21:52 Erkinlik ýalany | |
ERKINLIK ÝALANY
Ylym we tehnologiýa
Oglum şeýle diýdi: - Kaka, öçür! Öçürmedim. “Ironiýa bu” diýdim-de goýdum. Ýalñyşan ekenim. Geçen hepde wiruslaryñ-bakteriýalaryñ bioýarag hökmünde ulanylyşy hakynda ýazypdym. 25 wirus maşgalasyndan beren mysallarymyñ biri-de Ebola boldy: “Filoviridae (Filowirus) maşgalasyna göz aýlalyñ. Bu maşgalanyñ 1976-njy ýylda doglan meşhur çagasynyñ adyny eşdensiñiz: Ebola… Howply, ýokanç wirusyñ öz içinde bäş görnüşi bar. Diñe "zair ebolawirusy" görnüşlerine garşy waksinany ABŞ tapdy. Şeýle-de ebolawirusy ABŞ-nyñ bioýarag hökmünde ulanýandygyna degişli-de köp sanly maglumatlar bar. Ady-da şolaryñ özünden gelmeýärmi näme? "Experiments of Biological warfare Organised by Laboratories in America!" Ýagny, Amerikan laboratoriýalary tarapyndan öndürilen bioýarag uruş synaglary! Ebolanyñ "agasy" Marbrug wirusynyñ-da bioýarag hökmünde ulanylandygy aýdylýar. "Çaklama" diýip goýaýmaly bolýar, sebäbi bular barada söz açmak - gadagan! Tupan turuzyldy, Ebolanyñ derýanyñ adydygyny bilmeýän ekenim! “Şolar ýaly meşhur çagasynyñ adyny eşdensiñiz” diýip ýazan, wirusyñ doganyndan, doglan ýylyndan we başgalardan söz açyp durkam, derýaly gürrüñden bihabar bolup bilerinmi? Eý-ho... Ebolawirusy bioýarag hökmünde öndürlendigini öñe sürýänleriñ ironiýasydyr bu! Baş harplarynda-da zorlama bardygy belli dälmi? Ýogsam ady “EBWOLA” bolardy. Ýeri bolýala, "käbirleri gury kelleagyry" diýdim-de, kän üns bermedim. Emma… ▪︎ KÖP BILMEK - HOWPLY! Makalamyñ maksady "Agajy däl - tokaýy görmek". Gelejegiñ howpsuzlyk düşünjesi, garpyşyklary, ýaraglary barada urşuñ özgeren tarapyna taýýarlanýan Türkiýäniñ ýolunyñ FETÖ tarapyndan nähili kesilşini ýazdym. “Tokaýy” görmän, Ebola sözüne-"agaja" aslyşyp galanlaryñ bar meselesi göni maña aslyşmalarymy? Käbirleri şeýle! Emma düýbündäki asyl mesele başga: Birinji üýtgeşme tolkuny "ekerançylyk özgerişligi" boldy. Ikinji üýtgeşme tolkuny "senagat özgerişligi boldy. Häzirki görüp ýören üçünji üýtgeşme tolkunyna "elektron özgeriş" diýilýär. Peter F.Druker, “Kapitalistiñ añyrsyndaky jemgyýet” kitabynda üçünji üýtgeşme tolkunynyñ önümçilik guralynyñ (ekerançylyk toplumynyñ "topragy", senagat toplumynyñ "sermaýasy" däl) "maglumatdygyny" ýazdy. Önümçiligiñ görnüşini kesgitleýän önümçilik serişdeleri-de üýtgedi, indi "kompýuter" önümçiligiñ esasy guralyna öwrüld… Maglumat "meta" - söwda harydynyñ ornuny tutýardy… Bir yerde “söwda” bar bolsa, "habarly etmegi” kimiñ döredendigi we sarp edendigi, ýagny ýüz tutmany we talaby kimiñ emele getirendigi möhümlik gazanýar! Ýagny: Global düzgünde maglumat we maglumat serişdeleri kimiñ aýasynda bolsa, şolam "patyşa atadyr": "Sen biziñ atamyz, sen näme diýseñ şo bolar!” Gürrüñimiziñ tommaýlyja ýerine geleliñ: ▪︎FACEBOOK PÄSGELÇILIGI Ýaşlaryñ birtopary "maglumatlary dogrulama" maksady bilen habar beriş saýtyny döretdi. Baryş Pehliwana “makala ýazyp bolaýjak ýer” diýip, habar gönderdim. "Şübheli ýer" diýdi. Pul çykdajysy üçin şeýle diýdimi, bilemok. Soñra saýt ýadymdan çykdy gitdi… "Gara gapyrjak" (“Kara Kutu”) çykandan soñ, ony "ynha, hakyky maglumatlar" şol saýtda bermäge başlapdyrlar. ("BirGün", "Aydınlık", "Evrensel" ýaly metbugat serişdeleri bu saýta köp üns berýärler. "Sol"-yñ bu nebsagyrjylykly haly neneñ borka?) Professor Alişan Ýyldyrymdan “Claire-Anne Siegrist Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna ýazan habarnamasynda siziñ görkezen maglumatlaryñyza salgylanýar” diýen mail gelende, onuñ näme diýýändigine düşünmedim. Yzyndan bir tanşym "Rokfeller fondunyñ açyk çeşmelerindäki maglumatlaryny biri "menden ogurlapdyr" diýipdir" diýenden soñ, saýtda kitabymdan bölekler berilýändiginden habarly boldum. Häzir-ä, açyp okap göremok, wagt tapdygymdan girip okajak… Her bir kitap tankyda açyk bolmalydyr, islendik kitapda berilýän maglumatda ýalñyşlyklar bolup biler. Mesele - agajy däl-de, tokaýy görmekdir… Çekişme maglumatyñ däl-de, pikiriñ üstünde bolmaly. Fridrih Engels Karl Marksy jaýlanda, onuñ mazarynyñ başynda aýdan sözünde, dostunyñ nähili kemsitmelere sezewar bolandygyny aýdýar. "Maglumat ýalñyşlygy bar" diýip, "Kapital" gymmatyny ýitirip bilermi? Ýok. Esasy zat - teoriýadyr. Esasy zat - analitik düşünjedir. Global elektron hojaýynlar ellerindäki serişdele bilen maglumat derñeýjileri, teoriýa döredijileri ýok edip, öñünde goýlahy soragsyz-sowalsyz kabul edýän täze adam-täze jemgyýet tipini döretmegi meýilleşdirýärler. Mysal üçin… Geçen hepde Odatv-den Fethä “Facebook paýlaşymlarymyz näme üçin azaldt” diýip soradym. “Päsgelçilik döredýärler” diýdi. Kim? Bu “dogrulaýjy” saýt bilen Facebook hyzmatdaklyk edýär: COV 19 (koronawirus) hakyna nämäniñ "dogrudygyna" özleri karar berip, muña eýermeýänleriñ ýoluny böwetleýärler! Ýagny… Maglumat serişdeleri kimiñ aýasynda bolsa, "dogry" - onuñ berýän maglumatlary, başgalary bolsa - ýañsylanýan komplimasiýa teoriýasy! Birden… Özüm hakyndaky “waksinanyñ duşmany” ýalanynyñ sebäbine düşündim. Ebola sözüniñ üstünden meniñ öñe sürýän pikirlerimi basmarlama hereketine-de göz ýetirdim. Kapitalistik medisinany topa tutýan "Gara gapyrjak" kitabyma edýän duşmançylyklary belli, guýruklarynyñ astyna, dowam edýän düzgünlerine çomak sokulmagyny islänoklar! Kitabymyñ tanyşdyryş mahabatyny-da çykartmaga goýmadylar… Odatv-ä diñe AKP gulp urmady, Facebook hem ondan pes ýagy däl: “Meniñ ýaly düşünmeli borsuñ, ýogsam ýoluñy böwetlärin!” Soner ÝALÇYN. 17.04.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |