17:47 Eşegiñ süýdi / hekaýa | |
EŞEGIÑ SÜÝDI
Hekaýalar
Alabahar günleridi. Goňşy oba toýa gidip gelen Ilmät aga ýylgyryp gapydan girdi. - Keýwany, Alla jan işiňi ugruna etse, şeýle bolýandyr-da, indi seniň dert çekip ýören günleriň yzda galaýjak öýdýän. Aýtäç eje gurak üsgürip: - Kakasy, tüweleme senem bir enaýy, her dürli gep tapaýýaň-diýip, kynlyk bilen ýylgyrdy. Ojagyň goltugyna geçip, jaýlaşykly oturan Ilmät aga: - Ýok, keýwany-diýdi.-Her dürli zat däl, hakyky gudrat. Gelinleri Sülgüniň getirip giden bir çäýnek çaýyny öňüne çeken Ilmät aga: - Sen näme gudrat diýip sorasana-diýip, keýwanysynyň ýüzüne garap ýylgyrdy.-Biz bilmän ýören ekenik, asyl ähli derdiň dermany gapdalymyzda gezip ýören eken. - Ilmät açygyrak aýtsana-diýip, Aýtäç eje gyzyklandy. - Seniň derdiň dermany eşegiň süýdi. Aýtäç eje ör-gökden gelip, ýakasyny tutdy: - Goýaweri kakasy, goýaweri… - Ýok, sen başda meni bir diňle-Ilmät aga käsesine guýan çaýyny howlukmaç owurtlady.-Eşegiň süýdi-müň derdiň dermany diýip Ibn Sinanyň lukmançylyk kitabynda hem bar eken. Asyl ýöne şol janawaryň süýdünden içip öýkeni deşilenleriň öýkeni bitip, bagry gatanlaryň bagry öňki kaddyna gelip, gül ýaly bolup barýarmyş. Süýji keseliniň hem bire bir emimiş… Aýtäç eje ýene agzyny eli bilen tutup, howpurgady: - Kakasy goýawei, haram eşegiň ady tutulsa bolmaýa maňa, sen-ä süýdüni içirjek bolýaň. Sen şu wagt aýdyp otyrsyň, meniň bolsa ýüregim bulanyp barýar. Ilmät aga ýüzüne gelşik berip duran kepje sakalyny sypap başyny yrady: - Keýwany, ýigirimi ýyldan bäri hyk-çoklap ýörsüň, barylmadyk gapy, görülmedik hekim galmady, hiç haýsyndanam ulakan bir peýda tapyp bilemizok. Men-ä şu wagt nepiniň degjegini bilsem gurbaganam diri ýuwutjak. - Kakasy, sen-ä beterinden beterini tapýaň! Ol keýwanysyny göwnedip barýandyryn öýdüp, hasam gylawlandy: - Onsaňam eşek diýen janawaram Taňrynyň ýaradan jandary. Taňry bolsa her bir zady adamzada haýyrly edip ýaradandyr. *** Sülgün adamsy Nurmyradyň öňünde getirip goýan naharly tabagyny seredip: - Kakaň düýn gaýraky obadaky bir sakgaldaşyndan täze guzlan eşek alyp geldi-diýip, kinaýaly ýylgyrdy. Agzyna salan lukmasynam çeýnemegi undup, gelnine garan Nurmyrat: - Eşek alyp geldi?..-diýip, onuň soňky sözlerini gaýtalady.-Kakam eşegi nämetjek bolýarka, onda-da kürreli eşegi? - Eşegiň süýdi dünýäde tapylmaýan emmiş… Nurmyrat naharlanyp oturyşyna, gelniniň berýän gürrüňini gyzygyp diňleýärdi. Sülgün bolsa, saçagyň aňrysynda kese bakyp oturyşyna demi demine ýetmän gepleýärdi: -Baryndan beteri indi o haram eşegi men sagmaly Nurmyrat. Şol küle eşegi görenimde aňrym bärime gelýär. Gapynyň aňrysyndan Ilmät aganyň sesi eşildi: - Sülgün jan, nirde sen balam? Hany süýt bedräňi alyp daşary çyk. Sülgün adamsynyň ýüzüne garap: «Ana, indi näme etmeli?» diýen manyda soragly seretdi. Nurmyratdan ses-seda bolmady. Sülgün: «Uff…» diýip, eginlerini silkip ýerinden galdy. Nurmyrat kinaýaly ýylgyryp, işdämenlik bilen naharlanmasyny dowam etdirdi: -Bar, bar, gaýnataň bilen eşegiňizi gowuja edip sagyň, ýöne kürrejigine az-owlak süýt galdyraweriň. *** Ilmät aga eli kijijik okaraly aýalynyň oturan otagyna girdi. - Otyrmyň keýwany, ynha menem geldim. Aýtäç eje oturan ýerinden telewizoryň sesini peseltdi. - Kakasy eliňdäki okaraň näme? -Aý, bi neme, otüki, ýaňky… - Hi-wi, kakasy, sen eýýäm ol haram eşegiň süýdüni sagdyryp, alyp geläýipsiň-ä?! Ilmät aga elindäki okarada gaýmaklap duran süýde, soňam aýalyna garady: - Keýwany haram diýmesene, adama peýdasy degýän bolsa hiç haramy bolmaz. - Aý şonda-da kakasy işdäň alar ýaly däl-le, ol bisyrat daşyndan seredeniňde bir sypaty gelmedik jandar-da… - Aý indi keýwany her zady göwnüňe getirip otursaňam-a birhili-diýip, Ilmät aga aýalyna golaý oturdy.-Indi keýwany meniň aýdanyma hä diýip, şu süýtden biraz içseň. Aýtäç eje enesi pahyrdan galan agaç kaşygy eline alyp oturyşyna süýtli okara oýurganyp garady: - Kakasy meniň bokurdagymdan ötmez. Ilmät aga aýalynyň ýüzüne geň galansyrap garady: - Goýsana keýwany, kaşyga el uzadyşyň-a gaty batyrgaýdy seniň, indi näme birden kürtdürdiň? Aýtäç eje turşy bir zat agzyna degen ýaly ýüzüni bürüşdirdi: - Aý kakasy, ýeri ýerine gelende haram zat haram bolup duruberýär. Maňa-ha şol okaranyň özi hem gaty nejis bolup görünip dur. - Ýok keýwany bu aýdanyň nädogry, eşegiň özüne haram diýseňem süýdüne at dakar ýaly däldir. Sygyryň ýa geçiniň süýdünden tapawudy barmy şunuň, ynha ak owuz bolup dur-a. Sapargeldi dogtaram eşegiň süýdi iň ýokumly süýt diýýär, ýöne biraz suw garyp içmelimiş, gaty goýy diýýär, ýokumlylygy hem şundanmyş. Aýtäç eje adamsynyň sözlerine gulak asyp oturyşyna: - Haý kakasy…-diýip, başyny ýaýkap, dodagyny dişledi.-Atam-babamyň etmedik işini boýnuma goýjak bolýaň-da. Ilmät aga: «Beh, bü-ýä boljak däl-ow» diýip, alada galdy. - Neme-le keýwany, şeýle göwnüňe getirýän bolsaň, hany eliňdäki kaşygy äber bäri! -Nämetjek bolýaň, kakasy? - Özüm içip görkezjek, hiç belasam ýok şunuň. - Goýaweri kakasy, sen-ä namazam okaýaň! - Okamda näme, men muny keýp üçin içemok, derdime em bolsun diýip içýän. Ilmät aga aýalynyň elindäki agaç kaşygy çekip aldy. Aýtäç eje adamsynyň okaradaky süýtden kaşyklap içip başlanyny görüp ör-gökden geldi. Gaýnatasynyň eşek süýdünden işdämenlik bilen içip oturyşyny eli çäýnekli gapydan giren Sülgünem görüp ýetişdi. Ilmät aga sakal-murtuna daman süýt damjalaryny aýasy bilen süpürip: - Ine, şeýdip içibermelidir-diýdi. *** Öz otagyna tasanjyrap giren Sülgün gyşaryp, telewizora seredip ýatan Nurmyradyň garşysyna geçip otyrdy. Onuň göz-gaşyny çytyp, ters bakyşyndan çen tutan Nurmyrat: -Ýer-ow gelinbaý näm boldy?-diýip, kiçi dilden bärde halyny sorady. Sülgün: -Hiç zadam bolanok-diýdi.-Eşek sagmakdan ýadadym. -Beh, şeý diýsene, ol-a birhili öz-ä. Nurmyradyň gülümjiräp garaýan gözlerine gözi düşen Sülgüniň ýene gahary geldi: -Şol myrdar eşegi özüň sagmaly bolaňda-ha bilerdiň. Nurmyrat ýerinden dikelip, gelnine çynlakaý nazar aýlap, çykalga salgy berdi: -Seret kakam görüp dur-maý, sygrymyzy sagyp, ine eşegi sagyp geldim diýip oturybermeli-dä sen Sülgün jan. -Wah, Nurmyrat kakaň o haramy sagyp bolýançam meniň ýanymdan bir minudam aýrylanok. Men ol nejisi sagan wagtym kakaň onuň başyny tutup, maňlaýyndan sypap durýar. Nurmyrat ýalaňaç dabanyny gaşap oturyşyna: -Eşek kakam bilen öwrenişipdir-maý?-diýip, mys-mys ýylgyrdy.-Sen-ä entegem öwrenişip bileňog-aý… Sülgün adamsynyň degişmesine ünsem bermän, eşekli gürrüňi dowam etdi: -Hawa, kakaň eşek bilen gaty öwrenişdi. Men sagyp durkam kakaň onuň nogtasyndan tutup duruşyna: «Küläm, küläm, külejäm» diýip, baý söýgüleýär-ä. Tüweleme, gaýnatama gulaklary bir gulaç bisyrat eşek ýetmän duran eken. -Aý, köne adamlar-da aýyplaşma Sülgünim-diýip, Nurmyrat gelnini köşeşdirmäge synanyşdy.-Ata-babasy hem eşek münüp ötensoňlar şol janawar bilen bagry badaşan adam-da. Eşege bolan hormat olaryň ganynda bar… Sülgün: «Aý, bilemog-eý» diýen manyda ellerini salgady: -Şol eşek kakaň üçin edil jennet ýaýlasyndan ýere düşen ýaly bolaýdy asyl. Özem şol janawary şeýle bir öwýär, şeýle bir magtaýar. Isa pygamberem eşek münüpdir diýýär, at, düýe münmändir, pil münmändir, eşek münüpdir diýýär. Herki bende tapan ulagyny müner-dä, ýagdaýy çatsa at münerdi, pygamber bolanda näme, dogrusyny aýtmaly bolsa. Ýa-da pil müner ýaly Isa pygamber Mahmyt Gaznawynyň goşunynda gulluk edipmi?! Gaharym gelýär Nurmyrat. Nurmyrat hezil edip güldi: -Aldyň Sülgünim, aldyň, seniň taryh mugallymydygyň bildirýär. Sülgün adamsynyň kinaýaly sözüne jogap berjek bolup durmady. Bir salym gözlerini bir nokada dikip otyrdy, soňam: -Bilýäňmi näme-diýdi.-Men bir zat oýlaýan, gaty görseň-de aýtjak. Nurmyrat çynlakaý keşbe girdi: -Aýt Sülgünim, aýt. Menden zat gizleme, «Aňrydan gelen deňiz, ony saklan…» diýipdirler. Sülgün uludan dem aldy: -Aýtsam kakaň eşegiň süýdüni gaýnenem üçin sagdyranok. Gaýnenemiň keseli oňa bahana. Eşegiň süýdi em, eşegiň süýdi melhem diýip agzyndan düşürmeýşindenem-ä aňýardym özi… Nurmyrat gözlerini tegeläp gelnine garady: -Aý, goýsan-aý Sülgünim, munyň-a ýapa degenok. -Ja-an Nurmyrat ynanaý…-Sülgün ellerini döşüne goýup janykdy.- Gaýnenemiň keseli kakaň piňinede däl, haçan görseň şol eşegiň süýdüni çemçeläp, okaralap içip otyr. Gaýnenem görgüliniň-ä şol süýde dodagyna degrenini göremok. Nurmyrat: -Aý, aslynda ejem şol janawaryň süýdüni işdä bilen içip bilenok ahyryn-diýdi. Sülgün: -Ejeň eşegiň süýdüni içjek diýende-de kakaň o görgüliniň agzyna ýetirjek däl-le-diýip uludan dem aldy. Nurmyrat gözlerini süzüp, ýeňsesini gaşap: -Aý, Sülgünim senem bir zat diýmeli diýseler aýdaýýaň-diýdi. Sülgün gaharlanan bolup: -Gaýnatam dek düýnem gaýnenemiň gapdalynda süýt içip oturan eken-diýdi.-Bu günem içip oturanynyň üstüne bardym. *** Ilmät aga öýlän bir ýerlerden keýpsiz dolandy. Aýalynyň ymyzganandygyny görüp, ýuwaşlyk bilen beýleki otaga geçdi. Egnindäki uzyn çäkmenini, başyndaky telpegini çykaryp ýeňledi. Ak köýneginiň üstünden gara ýeňsiz keltekçesini geýip, saçagyň başyna geçdi. Dem salymdan öňüne bir çäýnek çaý getiren gelnine: -Sülgün jan-diýip bir zat aýtmaga häzirlenip sägindi.-Gaýneneň dermanynam taýýarlamalydyrys. Gaýnatasynyň haýyşly nazaryna gözi düşen Sülgün birhili boldy. -Daýy alada etmäň, siz ýadap gelersiňiz diýip özüm sagyp, taýýarlap goýdum. -Bir özüň nädip oňardyň? Kyn düşmedimi? -Ýok, daýy, kyn düşmedi, Nurmyrat kömekleşdi. -Hä şeýlemi, bolýa onda. Ilmät aga gelniniň getirip giden çaýyny içmäge howlukmady, başyny aşak salyp otyrdy. «Sagylyp ýörlen sygyrlar-a ertir ir bilen örä kowulýandyr. Olar entek gelenok…» Biraz arkaýynlaşan Ilmät aga käsesine guýan çaýyndan owurtlady. Kellesinde şu günki bolup geçen wakalary täzeden aýlap-öwrüp gözöňüne getirdi. …Adamdan hyň berip duran märekäniň ortasynda sakaldaşy Jumasähet; «Be-e, neme-le sakaldaş otüki sen bi eşegiň süýdüni içýärmişiň diýýärler weli, onsaň onuň heý bir peýdasy-nepi barmy?» diýip agzyny gyşardyp ýylgyrdy. Ilmät aga näçe sowukganlyga salsa-da saklanyp bilmedi: -Jumasähet, kim aýdýar oň ýaly galat gepi? Men eşegiň süýdüni kempirime içirip ýörün-diýip gaşyny çytdy. Jumasähet bir Ilmät aganyň ýüzüne, bir adamlaryň ýüzüne ýaltaklap sözüni dowam etdirdi: -Aý, bir agzyboşuň tapyp ýören gepidir-de, «Ilmät eşegiň süýdüni aýalyna ýetirmän özi içýärmiş» diýip gürrüň çykdy ýöne… Ol bolan gürrüňleri ýadyna salyp oturyşyna käsesindäki sowap ugran çaýyny ojagyň içine serpip goýberdi. Göwnüne bolmasa gelniniň getiren çaýy-da mazasyny ýitiren ýalydy. Soňam böwrüne diň salyp köp otyrdy. Obada ýaýran bolgusyz gep üçin gelninden gaty görjek boldy, ýene «Bu bir naçar, muňam bolup bildik ýagdaýy şudyr-da, ene-atasynyň öýünde alan terbiýesi şeýledir-dä-diýip, özüni köşeşdirmäge synanyşdy.-Aý ýöne nätjek, oglumyzyň saýlany, söýeni, etjek alajyň ýok, boluşyna görä bolubermeli bor». Ilmät aga soňra aýalyndan habar aldy: -Keýwany, ýüpek gurçugyuna dönüp, pile saraýmaly bolduň, tur indi. -Turdum, kakasy turdum. Eli okaraly Sülgün gelin ýuwaşja ädip otaga girdi. Ilmät aga: -Ine, keýwany dermanyňam geldi-diýdi. Aýtäç eje elindäki okarany saçagyň gyrajygynda goýup, sessiz-üýnsüz çykyp giden gelniniň yzyndan ýakymsyz nazar bilen garap galdy. -Kakasy saňa kän aýtdym şu tapan zadyň biderek zat, ile gep bolanyň galar diýip kän aýtdym. Ilmät aga aýalynyň ýüzüne geň galansyrap garady-da: -Bu näme diýeniň keýwany, düşünmedim?-diýdi. Aýtäç eje: -Ýaňyrak Annaçarynyň aýaly gelip gitdi-diýdi.-Oturyp müň gepiň başyny agyrtdy, gitjek wagtam «A-ýu Aýtäç seniň ýaşulyň eşegiň süýdüni içärmiş diýen gürrüň bar, şo çynmy gyz» diýip soraýar. «Ol haramyň süýdi adamy ýaş ýigit ýaly güýç-gurbata getirýärmiş» diýip, gepini oýnadan bolýar. Ilmät aga aýalynyň janygyp aýdýan sözlerine näme jogap gaýtarjagyny bilmän başyny aşak salyp bir salym dymyp oturdy. Soňam agras ardynjyrap, söze başlady: -Keýwany ikimiziň bir ojakdan örüp ýörenimize-de bir är ömri wagt bolup barypdyr. Meniň-ä sakal goýberdip, iliň märekesine gatnap, toý-ýasyny sowup ýörenime-de indi on-onki ýyl bolup gelýär. Ýöne näçe ýyl geçenem bolsa, seni gowy görşüm entegem şol ýaş döwürlerimdäki ýaly. Indi sakally-sarmykly adam bolaňdan soň, şunuň ýaly sözleri aýdyp oturmak birhili görünse-de, şuny aýdasym gelýär keýwany. Seni gowy görşümiň çeni-çaky ýok. Şonuň üçin hemişe seniň başyň dikligini Alladan diläp ýörendirin. Sen syrkawlap başyňy ýassyga goýan günüň meniňem bilim üzülen ýaly. Seniň syrkaw-sökel bolup, hyk-çoklap ýörüşiň hemişe böwrüme ünji keýwany.-Ilmät aga aýalyna golaý süýşüp, sözüni dowam etdi.-Baýak üç-dört günlük uly ogluňka myhmançylyga gideniňde bir mojuk düýş gördüm, özüň öýde wagtyň beýle düýşler görmezdimem. Adamysyny dykgat bilen diňläp oturan Aýtäç eje onuň sözüni böldi: -Düýşüňde öläýdimmi ýa kakasy?! Ilmät aga näme diýjegini bilmän aýalynyň ýüzüne uzak seredip durdy. Aýtäç eje bolsa biparhlyk bilen: -He-eý kakasy-diýip hoşnut bolup ýylgyrdy.-Alada edip ýörme ahyry, onsaňam düýşüňde ölen adam uzak ýaşarmyş diýen yrym bar. -Bilýän keýwany, ýöne men şol düýşden soň gaty gorkdum, saňa bir zat bolaýjak ýaly boldy durdy. Maňa galan ömri sensiz ýaşamak dowzahdan beter azap bolar. Şonuň üçin men iliň gepine-de gulak gabartjak däl gybatyna-da. Näme diýesler gelse diýsinler otursynlar, onsuzam «Il agzyny ýygyp, çelek agzyn bogup bolmaz» diýipdirler. Esasy seniň başyň dik bolsa bolýa keýwany. Ilmät aganyň howlukman aýdan sözlerini diňläp, Aýtäç ejäniň çöňňelen göreçleri bilniksiz nemlendi. Gapdalyndan seretseň Ilmät aga ortada bir okara süýt goýup, aýalyna söýgüsini subut etmek üçin şondan ant içip oturan ýalydy. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||