17:57 Eşek adasy | |
EŞEK ADASY
Publisistika
On ýyl mundan öñ... Yrakda gan boýdan aşýardy. El-Ambar raýonynda gulluk edýän amerikaly polkownik Jon Falsom weýran bolan binalaryñ arasyndan agyr ýaralanan eşek tapdy. Görgüli eşek gany köp akyp, hemem açlykdan ýaña ölmäniñ bäri ýanynda durdy. Dessine weterinar lukman çagyryldy, eşek göçme gospitalda operasiýa edildi. Eşek diri galdy. Çal reñkli eşege "Mister Smoke"ady berildi. Mister Smoke garnizonyñ maskot-talismanyna öwrüldi. Adam öldüre-öldüre adamkärçilikden çykan amerikan esgerleri eşegiñ arkasyndan durmuşa dolandylar. Eşek bilen ýadygärlik surata düşüp, kakalarynyñ ýoluna sabyrsyzlyk bilen garaşýan çagajyklaryna ugratdylar. Esgerleriñ çagajyklary-da bu göze gelüwlije suratlary özleriniñ sosial mediýadaky hasaplarynda goýdular. Gazetlere gepbaşy tapyldy, gazetleriñ birinji sahypasy eşekli makalalardan ýaña hyñ berdi. Eşek şan-şöhratyñ çür depesine çykdy. Mahabat suratlary ýaýrady, şortileri çykaryldy, oýunjaklary, znaçoklary ýasaldy. Eşek amerikan esgerleriniñ we olaryñ maşgalalarynyñ, urşuñ ýykgynçylykly peýzažy bilen sarsan amerikan jemgyýetiniñ moral taýdan tekgesine öwrüldi. Haýwanlara garşy zulmuñ öñüni almak fondy ara girdi, "Mister Smokäni ABŞ-na getireliñ, uruş weteranlarynyñ we olaryñ çagalarynyñ reabilitasion merkezine ýerleşdireliñ, terapiýada ulanalyñ" diýdiler. Pentagona sala salyndy. Propoganda bolsa, Pentagonyñam gözi açylýardy. Asyl oña gerek zat hem şody. Şonuñ üçin gyssagly ýagdaýda eşegiñ urşuñ arasyndan çykarylyp, "azatlyklar ýurduna" getirmek üçin görkezme berildi. Edil şol wagtam bir yrakly daýhan orta çykdy-da, "eşek meniñ eşegim, özüme gaýdyp beriñ" diýse näme. Al, saña gerek bolsa!.. Amerikanlar daýhany yrza etmek üçin araçy hökmünde özlerine gulluk edýän bir şeýhi ugratdylar. Şeýh daýhany ýanyna çagyrdy. “Sogap bor, ber eşegi!” diýdi. Daýhanyñ sogap tarifi belli zat: "30 müñ dollar bersinler, eşegi bereýin, alan pulumyñ ýarsynam saña bereýin" diýdi. Teklip şeýhiñ gulagyna ýarady. Ol daýhany ýanyna alyp, polkownigiñ ýanyna gitdi: "30 müñ dollar beriñ-de, eşegi alaýyñ" diýdi. Öñdenem kellesi sämäp duran polkownik eşekli mesele gereginden artyk uzanyna jyny atlandymy nämemi: "ýa-ha eşegi gepsiz-gürrüñsiz berersiñiz, ýa-da ikiñizi duran ýeriñizde gömerin!" diýip, haýbat atdy. Şeýh bilen daýhan şobada razy boldy! Eşegi sowgat berdiler. Şeýlelikde, eşegiñ erkinlik syýahatynyñ öñünde hiç hili päsgelçilik galmady. Erbile getirdiler. Şol ýerden Türkiýä salnyp, Injirlikden ABŞ-na uçmalydy. Muña, "hormatly hökümetimiz" garşylyk görkezse näme"!.. Ekerançylyk ministrligimiz "eşekde kesel bar bolsa, biziñ eşeklerimize-de ýokuşar, şonuñ üçin ony ýurda salmaga rugsat berip bilmeris" diýdi. Eşekli krizis ýigrimi bir güne çekdi. Amerikanlaryñ kellämize halta geýdirmesine demini çykarmadyk "hormatly hökümetimiz" eşekli meselede dik gaýyşýardy! Netijede amerikan ilçihanasy ara girdi, diplomatik dilde: "gapyny derhal açyñ, ýogsam biz ony açmagyñ ýoluny taparys" diýdiler. Biziñkileriñ ýelkenleri suwa iniberdi, gapyny açdylar. Amerikalaryñ gahary gelipdi, olar eşegi Injirlikden harby uçar bilen ugratmagy goýbolsun etdiler, bilgeşleýin gözümize dürte-dürte Stambula getirdiler, gözümiziñ alnynda Atatürk howa menzilinden raýat uçaryna mündürip, Amerika ugratdylar. Eşek ilki Nýu-Ýorka, ol ýerdenem Nebraska uçdy. Eşek sosial medýanyñ fenomenine öwrüldi. Telegepleşiklere çykaryldy. Animasion filmine çenli surata düşürildi. Reabilitasion merkezinde ýaraly göwünlere melhem boldy, 2012-nji ýylda ölýänçä uruş weteranlarynyñ çagalarynyñ azajygam bolsa göwünlerini awlady, maşgalalara psihologik güýç berdi. Ölende-de edil medally gahrymanlar deýin uly dabara bilen, harby çäre gurnalyp jaýlandy. Ynha, şeýdip... Yrakda ýumurtga togalabermeli eden, bir million yraklyny gözüni gyrpman öldüren amerikanlar yraklylaryñ eşegini halas edip, bütün ýer ýüzüne "adamkärçiligiñ belent nusgasyny" görkezdiler. On ýyl geçensoñ, şu hepde... Gresiýanyñ Prezidenti Katerina Sakelaropulu Aýdyn Didimiñ dik garşysyndaky Eşek adasynda resmi saparda boldy. Ol bary-ýogy iki aý öñ bu wezipä saýlanyp, Gresiýanyñ ilkinji zenan Prezidenti bolupdy, onuñ ilkinji resmi sapary hem Eşek adasyna boldy. (Türkiýedäki başyñy-gözüñi aýlaýjy gündelik habarlardan ýaña ýazmaga elimem degmedi welin, ýazmasam eşeklik bordy.) Eşek adasy Türkiýäniñ ýeridir. Stambul Büýükadadan iki esse uly ada "eýeçiligi şertnama esasynda haýsydyr bir döwletiñ garamagyna geçirilmedik adajyk" statusyndadyr. Adanyñ Türkiýä degişlidigini subut edýän halkara kartalar bar. Türkiýäniñ ýeridigini görkezýän amerikan we iñlis resminamalary bar. Muña garamazdan Gresiýa adany göz-görtele basyp aldy. Harby baza gurdular, häkimligiñ, mekdebiñ binasyny açdylar, buthana gurdular, ilat göçürip getirdiler, hatda türme hem gurdular, Türkiýeden grek adalaryna geçen bosgunlary ele salyp, bosgunlar üçin gurlan bu türmä dykýarlar. Hem öz halkynyñ göwnüni galkyndyrmak üçin, hemem Türkiýä göz görkezmek üçin Eşek adasyna wertolýot bilen gelen Gresiýanyñ Prezidenti harby dabara bilen garşylandy. Ol Eşek adasynyñ ýatlama kitabyna şulary ýazdy: “Adanyñ hormatly raýatlygyna kabul edilendigim üçin minnetdarlyk bildirýärin, bu ada Gresiýanyñ aýrylmaz bölegidir, biz öz häkimiýetlik hak-hukuklarymyzdan hiç haçanam el çekmekçi däldiris, döwletimiziñ topraklaryny hiç kime bermeris!” (Baryp-ha Fizana goşun ugratmak üçin Liwiýa kararnamasyny taýýarlan "hormatly hökümetimiziñ" demi-düýdi çykmady... Aklawjylar kollegiýasyny bölmek bilen, harby çin üçin tölenýän puly ýok etmek bilen, sosial medýany gadagan etmek bilen garabaşyna gaýdyklary üçin Eşek adasynda nämeleriñ bolup-geçýändigini görmäge wagtlary bolmady öýdýän!) Ynha, bir saýry ýurtly başga bir saýry ýurtlynyñ eşegine şeýdip arka durýar. Eşekleri ynjytmak islämok, emma, eger hakykatdanam döwletiñ we halkyñ aladasyny edýän bolsak, mundan beter eşeklik etmeli dälmikä diýýärin! Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 05.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |