adam: – Senden namaz-oraza görmejek bolsam, ine, saňa – diýip, Ependiniň üstüne bir gara daşy togalap goýberipdir. Ependi zordan sowlup ýetişipdir. Ol: – «Ber» diýsem, bermez, «ur» diýsem, ikelläp urýan bu neneňsi Hudaý boldugy?! – diýip seslenipdir. ■ Ependi synagdan geçýär Teýmirleňe örän batyr adam gerek bolupdyr. Ol bu adamy öz ýanyna çekip, ýokary gulluk bermek isläpdir. Şol gulluga mynasyp adam tapylsa tapylaýjak hem welin, «Bir emmasy bar bolaýmasyn?» diýen ätiýaç köp kişini ürküzipdir. Mahlasy, bu wezipä ýürek edip baran töwekgel adam tapylmandyr. «Şeýle adam tapylmady» diýip, Teýmirleňe aýtmak hem howatyrly eken. Howply pursatda bir hile-sapalak oýlap tapýan görgüli Ependi ýada düşüpdir. Ependiniň akyl-paýhasyna Teýmirleňiň hem synynyň oturýandygyny millet bilýän eken. Garaz, Ependi şu wezipä göterilipdir. Bir gün Teýmirleň Ependini synag etmekçi bolupdyr. Teýmirleňiň buýrugy bilen Ependini bir gyrada duruzypdyrlar. Şol wagt bir mergen çagyrylyp, oky Ependiniň satanynyň arasyndan geçirmeli edilipdir. Ependiniň ýüregine gorky düşüpdir. Emma syr bildirmejek bolup, baş saglygyny diläp, başaran dogasyny sanap başlapdyr. Birinji ok sag-aman şuwlap geçipdir. Teýmirleň synagy dowam etmegi buýrupdyr. Ependi hopul-sopul çäkmeniň içinde ellerini gezmeledip, bir zatlar-bir zatlar diýýärmiş. Şo barmana ýene-de ok atylypdyr. Ok çäkmeniň çep taý ýeňini ýyrtyp geçipdir. Görgüli Ependiniň diňe jany çykmandyr. Indiki ok sopbajyň üstündäki düwmeden atylmaly edilende Ependiniň düýpden hezili gaçypdyr. Başy aljyran Ependi ne öli, ne diri halda duranmyş. Mergeniň ussatlygy bilen bu synag hem sag-aman geçipdir. «Synag gutardy» diýlip yglan edilenden soň hem, Ependi ýerinden gozganman duranmyş. Gorkusyny duýdurman, it ýylgyryşyny edipdir. Teýmirleň Ependiniň batyrlygyny we gaýduwsyzlygyny taryp edip, sylag baryny beripdir. «Ependiniň çäkmenini ok eleme-deşik edipdir» diýlenini eşidip, Teýmirleň oňa iňňeden çykma çäkmen bilen sopbaç bermeli edipdir. Ependi oňa minnetdarlyk bildirip: – Patyşahym, balak bermegi hem buýruň, goý, hemmesi birlaý täze bolsun – diýipdir. Teýmirleň: – «Ependi, seniň balagyňa ok degmändir» diýip aýtdylar. Oňa seredipdirler, hiç bir zyýan ýeten ýeri ýokmuş – diýipdir. Ependi: – Tagsyr, aýdýanyňyz dogry. Okdan maňa zyýan ýetmedi. Emma menden balaga köp zyýan ýetendir. Ony ö:lüň içinden geçen ýaly edendirin. Seniň adamlaryň balagyň daşyndan seredip, hiç zat görmediler. Emma men seretmesem-de, iç ýüzüniň zaýadygyny bilýärin. Ony geýerlik galan däldir – diýipdir. ■ Kyrk ýyllyk sirkäniň dilegi Günlerde bir gün Ependiniň goňşusy: – Sende kyrk ýyllyk köne sirke ýokmy? – diýip ondan sorapdyr. Ependi hem: – Bar – diýip jogap beripdir. Goňşusy: – Şonyňdan maňa az-kem beräýseň?! – diýip diläpdir. Ependi: – Ýok, berjek däl – diýende, goňşusy onuň sebäbini sorapdyr. Onda Ependi: – Eger men öňúetene berip ýören bolsam, onda mende kyrk ýyllyk sirke durarmydy? – diýip jogap beripdir. ■ Kim tapsa şoňky Ependi bir gün eşegini ýitiripdir. Ol bazarma-bazar, saraýma-saraý aýlanyp: – Kim eşegimi tapsa, ony şoňa gaňňasy-nogtasy bilen bilelikde berjek – diýip yglan edipdir. Biri oňa: – Eger eşegi bar esbaby bilen tapanyň özüne berjek bolsaň, onuň tapylanda-tapylmanda tapawudy näme? Bary-bir seniň görjek zadyň ýok! – diýipdir. Onda Ependi: – Aý, goýa, ýiten eşegiňi tapmak şeýle aňsat zatdyr öýdýärmiň? – diýip jogap beripdir. ■ Nädip çyn adam bolmaly? Bir gün Ependiden: – Nädip çyn adam bolmaly? – diýip sorapdyrlar. Onda Ependi: – Bilýänler geplände, pikir berip diňlemek gerek. Eger seniň gepiňi diňlemeýän bolsalar, öz agzyň diýýänini gulagyň eşitmegi gerek – diýipdir. ■ Ependi Teýmirleňiň sowalyna jogap berýär Zalym Teýmirleň alymlary, parasatly adamlary çagyryp: – Men nähili adam, adylmy, ýa zalym? – diýip sorapdyr. «„Sen adyl» diýeniňem, „«Zalym diýeniňem» kellesini kesdiripdir. Alym¬lar oýlanyp-oýlanyp nätjeklerini bilmändirler. Şol wagt Ependiniň şöhraty dünýä ýaýran eken. Alymlar: – Ependi, sen bize rehim et! Senden başga bize kömek etjek adam ýok. Bir tär tapyp, zalymyň gylyjyny Hudaýyň günäsiz bende¬le¬riniň üstünden sowaweri! – diýip ýalba¬rypdyrlar. Ependi: – Bu işiň özi siziň oýlanyşyňyz ýaly aňsat bolmasa-da, hak Hudaýyň özi ezilenleriň kömekçisidir, belki-de, siziň ybadatyňyzyň saýasynda maňa bir çäre etmek başardar – diýipdir-de, ýüregini bire baglap, Teý¬mirleňiň köşgüne gidipdir. Soralan sowala jogap bermäge taýyn bir adamyň gelendigini Teýmirleňe habar beripdirler. Ependi ýanyna gelensoň, Teýmir¬leň oňa adatdaky soragyny beripdir. Epen¬di: – Saňa «adyl ýa zalym patyşa» diýip bol¬maz. Zalym bizdiris, sen bolsa adyllyk gylyjysyň. Gudratly Hudaý seni jeza bermäge degişli bolan zalymlaryň üstüne iberipdir. Bilýäňizmi, „«Özüňi pes tutsaň, şelaýyn bolsaň, Hudaý seni ýalkar, emma buýrugyny bozany ol masgara edýär» – diýen bir aýat bar – diýipdir. Teýmirleň hem, hut, şonuň ýaly jogaba garaşypdyr. Ependiniň ugurtapyjylygyna, akyl-paýhasyna syny oturan soltan ony öz ýanyna çekipdir. Näwagt şol şähere barsa, ony öz ýanyndan aýyrmandyr. Ähtimal, Ependiniň hormatyna bolsa gerek, ol şu şäherdäki, onuň töweregindäki ilatlara-da rehim edip, aman-nurbat beripdir. Şeýlelikde, şol şäherliler Teýmirleňiň gylyjyndan hem onuň ýigrenji nökerlerinden dynypdyrlar. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |