03:42 Erbetleriñ şanyna doga okaýan molla hakynda hekaýat | |
Erbetleriñ şanyna doga okaýan molla hakynda hekaýat
Goşgular
Gadym bir zamanda mollalañ biri: "Ýaramaz gylykly adamlañ bary- Aýalbaz, ogrular, talañçy, kezzap... Bu pany jahanda çekmesin azap. Dert-belalar sowlup geçsin olardan!" Diýip, Alla ýalbarýarmyş münberden. Goşup baryn gowularyñ sanyna, Doga okarmyşyn olañ şanyna. "Olar mynasyp däl alkyşa, sena, Hersiniñ boýnunda dag ýaly günä. Bu etmäñ bolanok" diýenlerinde, Molla aýdan: "Meñem aklym ýerinde. Sizmi maña akyl, terbiýe berjek? Ýurt ýykan kezzapdym özümem birçak. Ömrümiñ kän ýylyn şemala berdim, Şumluk tapsa - içi gülýänlerdendim. Meñ toba gelmegme sebäpkär bolan Dogrymy sözlesem, siz däl-de, olar. Ýigrenji işlerini näletläp, pisläp, Päk ýola düşmegi göwnümde besläp, Olaryñ bolşuny çyndan ýigrendim, Şeýdip, adam bolmañ ýolun öwrendim". Käte duşmanmyzyñ hereketleri Bize has peýdaly, gelende ýeri! | |
|
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |