03:52 Ependili degişmeler -10 | |
Surat: "Nasreddiniñ 12 mazary" kinofilminden / "Täjikfilm, 1966 ý. ■ Ot hem aýalymdan gorkýan eken Bir gün Ependi ojakda ot ýakjak bolup, hernäçe üflese-de, ot tutaşmandyr. Onsoň Ependi ýerinden turup, aýalynyň börügini alyp, öz başyna geýipdir-de, ojakdaky ody üflemäge başlapdyr. Ot derrew tutaşypdyr. Ependi muňa geň galyp: – Be-ýeý! Ot hem aýalymdan gorkýan eken-ow! – diýipdir. ■ Bally golça Belli parahor bir adam şähere kazy bolupdyr. Ependi öz hat-peteklerini tassyklatmak üçin şol kaza iberipdir. Bir aý geçipdir, emma hernäçe käýinse-de, jibrinse-de, hatlardan derek bolmandyr. Ahyrda şähere onuň özi gitmeli bolupdyr. Ol kaza bir ullakan golça sowgat edipdir. Kazy golçanyň agzyny açanda, onuň päkize bal bilen gyrma-gyrat doludygyny görüpdir. Onuň bada-bat ýüzi açylypdyr. Ependi bilen gadyrlysyrap başlapdyr. Salymyny bermän, ähli haty möhürläp, Ependä gowşurypdyr. Ependi hatlaryny goltugyna gysyp, ep-esli wagt kazynyň ýüzüne seredip durupdyr-da, soňra hoşlaşyp gidipdir. Birnäçe wagtdan soň kaza gaýmak getiripdirler. Kazynyň birden bally golça ýadyna düşüpdir. Ol getirilen golça çemçesini sokupdyr welin, onuň iki barmak galyňlykdan aşagy bal däl-de, garamtyl sary palçyga çümüpdir. Kazynyň muňa gaty gahary gelipdir. Ol derrew özüniň ýasawulyny çagyryp: – Ependi diýen masgarabazy ýeriň teýine giren bolsa-da, tapyp getiriň! – diýip buýruk beripdir. Ýasawul Ependini bazardan gerek-ýarak zatlaryny alyp durka tapypdyr. Ol Ependiniň syýyndan çekip, oňa hormat bilen salam beripdir-de: – Ependi, siziň hatlaryňyz tassyklananda bir ýalňyşlyk gidipdir. Kazyhana baryp, şolary düzetdirip gaýdaýsaň. Kazynyň özi hem mähetdel, garaşyp otyr – diýipdir. Ependi ýympyk ýylgyryp: – Azara galyp oturma! Meniň hatlarym tüýs şerigatyň kada-kanunlary esasynda düzülendir. Gudraty güýçli Alla öz bende gullaryny penasynda saklasyn! Biziň hatlarymyzy seniň kazyň däl-de, hut, şol gudraty güýçliniň ýanynda oturan ak ýürekli mürzeleri düzetdiler. Seniň kazyňy bolsa, diňe bir Allanyň özi ýa-da, belki, bally golça düzeder – diýipdir-de, ýol şaýyny tutup, tizräk şäherden çykmak bilen bolupdyr. ■ Ependiniň gyzyny suwa ugradyşy Bir gün Ependi gyzyny suwa ugratmak üçin eline jürdek beripdir-de, gulagynyň düýbüne bir-iki şarpyk çalypdyr. Yzyndan hem: – Seresap bol, jürdegi döwäýmegin – diýipdir. Gyz görgüli ýarym-ýaş bolup, suwa ugrapdyr. Muny gören adamlar Ependä: – Sen näme bigünä gyzy urýarsyň? – diýipdirler. Onda Ependi: – Jürdegi döwenden soň, urmagyň näme hajaty bar? – diýipdir. ■ Meni «jaýlaş»! Ependi bir gün bir oba gitjek bolup hyýallanypdyr. Adamlar oýunlyga salyp, ony kepene dolap, tabyda mündüripdirler. Ol gorkusyndan ýaňa sandyrap: – Eý, halaýyk, garaşyk ediň, munyňyz¬dan oýun bolmaz. Meni öz günüme goýuň! Oýnuňyzyň soňunyň çyna ýazaýmagy mümkin. Meniň ol obada bir möhüm işim bar. Öňem howlugyp durdym, goýberiň meni! – diýip, galmagal edipdir. Emma adamlar oňa gulak salmandyrlar. Ahy¬ry bolmajagyny bilip, Ependi sus ýatypdyr. Edil şol wagt hem Ependiniň dos¬tu¬nyň hem birýana şaýlanýandygyny görüp, ony tabydy zady bilen bir jaýda gizläpdirler-de, Ependiniň dostuna ýüzlenip: – A-how, biziň Ependimiz aradan çykdy. Ony jaýlamaga gatnaşmasaň, asyl bolmaz! – diýip, ýerli-ýerden gygyrypdyrlar. Bu adam «Meniň gyssag işim bar» diýip, başyndan sowjak bolup, hernäçe sapalak atsa-da, gulak salmandyrlar. Gykylykdan halys surnugan Ependi başyny ysgynsyzlyk bilen galdy¬ryp: – Sen biderek ýere özüňi gynaýarsyň. Sypjak bolup, arrygyňy gynap oturma-da, diýenlerini edäý! Meniň işim seniňkidenem gyssaglydy. Emma görüp dursuň, ölmeli bol¬dum. Ähli hossarlarym hem ýygnandy. Senem beýdip durma-da, şulara goşuldajyk, meni «jaýlaş» – diýipdir. ■ Kim naharyň buguny satsa, ol puluň sesini alar Ölmez-ödi çörek gazanmak ugrunda alada edýän bir garyp saý-sebäp bilen aşhananyň duşundan geçip barýan eken. Görse, bir uly gazan lygyrdap, daş-töweregine jan alyjy hoşboý ysyny ýaýradyp gaýnaýar eken. Ol der¬rew gazanyň gapdalyna çöküpdir-de, çöregiň ujundan agza sygarlyk bölegini döwüp alyp, gazanyň buguna tutupdyr. Ol çyglanan çöregi lokuladyp, agzyna oklap başlapdyr. Aşhananyň eýesi ilki bilen oňa haýran galyp seredip durupdyr. Garyp iýip bolan badyna bolsa, onuň ýakasyndan ebşitläp tutup, «iýen nahary» üçin hak talap edip başlap¬dyr. Garyp biçäre: – Naharyň duzundan hem dadamok, hak tö¬le¬men – diýip, garşylyk görkezipdir. Şol wagtlar şäheriň kazysy Ependi eken. Aşhanaçy garyby kazyhana eltipdir. Epen¬di aşhanaçyny bir kemsiz diňläpdir-de, öz jübüsinden iki şaýy pul çykarypdyr. Ol oňa: – Gulagyňy mazaly aşagrak eg! – diýipdir. Soňra Ependi pullary jyňňyrdadyp başlaýar-da, aşhanaça: – Al! – diýýärmiş. Aşhanaçy muny geň görüp: – Bu näme etdigiň?– diýipdir. Ependi oňa: – Höküm şeýle: «Kim naharyň buguny satsa, ol puluň sesini alar» – diýipdir. ■ Ependiniň gotur geçä dem salyşy Bir daýhanyň geçisi gotur açypdyr. Oňa geçisini gara sakyz bilen bejermekligi maslahat beripdirler. Daýhan bolsa, muňa ynanman, geçisini Ependiniň ýanyna alyp gelip: – Ependi, şu geçime bir dem salyp ber. Dem salynsa, gotur çalt gutular – diýip, özüne berlen maslahaty Ependä aýdyp beripdir: Ependi oňa: – Bolýar, men dem salaýyn, ýöne geçini goturlykdan açjak bolsaň, birneme gara sakyz çalsaň zeleli degmez – diýipdir. ■Sowuk hem üşeýärmikä? Gyşyň sowuk bir gijesinde ýatyrka, Ependiniň ogly üşäpdir. Onsoň Ependini oýaryp: – Kaka, sowuk hem üşeýärmikä? – diýipdir. – Ýok, oglum, sowuk üşeýän däldir – diýip, Ependi jogap beripdir. Onda ogly: – Üşemeýän bolsa, onda näme üçin ol meniň ýorganyma girýär? – diýip garşy çykypdyr. ■ Tagamly gutap Bir baýramçylygyň öňüsyrasynda aýaly Ependä gowy görülýän tagamly gutap taýýarlapdyr. Är-aýal nahardan mazaly doýupdyrlar. Artyp galanyny bolsa, ertire gizläp goýupdyrlar. Birsalym gürleşip oturanlaryndan soň, ertir irräjik turaýarys – diýip ýatypdyrlar. Ependi gijäniň birmahaly turup: – Keýwany, aý, keýwany, tur! Meniň kelläme bir pikir geldi, ýadymdan çykaraýmakam, tur, senem eşit! Wah, men seni bimaza edýänem welin, sen gaty görme, iş juda uly. Tur, men seniň aýaklaryň tozuny gözüme sürteýin, gutaplary basymrak getir! – diýip ynjalyksyzlanyp, aýalynyň böwrüne dürtüp başlapdyr. Aýaly Ependiniň näme üçin howsala düşýändigini sorajak bolubam durman, hasanaklap turşy ýaly baryp, gutaply tabagy getiripdir. Ependi tabagyň başyna geçip, aýaly¬ny-da özi bilen ýanaşyk oturdypdyr. Ol eýlesine-beýlesine seretmän, süýji gutaplary symyşlap başlapdyr. Gutaby iýip tükedenden soň, uludan bir demini alypdyr. Aýaly näme üçin beýdendigini düşündirmegini haýyş edende, Ependi: – Biziň ilkagşamky naharymyzdan bir topar süýji gutabymyz artyp galypdy. Uzynly gije biynjalyk bolup ýatdym, hiç gözüme uky gelmedi. Ahyry oýlandym, oýlan¬dym-da birden: «Iň gowy iýmit – adamyň bokurdagyndan aşak geçen iýmit. Kim öz zadyny özi peýdalanmasa, başgalar iýip ýok eder» diýen ýaly paýhaslar ýadyma düşdi. Ine, men şol parasatly pähimleri derrew ýerine ýetirmegi ýüregime düwdüm, indi bolsa, gel, uklaly – diýipdir. ■ Akmagyň baryp ýatany bolardym Bir gün Ependi degirmene üwetmäge bugdaý getiripdir. Görse, çuwal bary üýşüp duranmyş. Sen-men ýok, iliň çuwalyndan goşawuçlap, öz çuwalyna bugdaý gapgaryp başlapdyr: Kilwan ondan: – Näme üçin beýdýärsiň? – diýip soranda. Ependi: – Wah, huşum gursun, näme edýänimem bilemok – diýipdir. Kilwan sözüni dowam etdirip: – Eger huşuň ýok bolsa, näme üçin tersine edeňok? – diýipdir. Ependi oňa: – Men häzir ýönekeý akmak, eger bugdaýy öz çuwalymdan başganyň çuwalyna salsam, onda akmagyň baryp ýatany bolardym – diýipdir. ■ Meni başaşak jaýlaň! Ependi ölmeziniň öňüsyrasynda dostlaryny ýanyna çagyrypdyr. Ol özüne mahsus bolan ýitilik bilen dostlaryna garap: – Men öläýsem, başaşaklygyna jaýlaň! – diýip, wesúet edipdir. Olar muny geň görüp, Ependiden sebäbini sorapdyrlar. Ependi hem: – Kyýamat bolanda, hemme zatlar agdar-düň¬der bolup, ýer tersine çöwrüljekmiş. Eger şeýle bolsa, meniň kyýamat güni başaşak durasym gelenok – diýip jogap berip¬dir. ■ Ependi ýel satýar Bir gün Ependi obanyň ymamlygyna bellenipdir. Oraza aýy gelende, daýhanlar dil düwşüp, ekiniň ýaramaz bitenligini bahanalap, Ependä pitre bermezligi karar edipdirler. Ependiniň gahary gelipdir. Harman atylan wagty ol: – Beýle etjek bolsaňyz, men size ýel ber¬merin. Harmanyňyzy nädip atsaňyz, şeýdip atyň. Hany göreli, kim üstün çykarka? – diýipdir. Ol şeýle diýipdir-de, ekinzarlygyň ýele tarapyndan baýryň üstünde ullakan boýra geripdir. Ependiniň bagtyna uzynly gün ýel öwüsmändir. Gaýtam, niredendir bir ýerden akja bulutlar süýşüp gelipdir. Daýhanlar howsala düşüp başlapdyrlar. Olardan birisi: – Men Ependä öten ýylkydan iki esse köp pitre berjek – diýipdir. Şol wagt Ependi boýradan barmak sygar ýaly deşik deşipdir. Daýhan harmanyna ýetip-ýetmänkä, şemal çalaja öwsüp başlapdyr. Şeýdip dänesini ýygnap bolupdyr-da, bugdaý samanyny arabasyna ýükläp, öýüne gaýdypdyr. Goňşulary muny görüp, harman ýere eňipdirler. Gelseler, çöp başy gymyldamaýan eken. Eýýäm ýel ýatypdyr. Döwekçiler: – Beýdip görgä galyp ýörmäň! Göni Epen¬di¬niň ýanyna baryň. Näme bermeli bolsa beriň-de, az-owlak ýel soraň – diýipdirler. Olar Ependiniň ýanyna baryp, pitrelerini artykmajy bilen tölejekdiklerine wada berip, nesúe ýel «satyn» alypdyrlar. Ependi: – Ahmal bolmaň, wada berip: «Şertim şa¬hyma» edäýseňiz, soň gaty görmäň! Alla siziň dänäňizi ýer bilen ýegsan eder. Onsoň iki eliňizi burnuňyza sokup, ýanyma geliji bolaýmaň – diýipdir. Daýhanlar ýene-de däne getirjeklerine kasam edipdirler. Ependi boýranyň ýanyna baryp, her harmana bir deşik deşipdir. Her kim döwegine tarap eňipdir. Az-kem öwüsgin başlanypdyr. Mahlasy, daýhanlar harmanyndan dynyp, bol hasyl alypdyrlar. Ependä-de aýdyşlary ýaly, pitre getirip beripdirler. Şeýdip Ependi ýyl gallasyny edinipdir. Alanja dänesini araba ýükläp, obasyna ugrapdyr. Ol daýhanlar bilen «Kärizler» çeşmesiniň başynda hoşlaşyp, ak pata beripdir. Ugrajak bolanda bolsa: – Bilip goýuň, eger Alla el bilen alyp bilmese, ýel bilen alýandyr – diýipdir. Şol obada heniz-henizlerem ýel söwdasy gidýärmiş – diýen gürrüň bar. ■ Keýwany, seniňki-de hak! Ependiniň dosty bir iş hakynda maslahatlaşmaga onuň öýüne gelipdir. Ol oňa işiň ýagdaýyny başdanaýak gürrüň beripdir. Ahyrda hem: – Ýeri neneň? Eýsem-de bolsa, meniňki hak dälmi? – diýip sorapdyr. Ependi: – Hawa, seniňki hak, dogan, seniňki hak – diýipdir. Ertesi bu işden bihabar dawagärleriň beýlekisi hem Ependiniň ýanyna gelipdir. Ol dawanyň ahyrynyň nähili gutarjakdygyny bilesi gelip, elbetde, işiň öz peýdasyna çözülmegi üçin janyndan syzdyryp, oňa gürrüň edip beripdir-de: – Ýeri, Ependi, sen nähili görýäň? Eýsem-de bolsa, meniňki hak dälmi? – diýip sorapdyr. Ependi oňa-da: – Elbetde, elbetde, seniňki hak – diýipdir. Aýaly kesesinden Ependiniň dawagärler bilen eden gürrüňlerini eşidip oturan eken. Ol Ependiniň dawagärleriň ikisine-de, «Seniňki hak» diýendigini eşidip, ony utandyrmaga synanyşypdyr. – Ependi, düýn seniň ýanyňa ilki gelen Gorkut öz işini gürrüň edip berende, sen oňa „«Seniňki hak» diýip aýtdyň. Ertesi onuň dawagäri geldi welin, oňa-da: „«Seniňki hak» diýip goýberdiň. Bu näme beýle bolýar. Sen-ä kazy, menem indi birnäçe ýyl bäri kazynyň aýaly. Iki dawagäriň ikisiniň-de gepiniň bir wagtyň özünde hak bolup biljegine men-ä şübhelenýän – diýipdir. Ependi bolsa muňa üýtgeşik ähmiýet hem ber¬män: – Hawa, keýwany, seniňki-de hak, ýöne, nä¬hak – meni şäher kazysy edip bellän adam – diýip, özüniň bu işe ýaramaýandygyny boýun alypdyr. ■ Ependiniň ejesiniň tabşyrygy Bir gün ejesi Ependä: – Oglum, men goňşulara oturmaga gitjek. Öýe seret, gapyny taşlap, bir ýaňa ygyp gitmegin – diýip tabşyrypdyr. Ependi gapynyň bosagasynda oturyp, ejesiniň beren erigini iýmäge başlapdyr. Birdenkä obadan giýewleri gelip, onuň ejesi öýdedir öýdüp: – A-how, bar, ejeňi çagyr, «Myhman geldi» diýip aýt – diýipdir. Ependi öýüň gabsasyny goparyp, arkasyna alypdyr-da, goňşulara bakan ylgapdyr. Mu¬nuň bolup gelşini ejesi görüp: – Waý-ýeý, bu näme etdigiň? – diýip gygyrypdyr. Ependi bolsa: – Gapyny taşlap, hiç ýaňa gitme diýip, özüň aýtdyň ahyryn. Öýe myhman gelensoň, nalaç şeýtmeli boldum – diýipdir. ■ Kişide söz bir bolar Ependiden «Ýaşyň näçe?» diýip sorapdyrlar. Ol «Ýaşym kyrk» diýip jogap beripdir. Şondan on ýyl geçensoň, oňa ýene-de şol soragy beripdirler. Ependi ýene-de: – Ýaşym kyrk – diýip jogap beripdir. Adamlar oňa: – A-how, Ependi, sen mundan on ýyl oza¬lam kyrk ýaşymda diýipdiň, bu günem kyrk ýaşymda diýýärsiň, oňa nähili düşünmeli? – diýip geň galypdyrlar. Onda Ependi: – Kişide söz bir bolar, kyrk diýdimmi, kyrk – diýip jogap beripdir. ■ Ýüzüňi nirä etmeli? Bir gün Ependi namaza duranda köwşüni ogurlaýypdyrlar. Şol wagt bir adam ondan: – Namaza haýsy tarapa bakyp durmaly? – diýip sorapdyr. Ependi bolsa: – Köwşüň nirede bolsa, şoňa seredip durubermeli – diýipdir. ■ Üç müň teňňelik ätişgir Günlerde bir gün Ependi gadymy zatlar satylýan bazardan geçip barýarka, dellalyň bir gylyjy üç müň teňňä satjak bolup ýörenini görüpdir. Ependi gylyja seredip, näme üçin üç müň teňňe bahalaýandygyna düşünmändir. Ol töwerekdäki adamlardan munuň sebäbini sorapdyr. Olar hem: – Gylyç duşmana salnanda, üç arçyna çenli süýnýär – diýip düşündiripdirler. Ertesi Ependi öýündäki ätişgiri alypdyr-da, bazara çykarypdyr. Gadym zatlar satylýan bazara gelip: – Ätişgiriň bahasy üç müň teňňe – diýip, bokurdagyna sygdygyndan zowladyp baş¬lapdyr. Muny eşiden adamlar onuň töweregine golaý-golaý süýşüpdirler. Olar ätişgiri ellerine alyp, onuň eýlesine-beýlesine seredişipdirler. Ahyry olar Ependiniň ätişgiriniň üýtgeşik zat däldigine göz ýetiripdirler. Şeýle-de bolsa, Ependiden: – A-how, Ependi, seniň bu ätişgiriň näme häsiýeti bar, sen muny birden üç müň teňňä çykaraýdyň-la?! – diýip sorapdyrlar. Ependi hem: – Siz ynha, düýnüň özünde bir ýönekeýje gylyjy diňe duşmanyň üstünden inende, üç arçyn süýnýändigi üçin üç müň bahalap durduňyz. Eýsem, bu ätişgir aýalym maňa gahar bilen salanda, üç arçyn däl, on arçyn hem süýnüp bilýärkä, siz üç müňi gymmat gör¬ýär¬siňizmi? – diýip jogap beripdir. ■ Ependi we gaz Ependiniň oglan wagtynda hem bälçiklik etmedik pursaty bolmandyr. Bir gezek onuň gysganç we sögünjeň goňşusynyň howlynyň kölegesinde irkilip oturan gazlaryna gözi düşüpdir. Onuň gazy ýiten goňşusynyň kebelekleýşine tomaşa edesi gelipdir. Ol gazlaryň iň ulularynyň birini tutupdyr. Ony jüpbesine bukup, öz ýoluna gidiberipdir. Ependi ep-esli ýere gidipdir. Emma gaz gygyrjak bolup hyýal hem etmeýärmiş: «Gel-ýeý, şuny barlap göreýin-le» diýip, çolaja köçä sowlupdyr. Ol usullyk bilen jüpbesini açyp, gaza seredipdir. Gaz kellesini galdyryp, öz endigi boýunça «hüş-şş» etmäge başlapdyr. Ependi: – Sag bol, duýduranyňa. Meniňem „«Sere¬sap bol, gygyraýma!» diýip, ýüzüňi açyşymdy – diýipdir. ■ Onuňky iliň tersinedir Ependiniň gaýnenesi kir ýuwup otyrka, derýa ýykylypdyr. Ependi gaýnenesiniň ýykylan ýerine baryp, akymyň ugruna däl-de, tersine bakan ýöräp başlapdyr. Oňa: – Ependi, heý-de, jesedem bir tersine akarmy? Sen ony derýanyň akymyndan gözle ahyryn! – diýipdirler. Ependi muňa kellesini ýaýkap: – Wah, siz onuň kejirligini bileňzok. Onuňky mydam iliň tersinedir. Maňa akyl öwretjek bolmaň. Gözlemeli ýerini gaty gowy bilýärin – diýip, ýokarlygyna bakan ýöräberenmiş. ■ Aňyrsy bir-iki ýyldan... Ejesi Ependini ýüpekçä şägirtlige beripdir. Ependi oňa bir ýyl gatnapdyr. Bir gün ejesi: – Hany, seniň näme öwrenendigiňi bir gö¬reli, oglum! – diýipdir. Ependi bolsa: – Eje jan, seniň alan dogalaryň gudraty bilen men hünäriň deň ýarysyny öwrendim. Bük¬dürilen ýüpüň towuny açyp bilýärin. In¬di bolsa, işiň diňe ikinji ýarysy – çöşlenen ýüpegi bükdürmegi öwrenäýmek galdy. Ýene bir doga alaýsaň, aňyrsy bir-iki ýyldan onam öwrenerin – diýipdir. ■ Dowzah bilen behişt dolýança Bir gün Teýmirleň Ependiden: – Adamlar haçana çenli doglup-ölüp ýörjekkä? – diýip sorapdyr. Ependi hem salymyny bermän: – Tä dowzah bilen behişt dolýança – diýipdir. ■ Ependiniň «jomartlygy» Bir topar batyl çaýhananyň howlusyna ýaplanyp oturan ekenler. Ependi olaryň duşundan geçip barýarka, degişmekçi bolup, birine pul berýän ýaly edip, gapjygyny şa¬gyrdadyp: – Alyň, ynha, şu pullary öz araňyzda paýlaşyň – diýipdir. Özi bir gapdala çekilip, batyllaryň näme edýändiklerini synlamaga durupdyr. Olar biri-birine müňkür bolup: «Ol puly saňa berdi», «Ýok, maňa-ha zat berenok», «Hany, ýetdijek paýymy ber» diýşip, uly galmagal turzupdyrlar. Ependi gülüp, öz ýoluna gidiberipdir. ■ Kesekiniň eşeginiň gözlenişi Bir gün şäher häkiminiň eşegi ýitipdir. Eşegi gözlemäge giden hyzmatkärler üzümçi¬lige barýan ýolda Ependini görüp: – Biz aňyrraklarda aýlanjak. Üzümçilikde del eşek göräýseň, habaryny ýetireweri – diýipdirler. Ependi hem hiňlenen bolup, eşegiň «gözlegine» çykypdyr. Üzümçilige aýlanyp ýör¬kä, oňa bir adam duş gelip, näme üçin aýdym aýdýandygyny sorapdyr. Ependi: – Eşek gözleýän – diýipdir. Onda bu adam: – Be-ýe, seniň eşek gözleýşiň geň aýt. Heý-de bir aýdym aýdyp eşek gözlenermi? – diýipdir. Ependi bolsa: – Kesekiniň eşeginiň gözleginde eýsem, başga nämä güýmenjek? – diýipdir. ■ Ependiniň öz hammalyndan gaçyşy Ependi bazardan alan zatlaryny hammala göterdip, onuň bilen bile ýöräp barýan eken. Emma olar ýolda barýarka, birden hammal gözden ýitipdir. Ependi hernäçe eýläk-beýläk urunsa-da, ony tapyp bilmändir. On gün geçensoň, Ependi öz dostlary bilen gidip barýarka, biri: – Ependi, han-ha, seret, seniň gözleýän hammalyň gelýär – diýip habar beripdir. Ony gören Ependi haýdan-haý görünmez ýaly buky ýerde gizlenipdir. Hammal geçip gideninden soň bolsa, Ependi ýene dostlarynyň yzyndan ýetipdir. Dostlary ondan: – Ýeri, Ependi, sen näme üçin ol hammaly tutman, gaýtam, bukuldyň – diýip sorapdyr¬lar. Ependi hem: – Näme üçin bukulmaýyn? Meniň ol hammalymy ýitirelim bäri on gün dagy geçdi ahyryn. Eger ol meni tutaga-da: «On gün bäri seniň ýüküňi göterip ýörün. Şonuň üçinem on günüň hakyny berersiň» diýse nädeýin!? – diýip jogap beripdir. ■ Ogry ak guşmudy? Günlerde bir gün Ependiniň eşegini ogurlapdyrlar. Ertesi Ependi bolan işi dost¬ laryna jibrinip-jibrinip gürrüň berip, olardan delalat isläpdir. Olar muny eşi-dip, gaýtam onuň özüne akyl berip, igenip başlapdyrlar. Olaryň biri: – Athananyň gapysyny gulplap goýmaly ekeniň – diýipdir. Beýlekisi: – Asly bek bolmadyk gapyny gulplanyň nä peýdasy bar? Wah, diýjek bolsaň, tamyň daşyna aýlangy haýaty beýigräkden gurmaly eken diýsene! – diýipdir. Ýene biri: – Sen ölümidiň ýa-da dirimidiň? Ogry aňsyz eşegi goltugyna salyp çykan däldir ahyryn. Asla sen şo wagt niredediň? – diýen. Gyzmaragy bolsa: – A-how, hany, men şu gapyny gulplap gidip, açaryny bir ýassygymyň aşagyna dykaýyn, onsoň ogryň atasy gelse-de, meniň sygrymy ýa eşegimi alybilse, halaly bolsun – diýipdir. Mahlasy, olar peýdasyz boş maslahat bilen Ependiniň gulagyny kamata getiripdirler, igenipdirler, käýinipdirler. Ependi ahyry çydaman: – A-how, dostlar, bu aýdýanlaryňyzyň hemmesi-de dogry. Ýöne bu ýerde günäkär men bolup, barýan-la?! Eýsem, ogry ak guşmudy? – diýipdir. ■Ependiniň taýagy döwene gargaýşy Bir adam Ependä degsinjek bolup, häli-şindi çylkasyny atyp durupdyr. Onuň Ependä bermedik azaby galmandyr. Ol bir gün has hem çökderlik edip, Ependiniň ýigrimi ýedi ýyldan bäri göterip ýören badam agajyndan edilen taýagyny döwüpdir. Ependi onuň eden işine gaty gynanypdyr. Ol: – Meniň bu taýaga endik edenime gaty köp ýyl boldy. Ol el deregini tutýardy. Sen meniň elimi döwdüň. Goý, seniň hem aýagyň döwülsin. Meniň gargyşym hepdedenmi, ýa kyrk gündenmi, giç galsa bir ýyldanmy, garaz, ýakaňdan ebşitläp tutar – diýen. Ol adam utanjyndan ýaňa näme diýjegini bilmändir. Bir zat, bir zatlar samyrdap, ga¬pydan çykyberende, aýagy taýyp, çiňňarkan ýykylypdyr-da, onuň çep aýagy döwlüpdir. Ol gorkusyna toba edipdir. Ýarym-ýaş bolup, emedekläp gelip, Ependiniň aýagyna ýykylypdyr we Ependä ýalbarmak bilen: – «Gargyşyň kyrk günden soň tutar» diýipdiň ahyryn – diýipdir. Ependi: – Hawa, kyrk günden soň tutar. Bu döwük seniň kyrk gün mundan ozal birine eden ýamanlygyň jezasydyr. Indi sag aýagyň hem döwler. Şonda sen emedekläp ýöremeli bolarsyň – diýipdir. ■ Tamyň üstündäki tersleşik Bir gije çakdanaşa petiş-yssy bolupdyr. Şunuň ýaly günlerde, adatça edilişi ýaly, Ependiniň aýaly hem düşegi tamyň üstünden ýazypdyr. Ependi ýatjak bolup süýnende, aýaly onuň bilen oýnaşmaga başlapdyr. Bu oýun-henegiň soňy jedele-tersleşige baryp ýetipdir. Ependi ahyry çydaman: – Senden ýaňa maňa düşegiň üstünde hem gün ýok – diýip, ýerinden turup, özüniň tamyň üstündedigi huşuna gelmän, ugrubir gidiberipdir. Ependi şol gidişine aşaklygyna güwläp gaýdan. Onuň galmagalyna töwerekden ylgaşyp gelen goňşular ah-wah çekip, çala demi gelip ýatan Ependiniň daşyndan aýrylyp bilmän durupdyrlar. Birhaýukdan soň az-kem özüni dürsän Ependiden: – Ýeri, sen nädip, beýle güne düşdüň? Saňa näme boldy? – diýşip, sorap başlapdyrlar. Ol bu işiň magadyna ýetjek bolýanlara ýüzlenip: – Kim tamyň üstünde ýatyp aýaly bilen tersleşip gören bolsa, maňa näme bolýanyny gowy biler – diýip jogap beripdir. ■ Hyýary kim satýar? Bir gün Ependi duzlanan hyýar satmak üçin obalara çykypdyr. Ol obanyň gyrasyndan girip: – Haý, şorja hyýar alan gel, how! – diýip, gygyryberjek bolanda eşegi ondan öňürti aňňyryp başlanmyş. Ependi ýene-de bir jemendeli köçä ýetip: – Haý, duzlanan hyýar…... – diýip, sözüni soň¬lap-soňlamanka, eşegi ýene-de aňňyryp ugrapdyr. Ependiniň gahary gelip: – A-how, peläket, şu hyýary sen satýaňmy, ýa-da men?! – diýip, eşegini gamçy bilen saý¬gylapdyr. ■ Ependiniň çaga ukladyşy Bir gün Ependiniň aýaly käýinip: – Ependi, çagamyza näme bolýanyny men-ä bilýän däldirin. Birsyhly aglap ýatyr, diňer ýerde diňenok, şubela diňdirjek bolýan welin, bolanok. Men-ä halys boldum. Eşid¬ýärmiň? Belki, muňa uky tutdurýan doga ýazyp berersiň. Üwräp-towsakladyp, elim-golum düşdi. Men-ä indi ysgynym gidip ýykyljak – diýipdir. Ependi oňa bir kitaby berip: – Ynha, şu kitaby al, onuň başujunda açyp goý. Wagtal-wagtal hem sahypalaryny agdaryşdyr – diýipdir. Aýaly bu söze tosaň-tosaň edip: – O nä kitap ol? Saňa oýun gerek. Ýeri, seniň kitabyňdan näme çykjakmyş? – diýip, gykylyklap başlapdyr. Ependi: – Men metjitde her gezek şu kitapdan sapak berip başlaýan welin, talyplarym ýeke-ýekeden irkilip, barýandyr, ine, görseň, biri pallap oturandyr, biri hor çekse, ýene biri eýýam basyrganyp, samrap ýatandyr, garaz, barynyň gözi ukudadyr. Meni hem akylsyz adamdyr öýtme! Eger bu kitap ululary meýmiredýän bolsa, çagany dagyny kömür tutan ýaly edäýer? – diýipdir. ■ Aýal hilesi Aýaly gijesine Ependini öýe sakçy goýup, goňşy aýallaryňka oturmaga gidýän eken. Onuň bolgusyz aýallar bilen baş goşýandygy baradaky gürrüňler Ependiniň gulagyna ýetip başlapdyr. Bir gije ol aýal her hili bahanalar bilen öýden çykypdyr. Giçden soň gaýdyp gelipdir. Ol gapyny kakmaga durupdyr. Emma Ependi gapyny açmandyr. Aýaly hernäçe ýalbarsa-da, peýda bolmandyr. Onda ol: – Beýle bolsa, men özümi guýa taşlap heläklärin – diýip, gapydan daşlaşypdyr. Ullakan daşy guýa oklapdyr-da, diwaryň düýbünde gizlenip durupdyr. Ependi öz eden işine ökünip: – Gel-aý, bu däli aýaly guýudan bir çykaraýyn – diýip oýlanypdyr. Emma ol gapyny açyp, niçikmi daşaryk ätlän badyna, aýaly öýe kürsäp urupdyr-da, gapyny bekläpdir. Ol ýokaryk çykyp, äriniň seredip duran penjiresinden aşak seredipdir. Ependi: – Gapyny aç! – diýip gygyryberipdir. Emma aýaly diýýämiňem diýmändir. Soňra ýal¬barmaga durupdyr. Aýaly bolsa bogazyna sygdygyndan: – Waý-ýeý, men şundan halys irdim. «Sen meni ile metgi etdiň. Günde agşam goňşularyňa barýaň, biwagt çagy, gör, kim bilen hyşy-wyşy edýäň» diýip, halys janymy aldyň. Seniň betbagt aýalyň seniň üçin gül ömrüni kül etdi. Ah, sen azgyn çal, beýle haýýarlyk etmäge utanmadyňmy? Men seni it masgarasy ederin. Ajymyka-süýjümikä, göre¬ li bakaly. Gijelerine nähili ygyp ýörmelidigini men saňa görkezerin! – diýip, haýýarlyk bilen gygyrypdyr. Ependi aýalynyň haýýarlygyna haýran galypdyr. Ol ýygnanan mähellä näme diýjeginem bilmän: – A-how, halaýyk, bu işden habaryňyz bar bolsa, arkamy alaweriň! – diýip, naýynjar halda ýüzüni sallapdyr. Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA, dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |